09:20 Jemalyň eksinden her kim başyna düşdi ýüz söwda... | |
Jemalyň eksinden her kim başyna düşdi ýüz söwda, Kim ol söwda bilen düşdi jahan mülküne ýüz gowga. Ki sen jan maksadyn tapmak kişige bes ki müşgüldir, Ki peýda sen diýseň pinhan, ýene pinhan diýseň peýda. Gülüstana jemalyň şuglasyndan düşmedi ger ot, Neçün yşkyňda efganlar kylar, bilbil bolup şeýda. Ýüzüň husnuňa zar etdi kylyp Mejnunny biaram, Ýüzüň enweriden boldy jahana mahweşi-Leýla. Gözel şekliň tulugyndan bolup zaýyl kuýaş reňňi, Uýalandan bolar tagýyr, bolup saryg, gyzl-u ala. Çe Wamyk saçdy gül yşk ody derdinden kylyp şehra, Güli-husnunda zip alyp ýüzüň görkezeli Uzra. Sözüň şähdi bile Şirin lebin ger kylmady şeker, Çüçük janyn neçün kyldy pida Perhady biçäre. Eger otly ýüzüňden ot gülüstan bolmasa erdi, Halyla Nemrutnyň ody neden boldy güli-hamra? Şerip eýläp sen, eý, şahym, niçelere kylyp hyzmat, Ki hiç haýsyn habybym diýp, birewçe olmadyň zyba. Kanagat ähline kyldyň delili-agla makam tapmak, Diýdiň «Kaf üzre ermesmi kanagat birle ol Anka». Hudaý-a, Gaýyby, hamdyň kylara ne hetdi bardyr, Ki pazlyň häkmidir, emma geler dile, bolar guýa. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |