20:36

Eşek, adam we eşeklik hakda

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 451 | Добавил: Gökböri | Теги: Adnan Tekşen | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 201 2 »
0
1 Ependi  
284
Dogry. Aşgabatly bir gullukdaşym bardy, şäheriň içinde, etaž jaýlarda önüp-ösen. Şolam eşek görmändir ömründe. Ol-a eşek eken, sygyram göremok diýerdi. Ýagny, öz gözi bilen. Obaň durmuşynam geň galyp diňlärdi. Şäherden çykyp görmesem näme diýerdi.

Şunda, Ependiň bir tymsaly ýada düşdi, degişme bolmagam ahmal. Garaz, bir gün Ependi oglunam ýanyna alyp bazara gidýär, eşegine münüp. Baryp, eşeginem bir agaja daňýar-da, ogly bilen bazara siňýär. Etjek söwdasyny edip gelse, görse eşegi ýok. Ogrular çilip gidipdir. Muňada bolmajysy bolýar. Gohuna adam bary üýşýär. Nämäň-nämedigine göz ýetiren adamlar, Ependä igenip başlaýarlar:
- Ýer-ow, Ependi, goç ýaly ogluň barka eşegiň ýanynda garawul goýaýmaly ekeniň! - diýse, başgasy aýdýamyş:
- Hanha garawullar dur, muzduny berseň serederdiler - diýämiş. Garaz, gepiň küle ýeri, diňe Ependiň özünden tutýamyşlar. Bulaň akyl satan bolup durşuna jany ýanan Ependi:
- Indi şu taýda günäkär ogrular däl-de, ýene özüm bolýan-da, şeýlemi? Tapyşmaga kömek etmekden geçen, birini kötekle diýseňiz oňarýaňyz...

Bir ýaşulyny tanaýardym. Biz ol wagtlar, bolsak 8 ýa 10 ýaşyň içidiris. Şol adam köçeden eşekarabaly geçip giderdi. Köçeden eşek janawer ylgap gelýändir haçan görsek, arabasynyň yzam mas ýüklenen otdan doly. Arabaň üstündäki ýaşuly "hyhh" diýer-de, elindäki zynjyryny eşegiň syrtyna çalardy welin, eşek görgüli tizligini hasam güýçlendirerdi. Ol illeňki ýaly, taýak, çybyk, gamçy ulanmazdy. Elinde zynjyrdyr. Şeýle bir urýardy welin, edil birinde kasty bar ýalydy. Ol adamdan özümizem eýmenmän duramzokdyk. Kän gürlegen däldi, salam berseňem almazdy. Ine, şeýle günleriň birinde, oba bir habar ýaýrady: "Pylanyny eşek dişläp öldüripdir" diýen habar. Şol ýaşulyny öz eşegi dişläp öldüripdir. Öýünde hem gününe goýmaýan eken, diňe zynjyryň aşagynda. Haýwanam bolsa, peýläp ýören bolmaly-da. Bir günem irden, hatap ýaly agzyny açyp bokurdagyndan ýapyşypdyr. Ol eşek gaty iş edinipdir, ary köýen ýaly, endamyny çeýnem-çeýnem edip. Soň, ol eşegi atdylar.

Haýwanam bolsa, ýönekeý göz bilen garamaly däl. Ol-a eşek eken, düýede gaty namysjaň haýwan. Şolam ýuwaş ýalydyr görseň. Bir gezek oňa-ha öz gözüm bilenem şaýat bolupdym. Oglankak mal bakardyk. Kim goýun, kim sygyr, kimse düýesini äkiderdi. Aman diýen doganoglanymyňam düýesi bardy, täzeräk guzlan köşegi bilen. Şol köşejik gaty bezzatdy. Entek ýaş bolansoň, uly düýeler ýaly terbiýäni näbilsin. Ähli düýeler gidip barýandyr welin, ol köşejik hemme zada üns beresi gelip sowlardy, gyzyklanyp gidýändir, öňünde güjük oýun etse-de. Onuňam oýnasy gelýär. Aman diýän agama bu hereketler ýaramady. Oňa-da iş bolýar, köşejigi yzyna dolap sürä goşmak. Soňabaka, köşege jany ýanyp, çybyklap urup ugrady. Ene görgüliň ýüregi syzýandyr-da, köşeginiň urulýanyndan. Her gezek uranynda "degmäň" diýän ýaly, seslenäýjek ýaly bolup heň çykarardy. Bir gezegem ol köşek ýitdi meýdanda. Gözläp-gözläp, kanalyň aňyrky kartasyndaky sygyr bakýan süriden tapdyk. Özi ýaljak gölejigiň ýanynda meýmiräp ýatyr. Äkeldik yzyna. Aman şonda gaharyna köşegi gaty urdy. Ol barmanada yzymyzdan düýäň arryldysy eşidildi. Enesi hemme zady görüp duran bolsa nätjek. Biz-ä gaçdyk. Düýe bize üns bermedi. Diňe Amany kowalaýar. "Waý ejeee" diýip, gaçsada gaçýar welin, düýäňem gaty ylgaýanny şonda gördüm. Minudam däl yzyndan ýeteni. Näme bolsa-da Hudaý diýen ýeri bar eken. Öňdäki suwly ýapdan ýüzugra geçdi. Düýe bolsa saklandy. Ýöne, esli durdy yzyna gaýtman. "Seň edýäniň şu bolsa, meňkem şu" diýän ýaly. Şodur-şodur, Aman diýän agam olaň adyny tutmady, olam soň oňa azar berjek. "Sylanyşyk iki taraplaýyn" diýleni ýaly, düşünişdiler onsoň...)

Bu janawerlere degmeseň saňa näme etsin özi. Ýöne, käte dikdüşdirägem bolýar içinde. Atam pahyr bir dostundan eşek alypdy, obaň içinden. Her gezek mala gidemizde, ýa gelemizde, şolaň çatrygyna ýetsek, öňki öýüne tarap gönüläbererdi. Yzyna sowmak işdir. Oňkam dogry, kürrelikden doglup, önüp-ösen ýeri. Başga ýere öwrenişmegi kyn görýär, asla bilenok seň ony özüňe geçireniňi. Owalam bir ogryňky ýaly, eşek ogurlap üstünde uklap galsa, ýene mytdyldap öňki ýatagyna eltişi ýaly.

0
3 Bagabat  
43
@Ependi, şü ýatlamalaryň, durmuşdan wakalaryň hemmesini bir ýere jemläp, her haýsyna wakajygyň mazmunyndan gelip çykýan at goý-da, bir toplum etsene. Adyna-da "Etýudlar" diýip goý. Soňam özüň saýta goýup bilýän bolsaň-a özüň goý. Bolmasa, @Hawerandan haýyş edip, awtorlyk hukugyny al ýa-da oň e-mail salgysyna ugrat.
Juda gowy, ýasamalykdan, owadanlamakdan arassa, gyzykly zatlar boljak.
Onsoňam yzymyzdan gelýänler üçin biziň durmuşymyzyň gözli şaýatlyklary boljak.
Şu ýazanlaryňdan çen tutýan, öwýär diýibem düşünme, ýöne halk üçin, esasanam ýaşlar üçin gaty peýdaly, gyzykly, kinaýaly, tüýs durmuşy zatlar boljak. Özem zähmet çekmek gerek däl. Teswirleriň hiç zadynam üýtgetme. Diňe abzaslara bölýäň, käbir sözlemleriň eýlesine-beýlesine gulaş-kakyş edýäň. Bolany.
Mysal üçin, öňki ýazan teswirleriňden ýadymda berk galanlaryna at saýlaşmak babatda pikirimi aýdyp galaýyn:
1-nji etýud: Gum obasyndaky hajathanaly waka - "Agtaran tapar" ýa-da "Hupbat";
2-nji etýud: Eşekleň toşaply gazany boşadýan wakasy - "Hödür-kerem";
3-nji etýud: Eşegi dişläp öldüren ýaşulyň wakasy - "Kasas";
4-nji etýud: Köşegine azar berip, enesinden gaçýan Amanly waka - "Garaw" (Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda diýen manyda).
Başga-da şuňa meňzeş teswirleň bardy. Hemmesini jemleseň, juda ýiti, gowy, özüneçekiji etýudlar boljak. Teswirlere garyşyp, ýitip gitse gynanjak.

Düýeli wakaň babatda bolsa, ýalňyşmasam Atageldi Garaýewde (Belki başga ýazyjydyr, şumat ýadyma düşenok) şoň ýaly bir hekaýa-da bolmaly, juda çeper ýazylan: "Sähet" atly çopanyň çolugy çölde olaryň düýesine biderek ýere sütem edýär. Şonda düýe agzyny hatap ýaly açyp çoluga topulýar welin, ony düýeden Sähet çopan halas edýär. Soňam düýäň häsiýetine belet Sähet çopan rejäň geň däldigini çaklap, düýäni öz goşundan 50-60 kilometrlik daşlykdaky başga bir çopanyň goşuna äkidip gelýär. Emma bir gün gije ol çolugynyň gykylygyna oýanýar. Seretse şol nähak azar berlen düýe çolugyň aýagyna çöküpdir-de, eýläk-beýläk oýkanjyrap, onuň aýagyny mynjyradyp otyr.

0
4 Haweran  
411
Ýüzi diýip aýdamok, @Ependiñ teswirlerini hezil edip okaýan, edil ýöne hekaýa okaýan ýaly gyzykly. Onuñ saýtdadygyny görsem, şobada girip, profiline-teswirine seredýän näme ýazarka diýip. Sag bolsun, öwrenerlik zat kän olarda.
Agramly teswir ýazýan agzalarymyzyñ teswirlerini özümem jemläp, pikirler ýa etýudlar diýip, saýtda bersem gowy bolarmyka diýip ýörün (goýaýyn diýse, @Ependiñ özem goýsa bolýar, awtorlarda dur).

0
2 Yusup  
50
Eşegi toýa çagyrsalar özüne "Odun getirmelidir ýa-da suw çekmelidir" diýenmiş.

"Eşek semrese eýesini deper."

"Eşek eşekden galsa gulagnam kes guýrugnam"

Düýe aýdarmyş "Eýämi ýyksam paşmagymdan ýumşak ýerik ýykaryn". Eşek "Toýnagymdan gaty ýere."

0
5 yalnyzozi660812  
1367
Эпендинин язян затларындан чен тутсан мен ялы обада яшаян, оба дурмушы билен баглы адам гоз онуме гелйар. Айдян затлары хакыкы дурмушда болуп йорен затлар. Менем Эпендинин бир зат язанны горсем сыпдырман окаярын. Озуминем оз башымдан гечирип, горуп -эшдип шок болан, бегенен, гынанан затларым барада язаясым гелйар. Арман, менинки коче дили боляр-да.

0
6 Yusup  
50
@Ependi agza gowy ýazýar. Özüm oba ogalany bolany üçin ýüregiňe çüňk bolýar. Prozaçylara gowy tema.

0
7 Yusup  
50
Bizde ejemlerde öý mallarynyň, öý haýwanlarynyň hemme saklap gördik. Emma Eşek biziň ýata gymyza golaýlaşan däldir. Sebäp kakam pahyr eşegi halamazdy. Dogry, eşek iş maly ýöne ýüzden biri bolaýmasa keçal haýwan. Barynyň häsýeti bir meňzeş. Oglanlykda eşegi kän mündüm, dostlaňky, deň duşlaňky... Eşek boş bolsa tarhandyr, üstüne münseň mumly ýüplikdir. Eşegi işe sürseň ýagny ota ýatagyndan alyp gitseň şeýle ýadawdyr emma öýe ýatagyna alyp gaýtsaň çapuwa taýynlanan at ýalydyr.

0
8 Yusup  
50
"Eşek semrese eýesini deper" Gaty dogry aýdylan tymsal. Eşegi bir hepde ýatakda saklap, imläp, gülli ýuranja betip bakyp görüň. Gözüň näme görýärkä! Eýesini gapjak bolar, ýa aýak saljak bolar. Eşegiň höregi sygyr-goýunlaň galyndy çöpüdir (athody). Hem-de ýagyr bolup işlemekdir. Eşege nebsiň agyrmak bolmaýar, ol haýwana diňe zulum bermeli.

0
9 Yusup  
50
Ýöne maňa @Ependi agzaň aýdyşy ýaly, Zynjyrlap urmak ýa-da Tirkiş agaň bir ýatlamasyndaky ýaly eşege zulum edýän bir nadanyň obrazyny bir beraýmäň! Il içinde söz bardyr: "Hezzet ýaraşmaz". Eşegem şol tüýsli haýwan-da. Megerem maňlaýyna ýazylany şoldur-da.

0
10 Ependi  
284
@Bagabat aga, köp-köp sagboluň beren maslahatlaryňyz üçin, unutmansyňyz, okaýan ekeniňiz! Aslynda, käwagt üýşmek gürrüňde bolsun, ikiçäk bolsun, tapawudy ýok, birzatdan gürrüň açylsa, derrew yzyny alyp göterýändieler, beýlekilerem şoňa görä tapar birzady, gürrüň yzy joşup gidip oturandyr. Mende hem şeýle ýagdaý döreýär. Ýogsa, şu zatlary ýazmak meýli ýok özümde. Ýöne, okadygymça, şoňa meňzeşräk wakalar ýadyma düşende, nähili ýazanymy özümem bilmän galýan. Erbet tarapy, gürrüňeşlikde howada ýitip gidýär soňundan. Yza saradyp bolmaýar.
Gowy tarapy, şol wakalar bu ýerde ýitmez. Edebiýatyň güýjüne seret, islän wagtyň ýene okap öwrenäýmeli. Diýjek bolýanym, ýene aýdaýyn, şu zatlary ýazaýyn diýip elimi çermäp girsem, bitiren goşum bolmaz. "Bendäm bendäme" sebäp diýilişi ýaly, ýaşlykda galan wakalaňy ör boýuna galdyrar. Galanam, nesip bolsa agam!

0
11 Bagabat  
43
Sen ýazjak bolup ýazma, @Ependi! Özümden bilýän (ilki-ilkiler ruçkada ýazylardy), ruçkany eliňe alyp, boşlaw wremýanka geçýäň-de ýassyga bagryňy berýäň welin, kelläň boram-boşdur. Nuryşka aýtmyşlaýyn: "Näçe syksaňam elli gram-a" däl, ýekeje sözem çykmaz.
Sende söz, sözlem, çäk duýgusy bar. Käbiri ýazyp başlaýa welin, edil ýöne böwedi synan ýaba dönýä. Şo boş suwy "wagladyp" otyr, "wagladyp" otyr.
Sende bolsa bujagaz wakajyklary ýazaňda, nirde nätmeli, onsoňam okaýanyň kän ýüregine düşmän, haçan bes etmeli - şony öz-özünden edýäň. Ine şuňa-da "zehin" diýilýä - şo sözlem, söz, çäk duýgusyna.
Öňki wakalaryň-a taýynjak miniatýura diýseňem boljak. Galan zadam, menden saňa maslahat: kompuň bolsa-ha bir word-faýl aç-da ilki bilen oňa öz durmuşyňda bolan, niredenem bolsa eşiden gülkünç ýa-da gyzykly, täsin wakalaryňy ýaz. Her birinem tertip belgi bilen belle. Soň şo wakalaryň içinde öň niredenem bolsa okan bolsaň ýa-da kinoda, multikde gören bolsaň şolaryň ýazgysynyň reňkini gyzardyp çyk. Galanlaryny bolsa, kelläňe gelşine görä, taraşlaman ýaz. Ine şu teswirleriňde ýazyşyň ýaly. Soň redaktirlärsiň. Soňam şojagaz ýadyňa salan wakajyklaň günde birini ýa-da ikisini ýazmaly diýip öňüňde plan goýsaň, iş biter. Onsoň günlerde bir gün hemme ýazanyňy bir ýere jemlärsiň welin, ymgyr ep-esli bir zat bolar duruberer.
Esasy zadam şojagaz wakajyklaryňy okajakdyklaryna göz ýetirdiň.
Faýlda wakalary gyzartmagyň gerekligi - soň hiç kim plagiatda aýyplamaz ýaly.
Eger-de komp bolmasa bu zatlary telefonda-da etseň bolýar. Onda gerekli programmaň bolsa. Ýa-da depderde.
Hytaýlaň bir sözi bar: "Müň li uzynlykdaky ýol ilkinji ädimden başlanýar".
Her kimiňem edebiýata gelmegine bir zat sebäp bolýar.
Harper Li meşhur "Şygşygyny öldürmek" romanyny ilki öz başyndan geçen çagalyk wakalarynyň çeper zarisowkajyklary, ýagny edebi-çeper etýudjyklar görnüşinde ýazypdyr. Soňra okyjylar ony gowy garşylandan soňam ony redaktorlaryň kömegi bilen romana öwrüpdir. Bütin ömrüne-de Harper Liň başga-da birnäçe kitap ýazmakçy bolandygyna, ýene-de birini ýazandygyna garamazdan, onuň hiç eserem "Gözlüje" atly gyzjagazyň hem-de onuň kakasy Attikusyň we dogany Jimmiň wakasy ýaly meşhurlyga eýe bolmandyr. Şeýlelikde Harper Li pahyr dünýä edebiýatynyň taryhynda bir eseriň Beýik ýazyjysy hökmünde galdy. Munuň ýaly wakalar taryhda başga-da köp. Mysal üçin: Daniel Defo bütin ömrüne klerk bolup işläp, kyrk ýaşyndan soň "Robinzon Kruzo"-ny ýazýar. Onuň ýazan ikinji kitabynyň bolsa hatda adynam bilýän ýok diýen ýaly.

0
12 Ependi  
284
Hemde, Admin aga saýtdaky etýudlardan üýşürip, käte çykaryp dursa oňa ýetesi zat ýok! Gaty gowy, goldaýan! "Awtorlyk derejesi bar" diýenine begenip gitdim, minnetdarlygym uludyr adminede! Ýokarda, meni goldan agzalarada minnetdar! Ýöne, beýle öwmäň, özümem eşekden tapawudym ýok, "birgün mesirgäp depäýmäýin Sizem)". Siziň araňyzda bolanym, şolam maňa uly bagt!

0
13 Ependi  
284
Minnetdar @Serdar aga, toçno urduňyz şu gezek. Näme etmeli, nirä bellemeli, dogrudanam şol pikir bardy özümde. Bu zatlardan başym çykmamsoň, diňe beýnimiň güýjüne daýanardym. Diýmek, adam ýadyndan çykarmaz ýaly, haýsam bolsa bir ýere bellijek etmelid-?!. Dogry pikir. Ony ilkinji bellemeli boljak. Nesip bolsa Serdar aga!

0
14 yalnyzozi660812  
1367
Агшамын хайырлы болсун, @Эпенди! Бир сораг барды, ёкуш гормесен шу ерде сорайсам болармы?

0
15 Ependi  
284
@yalnyzozi660812, soraň agam, nämäni ýokuş görmeli?! Ýokuş görmen.

Hemde, esasy zat, Siziňem maslahatlaryňyz gerek. Ýokarda, Serdar aga ýüregi bilen düşündiripdir köp zady. Hemmesini belläp goýdum agam.

0
16 yalnyzozi660812  
1367
Islenen sita не дов чалдыка?

0
17 yalnyzozi660812  
1367
Islenen sita не дов чалдыка? @Эпенди агзанын гоян затларыны шол ерде-де хезил эдип окардык велин... о сайтам гурум-жирим болайды-ла?

0
18 Ependi  
284
@yalnyzozi660812, şoňa özümem haýran agam?! Abaddonyňam nomeri ýok mende, ýogsa bilip bolardy. Menem gyzyklandyrýar şol sorag. Ýöne, admini tanaýan birki sany tanyşym bardy imoda. Şolara ýazyp biljek bolaýaryn agam!

1-15 16-17
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]