00:20 Eýranly aýal-gyzlaryň protestlerinden nämüçin ynjalyksyzlanýas? | |
EÝRANLY AÝAL-GYZLARYŇ PROTESTLERINDEN NÄMÜÇIN YNJALYKSYZLANÝAS?
Publisistika
Ähmiýetli ýeri şunda: eýranly aýal-gyzlar nämedir bir zatlary mundan beýläk gijikdirmegiň mümkin däldigini görensoňlar, zenan we raýat hak-hukuklaryny talap etmek üçin orta çykmagy makul bildiler. Şu boýunça jedellerimizi salyhatlylyk bilen dowam etdirip bileris. Dogrusyny dogry aýdalyň. Liberal-konserwatiw, oppozisioner-ylymly, dindar-dünýewi ýaly dürli-dürli tarap tutmalarymyz bilen hak-hukuklarymyzy talap etmek üçin araplar we musulmanlar hökmünde köpimiz eýranly aýal-gyzlaryň häzirki häkimiýete garşy protest demonstrasiýalaryndan ynjalyksyzlanýarys. Bu ýagdaý bizi birahat edýär. Bu köpçüligiň Eýranyň dini ýolbaşçysy Ali Hamaneýiň “käbir dönükleri aýaga galmaga” gylawlandyran Günbatar çeşmeli pyrylldakdygy hakda aýdanlary bilen ylalaşmaýandygyny we ýüz müňlerçe eýranly aýal-gyzyň köçä çykmagyny, bürenjeklerini çykarmaklaryny we howpsuzlyk güýçleri bilen režimiň öňbaşçylaryna ýumruk çenemeginiň başyny çeken haýsydyr bir baglanyşyk görmeýändigini aýtmagyň hajaty ýok. Şeýle-de bu köpçülik häzirki wagt bolup geçýänleriň eýran jemgyýetiniň ösüşi we 43 ýyllyk “Welaýaty-Fakih” dolandyryş formasy bilen aýatolla Homeýniniň oni iki ymam-şaýy fykhynyň beýany üçin orta goýan düşündirişiniň yzysüre gelen hususdaky şertler bilen baglanyşykly içerki sebäplerden gelip çykýan demonstrasiýalardygyny pikir edýär. Režimiň şowsuz ykdysady syýasatlary we külpetli maksatnamasy, halkara ýalňyzlyk we sanksiýalar bilen birikdi. Eýranly ýolbaşçylaryň doly ulanyşyň üpjün edilmeginiň eýranlylaryň ýaşaýyş-durmuş ülňülerini gowulandyrmagyny we ýurtlaryny uly güýçleriň arasyna sokjakdygyny nygtaýan ýadro maksatnamasy ýönekeý raýatlaryň netijelerini görüp we tokunyp bilmeýän hyýalyna öwrüldi. Munuň sebäbi, ýokarda gürrüňi edilen doly ulanyşyň güýje girizilmegi we miweleriniň toplanmagynyň energetika we saglygy goraýyş pudaklary bilen bir hatarda global bazara girmek we Eýranyň özüni daşarda tutýan maliýe hem-de kanuny ulgamlar bilen ilteşikli bolmagydyr. Etniki we dini azlyklaryň basyşy awtoritarlygyň ýer ýüzüne we içinde nähili ýaşamalydygy hakda dar galyply garaýşy mejbury boýna dakma görnüşindäki has giň baglanyşykda orta çykýar. Emma şeýle uly demonstrasiýalaryň eýran meselelerini sypdyrman yzarlaýanlaryň köpüsiniň garaşmaýan ýerinden gelendigini aýtmak gerek. Ol eýran jemgyýetiniň ikinji oruna zyňylan garawsyz gatlagyndan gelýärdi: Režimiň musulman jemgyýetlerde we eýran gurşawynda görlüp-eşdilmedik artykmaçlyga eýedigini hem-de hormat goýulýandygy aýdylýan aýal-gyzlardan... Tährandaky režimi halamaýan we aralaryndan käbirleriniň doly çapraz gelýän musulman-arap gatlaklarynyň her biriniň režimiň nähili görnüşde agdarylmagynyň “gerekdigini” we ýerine geljek alternatiwiň aýratynlyklary hakda pikiri bar. Emma bolup geçýänler welin režimiň altyn döwründe “taryhyň gözboýagçylygynyň” bir parçasydy. Iriňli çyban ykdysady kynçylyklar, jemgyýete edilýän basyş we ýurduň Siriýada, Liwanda, Yrakda, Ýemende harby we howpsuzlyk hokgalaryna iterilmegi, Homeýniniň talabalaýyk geýinmegiň berjaý edilmegine jogapkär “ahlak polisiýasynyň” gynamalaryna uçran ýaş gyz sebäpli ýaryldy. Ol jemgyýetçilige açyk ýerlerde saçyňy kesmegiň, bürenjekleri ýakmagyň, režime garşy gönüden-göni gozgalaňyň simwolyna öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde bu simwollar aýratynam özüni aýatolla hökümetiniň baş pidasy hökmünde görýän şäherli ortagürp gatlagyň arasynda aýal dawasynyň režime garşy tolgunşykda öňdebaryjy rol oýnaýandygyny-da görkezýär. Ýadyňyza salyň: howpsuzlyk güýçleriniň Emir Kebir uniwersitetiniň talyplarynyň umumyýaşaýyş jaýlaryna basyş edilendigi (käbirlerini penjireden oklandyklary aýdylýar) 1999-njy ýylyň protestlerinden başlap, “Ýaşyl rewolýusiýanyň” amala aşyran 2009-njy ýylyň protestlerine we bahalaryň gymmatlandygy bilen benziniň bahalarynyň gymmatlamagyna garşy 2017-2019-njy ýyllarda bolan protestlerine çenli şäherler demonstrasiýalaryň esasy çykalgasydy. Has soňra demonstrasiýalar arap we kürt sebitlerine ýaýrady. Şindi gündogardaky buluç sebitleri düýpli durnuksyzlygy başdan geçirýär. Şeýle-de, ortagürp gatlaga we Mahsa Emininiň gelip çykan kürt azlygy bilen bir hatarda etniki azlyklar tradision ýagdaýda öňe saýlanýar. Ýöne bu gezek münbere aýal-gyzlar çykdy. Açyk aýtmaly bolsa, aýal-gyz dawasynyň zompa orta çykmagy, munuň üns merkeziniň jümmüşine oturmagy, eýran režiminiň içerki we daşarky syýasatlaryna garşy çykmak üçin iň azyndan beýleki sebäpler ýaly möhüm faktor hökmünde görülmegi tradision syýasy güýçleri pozisiýalaryny düýbünden gözden geçirmäge çagyrýardy. Birinjisi, aýal-gyz dawasyny, hususanam bürenjek meselesini boýdan-başa jedelleşmek üçin tegelek stoluň daşynda ara alyp maslahatlaşmaga garşy çykýan käbir syýasy yslamçylar bar. Soňky wagtlarda ruhanylaryň sesleriniň batlanýandygy aýal meselesiniň üstünde giňişleýin durlup geçilmelidigine yşarat edýär. Ikinjisi, çep ganatdaky käbir adamlar jemgyýet tutuşlygyna talaňçylykdan halas bolanda we eksplutasiýa aradan aýrylanda aýal-gyz meselesiniňem öz-özünden çözüljekdigini, meseläniň jemgyýetçilik adalatyndan aýrylmaz bitewidigini we bu meselä üns berilmeginiň arap-musulman jemgyýetlerindäki garyp-gasarlar gatlagynyň göreşini bozup biljek “buržuaziýa” şübhesidiginiň pikirinde. Arap-musulman liberallar bolsa aýal-gyzlaryň ähli hak-hukuklaryny nygtaýar we olaryň dawalaryny goldaýar. Emma olaryňam daşy syýasy täsirliligi pesler we oýnaýan roly saýlama sferalar bilen gurşalan. Jemgyýetlerimizdäki aýal-gyz meselesi bilen baglanyşykly düşünje çygrynyň dar bolmagyndan we munuň görkezilmegi üçin iş ýüzündäki ugurlaryň kemter bolmagyndan gelip çykýan çig-çarsylyk bar. Ähmiýetli ýeri şunda: eýranly aýal-gyzlar nämedir bir zatlary mundan beýläk gijikdirmegiň mümkin däldigini görensoňlar, zenan we raýat hak-hukuklaryny talap etmek üçin orta çykmagy makul bildiler. Şu boýunça jedellerimizi salyhatlylyk bilen dowam etdirip bileris. Husam IÝTANI. Anna, 07.10.2022 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |