22:55 Eý, ademden älemi mowjud eden... | |
![]() Eý, ademden älemi mowjud eden, zulkibriýa, Owwalyňda gaýetiň ýok, ahyryňda intiha. Patyşah sen, kadyry-kaýýum sen, haýýyl-ebed, Senden özge jümle-älem bolgusydyrlar läfeta. Kim sütünsiz asybany gaýetinde saklaban, Ýere berdiň minnetiňde hem karar ile ryza. Aýy, Güni ruzy-şeb köýünde sergezdan kylyp, Kim ýügürter sen pelek burçunda her subhy-mesa. Çarh hem gerdan durar, yşkyň bile tutmaz karar, Bolmuş ol biçäre hem hijriňde zary-mübtela. Jany-dilden yşk ile aşyklaryň jan berdiler, Neýlär ol jany seniň yşkyňda kim kylmyş pida. Jümleýi-biçäre senden derdine istär alaç, Wäh, ki bidermanlaryň derdine sendendir dowa. Lutp edip söýen habybyn hormat üçin ruzy-şeb, Kylmagyl ryswa meni, şermendeýi-ýüzi gara. Gaýyby, asy guluň dergähiňe tutmyş ýüzün, Müstejap eýläp dowasyn, hajatyn kylgyl rowa. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |