18:18 Eýranyñ gaýduwsyz zenanlary: Žin, Žiýan, Azadi! | |
EÝRANYÑ GAÝDUWSYZ ZENANLARY: ŽIN, ŽIÝAN, AZADI!
Publisistika
Köp sanly eýranly hak-hukuk we demokratiýa ugrunda şirin janlaryny orta goýdy Eýranly aýal-gyzlar 8-nji mart Halkara Zenanlar gününde bir wideoýazgy paýlaşdy. Zalym düzgüne garşy gidýän, gaýduwsyz, paýhasly, diýenetmezek, berk, ýanbermez mähriban zenanlar! Soñ näme bolandyr öýdýäñiz? "Gözlerini türmede açarlar" diýenler boldy. "Al, saña azatlyk!" diýe-diýe zorlap zyñarlar diýenler boldy. "Öýden daşary aýak sekdirmezler indi" diýenler boldy. Eýran "häkimiýeti" ol aýallara "tans etdiler" diýip, ötünç soratdy. Aslynda, ötünç soranlaryñam tans edilýän wideoýazgydaky aýallar däldiginden şübhelenilýär, çünki olar tanalmaz ýaly ýagdaýdadylar, ýüz-gözleri ýapyk, gat-gat eşikdediler. Tiktok şobada aýaga galdy. "Calm Down" aýdymy bilen başlan akym eýranly aýal-gyzlara berilýän goldawa öwrüldi. Ol aýallaryñ oýnaýan tansyny dünýäniñ çar künjünde ýaşaýan adamlar şol bir saz bilen #ekbatangirls haşteginde paýlaşýar. Eýýäm näçe gün bäri bu akym dowam edip dur. Hawa, bu hakyky rewolýusiýa, ýöne teleýaýlymlarda görkezilenok. Hakykatda, TikTok-yñam "artykmaç" aktiwist wideoýazgylaryñ käbir protest epizodlaryny gyrkyp aýyrýandygy aýdylýar. Eýranly žurnalist, aktiwist Masih Alinejad ömrüni şu asylly göreşe bagyşlapdyr. Ol gulagyna gysdyran güljagazy bilen göreşini dowam etdirýär. Eýran "häkimiýetiniñ" gysyşlary sebäpli maşgalasy bilenem arasynyñ kesilendigini, her hili ýollar bilen gyrakladylmaga synanyşylýandygyny gürrüñ berýär. Ol Nýu-Ýorkdaka FBI-den görşen adamlary özüni öldürmek üçin ABŞ-na gelen üç adamyñ ele salnandygyny habar beripdir. Saýlawlar ýakynlaşyp gelýär. Naçar aýal-gyzlaryñ, pakyr-pukaralaryñ we ýene nijeme bendeleriñ azatlyklarynyñ ýagdaý şeýleligine dowam etse hasam gysyljakdygy köre hasa görnüp durka, şunuñ bilen baglanyşykly wideoýazgylary siziñ bilen paýlaşasym geldi. Bu zenanlar diñe tans edendikleri we bürenjeksizdigi üçin ýanaldy, ýekirildi. Gyz çagalaryñ mekdebe gitmesin diýip zäherlenmesini diýjekmi... Köp sanly eýranly hak-hukuk we demokratiýa ugrunda şirin janlaryny orta goýdy. 2023-nji ýyly ortalap barýarys. Hernä, eziz ýurdum şeýle günleri bir görmäwersin. Goldi Gamari Amnesty gol kampaniýasy: https://www.amnesty.org.uk/actions/woman-life-freedom Change.org gol kampaniýasy: https://www.change.org/p/pass-the-mahsa-amini-act-immediately Eýranly erkekler bürenjek geýip, aýal-gyzlary goldaýar: https://vm.tiktok.com/ZMYWoxNCp/ Ulanyjylaryñ biri TikTok-y senzurasy üçin tankyt edýär: https://vm.tiktok.com/ZMYWoQrs9/ Asly eýranly kanadaly syýasatçy Goldi Gamari bolup geçýän wakalara baha berýär we TikTok hasabyna arakesme berjekdigini aýdýar: https://vm.tiktok.com/ZMY3R6ujQ/ Goldaw wideolary: https://vm.tiktok.com/ZMYWonYcX/ https://vm.tiktok.com/ZMYWovpHx/ https://www.tiktok.com/@skip1622/video/7209722016122031365?_r=1&_t=8bb0IGxIYBq https://vm.tiktok.com/ZMY71ed46/ https://vm.tiktok.com/ZMYWo4sr5/ Eýranda Yslam rewolýusiýasyndan öñki aýal-gyzlaryñ durmuşy: https://vm.tiktok.com/ZMYWooYXk/ Hande ÇAÝYR. 26.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |