01:32 Homeýni / syýasy portret | |
HOMEÝNI
Publisistika
Käbirleri ony “Din-imanyň tüýs penäkäri” diýip atlandyrsa, başga birleri oňa “Şeýtanyň petigulysyny bermegi başaran kişi” diýýärler, köpler bolsa ony “Garyp-gasaryň ýalňyz umydy” diýip haý-haýlaýar. Eýranly şaýylar oňa “Gaýypda ýören ymamyň hudawy işlerini ýörediji”, “Hak nazary dahyl bolan weli, ylahym Alla şunuň bir ömrüni baky edäýedi-dä” diýip, sežde edýärler. Garasaý, şeýle taryplar, magtamalar, öwgüler azlyk edenok. 1979-njy ýylda ol ymgyr dünýäniň ünsüni özüne örkledi. “Taým” diýen amerikan hepdeligi ony “Ýylyň tanymal adamy” diýip yglan etdim, bu hepdeligiň redaktorlary ony täzelikleriň hörpüni bütinleý üýtgedip bilen şahs hasapladylar. Gowulygamy-erbetligemi, ýöne üýtgeşiklik girizmeg-ä başardy. “Taýmyň” işgärleri “ol eýran rewolýusiýasynyň lideri hökmünde terrorizmi, hökümet syýasatynyň derejesinde ýöretmäge häzir bolup duran irrasional häkimiýeti (şu kümsük sözjagazlary ulanyp, jenap redaktorlar Eýrandaky şa režiminiň heläk boljakdygyny aşaklyk bilen boýun alýardylar!) ap-aňsatja dözümli yralady, XX asyra gorkunç sapak berdi” diýen netijä geldiler... Onuň ady – Seýit Hoja Ruholla Musawi Homeýni. Ol 86 ýaşynyň içinde. Ol Eýrandaky ýokary musulman ierarhlaryndan bolan beýik aýatollalaryň biri, eýranly şaýylaryň ykrar edilen baştutany, 1979-njy ýylyň fewralynda şa režimi synandan soň ýurduň dini ýolbaşçysy bolan weli-fakih... Homeýni uly bolmadyk Homeýn şäherjiginde dünýä indi, bu şäher Eýranyň merkezinde ýerleşýär. Homeýniniň doly adynda örän möhüm many ýokundysy bar. Onuň häzirki ýagdaýyna düşünmek üçin bu möhüm many ýokundysyna ozaldan göz ýetirýänleriňem, beýlekileiňem mazaly üns bermegi zerur. Ol seýit Musawi, yslamy esaslandyran Muhammet pygamberiň (s.a.w) neslinden. Dogry, pygamber bilen gös-göni gandüşerlik ýok, ol pygamberden ep-esli daşlaşýar, Homeýni öz nesil şejeresiniň sakasyny şaýylaryň keramatly saýyp, sežde edýän on iki ymamynyň ýedinjisinden – Musa ibn Jafardan alyp gaýdýar. Şu ýerde şaýyzm we şaýylar hakda azda-kände durup geçsek kem bolmajak ýaly. Şaýylar yslamyň sany boýunça az bölegidir. Yslamdaky uly bölek bolsa ortadoksal ýa-da “tüýs dindar” ugur bolan sünnizme uýýan sünnülerdir. Biziň döwrümizde şaýylaryň esasy köplügi eýranlylardyr, yrakly araplardyr we ýemenlilerdir. Şaýylar başga ýurtlarda hem ýaşaýarlar. Şaýyzmyň esasy akymyna eýerijiler on iki ymamy ykrar edýärler. (şu ýerde hem olara “on ikilikçiler” diýip at berilmesi gelip çykýar). Birinji ymam çaryýarlaryň dördünjisi, “hakykatçy” halyf Alydyr. Ol yslamdaky bölünişigiň başyny başlan ymam hasap edilýär (“şia” – arapça topar diýmekdir). Alynyň toparyna girýänler pygamber ölenden soň halyfatda häkimlik ugrundaky göreşe baş göteripdirler. Şonuň üçinem Alyny “hakykatçy” halyf diýip atlandyrýarlar... Aly pygamberiň doganoglany we giýewisi, şonuň üçinem ol ýokary häkimlige – dini häkim bolmaga we ähli musulmanlaryň üstünden häkimlik etmäge has artykmaç haklydyr. Aly ölenden soň häkimlik onuň nesillerine miras geçmelidir. Alynyň tarapdarlary, ine, şeýle talaplary öňe sürüpdirler. Eýsem-de bolsa, Alynyň ogullary hiç haçanam häkimiýet başyna geçmändir. Onuň ikinji ogly Hüseýin Bagdatdaky omeýad halyfyna garşy gozgalaň etmäge synanyşanda, hakyna tutulan ganhor tarapyndan öldürilipdir. Onuň otrýadyny hem halyfyň dikmesiniň adamlary birehimlik bilen gyrypdyr. Dindar şaýylar Hüseýini din gylyjyny çalyp, din ugrunda janyny gurban eden adam hökmünde biçak sylaýarlar. Hüseýiniň öldürilen Kerbela şäheri (häzirki Yrakda) şäýy ähliniň zyýarat edýän künjegine öwrüldi. Şaýylaryň beýleki keramatly şäheri Nejepdir. Şaýylar şol ýerde Ýaradanyň gudraty bilen Alynyň mazarynyň saklanyp galanyna ynanýarlar, olar bu ýere ýas baglap, göz ýaş etmek, hamala hut halyfyň mazarynyň üstünde bina edilen metjitde degsin-töwir etmek üçin ýygnanýarlar. Aslyýetide bolsa yslamyýeti öwreniji belli sowet alymy Ý.A.Belýaýewiň ýazyşy ýaly (Ol meniň mugallymym we familiýadaşym –I.B.), hatda orta asyrlarda hem halyfyň mazarynyň niredeligini anyklamak başartmandyr. Alynyň kowumlary şaýy ymamlarynyň dinastiýasyny olara syýasy häkimiýete eýe bolmak miýesser etmändir, olar diňe şaýy obşinalaryna dini ýolbaşçy hasap edilipdir. Birinji şaýy ymamy Alynyň özüdir, iň soňky, on ikinji ymam bolsa Muhammetdir. Ol IX asyryň ahyrynda atsyz-sorsuz ýitipdir, ähtimal, ony hem bagdat halyfynyň jansyzlary öldüren bolsalar gerek. Şu ýagdaý “gaýyp bolan, gizlenen ymam” hakdaky rowaýatyň döremegine sebäp boldy. Şaýy ideologlary – dini taglymatçylar “ymam ölenok, ony Allanyň görer gözden gizläp, baryp bolmajak ýerde saklaýar” diýip tassyklaýarlar. Ol Alla tä ony şaýylaryň arasyna adalatlylyk hem deňlik düzgünini, ýerdäki jenneti döretmek üçin ýollaýança, şol ýerde bolmalymyş. Ine, “Gaýypda ýören ymamyň hudawy işlerini ýörediji” diýen titulyň gelip çykyşy-ha şeýleräk. * * * Homeýniniň kakasyny öldürenlerinde, entek oglanjygyň ýarym ýaşy-da dolmandy. Homeýniniň kakasy öz ýerine talaş edýän mülkdar Hişmet ad-Doluň ýalýagylary bilen bolan tutluşykda öldi. Bu ganojak mülkdar polkownik Reza hanyň ýakyn dostudy. Reza han 1925-nji ýylda Eýranyň şasy boldy we täze Pehlewiler dinastiýasyny esaslandyrdy. Şol wagta çenli eýýäm goşun generaly derejesine ýeten Reza han başyna “şalar şasy” diýen täji geýdi. Şaýy ruhanylary onuň Eýrany respublika diýip yglan etmek synanyşygyna el-aýak garşy çykdylar.aýy ierarhlarynyň ynanyşyna görä, ýurtda ýa-ha ruhanylar häkimiýet başynda bolmaly ýa-da ruhanylaryň gepinden çykyp bilmeýän monarhiýa hereket etmeli. Geljekki aýatollanyň ejesiniň wesýeti gysgady: “Aryňy algyn!”. Homeýni kakasy üçin ar almalydy. Şu ýerde şaýylarda ene-atanyň wesýetiniň biçak hatyralanýandygyny, oňaiňňän pugta gulak asylýanlygyny ýatlatmak artykmaçlyk etmez. şaýylar tüýs düýpli zatlary diňe gandüşer garyndaşlaryna ynanýarlar. Olaryň içinde-de iň mähremi hem özüňe iň ýakyny saýylýan ene-atanyň öwüt-ündewini berjaý etmek şaýylarda edermenlik hasap edilýär. * * * Homeýni mekdepde iň göreldeli okuwçydy. Ol mollanyň söwer talybydy. Aýratynam ol hatdatlykda, ol ýa-da beýleki meselä öz düşünişiňi ýazyp mälim etmekde hemmelerden öňe saýlanýardy. Ol örän ýaşlykdan şirazly beýik şahyr Hafyzyň şygyrlary bilen gyzyklandy. Homeýni şahyr bolmagy öz ýüreginde besleýärdi. ol mekdebi tamamlandan soň, gazal ýazyp başlady. Homeýnide başga-da bir uly arzuw bardy, ol Eýranyň ruhany ierarhiýasyna goşulmagy küýseýärdi – beýik maksatlar bolmasa, beýik işler hem bolmaýar ahyry. Eýsem-de bolsa Homeýni ruhanylaryň poeziýa ýigrenç bilen garaýandyklaryny oňat bilýärdi we muny birjik-de unutmaýardy, goşgy-gazala bolan telwasyny hüşgärlik bilen pynhan saklaýardy. Diňe 1979-njy ýylda, Fransiýadan Eýrana gaýdyp gelip, ol özüniň goşgular diwanyny çykartmaga milt edip bildi. Indi oňa eden işinden howpurgap, töweregine garanjaklap durmagyň derrarlygy ýokdy... Homeýni mekdebi gutaryp, Erak diýen çaklaňja şähere gitdi, ol bu ýwerde teologiýa bilen meşgullandy, özüni üýtgeşik we bimisil belent dini missiýa erjellik bilen taýýarlady, bu missiýa onuň ömrüniň manysy hem maňyzy, ähli maksatlarynyň çürbaşysy bolmalydy. Şol missiýany amaläa aşyrjagyna bolsa, geljekki aýatolla çigirt ýaly-da şübhelenmeýärdi. Ýaşlykda adama mahsus ähli zatlar onuň üçin ýat däldi. Meselem, ol juwan wagty futbol hem oýnapdy. Muny häzir hatda göz öňüne getirmegiň hem niçiksi çetindigini özüňiz bilýänsiňiz. Aýatalollanyň özi hem muny maşgalanyň arasynda agzaýmasa, başga ýerde o hakda dilini-de ýaranok. Ol Erakdaky tälim alşyny tamamlap, 1920-nji ýylda Kuma göçüp geldi. Şol wagt şäher Eýranda şaýy dini taglymatynyň merkezi hökmünde ýaňy adygyp ugrapdy. Homeýni Kumda musulman hukugyny, astrologiýany ürç edip öwrenýär – “asylluy Gurhanyöň dili” bolan arap diline kämilleşýär. Şeýle hem sufizmiň – şaýy mistisizminiň üstünde döwneýär. Elbetde, ol özüniň bu gyzyklanýan pişelerini-de ile aýdyp ýörenokdy. Geljekki aýatolla halkyň aşakky gatlaklarynda mistisizmiň örän çuň ýaýranlygyny eýýäm şol mahaldan jikme-jik hasaba alýardy. Ol soňky okuwyny dynyp, dini taglymaty öwredip başlaýar. Kumda onuň ilkinji okuwçylary – “talyplary” peýda bolýar. Homeýni şol wagta çenli oňat gurplanypdy, öz jübüsinden talyplaryna, aýratyn-da öz yzyna misilsiz eýerijilere stipendiýa tölemäge harjysy bardy. Geljekki aýatolla berilýän sowallardan, gep atmalardan, ündewlerden çen tutup bolýan zatlara öz düşündirişinden tapawutlanýan äheňleriň bardygyny-da inçelik bilen syzýardy. Şol wagt ol Hoseýn Aly Montezarini göz astyna aldy. hawa, ol häzir Homeýniniň resmi taýdan mirasdüşeridir. Ýogsa-da Montezari hem seýitdi, musawidi. Ol hiç haçan gitdigiçe abraýy artyp, güýji zarbykýan mürşidiniň (halypasynyň) garşysyna gitmeýärdi. Homeýni 1929-njy ýylda täsirli aýatolla Sakafiniň on bir ýaşly Batul diýen gyzyna öýlenýär, şeýdibem ol kum ierarhlarynyň arasynda öz ýagdaýyny berkidýär. Şaýyzmyň dogmatlary ulamalara maşgala gurmagy gadagan etmeýärdi. Homeýni bäş çaganyň – iki ogluň, üç gyzyň atasydyr. Onuň on iki agtygy bar. Agtyklary bilen hemsöhbet bolýan seýrek pursatlarynda onuň ýüzi mydam gülümjiräp dur. Emma başga wagtlar onuň gülüp-ýyrşarýanyny görýän ýok, ol agraslygy halaýar. Homeýni Eýranyň ilatynyň özüni tanamalydygyna, görmelidigine, özi-de ähli ýere ýaýradylan portretlerde bolşy ýaly, pikirli, hyýrsyzrak keşpde göz öňüne getirmelidigine sähelçe-de şübhelenenok. Weli-fakih Fransiýadan Tährana ýaňyrak geläýen uçurlary onuň ýylgyryp oturan portreti-de onda-munda peýda boldy, emma olary ýyldyrym çaltlygynda ýygnamaly edipdiler... 1977-nji ýylda Homeýniniň uly ogly Mustafany şa howpsuzlygy gullugynyň (SAWAK) agentleri öldürdiler. Ejesiniň “Aryňy algyn” diýen wesýeti ýene-de onuň gulagynda ýaňlandy. Şol wagtlar aýatollanyň agzyndan Eýranda geçirilýän agrar reformany, aýratyn hem aýallaryň tabynlykdan çykmagyny ýiti ýazgarýan otlukly sözler atylyp çykýardy. Homeýniniň pikirine görä, şeýle reformalar “arassa suwy hajathana akdyryp durmak bilen barabar bikär işdi”. Silendik sosial reformalara, aýratyn hem şaýy ruhanylaryny gysaja salýan çärelere howply kesel öýdülýärdi. Beýle keseller garşy ýeke-täk derman bardy – ol hem yslamdy... Dälilik hetdine ýeten Muhammet Reza Pehlewi (Reza şanyň ogly) ençeme sapar Homeýniden dynmagy ýüregine düwüpdi. Aýatollanyň çykyşlary gitdigiçe onuň janyna batýardy, howply häsiýete geçýärdi. Homeýni diýseň tutanýerlilik bilen şaha nälet okaýardy. Aýatolla Onuň Aly Hezretlerine ilki bilen-ä mollalardan we şaýy ruhanylardan öç almaga synanyşanlygy üçin, soňra bolsa Eýrandaky amerikan harbylaryna eksterritorial kepilligini (ýerli ýurduň däl-de, öz ýurduň kanunlary bilen ýaşamak) berenligi üçin gargyş baryny ýagdyrýardy. Aýatollanyň depesinde ölüm karkarasy pelesaň kakýardy. Şanyň her hili elhençlige ýüz uraýmagy ähtimaldy. Ol özüni näçe diýseň öňdengörüji weli hasaplasa-da, şa bilen gutulgysyz bolmaly ikiçäk çaknyşygyň aklyňa sygmaýan öwrümini teý göz öňüne getirip bilmeýärdi. Topalaňçy Homeýniniň üstüne ölüm howpunyň abanýanyny beýik aýatollalar aňdylar. Şonuň üçinem olar Homeýniniň Kumdaky öýüne üýşdüler-de, ony öz hatarlaryna kabul etdiler-de oturyberdiler. Şeýdip, Homeýni hem Beýik aýatolla boldy, özüniň birinji uly maksadyna ýetdi. Ol şonda 61 ýaşyndady. Homeýni şany haýrana goýup, ölümden sypdy. Sebäbi şa bolsaňam beýik aýatollalalara jeza berip bolmaýardy, beýtmäge hiç kimiň haky ýokdy. Aýatollalar nähili iş gaýyrsalaram şol düzgün ýöreýärdi. Olar şa ýurisdiksiýasynyň çäginden daşarda galýardylar. Şol gezek Homeýniniň ölümi sürgün bilen çalşyryldy, ol sürgünde ýuwaşar, gara ýer ýaly bolar öýtdüler. 1963-nji ýylyň iýunynda şanyň garşysyna ýiti çykyş edeni üçin tussag edilen Homeýnini 1964-nji ýylyň aprelinde azatlyga çykardylar. Şol pursatdan başlabam ol şaha garşy durýan oppozisiýanyň ykrar edilen lideri boldy. 1964-nji ýylyň 2-nji noýabrynda aýatolla özüniň belli antiamerikan sözüni sözledi, bu bolsa Muhammet Rezanyň gonjuna gor guýup, sabyr-käesesini püre-pürledi. Ana, şol gezek welin Homeýni ýurtdan çykarylyp kowulmaly edildi. Beýik aýatolla ilkibada Izmirde (Türkiýe) düşläp, soň Nejebe geldi, şol ýerdenem täze güýç bilen kükräp, kakasynyň gandaryny penalan Reza şanyň ogly Muhammet Reza garşy göreşmegini dowam etdirdi. * * * Biziň göz öňüne getirişimize görä, molla musulman ruhanyçylygynyň köp sanly wekilleriniň bir kysmydyr. Eger ol metjidiň ymamy bolsa (arapça “ymam” – “öňde durýan” diýmek), onuň ilkinji nobatdaky wezipesi Gurhan tarapyndan kesgitlenen, eýýäm hereket edip ýören mukaddes kanunlary berjaý etmekdir. Şeýle hem beýleki dindarlaryň-da şolary ýerine ýetirmegine ýardam bermekdir. Homeýni welin mollany diňe bir din hadymy hasaplamaýar. Aýatollanyň sözlän sözlerine görä, molla bir topar täze ýumuşlary bitirmäge-de taýýar bolmalydyr. Şonuň üçinem molla öz borçlaryny ýerine ýetirmäge päsgel berýän bolgusyz hysyrdylardan daşda bolmalydyr. 1962-nji ýylda Homeýni öz-özi bilen gümra boldy we häkimiýet babatdaky öz konsepsiýasyny takyk işläp düzdi. Ol indi “musulman jemgyýeti – dertlän jemgyýet, gutulgysyz masgaraçylykly ölümden ony diňe hirurgiýa bejerişi halas edip biler” diýýärdi. Ol şol wagtlar bir şahyryň şu aşakdaky sözlerini-de ýatlaýardy: “Adamlaryň ölümden gorkmagynyň özi keseldir, ony diňe ynam bilen bejerip bolar”. Homeýni şygyr ýazmasyny taşlady, mistisizm bilen meşgullanmagyny bes etdi. Özüniň beýik maksadyna ýetmegiň anyk plany onuň aňynda mazaly bişdi. Bu planyň amala aşyrylmagyna onuň sada eýranlylaryň arasyndaky meşhurlygy kömek etmelidi... Aýatollanyň beýik maksady, hususan aýdanyňda, şany agdarmakdan we özüniň dini häkim bolup Eýrana dolanyp barmagyndan ybaratdy. Öňde goýan planyny amal etmek üçin ol garamaýak halky öz tarapyna çekmegi, mustafizinler diýip atlandyrylýan ýoksullaryň arasynda şek ýetirip bolmajak abraý gazanmagy ýüregine gaplady. Homeýni örän sada gepläp başlady, öz sözlük zapasyny iki müň söze çenli kemeltdi. Onuň kasseta ýazylan çykyşlary, halka ýüzlenip aýdan wesýetleri sowatsyz adam üçinem düşnüklidi. Ol köp milletli auditoriýa ozaldan mazaly kebşirlenen türgen öwrenilen doga-aýatlar bilen ýüzlenýärdi. Olarda başga many aňylmaýardy. Indi onuň aýdýan ähli zatlary ýa-ha diňe “akdy” ýa-da diňe “garady”. Aralyk zak ýokdy. Onuň akyl berýän köpçüligi diňe şonuň tarapyna geçäýmelidi ýa-da aýatollanyň sözleri bilen aýtsak, “yslamyň duşmanlary” bolup galybermelidi. Homeýni melgunyň garşysyna alnyp barylýan göreşe diňe mollalaryň baş bolmalydygyny (sagçy syýasatçy-da, çepçi syýasatçy-da gümüne gitsin!) ýadawsyz wagyz edýärdi. Munuň özi diňe bir şany agdarmak üçin däl, eýsem Eýrany yslamça dolandyrmagy ýola goýmak üçin zerurdy, munuň özi beýik maksada tarap ilkinji ädim bolmalydy. Ikinji ädim – bütindünýä rewolýusiýasydy. Kesnofobiýa daýanmak, ýagny saýrylardan howatyr etmek duýgusyny oýarmak onuň esasy ýaragyna öwrüldi. “Daşary ýurtlulara ölüm!”, “Amerikanlara ölüm!” diýen çagyryşlar eýranlylaryň uçdantutma ählisinde diýen ýaly islendik daşary ýurtly yslama garşy gönükdirilen dildüwşüge gatnaşyjydyr diýen tassyklamanyň döremegine getirdi. Şanyň režimini kül-uşak etmek, Muhammet Rezanyň baýlyklaryny halka gaýtaryp bermek hakdaky wadalar, ýagny tüýs bolaýjak zatlara bil baglamak Homeýnä ägirt uly syýasy utuş bagyşlady. Onuň özüne-de, şaýy ruhanylaryna-da şeýle utuşy bagyşlady. Homeýni irginsiz türgenleşik geçip, tüýs jadylaýjy täsir edip biläýjek, nyşana şaplap degäýjek juda geňsi söz düzümlerini toplady. Homeýniniň wagzyna laýyklykda, töwerekdäkileriň ählisi diňe dostlara hem duşmanlara bölüngidi. Melguna garşy alnyp barylmaly göreşiň hakyky ýolbaşçylary bolsa diňe mollalar bolmalydy... Homeýni hiç haçan üýtgeşik dözümsiz, mähirli adam bolmandy. Onuň diýseň geňsi birsydyrgyn sesi sözlere many öwüşginini bermeýärdi, emosiýa daýanyp, onuň gynanýany-da, begenýäni-de eger-eger aňjak gümanyň ýokdy. Hatda doga-aýat okanda-da şeýledi. Olaryň käbiri hut buýruk ýaly eşidilýärdi. “Iň ýokary mertebe yslam üçin ölmekdir”, “Şehit bolmak bagtyna miýesser bolmak üçin siz Allaga tagat ediň!”. Has soňrak, yrak-eýran urşy wagtynda, Homeýni “Allanyň ýolunda çagalaryň ölmegi, olaryň gös-göni jennet düşmegini üpjün edýär” diýdi. Biziň alnymyzda iniň jümşüldedýän sahnalaryň peýda bolan halatynda, Homeýniniň ýuwaşdan saldamly sesi bilen ýaňky sözleri dile getirişini bir göz öňüne getirip görüň. Ynha, yrak goşunynyň pozisiýasyny zabt bilen eýelemek üçin on iki ýaşly we ondan ekabyrrak meýletinçi oglanjyklar ylgaşyp barýar. Olar yzly-yzyna gyrylýar, gyrylýar, gyrylýar... Çagalaryň ene-atasyndan bidin fronta gitmegine rugsat berýän ak patany – diniň adyndan iň ýokary rugsady yglan eden Homeýniniň özi... Oglanjyklar bolsa “ymamyň ekdijiklerine” öwrülip (indi fakihe “ymam” adyny berýärler) hem-de baryp-ha sekiz ýyldan bäri gidip oturan eýran-yrak urşunda gurban bolup, jennete düşjekdiklerine çaga mönlügi bilen güp ynanýarlar. Olar fronta ugranlarynda jennetiň plastmassadan ýasalan açaryny hem-de gyzyl kelledaňyny alýarlar. Onuň ýüzünde “Ýaşasyn Homeýni!” diýen sözler ýazylypdyr. Homeýni häkimiýet başyna gelip, Amerika garşy göreşi “mukaddes” göreş, ýagny din ugrundaky göreş diýip jar etdi. Ýöne ol diňe sözdedi, kiçi dilden bärdedi. Homeýni 1985-nji ýylda amerikanlar bilen pynhan ham-çamlyk alyp barmaga razylyk berdi. Onuň maksady “şeýtany” Amerikadan ýarag we uruş enjamlaryny almakdy. Pynhan gatnaşyklar şindi-şindilerem dowam edýär... Homeýni Ysraýylyň duşmanydyr. Ýöne ol sözdedir, kiçi dilden bärdedir. Eýran-yrak urşunyň bäş ýylynyň dowamynda Ysraýyl Eýrana 5 milliard dollarlyk ýarag berdi. Bularyň hemmesi Homeýniniň ygtyýar bermegi bilen boldy ahyryn. Geçen ýylyň awgustynda beýik aýatollanyň ogly Ahmet Ženewada amerikanlar hem ysraýyllylar bilen taraplary gyzyklandyrýan problemalar boýunça gepleşikler alyp bardy... * * * Homeýni morala arka diräp, syýasata goşuldy. Şol hem oňa yza serpikdirip bolmaýan güýç berdi. Dindarlary öz moral borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyryş onuň syýasatynyň iň güýçli tarapydyr. Ol dura-bara syýasy problemalara yslam çarçuwasyny geýdirip balşady. Şol hem onuň ähli beýleki dini wagyzçylardan artykmaçlygyny kesgitleýän aýratynlykdy. Dini wagyzçylarda doga-aýat gury sözdi. Homeýnide bolsa hereket etmäge çagyryşdy we düzgünnamady. Üstesine söz owadanlamagyň hatyrasyna däl-de, eýsem hereket etmegiň hatyrasyna çagyryşdy. 1963-nji ýyldan başlap, Homeýni birsyhly utuk toplap başlaýar. Şaga garşy göreşde ol tapgyrma-tapgyr ýeňip gidip otyr. Halkyň ýüregine jüň bolan talaplardyr şygarlary öňe sürmegi onu rowaçlygyny üpjün edýän iň birinji şertlerdi. Gorkyny-ürkini bilmeýän Homeýni heýhatly pursatda öz janyny halas edenleriň beýik aýatollalardygyny ýadyndan çykarmaýardy. Ýöne ol soň şany syndyrmaga we özüniň absolýut häkimligini berkarar etmäge gönükdirilen syýasy inim-çykymlary bilen aýatollalaryň agzyny açdyrdy. 1979-njy ýylyň 1-nji fewralynda Homeýni Tährana gelen wagty intizar garaşýan weli-fakihleriň peýda bolanlygyna şübhelenýän bütinleý ýok diýen ýalydy. Elbetde, uçdantutma hemme eýranlylar şeýle pikirde däldi. Eýsem-de Homeýni indi özüni hatda beýik aýatollalary hem nädeýin diýse edip bilýän beýik hökümdar saýýardy. Homeýniniň häkimlik eden döwründe onuň opponentleriniň ikisi – Mahmyt Telegany we Şariat-Madari şirin jandan el üzüp, aýşy-eşretli “jennete” ugradylar... Homeýni asketdir. Onuň gündelik iýip-içýän zatlary haýran galarlyk ýönekeýdir. Ol süýt önümlerini halaýar. Aýratynam oňat uýan gatygy işdämen iýýär. Tüwi goşulan ýeňil tagamlary hasam eý görýär. Homeýndäki mekdepden gaýdaly bäri polda ýatmaga endik edipdir. Iýmesi-içmesi gadagan edilen zatlary eger-eger agzyna aljak gümany ýok. Şeýtse, ol öz durmuşynyň Muhammet pygamberiň durmuşyna meňzejekdigine halys ýürekden uýýar. Homeýni ýap-ýaňylara çenli daň atmazyndan bir sagat öň örýärdi. Namaz wagty bolýança Gurhan okaýardy. Ýeňil-ýelpaýja ertirlik nahardan soň bir sagadyň dowamynda adamlary kabul edýärdi. Kabul edilýänleriň arasynda syýasatçylar ýokdy, olar galaba öz derdi-aladasyny mälim etmäge gelen bendelerdi. Ýerli resmi şahslar, žurnalistler, hatda daşary ýurtly žurnalistler hem kabulhana gelýärdi. Olaryň içinde diňe sowet žurnalistleri ýokdy... Homeýni öýle namazyny okap, ýeňil naharlanýar, soň gysga wagtlyk uklaýar. Günüň ikinji ýarymynda ministrleriň içeri we daşary işler, goranmak ministriniň dokladlaryny diňleýär. Homeýni telewideniýäni radiodan ileri tutýar. Gepleşikler, kada hökmünde, göni görkezilýär. Käte onuň oturyp-turuşyna çenli ekrana berilýär. bir wagtlar Homeýni agşamlaryna hökmany suratda gezmelärdi. häzir welin agşamlaryna ýa-ha ýazýar ýa-da tükeniksiz kän gürleşýär. onuň gürrüňleri eşidilen hem okalan zatlar barada... Homeýni gün ýaşandan üç sagat geçenden soň, öz şahsy metjidine ugraýar. Soň agşamlyk naharyny garbanýar. Yzyndanam ýerine geçip gyşarýar... Homeýni örän az adama ynanýar, ilkinji nobatda, özüniň diri gezip ýören ogly Ahmede ynamy az. Aýatollanyň töweregindäkiler oňa “weli-fakihiň “gara gapyrjagy” diýýärler... Homeýni haýaljak ýöreýär, hiç haçan alňasanok. Ol çep elini ýere diräp, aýak üstüne galýar. Irdenki ilkinji ädimini çep aýagyny ädip başlaýar. Metjide ýa-da mekdebe (medresä) baranda, sag aýagyny ätläp girýär. Homeýni dine uýýanlara berýän öwüt-ündewlerinde saza garşy göreşmelidigini ençeme gezek tekrarlady. Onuň aýtmagyna görä, saz ýaşlary dogry ýoldan azaşdyrýar. Ol misli bir tirýek ýaly, akyl-huşuňy küteldýär. Kumda eden bir çykyşynda Homeýni şeýle diýdi. “Alla ynsany keýp çekmek üçin ýaradanok. Alla ynsany ejir hem namaz bilen synamak üçin ýaratdy. Yslam režimi ähli babatda öz asyllylygyny görkezmelidir. Degişme, wäşilik, keýpi-sapa yslama gelişmeýän nysaklardyr. Asyllylyk gülkä, şatlyga ýol bermeli däldir. Yslam deňizde suwa düşmegi gadagan edýär, emma atyşmaga, at münmäge we ýaryşmaga rugsat berýär”. Homeýni syýasy ykdysada degişli kitaplaryň gatyny-da açmandyr. Ykdysady problemalar hem, sosial problemalar hem ony gozgalaňa salanok. Ol hiç haçan halkara gatnaşyklaryndan söhbet açýan kitaplar bilen gyzyklanmandyr. Ol demokratiýanyň ganymy. Homeýni özüni halklaryň depesinden garamaly adamdyr öýdýär. Ol Alla tarapyn iberilen araçymyş... Homeýni – dini hökümdar, fakih. Ol özüni Eýrandaky ähli häkimiýetlerden belent saýýar, ol yslama nämäniň bap gelýänligini, nämäniň çapraz gelýänligini kesgitleýär. Homeýni baryp-ha 1937-nji ýylda Mekgä haja gidip geldi. Ol Käbede zyýaratçylardan edilýän ähli talaplary birkemsiz berjaý etdi: Homeýni zyýaratçylara saç syrdyrmagyň, sakal-murta taraýyş bermegiň, kimdir birine sesiňi gataltmagyň ýanyňda ýarag götermegiň, hatda siňegi-de ynjytmagyň gadagandygyny ýetik bilýärdi. 1987-nji ýylyň 31-nji iýulynda Homeýniniň buýrugy bilen ýaraglanan eýranly zyýaratçylar (iki million adamyň 154 müňüsi) Mekgede syýasy demonstrasiýa guradylar. Saud polisiýasy bilen bolan çaknyşykda 402 adam öldi, şolaryň 275-si eýranlylardy. Olar Saud Arabystanynyň häkimleriniň yslamyň mukaddes ýerinde tertip-düzgüni ýola goýup bilmeýändiklerini ile ýaýmak maksady bilen baş göteripdiler. Şonuň üçinem olar “Ýok bolsun patyşa Faud we şayk edip oturan Saudid dinastiýasy!” diýip, bogazlaryna bat berýärdiler. Arap milletçiligine Eýran haýbaty hakyky bolan zatdy, has gönüläp aýtsaň, munuň özi dowam edip duran eýran-yrak urşunyň fonunda Eýranyň araplara jort atmasydy. Homeýni nämäni arzuw edýär? Ol külli musulman äleminde yslam rewolýusiýasynyň ýeňiş gazanmagyny arzuwlaýar. Magrupda Marokkadan başlap, Maşrykda Indoneziýa çenli yslam rewolýusiýasy ýeňmeli. Eýranyň ruhany ýolbaşçysy şu ýurtlary “yslam däl” ýurtlar hasaplaýar, şonuň üçinem olar “jähennemiň teýine iberilmeli”. Yslam rewolýusiýasynyň dabaraly ýeňşinden soň Homeýni bütin dünýäde ýeke-täk musulman döwletini döretmegi hyýalynda besleýär. Ol döwlet, Homeýniniň göz öňüne getirişine görä, häzirki zaman dünýäsiniň iň kuwwatly döwletleriniň biri bolar, şol musulman döwleti iki sany “şeýtany” läheň döwlete – Sowet Soýuzyna we Amerika garşy hem durup biler. Eger zerur bolsa (?!) “ymamyň ölümine häzir nökerleri” olary içinden hem partladyp biler... 1985-nji ýylda Homeýni özüni ýüreginde besleýän ählumumy ýeňşiniň bosagasynda duran adam hasaplady... 1987-nji ýyly dekabrynda ol özüniň syýasy wesýetini täzeden göçürip (Homeýni şol wesýetinde öz mirasdüşeriniň aýatolla Hoseýn Ali Montezaridigini ýene-de ozalkylary ýaly nygtap belleýär, şeýdibem häkimiýetiň beýleki merkezlerindäki onu garşdydaşlarynyň planynyň üstüne atanak çekýär) öz tutanýerliligini pugtalandyryp, Yraga garşy urşy dowam etdirmegi, yslam rewolýusiýasyny bolsa tä dünýäden “ýamanyň” köküni düýp-teýkary bilen köwleýänçäler örän giň möçberde alyp barmagy wagyz edýärdi. Şeýlelikde, Homeýniniň saglygynyň ýaramazlaşýandygy hakdaky myş-myşlar tassyk bolmady... 1988-nji ýylyň 13-nji ýanwary. Igor BELÝAÝEW. (“Литературная газета”-dan). “Edebiýat we sungat” gazeti, 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |