23:58 Eýran respublikany oňlaýar | |
EÝRAN RESPUBLIKANY OŇLAÝAR
Publisistika
- SAWAK-da näçe işgär gulluk edýärdi? – diýip, general Nasirini metbugat konferensiýasyna daşy garawully getirenlerinde, eýranly žurnalistler ondan soradylar. - Iki müň adam çemesi. Olaryň sany üç müňe çenli artypdy – diýip, Eýran gizlin polisiýasynyň ozalky şefi kynlyk bilen jogap berdi. - Eýsem, gynaýyş jaýlary näçeräkdi? Nasiri aljyrady. Ýürege düşgünç dymşyk ara düşdi. Ahyrsoňy ol pyşyrdap diýen ýaly gürledi: - Ýekejesem ýokdy. - SAWAK näçeräk türme gurupdy? - Ýekejesini. - Eýsem, bendiler näçeräkdi? - Iki müň töweregidi, sähelçe köpräk bolaýmagam mükin. Nasiri bihaýalyk bilen çypdyrýardy. Hatda ölüminiň öň ýanynda-da ýalan sözleýärdi. Ony rewolýusion tribunalyň mejlisinden soň jezalandyrdylar. SAWAK-da 60 müň adam işleýärdi. Olaryň elinden näçe adam gurban bolduka? Tähranyň gazetlerinde şeýleräk san peýda boldy. – Muahmmet Reza pehlweiniň hökümdarlyk süren döwründe SAWAK-yň türmelerinde, onuň gynaýyş jaýlarynda, tähranyň etegindäki “ölüm tonnellerinde” 380 müňden gowrak adam gynalyp öldürildi. Bu maglumatlaryňam asla dogry däldigini aýdýarlar. ...MRU-nyň ozalky direktory Riçard Helms 1973-nji ýyldan 1976-njy ýyla çenli ABŞ-nyň Eýrandaky ilçisi bolupdy. Halkara kadalarynyň ählisini bozup, ol şanyň “howpsuzlyk meseleleri” boýunça baş geňeşdarynyň roluna süsdürilip giripdi. Haçanda “uotergeýt işi” bilen baglanyşykda Helms gyssagly suratda goşuny arkasyna daňmaly bolanda, şa oňa Tähranda galmagy hem özüniň “şahsy geňeşçisi” hökmünde işlemegi dowam etdirmegi teklip etmäge utanmady. Ähli “oňlulyk” hem “garşylyk” taraplaryny deňeşdirip görüp, ol bu teklibi ret etdi. Şondan soň Muhammet Reza Pehlewi Helmsi... “Eýranyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky hormatly ilçisi” wezipesine belläp, oňa “görkezen hyzmatlary üçin” ummasyz köp mukdarda pul hem töledi. Hyzmatlar bolsa juda bir taraply häsiýetlidi. Eýýäm şanyň agdarylmagynyň yzysüresi Tähranyö aşagyndan tonneller tapylyp başlandy. Özem diňe bri SAWAK-yň wagşyçylykly gynamalar üçin ulanýan tonnelleri hem däl. Gürrüň, ähtimal, dürli edaralaryň gepleşiklerini diňlemek üçin niýetlenen tonneller hakynda-da barýar. Hut Helmsiň özüniň şeýle “oýunlar” boýunça MRU-nyň spesialistidigi äşgärdir. “Interneşnl gerald tribýun” gazeti öz sahypalarynda şanyň gizlin polisiýasynyň işinde MRU-nyň hem ysraýyllylaryň roly baradaky täsin tassyklamalaryň birentegini getirýär. MRU-nyň ozalky işgäri, Eýran boýunça spesialist Jessa Lifiň boýun almalary has-da täsindir. SAWAK ABŞ-nyň gös-göni gatnaşmagynda döredildi diýip, ol aç-açan aýtdy. Hasam beteri, MRU-nyň ýokary derejeli çinownikleriniň biriniň bendileri nähili gynamalydygyny sawakçylara düşündirendigi täsindir. Hatda gynaýyş tehnikasyny öwrenmäge bagyşlanan ýörite seminarlaram geçirilipdir. Lifiň tassyklaýşy ýaly, amerikanlar ikinji jahan urşy ýyllarynda nasistleriň öz pidalaryndan öç alşynyň “tejribesi” bilen SAWAK-y tanyşdyrypdyrlar. Monarhiýamy ýa-da yslam respublikasy? – Şeýle sowal ýurduň geljekki döwlet gurluşy barada geçirilen umumymilli referenduma gatnaşan Eýran graždanlarynyň öňünde goýuldy. Halk respublikanyň tarapdary bolup ses berdi. Iýunda EYR-nyň uçreditel ýygnagyna ählummy saýlawlar geçiriler, şonda respublikanyň ilkinji konstitusiýasy kabul ediler. Bu saýlawlara ähli syýasy partiýalar gatnaşyp bilerler. Muhammet Reza Pehlewi tä soňky pursata çenli özüniň ýene Eýrany dolandyrmaga çagyrylmagyna umyt baglap geldi. Elbetde, ol rewolýusion halka däl-de, eýsem “öz goşunynyň” amerikanparaz meýilli generallaryna hem ýokary derejeli ofisrelerine bil baglaýardy. Ýöne Muhammet Reza Pehlewi oýunda gutarnykly utulandygyna diňe referendumyň öňüsyrasynda düşünip galdy. Şeýdibem, ses bermegiň öň ýanynda öz hususy samolýotynda Rabatdan Bagam adalaryna uçdy. Ýöne “dünýäde iň baý gaçgak” ol adalarda peýda bolan badyna, ol ýerde protest demonstrasiýalary başlandy. Oňa gatnaşyjylar diňe bir zady: Eýranyň ozalky hökümdaryny adalardan mükin boldugyça çalt çykaryp kowmagy talap edýärdiler. Ine, şonda häkimiýetler täsin beýannama bilen çykyş etdiler: şa üçin turist wizasy gsyga wagtlyk berildi. Ähli zatdan görnüşi ýaly, “dünýäniň iň baý gaçgagyna” ýurtdan-ýurda entemek garaşýar öýdýän. Ozalky şany hem onuň köki çüýrän “imperator howlusyny” (onuň şahsy garawullary bilen bilelikde bary-ýogy 30 adam çemesi) Köne Dünýäde-de, Täze Dünýäde-de hiç kim kabul etmek islänok. Prezidentler hem hökümet başlyklary, hakyt dil düwşen ýaly, şanyň howpsuzlygyny kepillendirmegiň mükin däldigine salgylanyp, oňa wiza bermekden ýüz öwürýärdiler. Muahmmet Reza pehlewiniň bagam adalaryna uçmagynyň öňüsyrasy Ak Tam, “U.S. News & World Report” žurnalynyň habar bermegine görä, onuň “ABŞ-a gelmegi planlaşdyrmazlygyny” haýyş edipdir. Žurnalyň belleýşi ýaly, Waşingtonyň resmi wekilleri diňe bir agdarylan monarhyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly kynçylyklardan howatyrlanmak bilenem çäklenmän, eýsem – bu has hem möhüm – “Eýrandaky amerikanlaryň garşysyna jogap çäreleriniň” ulanylmagyndan hem howatyrlanýarlar. Tähranda bolsda ozalky şanyň gürrüňi dowam edýär. Özem bary-ýogy bir mesele mynasybetli: ol sud edilmeli. Ýüzbe-ýüz ýa-da gaýybana. Ýurda iňňän aýylganç zyýanlar ýetiren Muhammet Reza Pehlewi öz jenaýatçylyklary üçin jogap bermelidir! Referendumyň jemleri hem EYR-yň döredilmegi bu ýurtda rewolýusiýanyň iňňän çylşyrymly wezipelerini çözmek üçin zerur şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär. Men bu ýerde milli ykdysadyýetiň çalt dikeldilmegini, döwlet apparatynyň gaýtadan guralmagyny, köp millionly hem köp milletli ilatyň ähli gatlaklarynyň erk-isleglerini bildirýän partiýalaryň hem toparlaryň ýaşap hem işläp bilmeklerini üpjün eder ýaly täze syýasy srdedanyň döredilmegini göz öňünde tutýaryn. “Rewolýusiýanyň ykdysatçysy” Benisadr täze döwletiň “ýeke-täk ykdysadyýetiniň” territoriýasyny goldaýar. Gürrüň Eýranda ýurduň hemme taraplaýyn ösmegi üçin, ozalkylar ýaly, diňe bir nebiti däl-de, eýsem ähli tebigy baýlyklary peýdalanmaga ýardam berip biljek hojalyk strukturasyny döretmek hakynda barýar. Suratda: Eýran Yslam Respublikasynyñ ilkinji prezidenti (1980-1981) Seýit Abulhasan Benisadr (1933-2021). Benisadr hasaplap gördi: eger Eýran ýakyn ýyllarda häzirki zaman nebit himiýasyny özleşdirip biläýse, (muňa bolsa geçmişde hemişe ABŞ päsgel berip gelipdi) onda nebit önümlerini satmakdan ýurt her ýyl 440 milliard dollar girdeji, ýagny, işlenilmedik nebiti ýerleşdirmekden alnandaka garanda 22 esse köp girdeji alyp bilerdi. Eýran rewolýusiýanyň ýeňşinden soň ýüze çykan iňňän uly kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýar. Şeýle bir wagtyň özünde bolsa amerikan gazetleri hem žurnäallary, hamala, ýurtdaky ýagdaý kadalaşmaýar, kadalaşyp hem bilmez diýip, bilkastlaýyn toslamalar ýaýradýarlar. Duşmanlar eýran jemgyýetinde halk häkimiýetine ynamsyzlyk döretmek üçin ähli güýçleri bilen dyrjaşýarlar. Tähranda bu dyrjaşmalara degişli suratda baha berilýär. Mysal üçin, ýurtda içerki syýasy ýagdaýy ýitileşdirmek isleýänleriň arkasynda hut amerikanlaryň durandygy ýerli gazetlerde telim gezek görkezilipdi. Eýranyň täze ýolbaşçylary eýran-amerikan harby ylalaşyklarynyň, şol sanda Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda 1959-njy ýylda baglaşylan “bilelikdäki goranyş baradaky” şertnamanyň hem ýatyrylýandygyny yglan etdiler. Eýran SENTO-dan çykdy, şeýdibem ABŞ hem Angliýa tarapyndan ellinji ýyllarda döredilen bu agressiw harby soýuzyň tepbediniň okalmagyny ýakynlaşdyrdy. Eýran Ysraýylyň ekspansionizmini ýazgaryp, indi araplaryň hak işiniň goragynda çykyş edýär. Ol Palestinanyň arap halkynyň milli hukuklary ugrundaky, garaşsyz döwlet döretmek ugrundaky göreşini doly goldaýar. Aýatolla Homeýni “parahatçylykly” müsür-ysraýyl ylalaşygynyň lybasyna çolanan Sadat bilen Beginiň söwdasyny “ullakan dönüklik” diýip atlandyrdy. Ylalaşyklara goşulmadyk döwlet bolup galmak bilen, “Eýran ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky täze syýasaty” diýilýäne garşy işeňňir göreşmekçi. Aýatolla Homeýni bu syýasatda Eýran rewolýusiýasynyň geljegi üçin howpuň esasy çeşmesini görýär. Eýran bilen Sowet Soýuzynyň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklar hemişe möhüm bir pinsipiň – bu gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine gös-göni laýyk gelmeginiň esasynda gurulýar. Başgaça hili bolubam bilmez. Eýran-sowet gatnaşyklary mundan beýläk nähili ösdüriler? Maňa Eýran rewolýusiýasynyň liderleriniň biri bilen gürrüňleşmek miýesser etdi. Ol Eýran bilen Sowet Soýuzynyň, eýran hem sowet halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň zerurlygyny aýratyn nygtady. Biziň umumy serhedimiz bar, oňa görä-de biz oňat goňşular hökmünde ýaşamalydyrys diýip, ol aýtdy. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dürli sferalarda – ykdysady, syýasy hem medeni sferalarda ösdürilip bilner. Ol gatnaşyklar biziň halklarymyzyň bähbitlerine hem meýillerine doly laýyk gelmelidir. Biz, eýranlylar, Sowet Soýuzynyň hiç haçan Eýran babatynda günbatar ýurtlarynyňky ýaly imperialistik syýasat ýöretmändigini ýadymyzda saklaýarys diýip, ol nygtady. Indi, Eýran rewolýusiýasynyň ýeňşinden soň, biz Sowet Soýuzy bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak isleýäris. Elbetde, bu gatnaşyklar birek-biregiň içerki işlerine gatyşmasyz ýagdaýda guralmalydyr. Eýýäm bu ýerde, Beýrutdakam Eýran yslam Respublikasynyň döredilmegi mynasybetli SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy ýoldaş L.I.Brežnewiň aýatolla Homeýnä iberen gutlagyny eýranlylaryň neneňsi gyzgyn garşylandyklary baradaky habarlar gelip gowuşdy. Bu gutlagda olar dostlukly eýran-sowet gatnaşyklarynyň gülläp ösmegine umyt baglamaga ähli esaslary görýärler. Tähran-Beýrut. Igor BELÝAÝEW. “LG-nyň” öz habarçysy. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |