16:02 Monarhiýanyñ harabaçylyklarynda | |
MONARHIÝANYŇ HARAВАÇYLYKLARYNDA
Publisistika
Şeýlelikde, Eýranyň ilaty yslam respublikasynyň döredilmegine tarapdar bolup ses berdi. Monarhiýa ýok edildi. Eýran halkynyň şeýle erjellik bilen başlan göreşi ýeňişe getirdi - ýigrenilýän şa düzgüni süpürlip taşlanyldy, ýurtda amerikan imperializminiň zoňtar, hiç zat bilen çäklendirilmedik agalyk ediji sistemasynyň köküne palta uruldy, Eýranyň hemme taraplaýyn, hakyky milli ösüşine ýol arçaldy. Dramanyň düwüni çözüldi. Oňa gatnaşyjylar kimler? I. Muhammet Reza Pehlewi hem neokompradorlar Fewral wakalaryndan soň, şindi onçakly aýňalyp bilmedik eýran paýtagtynyň dolup-daşýan köçelerinde men agdarylan “şalaryň şasynyň” portretlerini gördüm. Olary ýa-ha göz edip ýakýardylar, ýa-da ýygnap... zibil çukurlaryna taşlaýardylar. Веýik Моgollardan gаlan аdatdakydan üýtgеşik ululуkdaky lаgly-göwhеrleriň 3180-si bilеn bеzelen tаwus tаgtda buýsаnçly gаbarylyp оturan Muhаmmet Rеza Pеhlewi “ýаlta öküz” ýаly äwmеzlik bilеn еýranlylara serеdip, оlary ýigrеnerdi, şоl еýranlylaram оny ýurtdаn çуkaryp kоwdular. Kysmatyň ýekiriji oýny! Indi amerikanlaram, 1953-nji ýylyň awgustynda general Zahediniň eli bilen Eýranyň kanuny hökümetini agdaryp, halkyň bähbitlerini öz syýasatynyň esasy edip alan premýer-ministr Mosaddykdan rehimsizlik bilen öç alan amerikanlaram bu gün gazetlerinde “ozalky şa” barada ýazýardylar. Muňa jogap edip agdarylan monarh gazaba münýär. Ol amerikanlary gorkaklykda hem ýaýdanjaňlykda aýyplaýar, öz başyndan inen kyýamat üçin bütin jogapkärçiligi Waşingtonyň üstüne ýükleýä r. Şol bir wagtyň özünde ol nämedir bir zada umyt hem baglaýar. Fransuzlaryň “Figaro” gazetine beren interwýularynyň birinde şa, eger-de “onuň halky” onuň gaýdyp gelmegini isleýän bolsa: onda hiç kimk ökünmeli bolmazdy diýipdir. Tährandan gaçyp gidenden soň öz “Boing” samolýotynyň ilkinji gonan ýeri Asuanda Muhammet Reza Pehlewi özüni garşylan prezident Sadata ýüzlenip şeýle diýdi: - Geňeşçiler meniň halk bilen arama diwar çekdiler. Men ýurtda nämeleriň bolup geçýänliginden bütinleý bihabardym. Haçan-da gaflat ukusyndan oýananymda bolsa, men öz halkymy ýitirendigime düşünip galdym. Jenap prezident, şeýle kysmatyň öz başyňyzdan inäýmegine ýol bermäweriň!.. Hemme zat – adatça agdarylanlaryň ählisinde bolşy ýal, baryna netikaza geňeşçiler günäkär. Ýöne, iş ýüzünde nämäler bolup geçdi? Haçan-da güneşli fewral günleriniň birinde men Tähranda, şini köp zatlarda ozalky hojaýynyny ýatladyp duran Niawaran köşgünde, gezim edip ýörkäm, bir zat bütin aýdyňlygy bilen gözümiň öňüne geldi: şanyň we şa aýalynyň altyn öwüşgin atýan kabul ediş jaýlary hem, köşgüň özem, köşgüň bagynda rejelenip timarlanan agaçlaram, başy jygaly saýlantgylaryň çagalary üçin açylan mekdebem – bularyň hemmesi gaçyp giden monarhyň bütinleý başgaça pişesiniň üstüni basyryp saklan bezemen jaýyň diňe öň tarapydy. Muhammet Reza Pehlewi Eýranyň diňe çäksiz häkimiýetli häkimi bolmak bilenem çäklenmän, eýsem aç-açan aldawçylykly, talaňçylykly söwdagärçilikden düşýän girdeijilerdenem gaýtmadyk açgöz harsydünýädi. Özüni “parslaryň şalarynyň şasy” diýip atlandyrmagy halaýan şanyň hakyt özi iri peýdakeşlik bilen meşgullanýardy. Özüniň “adaty” kärhanalara ýerleşdirilen kapitalyndan gelýän girdejiler bilen kanagatlanman, ol öz puluny keýp çekilýän jaýlara, restoranlara, myhmanhanalara, tursitik komplekslere, hatda... alkogolly içgileri ýurda gizlin ýol bilen getirýän kompaniýalara hem goýup başlady. Elbetde, ol gämi gatnawynyň kompaniýasyny-da, gurluşygyny-da, strahowaniýe işini-de ýatdan çykarmaýardy. Bu sferalarda-da ol “pul ýasaýardy”. Az-küşem däl! Özüniň “şalaryň şasy” ýagdaýyndan peýdalanyp, ol ýurduň ýokarky dolandyryjysy hökmünde peşgeş beren ýeňillikleri hem ol ýa beýleki peýdaly pişe bilen meşgullanmakdan ötri, bagş eden hukuklary üçin hetsiz-hasapsyz “minnetdarlyk girdejilerinem” alýardy. Elbetde, bu ýigrenji praktika parahorlugyň bir görnüşine öwrülipdi. Ýöen öz haýyr-sahawatly monarhyň üçin nämeler etmersiň! Eýranda ýüzlerçe kompaniýalaryň, firmalaryň, kärhanalaryň hem elbetde, ýokary girdejili gurluşygyň ykbalynyň çözgüdi şoňa – diňe şoňa baglydy! Şeýdibem, şa diňe para alybam oňaýanokdy. Haçan-da oňa para bermeseler, ol muny kadadan çykmak hasaplardy. Soňky ýyllarda Muhammet Reza Pehlewi öz bihaýaçylykly işjagazlary bilen bütinleý aç-açan meşgullanyp başlapdy. Hemmeler, hatda onuň syr alyşýan dostlary-da onuň bütinleý kanuna garşy häsiýetli gaňryp almalary hem aňyrky garaňky işleri barada aç-açan gürläp ugradylar. - Meniň halkyma ýene näme gerekkä? – diýip, şa öz syýasatyndan nägileligiň artýandygy baradaky habarlar Niawaran köşgüne gelip ýeten çaglary öz ýakynlaryndan sorardy. – Men agrar reforma geçirdim, ykdysadyýeti modernizasiýalaşdyrdym, häzirki zaman döwletini döretdim, eýranlylara syýasy iş bilen meşgullanmak mümkinçiligini peşgeş berdim. Ýok, meniň halkymyň nägileligi üçin hiç hili sebäp ýok... Muňa jogap edip onuň ýakynlary baş atýardylar hem ýaranjaňlyk bilen iki bükülip baş egýärdiler. Çünki şanyň 1962-nji ýylyň “ak rewolýusiýasy” diýip at beren bütin dünýä belli bolan “reformasy” olar üçin “altyn çeşme” bolupdy. Eýranyň halkynyň ýaşaýşy bolsa ýyl-ýyldan ýaramazlaşýardy. Aýratynam senagatyň “modernizasiýasy” diýilýäniň magtawy ýetirilýärdi. Eýran nebitinden gazanylýan “täze ykdysady gudrat” barada nokgy-nokgy edip ugradylar. Bu zatlaram hamala, eýran halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin niýetlelenmiş. Bularyň bary samahyllydy. Özem başdan aýak samahyllydy. Şol amerikanlaryň aýtmagy boýunça neokompradorlaryň bähbitleri üçin ýöredilýän weýrançylykly syýasaty aklamaga gönükdirilen gödek samahyllydy. Okeanyň aňyrsyndan gelen hojaýynlara hyzmat etmek hakyt ertekilerdäki ýaly girdeji getirýärdi. Özem asla ABŞ-nyň hasabyna däl-de, eýsem eýran halkyny bussur-ýassyrsyz talamagyň hasabyna gelýän girdejilerdi. Abanyp gelýän heläkçilik şany asla ynjalyksyzlandyrmaýardy. Tüwi ýetmezilik edýärmi? ABŞ-dan satyn almaly! Et ýetmezçiligi barmy? Ony Awstraliýadan satyn almaly! Beýleki azyk önümleri ýetmezçilik edýärmi? Olary hem Günbatar Ýewropadan satyn almaly! Göräýmäge hemme zat ap-aňsat çözülýärdi. Ilki halatlarda hut şeýle ýalam bolup görünýärdi. Iş ýüzünde bolsa hemme zat juda ýiti problema öwrüldi. Eýrana daşardan getirilýän önümler bilen birlikde gazaply pul hümmetsizligi hem kürsäp girdi. Indi bazar konýunkturasy ýurduň içersindäki prosesler bilen däl-de, eýsem kapitalizm dünýäsinde puluň hümmetsizlenmeginiň aýlawlary bilen kesgitlenilýärdi. Senagatyň “modernizasiýasy” mugthorçylykly kapitalyň görlüp-eşidilmedik ösüşine getirdi. Muhammet Reza Pehlewiniň belent mertebelilige kowalaşmak keseli netijesinde dörän örän köp sanly “abraýly proýektler” döredi. Daşary ýurtlardan gymmat bahaly senagat enjamlary satyn alynýardy, ýöne adatça olar Eýranyň hemme taraplaýyn ösüşine ýardam edip biljek zawodlar hem fabrikler üçin däldi. Ýok, diňe “haýyrly” diýip atlandyrylýan kärhanalar gurulýardy, olaram adatça ýygnaýjy sehleriň derejesindäki kärhanalardy. Şu tetelli zawodlar industrial gurluşygyň 80 prosentine barabardy. Sowet Soýuzynyň kömegi bilen bina edilen Yspyhandaky metallurgiýa zawody, Eýrandaky stanok-gurluşyk zawody bu kadadan çykma hasaplanýardy. Ýöne, oňa derek amerikan we günbatarýewropa kompaniýalaryna hyzmat edýän ýüzlerçe kompleksler, müňlerçe ussahanalar döredi. Spekulýatiw ylalaşyklaryndan hem aç-açan hazyna ogurlygyndan baýlaşan Nuworişler öz kapiatlyny ugurdaş pudaklar bolsa ABŞ-nyň, Günbatar Ýewropanyň hem Ýaponiýanyň Eýrandaky düýpli maýa goýumlary bilen baglanyşyklydy. Milli baýlyk aýagaldygyna dargadylýardy. Muhammet Reza Pehlewi, syýasatçysumaklaryň, ministrleriň, köşk geňeşdarlarynyň toplumy ähli problemalary galamyň bir aýlawy bilen çözüp goýberýärdiler. Diňe 1976-njy ýylyň dowamynda hökümet daşary ýurt gämi gatnawy kompaniýalaryna olaryň gämileriniň eýran portlarynda boş duranlygy üçin 1 milliard manatdan-da gowrak jerime töledi. Sklad jaýlarynyň ýetmezçiligi zerarly jöwzaly günüň ýa-da çabgaly ýagşyň astynda zaýalanýan önümler-ä ýüzlerçe tonnalap hasapdan öçürilýärdi, özem eýran halkynyň zyýanyna öçürilýärdi. Ýurtda mekdepleriň (ilatyň 62 prosentiniň sowatsyz ýagdaýynda!) keselhanalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, çagalar edaralarynyň, häzirki zaman ýollarynyň – bularyň hemmesiniň ýetmezçiliginiň-ä neokompradorlaryň piňine-de däldigi tebigy zatdy. Ykdysadyýetde başlanan elhenç bulaşyklykda hem baş-başdaklykda şol bir neokompradorlar, spekulýantlar, aç-açan ogry pyrryldakçylar biçak uly peýda görýärdiler. Munuň gutulgysyz netijesi hökmünde, Eýranda hazyna ogurlygy öňküden-de beter artdy. Eýaran amerikan we günbatarýewropa ýaraglaryny satmak bilen ýüzlerçe million dollar gazanç edýän “dellallaryň” hem “komissionerleriň” az sanly, ýöne haýran galaýmaly täsirli topary köşkde hem hökümetde öz pozisiýalaryny berkitdi. Käte general eşiklerini geýýän hem damiral gamalaryny dakynýan neokomprador biznesiniň bu ýuwdarhalary şanyň şweýsar banklaryndaky şertli hasabyna dokuz nol bilen ölçelýän aňk ediji lomaý puly göwünjeňlik bilen geçirýärdiler. Oňa derek olar barha täze hem täze zakazlar alýardylar. Eýranda neokompradorlaryň häkimiýeti berkleşýärdi we ýurduň içerki hem daşarky syýasatyna barha aýgytly täsir edýärdi, eýran milli buržuaziýasyny döwlet işlerinden hem nebitden gelýän girdejileriň üleşiginden barha çetleşdirýärdi. Elbetde, munuň özi monarhiýanyň hem ýakasy gaýyşly Birleşen Ştatlaryň bähbitleri üçin şeýle edilýärdi. II. “Şa gestaposynyň” diwarlarynyň aňyrsynda Tähranyň etegindäki Jemşidiýe garnizonynyň gauptwahtasynyň kamerasynyň gapysyndaky agyr gulpy ahyrsoňy döwdüler. Gapy kynlyk bilen açyldy. - Rewolýusiýa sizi azat eti! – diýip, kamera giren eli awtomatly adam aýtdy. – Hemmäňiz öýüňize gidip bilersiňiz! Beýlekiler bilen bir hatarda bu kamerada oturan çal saçly jenap ýerinden turdy, öz plaşyny egnine atdy-da, çykalga tarap ugrady. Töwerekde märeke hyň berýärdi. Adamlar şatlanýardylar: şa düzgüniniň iň soňky daýanjy agdaryldy. Diňe çal saçly jenap ýylgyrmaýardy. Ol öz gapdalyndan eýläk-beýläk geçişýän eli ýaragluy ýigitlere başynam galdyrman, garnizonyň baş derwezesine tarap ylgap diýen ýaly barýardy, derwezäniň aňyrsynda bolsa şäheriň güwwüldisi eşidilýärdi. Ýaş ýigitler öz işleri bilen gümradylar – garnizonyň ýarag saklanýan jaýyndan ele salnan ýaraglary ýoldaşlaryna paýlaýardylar. Çal saçlyny görüp oňa şeýle diýdiler: - Biziňkiler ýeňdiler! Sen, goja, indi öýüňe gaýdyp bilersiň! Sen, ähtimal, türmede ejir baryny çekensiň? Indi dynjyňy al! Gozgalaňçylar bilen bilelikde garnizona kürsäp giren žurnalistleriň biri oňa pete-pet gelende, çal saçly pyýada giňden açylan derwezeden tas çykyp gidipdi. - Bu Nasiri ýaly-la! – diýip, žurnalist gygyrdy. – Tutuň ony! Bu general Nasiri – SAWAK-yň Allatagala tarapyndan näletlenen şefi! Çal saçlynyň üstüne çar tarapdan topuldylar. Generaly ýüzünden tanaýanlar juda az bolsa-da, Nasiriniň ady hemmelere mälimdi. Onsoňam, ony Jemşidiýedäki garnizonda görmegi, elbetde hiç kim hyýalyna-da getirmändi. - Meni öldürmäň! – diýip, Nasiri ýalbardy. – meniň hiç hili günäm ýok. Meniň özüm rewolýusion häkimiýetlere ýesir düşjekdim. Men Homeýniniň ýanyna barýardym. Ynha, görýärsiňiz ahyry, men garşylygam görkezemok... Generalyň goluna gandal urdular. Garawullar “Nasiriniň hut özüne” syn etmäge ýygnanyşanlaryň öňüni kynlyk bilen saklaýardylar. Ony tüýt-müýt edäýjekdiler. SAWAK-yň ozalky şefine bolan ýigrenç çäksizdi. Awtomaşyn geldi. Generaly oňa mündürip, rewolýusion komitete alyp gitdiler. Nasiri gozgalaňçylaryň eline düşer öýdüp hiç kim garaşmandy. Onuň adyny eşidende, bütin eýran gorkudan ýaňa saňňyldardy. Şa ony 1978-nji ýylyň sentýabrynda SAWAK-yň direktory wezipesinden düşüripdi. Nasiriniň tussag edilmegi tolgunyşyklary ýatyrar hem demonstrantlary köşeşdirer öýdüp şa uly umyt baglapdy. Ýöne beýle bolaýmady. SAWAK-yň ozalky şefini diňe halkyň gazabyndan goramak üçin şanyň ony türmä salandygyna päk ýürekli eýranlylaryň ählisi düşündi. Ine, indi bolsa general gozgalaňçylaryň eline düşdi. Suratda: General Nasiri Nasirini “adam sypatyna giren zalym ýuwdarha” diýip atlandyrýardylar. Tutuş on bir ýyllap ol SAWAK-yň direktory boldy. Indi bolsa ol öz takdyry üçin gorkudan saňňyldaýardy. Lagnat baryny gazanan bu goja ýüzlerçe müň adamy ýakyp-ýandyrypdy, gynapdy, asypdy, garawsyz öldüripdi. Sawakçylaryň aşa rehimsizliginiň faktlary barada maňa gürrüň berenlerinde şeýle zatlaryň bolup biljekdigine kynlyk bilen ynanýardym. Tähranyň eteginde şindi ýanwar aýynda üsti açylan gowakda gynaýyş kameralarynyň birnäçesine gabat gelipdiler. Olaryň biriniň diwarlaryna tutuşlygyna aýal dyrnaklary ýelmenipdir, ol dyrnaklar bolsa gynalan köp sanly bigünäleriň barmaklaryndan goparylyp alnypdyr. Bu ýerzeminleriň içinden bigünä betbagt aýallaryň hem gyzlaryň gör, näçesi geçendir, olaryň ýürek paralaýjy ahy-nalalaryny bolsa bu ýerden hiç kim eşitmeýärdi. Men şunuň ýaly iniňi tikeneklediji wakalaryň ýüzlerçesini mysal getirip bilerdim. Adamlary gynamak üçin döredilen amerikan guralyny, şol sanda adamyň dyrnaklaryny goparmak üçin döredilen ýörite guraly hem görüpdim, olara ýöne bir seretmegem depe saçyňy üýşürýärdi. Onuň ähli detallary hromlanandy. Hamala diýersiň, size azar ýamanyny beren siňňili ýokary hünärli operatoryň aýyrmakçy bolan mahalyndaky ýaly, gynalýanyň eli gysylýar. Bary-ýogy birnäçe sypaýy hereket edilýärem, eýýäm dyrnagyň honda zyňylyp düşýär... SAWAK-yň türmelerinde jellatlar “adamyň hukuklary” barada pikirem etmeýärdiler, ýöne ol hukuklar barada, belki, bu elhenç guraly döreden amerikan kompaniýasynyň direktory oda-köze düşendir! Tähran-Beýrut. (Dowamy bar)... Igor BELÝAÝEW, “Литературная газета”-nyň öz habarçysy. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |