15:34 Eýranda magaryfyñ ýagdaýy | |
EÝRANDA MAGARYFYŇ ÝAGDAÝY
Publisistika
Eýranyň dolandyryjy reaksion toparlary öz ýurdunyň we halkynyň iň möhüm milli bähbitlerine dönüklik edip, antisowet syýasatynyň batgalygyna barha beter batýarlar. Eýran bagdat bileleşiginiň harabalarynda döredilen betnam SENTO-nyň çlenlerinden biri bolup durýar. Eýran harby hajatlara öz ykdysadyýetiniň güýji ýeterden agdyk ägirt uly maýalary sarp edýär. Eýran barha imperialistleriň harby bazasyna öwrülýär. Bu zatlaryň hemmesi halkyň hasabyna, iň bir giň halk köpçüliginiň gedaýlygynyň we nadanlygynyň ösmeginiň hasabyna edilýär. Munuň özi düýbünden ugruna seredilmeýän halk magaryfynyň mysalynda ylaýta-da açyk görünýär. Eýranyň magaryf işleri ýaňy-ýakyndaky wagta çenli bütinleý we doly suratda şaýy mezhebinden bolan musulman ruhanylaryň elindedi. Okatmak işleri musulman mekdeplerine jemlenipdi. Başlangyç mekdepdäki esasy predmet Kurandy. Mundan başga-da çagalara başlangyç sowat öwredilýärdi. Ýokary musulman mekdeplerinde (medreselerde) okatmaklyk sholastiki orta asyr programmalaryna esaslandyrylypdy. Medreseler mezhebiň geljekdäki gullukdarlaryny, sudýalary we adminstratiw çinownikleri taýýarlaýardy. 1925-nji ýylda häkimiýet başyna diktator Ryza-Pehlewi geçenden soň, döwlet mekdeplerinde ählimumy başlangyç okuwy girizmeklik jar edilipdi. Ýöne welin, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň başga-da birenteklerinde bolşy ýaly, bu iş deklarasiýalygyna galdy. Mejlisiň deputatlaryny saýlamak hukugyndan pars dilinde dogry okamagy we ýazmagy başarýan adamlar peýdalanýarlar. Eýranyň halkynyň bolsa, aslyna garanyňda, aglaba köplügi sowatsyz. Sowatsyzlaryň prosenti ylaýta-da aýallaryň arasynda uly. Soňky ýyllarda halk magaryfy işlerinde örän ownuk-ownuk ençeme reforma geçirildi, ýagny halk magaryfynyň merkezleşdirilen döwlet sistemasy döredildi, şol sistema laýyklykda hemme okuw, ylmy we medeni aň-bilim edaralary Magaryf ministrligine tabyn edildi. Ýewropa mekdepleriniň nusgalary boýunça emele getirilen dürli tipdäki mekdepleriň kiçeňräk döwlet seti döredildi. Emma ruhanylar halk magaryfy işine henize çenli ägirt uly täsir ýetirip gelýärler. Ýurtdaky mekdepleriň örän köpüsi henize çenli musulman ruhanylara tabyn ýagdaýda saklanýar. Hökmany hökmany predmet hökmünde dinden okatmaklyk mekdepleriň hemmesinde dowam etdirilýär. Çagalary mekdebe çenli terbiýelemeklik bütinleý başlangyç ýagdaýda. Soňky wagta çenli bütin Eýranda 23 sany çagalar bagy bolup, şolaryň diňe biri döwlet çagalar bagydyr. Mekdepler ekleniş çeşmeleri boýunça üç topara bölünýärler: 1) döwlet mekdepleri, 2) ýewropalaşdyrylan hususy mekdepler, bulary käbiri döwlet subsidiýasyndan peýdalanýarlar, 3) dini guramalaryň hasabyna eklenýän klerikal-musulman okuw jaýlary (mekdepler we medreseler). Bu okuw jaýlarynyň soňky kategoriýasy aýrylyp gitmeli diýip hasap edilýär. Emma bu proses biçak haýal barýar. Ähli tipdäki döwlet mekdeplerine guramaçylyk barada fransuz nusgalary täsir etdi. Mekdeplerde oglanlar we gyzlar aýry okadylýar. Başlangyç mekdepleriň şäherlerde 6 ýyllyk, obalarda 4 ýyllyk okuw kurys bar. Orta mekdepler fransuz liseýleriniň tipi boýunça gurlupdyr. Okuwa 13 ýaşda kabul edilýär. Erkekler mekdepleriniň 6 klasy, aýal-gyz mekdepleriniň 5 klasy bar. Okatmak kursy iki bölümden ybarat bolup, her bölümde 3 klas bar. Professional bilim bermeklik iň bir başlangyç ýagdaýda durýar. Profmekdeplere kada hökmünde başlangyç mekdepleri ýa-da orta mekdebiň birinji bölümini gutaranlygyna şahadatnamalary bar ýetginjekler kabul edilýär. Profmekdeplerde okadylyşynyň dowamlylygy 2 ýyldan 6 ýyla çenlidir. Eýranda daşary ýurtlylara degişli we daşary ýurtly graždanlaryň çagalaryna hyzmat edýän mekdepler bar. Ol mekdepler formal taýdan Eýranyň Magaryf ministrliginiň kontrollygy astynda işleýär. Tähran uniwersiteti 1834-nji ýylda esaslandyryldy. Uniwersitetden başga-da käbir ýokary okuw mekdepler: ýurdiki mekdep, mediko-farmasewtiki mekdep bar. 1932-nji ýylda ýokary oba hojalyk mekdebi esaslandyryldy. Uruşdan ozal Eýranyň begzadalaryndan bolan ýaşlaryň köp sanlysy okamak üçin daşary ýurtlara iberilýärdi. Pedagog kadrlaryny taýýarlamak baradaky iş biçak erbet ýagdaýda. Mugallymlar ujypsyz sanda (her ýylda birnäçe on sanysy) ýetişdirilýär. Mugallymlar Eýran intelligensiýasynyň iň bir hukuksyz, iň bir gedaý ýagdaýyndaky bölegi bolup durýar. Eýranyň aýry-aýry raýonlaryndaky ýagdaýy gözden geçirmek örän möhümdir, çünki orta hasap bilen alynýan sifrler hiç bir zady düşündirip bilmeýär. Aýry-aýry raýonlarda sowatlylaryň sany biçak az. Meselem, Daraýgez-Kelat raýonynda (Horasan welaýatynda) sowatlylaryň sany zordan 10 prosente ýetýär. Şunlukda sowatlylaryň üçden iki essesi şäher ilatynyň paýyna düşýär. Sowatlylaryň (10 prosente golaý) sosila sostawyna garanyňda has hem geň galdyryjy ýagdaý göz öňüňe gelýär. Sowatlylaryň arasynda täjirler – 51 prosent, senetçiler – 13, pomeşikler – 12, çinownikler – 7 we daýhanlar diňe 2 prosentdir. Bütin raýonda (ilaty 21 müň) bary-ýogy üç sany dünýewi mekdep bolup olarda jemi 215 adam okaýar. Onuň deregine birentek metjit, kän sany molla we tirýekhanalar bar. Daraýgez raýonynyň sekiz wolostynda bary-ýogy üç sany mekdep bolup, metjitleriň we tirýekhanalaryň sany 343-e ýetýär. Her 100 adamyň arasynda ýekeje sowatly adamyň bar ýeri bolan Kelat raýonynda ýagdaý has hem erbet. Bu ýerde jemi 40 okuwçyly diňe iki sany mekdep bar. Kürtlerde bolsa ýekeje-de okuwçy ýok. Astrabat raýonynda sowatlylyk zordan bäş prosente ýetýär. Daýhanlar uçdantutma sowatsyz. Senetçileriň arasynda sowatsyzlyk 2 prosentden ýokary däl. Emma bu sowatlylyk-da biçak özboluşly bir zat we diňe pars dilinde okamagy we ýazmagy başarmak bilen çäklenýär, käbir halatlarda bolsa diňe Kurany okamagy başarmak bilen çäklenýär. Eýrandaky türkmenleriň arasynda sowatlylyk has hem pes. Türkmenleriň arasynda diňe ruhanylar we söwdagärleriň birlän-ikiläni sowatly. Bütin ägirt uly welaýatda döwletiň hasabyna saklanýan 18 sany mekdep bar (olaryň diňe biri aýal-gyzlar mekdebi). Eýranyň başga bir welaýaty bolan Gilýan welaýaty baradaky maglumatlar has hem geň galdyrýar. Ol maglumatlar Kaspi deňzine utgaşýan bu köp milletli demirgazyk welaýatynda halk magaryfy baradaky işleriň Eýranyň beýleki welaýatlaryndakydan-da erbetdigini görkezýär. Bu welaýatda 381 müň ilat, şol sanda 109 müň şäher ilaty bar. Esasy ilatdan başga-da, bu ýerde talyklar, giýaklar, kürtler, türkmenler, syganlar, ýewreýler, ermeniler bar. Talyklar, galeşler, kürtler we gaýry ýarym oturymly ilat uçdantutma sowatsyz. Oturymly ilatyň sowatlylygy bolsa takmyn hasaplara görä şeýledir: daýhanlaryň sowatlylygy 0,5 prosent, işçileriň we gara işçileriň sowatlylygy 0,2 prosent, senetçileriň sowatlylygy 10 prosent, şäher tipli posýoloklardaky aýallaryň arasyndaky sowatlylyk 0,2 prosent. Orta hasap bilen alanyňda sowatlylar bütin ilatyň takmyn 5 prosenti bolýar. 1900-njy ýyla çenli bu welaýatda diňe ruhanylyk mekdepleri bardy. 1900-njy ýylda Reştde (bu welaýatyň şäherlerinden biri) birinji dünýewi mekdep peýda bolýar. 1919-20-nji ýyllarda beýle mekdepler sekiz sanydy, şolaryň iki-üç sanysyny (täjirleriň we gaýrylaryň) medeni aň-bilim jemgyýetleri gurapdylar, galanlaryny aýry-aýry hususy adamlar gurapdylar. Olarda diňe hak alyp okadylýardy, şoňa görä ownuk söwdagärler, senetçiler, ilatyň beýleki ýoksul gatlaklary ol mekdeplerden az peýdalanýardylar. 1921-nji ýylda birnäçe hökümet mekdebi açyldy. “Ferhenç” žurnalynyň 34-nji nomerinde Eýranyň progressiw işgäri Keşowerziň mysal getirip görkezýän maglumatlary esasynda, Gilýan welaýatynyň mekdep işinde 20 ýyl içinde hiç bir düýpli progres gazanylmandyr diýen netije gelip çykýar. Reştiň (59 müň ilaty bar) bütin ilatynyň arasyndan diňe 2655 adam – oglan we gyz, ýagny mekdep ýaşyndaky çagalaryň hemmesiniň 10 prosentine golaýy mekdeplerde okadylýar. Şolaryň arasynda gyzlaryň sany 2,5 prosente golaý bolýar. Gilýanyň beýleki şäherlerinde-de ýagdaý takmyn şonuň ýaly. Daýhan ilaty baradaky ýagdaý has hem erbet. Bu welaýatda halk magaryfy hakda ilat hökümetiň özünden köp alada edýär. Gut ilatyň talap etmegi boýunça Gilýan gümrükhanasy daşary ýurda çykarylýan tüwüden mekdep işi üçin ýörite salgyt alýardy. Bu welaýatda mekdepleriň sany käbir derejede köpelse-de, mekdepleriň hili gowulanmady. Ýokarda agzalan Keşowerz öz makalasynda şeýle ýazýar: “Halk magaryfynyň hilinde we okadylyşynyň metodynda heý ösüş we gowulanma görünýärmi? Gadym adamlar tarapyndan düzülen programma heý üýtgetmeler girizildimi? Mugallymlaryň ahlak hiline we bilimine heý üns berilýärmi, bu barada heý gowulanma barmy? Hakyky medeniýet we siwilizasiýa ters gelýän elementleri medeni edaralardan (mekdeplerden) çetleşdirmek ugrunda heý çäreler görüldimi? Ýok, ýok we ýok! Şoňa görä biz ýurdumyzyň durmuşynyň häzirki şertlerinde biz magaryf işlerinde hil taýdan hiç bir düýpli ösüşe garaşmaýarys”. Gilýan welaýatynda 1500 sany ruhany bar, aýal-gyzlardan mugallym taýýarlaýan mekdepde welin bary-ýogy 25 okuwçy bar. Rezaýe welaýatynda daýhanlaryň arasynda sowatlylar 1 prosent, aýallaryň arasynda sowatly ýok. Bütin welaýatda (birnäçe on müň ilaty bar – takyk statistika ýok) Magaryf ministrligi sistemasynyň 10 sany mekdebi bolup, olarda 1040 okuwçy okaýar, metjitleriň ýanynda 100 okuwçyly 5 mekdep we uly ýaşlylar üçin 2 sany agşamky mekdep bar. Eýranyň günorta raýonlarynda-da ýagdaý şondan gowy däl. Bütin Kerman welaýatynda birnäçe mekdep bar. Welaýatyň bütin ilatynyň diňe 1,4 prosenti sowatly. Fars welaýatynda (ilaty 1,200 müň) 16 sany hökümet mekdebi we sadaka berilýän serişdeler bilen saklanýan 5 sany mekdep, şäherlerde 55 mekdep we aýry-aýry taýpalarda birnäçe ýüz mekdep bar. Mekdepleriň hemmesi başlangyç mekdepler, diňe Şirazdaky mekdebiň orta mekdep programmaly 3 klasy bar. Welaýatdaky sowatlylaryň sany 5-6 prosent, taýpalaryň arasyndaky sowatlylaryň prosenti has hem pes: Kaýkaý taýpalarynda 1-2 prosent, arap taýpalarynda 1 prosent, mameson taýpalarynda 0,8 prosent. Ägirt uly Huzistan welaýatynda 25 sany mekdep bar (bularyň diňe 3 sanysy aýal-gyzlar mekdebi). 1427 sany oglan okuwçy we 160 sany gyz okuwçy, 99 mugallym bar. Demirgazyk Eýrandaky ýa-da oňa Eýranyň hökümetinde at berişleri ýaly, Eýran Azerbaýjanyndaky mekdep işiniň ýagdaýy barada aýratyn durup geçmek gerek. Bu ýerde dört milliondan köpräk azerbaýjanly ýaşaýar, olar bu raýonyň esasy ilaty bolup durýarlar. Bu welaýatyň merkezi bolan Töwrizde ilatyň köp essesi azerbaýjanlylardan ybarat. Bu welaýatda halk magaryfy baradaky iş hem biçak ýaramaz ýagdaýda. Meselem, Maku we Hoý raýonlarynda daýhanlaryň diňe 2 prosenti sowatly. Şäherlerde diňe gullukçylar, ruhanylar, täjirler sowatly. Eýranyň mekdep okuwçylarynyň terbiýelenşiniň esasynda Eýran reaksiýasy tarapyndan elinde baryndan ösdürilýän jynsparazlyk, faşistik ideýalar durýar. Ol gabahat işi Eýran reaksiýasy faşistik betpällerden öwrenipdi. Ikinji jahan urşunyň başlanmagynyň öň ýanynda Eýrana gitlerçi ýaşlaryň baştutany Baldur fon-Şirah barypdy, ony Tähranda dabaraly garşylapdylar. Ony ilki Eýranyň Magaryf ministri, soňra bolsa şa kabul edipdi. Netijede Eýrandaky ýaşlar guramalary nemes-faşistik nusga boýunça gurlupdy. Nemes-faşistleri tarapyndan ruhlandyrylýan Eýran reaksiýasy okuwçy ýaşlary Sowet Soýuzyna duşmançylyk ruhunda terbiýeleýärdi. - Eger sowet goşunlary özleriniň fanerden ýasalan tanklary bilen biziň territoriýamyza aralaşmakçy bolaýsalar, olar şahinşa goşunyna sataşarlar – diýip, mekdepdäki çagalara gürrüň berýärdiler. Geografiýa sapaklarynda Eýranyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar serhetleri hakda gürrüň başlananda, reaksion mugallymlar şeýle diýýärdiler: “Serhetden aňyrky tarapda düýbünden gerekmez wagşy bir ýurt bar, ol ýurt bizi gyzyklandyrmaly däldir, onuň hem üstesine ol ýurdy tiz wagtdan biziň dostlarymyz (ýagny nemes faşistleri) ýeňip alarlar”. Eýrany özleriniň propogandistik neşirleri, filmleri, instruktorlary bilen dolduran amerikan reaksionerleri-de şol nemes faşistleriniň ýoluny dowam etdirýärler. Amerikan reaksionerleri Eýranyň Magaryf ministrliginde-de eýemsireýärler. Eýran reaksiýasynyň terroryna we eden-etdiligine garamazdan, demokratik okuwçy ýaşlar ýurtda demokratik reformalaryň geçirilmegi ugrunda göreş alyp barýarlar. Halk partiýasynyň (“Tude”) inisiatiwasy boýunça 1943-nji ýylyň başlarynda Eýranda demokratik ýaşlaryň köpçülikleýin guramasy döredildi. Şol wagtda çlenleriniň sany 10.000-e ýeten ol gurama 1946-njy ýylda Demokratik ýaşlaryň Bütindünýä federasiýasyna kabul edildi. Halk partiýasynyň hemme köpçülikleýin çärelerini durmuşa geçirmeklige işeňňir gatnaşyp, ol ýaşlar guramasy ýaş oglan-gyzlaryny ýaş nesliň hukuklary we halkyň demokratik azatlyklary ugrunda göreşmeklige, ýurdy dolandyrýan toparlaryň reaksion syýasy ýolunyň garşysyna hem-de iňlis we amerikan kapitalynyň Eýrana aralaşmagynyň garşysyna aýgytly göreşe çagyryp geldi. Ol gurama işçi profsoýuzlarynyň, Halk partiýasynyň we beýleki demokratik guramalaryň işgärleriniň, ýagny Eýran häkimleri tarapyndan sütem edilýän işgärleriň tarapyny çalyp ençeme gezek çykyş edip geldi. Eýran şäherleriniň ençemesinde ýaşlaryň ýerli guramalary döredilipdi, paýtagt uniwersitetindäki we ençeme beýleki okuw jaýlaryndaky guramalar şolaryň iň ulularyndandy. Demokratik ýaşlar guramalarynyň maksatlaryndan biri Eýran zähmetkeşleriniň arasyndaky medeniýetsizligi ýok etmek ugrundaky göreşdir. Eýran halky öz hukuklary ugrunda göreş alyp barýar. O.GURÝEWIÇ, ykdysady ylymlaryň kandidaty. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1960 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |