13:15 Goşgular | |
AHWAL
Goşgular
Ynha... Tapdym özümi, Agynjak men-dä. Aýak ýalaň, başym açyk howada, Juda sada geýim, köneje jindäm. Jogap tapyp bilmän ýüzmüň sowala, Barja güýjüm bilen ylgap barýanym. Gap-gara şalyny zyňyp birýana, Ýetip barýan, gaçyp barýan bir zatdan. Nämüçinkä, ýitmäge bahana gözläp, Argyn göwre halys urunýar herýan. Görýäňmi, şindem ýaşap ýörşüme, Alyp gidere zadym galmandyr munda, Günämden, arzymdan, yşkymdan başga. Ynha-da, serhet. Nämälim duýgular gurşaýar daşym, Duman örten dünýä gaçdy gözlerme. Kiçijek göwräňde Asman bilen Ýer, Seredip durun men, Mendäki Saňa. * * * * DIÝ MAŇA! Şahyr däl men goşgy ýazýan, “Yşka, söýgä gul” diý maňa! Aglap bilmerin ýalandan, “Ýalanjykdan gül!” diý maňa! “Söý — diý — ýagşyny, ýamany”, “Haýry, şeri duý!” diý maňa! “Ol beyik Keremiň Nurun Gursagyňa guý!” diý maňa! Haka aşyk bolan yşk men, "Apy-tupan gaý!" diý maňa! Ýadadym çisňän bolşumdan, "Ýagmyr bolup ýag!" diý maňa! Bilmen, känmi günä, sogap?! “Ýaşama-da, ýan!” diý maňa! ...Galam tutup başarmasam, “Ýüregiňden ýaz!” diý maňa! Asmanda pelpellär ruhum, (“Ah, ruhsuz sen kim?!” diý maňa!) “Aýtjaklaryň söze sygmaz, Gepleme-de, dym!” diý maňa! * * * * HYÝAL MENZILI Geljekden bir günüm özüm saýlasam, Ürküzmese meni dünýäň şowhuny. Ähli gowgasyndan uzakda bolsam, Adaty günlerden saýlansam biraz. Hyýallarym bilen galyp ikiçäk, Aýdym aýdyp bilsem öz sesim bilen Ýürekdeşim saýyp dutarmyň sesin, Ýöräbersem ýollaň gumagyn saýlap, Galam bilen goýup gitsem yzymy. Gitsedim, Gitsedim, juda uzaga. (Iň esasam razy etsem özümi. Ýogsa-da, nämekä meni güýmeýän Ho:l görünýän salgym dälmi gol bulan?!) Onsaňam, ganat ýasanyp perden, Dyrmaşyp däl uçup çyksadym daga. Ähli zady şeýle bir uzakdan synlap, Gözlem bilen görsem dünýäň serhedin. Serimi sämeden duýgularymam Alyp gitsedim... Wagt heňňamynyň duşma:n duzagna Gitsedim, Gitsedim, juda uzaga. Sessizje... ...Geljekde bir günüm! Bilbil KAKABAYEWA | |
|
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |