11:30 Esger jigime | |
ESGER JIGIME
Goşgular
Esger jigim gelşäýipdir lybasyň, Hasam görklenipsiň öňküleriňden. Watan mertebesin gursakda aýan, Dogumyňy duýýan göreçleriňden. Dik tut başyň. Mert ýigdi sen watanyň, Haklagyn duzyn keremli topragyň. Taryh şaýat, bu gadymy ilimde, Ruhy bardyr, ençe-ençe mertleriň. Suprasynda jem eýländir aşyny, Dagy-düzi, sähra-çöli keremdir. Hak Tagala nazar salmyş diýara, Inha, şu topraga bagt berendir. Erenler ýar bolan gül diýarymyň, Hydyr gezen çöllerini goragyn. Goragyn dagynyň boz keýiklerni, Gora düzündäki erkin owlagyn. ,,Ser bereris, ýer bermeris duşmana" diýen sözi hemişede nagtdyr. Ilim üçin, ýurdum üçin, şan üçin, Watan diýip başyň goýmak bagtdyr. Ata–watanyňdyr, ene–topragyň, Wepaly bolgunyň janyn gatana. Baky mizemesin mukaddesligi, Sen mynasyp gulluk etgin Watana! Bilbil KAKABAÝEWA. | |
|
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |