20:19 Eýran we Hytaý: Kanuny taýdan garaşylmaýan | |
EÝRAN we HYTAÝ: KANUNY TAÝDAN GARAŞYLMAÝAN
Publisistika
Belki-de, şu günüň syýasatçylary garaşylmaýan zady garaşylýan ýeke-täk kanun dek görmelidir. Geňsi wagtlarda öňünden çaklanylmaýan güýjüni ýene bir gezek görkezäýýär. Eýranyň duýdansyz dörän protestleri režime ýumruk salgaýan demonstratlaryň töwekgelliginiň yzysüre hytaýlylar ýolýaşçylarynyň ýurdy dolandyryş formasyny protest etmäge başlady. Ykdysady krizisi we režimiň ýurt baýlygyny daşary ýurtlarda her dürli operasiýalar üçin ýele sowrup ýörmegini protest etmek üçin Eýranda köçä çykmagyna garaşylan halk köpçüligi ygtyýarlylaryň mejbury atyndyrýan bürenjegini Eýranyň çar künjüne uzaýan ykdysady syýasatlary we aýatolla Ali Hamaneý hem-de onuň yzyna eýerijileriň diktaturasyny öz içine gurşaýan nägileligiň simwoly hökmünde orta çykardy. Eýrana müňlerçe kilometr uzaklykdaky Sinszýanyň paýtagty Urumçide ýüze çykan ýangynda on adam wepat boldy. Ýerli ýaşaýjylar koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çärelere eýerendigi zerarly ýanan jaýyň ýaşaýjylarynyň daşary çykmaklarynyň öňüni alandygy üçin ygtyýarlylary aýyplady. Şanhaýdyr Pekin ýaly Hytaýyň on şäheriniň ýaşaýjylary prezident Si Szinpini häkimiýetdäki ýerini berkitmekde birnäçe işleri amala aşyrandan soň wezipesinden el çekmäge çagyrdy. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň soňkuy gurultaýynda konstitusiýa girizilen “Szinpin düşünjesiniň” üstünde täzeden durlup geçilmeli bolar. Emläk ballonynyň partlama howpy, baý-garyp deňsizliginiň güýçlenmegi, iriziji iş sagatlary we gulçulygy ýatladýan ujypsyz aýlyklary berýän şereketleriň iş tertibi ýaly temalara giribem durjak däl. Hytaý aksiýa paýlarynyň insdeksindäki pese düşüşlige täsir eden ykdysadyýetiň esasy ösüş ugrunyň agsamagy hytaýlylary köçä çykmaga iterjek sebäplerdi. Emma halk saglygyny goramaga we epidemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdiren çäreleriň ret edilendigi sebäpli emele gelen bimazalyk bolup biläýjek ähtimallyklaryň arasynda ýer alanokdy. Eýranly we hytaýly demonstratlaryň arasynda bir meňzeşlik bar: Iki ýurduň halky garşylyklaryny iki agalyk ediji sistemasy arkaly goraýan gymmatlyklaryna we prinsiplere gönükdiren jemgyýetçilik borjuna ýöneltdi. • Eýranda bürenjek we Hytaýda “0-kowid” syýasaty Eýran Yslam Respublikasynyň bürenjek bilen bir hatarda yslam ýörelgelerine baglylygyndan we Hytaý Halk Respublikasyndyň her näme bolanda-da ýokanç keseliň täze tolkunynyň öňüni bentlemek talabyndan gyşarmadyk ýagdaýynda ikisiniňem üstünde jedelleşip oturmagyň geregi ýok. Munuň özi millionlarça raýatyň jan saglygyna, maddy hal-ýagdaýyna, ýurduň howpsuzlygyna abanýan iň uly howpdur. Emma olar ýalam kici-kirim däl. Diniň, emirleriň we gadagançylyklaryň ulanylmagy ýa-da jemgyýetçilik taýdan berýän peýdasynyň çekişilmegi ýüzlerçe ýyl belli bir re1imdir hökümetleriň tejribesini hakly çykarmak üçin mälim praktikalardan biri bolsa, Eýranyň we Hytaýyň tejribeleri, ykballary nähili bolanda-da häkimiýetlerini dowam etdirmek üçin ýeten üstünlikleri we ýeňişleri sebäpli özlerini gutlama mümkinçiligini sypdyrmaýan ygtyýarlylaryň ýüzleý düşündirişlerini indi jemgyýetçiligiň kabul etmeýändigini görkezýär. Demonstratlaryň ygtyýarlylaryň daşky görnüşdäki dini şygarlar (Eýranda) bilen jemgyýetçiligiň peýdasyna goldanýanlar (Hytaýda) we belli bir derejede baş-başdaklygy hem-de wagşylygy öz içine alýan režimi dowam etdirmegi maksat edinýän syýasatlaryň mazmuny bilen dowamly howpuň arasynda guran baglanyşygyna degişli çuň garaýyşyň yşaraty hökmünde hytaýlylaryň çykyşlarynda söz azatlygynyň ýokdugyny nygtamak üçin ak kagyzlary ulanmagy, eýranly ýaşlaryň bolsa köçelerde mollalaryň sellelerini pyzmak üçin ýaryşmagy manysyz däl. Bürenjekdir selläniň siwmolizirlenmegi we “0-kowid” öňüni alyş çäreleri millionlarça eýranly we hytaýly tarapyndan Tährandyr Pekin ygtyýarlylarynyň ele salyp, hötdeinden gelip we boýun egdirip bilmejek görnüşinde ösen iki jemgyýeti gözegçilik astyna almak hem-de çäklendirmek üçin goşmaça gurallar hökmünde görüldi. Soňky on ýylyň arap rewolýusiýalary döwründe internet arkaly jemgyýetçilik gatnaşyk serişdeleriniň we platformalarynyň oýnaýan kesgitleýji roly hakda ýaýran teoriýa gurallaryň üstünde berk gözegçilik amala aşyran iki ýurtda ýalňyş hasaplandy. Munuň özi Eýrandaky äwe Hytaýdaky galagoply wakalaryň dowam edýän döwründe internetiň ýokdugyny aňlatmaýar. Şunuň bilen birilikde emlägi goldaýjy, ikinji derejeli we maglumat beriji häsiýetdedigini hem aýtmak gerek, dogrusyny aýtmaly bolsa, “Arap baharyndaky” ýaly guramaçylykly däldi. Häkimiýeti elinde saklaýan güýçleriň jemgyýeti birmeňzeş galyba salýan, ýugurýan we elitalaryň ýagdaýyndaky dowamlylygyň talaplaryna görä şekillendirýän maksatlaryny öz içine alýan dini, taryhy, milli duýgyny we dürli ideologiýalary karz alan şygarlar bilen örtýän ikitaraply sözler ildeşleriniň özüni ýarym hudaýlar we günasiz ymamlar hasaplamagyny isleýän hökümetlerdir liderleriň dünýäsinde täze däl. Emma jemgyýeti Mişel Fukeniň aýdyşy ýaly hassahanalary, türmeleri, dälihanalary we beýleki mysallary ulanyp detallandyran jemgyýetçilik guramalary we Eýrandyr Hytaýyň mysalynda dini guramalar we partiýa arkaly raýatlary boýun egdirmek we olaryň hökümdaryň köşgünde oturýany goldamaga boýun etmek, onuň ýerine uruşlarda ölmäge mejbur edýän mehanizmler şu günki gün adamyň häzirki çeşmelerden görüp-biljek zatlary bilen tutaryksyz ýagdaýa geldi. Ygtyýarlylara ýaramasa-da, ýagdaý şundan ybarat. Belki-de, şu günüň syýasatçylary garaşylmaýan zady garaşylýan ýeke-täk kanun dek görmelidir. Husam IÝTANI. Şenbe, 03.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |