08:54 Ibrahim Reisi: Bir şahsyñ awtobiografiýasynda režimiñ biografiýasy | |
IBRAHIM REISI: BIR ŞAHSYÑ AWTOBIOGRAFIÝASYNDA REŽIMIÑ BIOGRAFIÝASY
Publisistika
Reisiniñ terjimehaly radikal ganatyñ režimiñ üstünde doly gözegçiligi ýola goýmak üçin ýöreýän ýoluna yşyk tutýar Eýranyñ öñki prezidenti Ibrahim Reisiniñ 1988-nji ýylda eýranly ygtyýarlylar tarapyndan guralan ölüm jezasy çäresine gatnaşmagy we adam hukuklary boýunça guramalaryñ adamzada garşy edilen etmişde aýyplanmagy bireýýäm ýatdan çykdy ýa-da umuman undulyp taryh kitaplarynyñ çañ basan sahypalarynyñ arasyna siñene meñzeýär. Emma hakykatda bu, Eýranyñ 1979-njy ýyldaky rewolýusiýasyndan soñ başdan geçiren we soñky ýyllarda konserwatiw akymyñ radikal ganatynyñ Tähranda häkimiýetde agramly paýa eýe bolmagy bilen durnuklylyk gazanan ýaly bolup görünýãn gaýdyp gelişlere yşarat edýär. Ruholla Homeýniniñ ýolbaşçylygyndaky eýran ulamalarynyñ häkimiýete gelmeginden soñky ilkinji birküç ýyl güýçli agzalalyklar bilen geçdi. Şaha garşy uruşan kürt güýçlerinin täze režimiñ kesgitlän ugurlaryna garşy çykmagy bilen başlan, dürli güýçleriñ arasynda birtopar içerki uruşa meñzeş hadysalar bolup geçdi. Kürt güýçleriniñ täze režime garşy duruşy Eýranyñ demirgazygynda gazaply çaknyşyklara we beýleki ýerlerde ýokary detejede bolup geçenler bilen bir wagtdaky birgiden ölüm jezalarynyñ berilmegine getirdi. Gürrüñi gidýän ölüm jezalarynyñ berlişine şol döwür ähli habar beriş serişdelerinde ady tutulýan, emma indi ady agzalmaýan sudýa Sadyk Halhali gözegçilik edipdi. Şeýle atmosferanyñ saýasynda režime wepaly toparlar bilen "Halkyñ mojahetleriniñ" arasynda gündelik çaknyşyklar, häkimiýetiñ ýokary düzümli ýolbaşçylaryna gönükdirilen birtopar teraklar bilen birlikde dowam edýärdi. Çaknyşyklara öñki şanyñ tarapdarlarynyñ ýany bilen sagdan-çepden we merkezden Homeýnä we onuñ režimine garşy çykýandygyndan şübhelenilen hemmeleri öz içine alýan uly tutha-tutluk tolkuny-da ýoldaşlyk etdi. Halhaliniñ berýän ölüm jezalarynyñ yzy üzülenokdy. Şol tutha-tutluklaryñ netijesinde "Halkyñ mojahetlerine" ýardam etmekde aýyplanan müñlerçe raýat üýşürilip, türmelere ugradyldy. Elbetde, bularyñ iñ meşhury Tähranyñ demirgazgyndaky "Ewin" türmesidi. Eýran-Yrak uruşynyñ soñlanmagy bilen birlikde eýran režiminden agyr urgylar iýenden soñ Yragy mesgen tutunan "Halkyñ mojahetleri" topary Yrakdan Eýranyñ çägine "Ebedi şugla" ady bilen uly hüjüm gurnady. Hüjümiñ maksady eýran güýçlerini gapyllykda awlamak, ýurduñ jümmüşine aralaşmak we Homeýnini agdaryp biljek gozgalañyñ oduny tutaşdyrmakdy. "Halkyñ mojahetleriniñ" hüjümi eýran güýçleriniñ "Marşad" ady bilen kontroperasiýany geçirmeginiñ yzyndan şowsuzlyga uçrady. Şol ikiarada Tährandaky ygtyýarlylar esasan çepçi garaýşly beýleki partiýalaryñ we güýçleriñ agzalarynyñ ýany bilen, toparyñ türmelerdäki tussag tarapdarlaryna-da ölüm jezasyny berip, mojahetlerden ar almagy müwessa bildi. Eýran-Yrak uruşynyñ soñlanmagy bilen birlikde eýran režiminden agyr zarbalary alandan soñ Yragy mesgen tutunan "Halkyñ mojahetleri" Yrakdan Eýrana uly hüjüme geçdi. Tähranda režime gulluk etmäge höwesek 28 ýaşly ýaş prokuror Ibrahim Reisi ine şu ýerde hatara goşuldy. Emma iñ uly jogapkärçiligiñ kimdedigi babatda uly jedelleriñ edilen ölüm jezasy permanlarynyñ ýerine ýetirilmeginde ol ýeke däldi. Gaýtam tersine, Reisi arasynda köp sanly aýal-gyzyñam bolan 5 müñ bilen 8 müñüñ arasyndaky raýata ölüm jezasyny beren we "Ajal komissiýasy" diýilýän komissiýanyñ agzasydy. Bu komissiýa Reisi üçin Eýrandaky häkimiýetiñ kalbyna açylan esasy girelge boldy. Yatdan çykarlan geçmiş döwre çenli uzaýan bu kyssada möhüm zat, ýoklugynyñ ähmiýeti, Müjteba Hamaneýiñ kakasynyñ Yslam Rewolýusiýasynyñ Dini lideri pozisiýasyna beýgelme mümkinçiligini güýçlendirmek bilen çäkli ýagdaýa gelen Reisiniñ terjimehalynyñ radikal ganatyñ režimiñ üstünde doly gözegçiligi ýola goýmak üçin ýöreýän ýoluna yşyk tutýandygydyr. Eýranyñ içinde şol döwür bolup geçen çaknyşyklar, "Halkyñ mojahetleri" topary, "Tudeh" Komministik partiýasy, çepçi "Halkyñ pidaýylary" topary ýa-da kürt partiýalary ýaly režimiñ özüne dahylly bolmagyna ýol bermeýän güýçler bilen çäklenmeýärdi. Tersine, simwollarynyñ köpüsiniñ dar agajyndan asylyp ýa-da atylyp öldürilen Homeýnä iñ ýakyn we baglanyşykly toparlaryñ arasyndaly çaknyşyklary-da öz içine alýardy. Şol döwrüñ simwollaryndan biri häzirem Eýran-Yrak uruşy wagtynda premýer-ministr wezipesinde işlän (bu wezipe soñ ýatyryldy) Mir Hüseýin Musewidir. Ol has soñra reformist bolmazdan öñ "Yslamy çep" bilen baglanyşyklydy we 2009-njy ýyldaky prezident saýlawlarynda Mahmud Ahmedinejada ýeñilmeginden bäri öý tussaglygynda saklanýar. 2005-nji ýylda režimiñ düýbüni tutujylardan bolan we pozitiw düşünjeli satylýan Ali Ekber Haşimi Rafsanjanini ýeñlişe uçradan Ahmedinejad bolsa, konserwatiw ganatyñ güýçlenmeginde möhüm tapgyra wekilçilik edýärdi. Husam IÝTANI. Şenbe, 25.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |