16:44 Eý, gopuz bile şeşde... | |
EÝ, GOPUZ BILE ŞEŞTE
Goşgular
![]() Eý, gopuz bile şeşte, aslyñ nedir, ne işde, Saña sowal soraram, aýdyber maña şeýle. Aýdar ki: - Aslym agaç, goýun kirişi bir, Gel, mejlisim diñle, geç, akly goýma inişde. Aýdarlar maña haram, men ogurluk degilem, Çünki aslym arassa, ne bar imiş kirişde. Maña kiriş diýdiler, yşka giriş diýdiler, Menjñ adym yşk berdi, durman sopy bolmuşda. Şadylyk ile geldim, uşbu äleme doldum, Mürewwete düzüldim, goýdular bu görnüşde. Agaç teri dirildi, kiriş ile bir oldy, Yşk deñizine doldy, bahana ýok bu işde. Möwlaba söhbetinde saz ile mejlis oldy, Aruf magnyda saldy, sün biledir perişde. Perişdeýi añmakdan bilesiñ - myrat nedir, Gije-gündiz biledir seniñ ile her işde. Ol perişdeler ady Kiramen Kätibindir, Ýazuwlardan irmezler, armazlar ýaz-u-gyşda. Birisi sag omzuñda, birisi sol omzuñda, Birisi haýryñ ýazar birisi şer jümmüşinde. Kagyzlary tükenmez ne hut şol syýalary, Pozulmaz galamlary, gaýymlardyr ol işde. Hem meýhanaýa barar, hem buthanaýa girer, Bular saklarlar seni, sen gapylsyñ bu işde. Ýunus indi Subhany wasp eýlegil köñülde, Aýry degil aryfdan bu gopuz ile şeşte. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |