11:02 Şampuny taşladym | |
ŞAMPUNY TAŞLADYM
Medisina
Karbonat bilen saçymy ýuwmaga başlamagym plastiki önümler boýunça-da sarp edijilige täsirini ýetirer. Öñküden az galyndy zibile zyñlar Bedenime aralaşýan himiki maddalar bilen baglanyşykly ilkinji hakyky gynanjymy bäş ýyl öñ başdan geçiren bolsam, has gowy bolardy. "Iýip bolmaýan zady endamyña sürtme" diýipdiler. Soñuny saýman, pikirlenmän lop-lop çalynýan we hamymyzyñ içine siñýän himiki maddalarymyz wagtyñ geçmegi bilen keselledýärdi. Şol pikir-duýgular meni ýene öz erkime goýmady. Geçiren şahsy barlaglarymyñ netijesinde şampunyñ ýerine karbonat (nahar sodasy), saç kreminiñ ýerine-de alma sirkesi ulanyp başladym. Şampundan karbonata geçen döwrümde saçymyz adaptasiýa bolmak üçin (belki-de has köp) ýaglanýar. Korona günlerinde öýde has köp bolanym üçin şeýle ýaglanma tapgyryny hiç kim görmezden geçirdim. Hakykatda, başgalar görmezligini nämüçin özümi düwnük etmekden has ileri tutmalykam? Şonsuzam ýyllar boýy öwrenişen ýagdaýymyz şampun ulandygymyz saýy saçyñ ýaglanma döwrüni azaldýar. Şeýdibem günde-günaşa, hatda ertir-agşam şampun ulanmaly bolýarys. Ýogsam bolmasa, bedenimiziñ gurluşy öz-özüni arassalama ukybyna eýe. Ony himiki maddalara öwrenişdirmek ýagdaýymyzda öz akymynda günümiziñ howasy-suwy bilen 4-5 günden soñ arassalanmaga mätäçlik duýýar. Ýöne beýtmek firmalaryñ işine peýdaly däl, çünki günde saçyñyzy şampuna ýuwup durmasañyz önümlerini yzygiderli satyp bilmeýärler. Bu işiñ meni hasam köp heýjanlandyran tarapy pikir-oýum şol bolandygyny duýnak we öz kararlarymy özbaşdak berip bilmek. Indi karnonatyñ ýylpyldawuk daşy-da ýok. Öññin ýylda bir gezek barýan dellekhanama bardym. Dellekhananyñ işgäri meni garşy aldy. Saçymy ýuwmak isledi. "Men öýde ýuwdum. Şampun, krem we pyssyldadýan zatlaryñy ulanamok. Şeýle şertlerde saçymy kesip bilersiñizmi?" diýdim. Ol gözüni saga-sola oýnadyp "Nämüçin beýtdiñiz?" diýdi. Men oña "Zyýanly eken" diýip jogap berdim. Sertaraş halky geplegen bolýar. Ýöne meniñ bilen içgin gepleşip durmadylar. Şol ikiarada olaryñ "Wah, görgülijik, kim bilýär nägünler başyndadyr" diýip oýlandyrlar öýdüp, öz-özümi tankytlamagy başardym. Soñra Gandiniñ aýdan sözüni ýadyma saldym: "Göresiñiz gelýän üýtgeşme ilki özüñizde bolsun". Bu söz hemişe öz ýolumy tapmaga kömek edýär. Saçyny şampunsyz ýuwýanlar "No Poo" akymyna degişli hasaplanýar. Daşary ýurtda dellekhana işledýän bir garyndaşyma şeýle akymyñ bardygyny aýdanymda, ol özüniñ eýýäm birnäçe ýyl bäri şampun ulanmaýandygy aýtdy. Muny maña nämüçin öñ aýtmandygyny sorasam, "aý, bilemok" diýip jogap berdi. Menem şondan soñ şu ýazgyny ýazmagy makul bildim. Şol tapgyryñ dowamynda sirke ulanýanlar erbet ys gelýändigi üçin özlerini oñaýsyz duýýandyklaryny aýdýarlar. Belli bir wagtdan soñ sirkäniñ ysy uçup gidýär, ys gelýändigi üçin özlerini oñaýsyz duýýanlara lawanda çaýy bilen saçyny durlamak ýaly çykalgasy-da bar. Aslynda şunça ýyl öñüme goýlan toksiki maddakary seljermän-zat etmän, nämedigini bilmän ulanyp gelendigim üçin ilki özümi ýazgarmak gerek. 1800-nji ýyllardan öñ adamlara saçyny aýda bir gezek ýuwmak maslahat berilýärmiş. 1970-nji ýyllardan soñ şampun bilen ýuwmak kada öwrülipdir. Karbonat bilen saçymy ýuwmaga başlamagym plastiki önümler boýunça-da sarp edijilige täsirini ýetirer. Öñküden az galyndy zibile zyñlar. Howanyñ gyzgynlygy çakdanaşa artýar. Klimat üýtgeşmeleri bolup geçýär. Haçan elimizi daşyñ aşagyna goýup, töwekgellik etmeli? Meniñ gelen netijämden habarly käbir tanyşlarym owadan, tebigy we gymmatbahaly başga şampunlary ulanmagy maslahat berdiler. Meniñ pikirimçe olam özbaşyna bir söwda we häzirki düşünjäme gabat gelenok. Käte gözümiñ öñüne mahabatlarda çykyş edip, bize karbonat ulanmagy maslahat berýän teleýyldyzlar gelýär. Gowy bolar gerek? Eýsem maslahat berýän şampunlaryny özleri bir ulanýarmyka? Karbonat bilen saç ýuwmak düwnük keselli näsaglara maslahat berilýär. Siz şonda-da lukmanyñyza sala salman beýtmäge başlamañ. Esasy bellik: "The Environmental Working Group" (EWG) maglumat bazasynda 71.000 şahsy serediş önümi bar. Önümiñ toksiki derejesini sanaw bilen görkezipdirler. “0” iñ az zyýanly, “10” iñ köp zyýanly edip utuklandyrylypdyr. • Şampunlaryñ toksiki derejesi aşakdaky ýaly: Pantene Pro-V Expert Collection Advanced Keratin Repair Shampoo, Rating = 5 Head & Shoulders Men Extra Strength Dandruff Shampoo, Rating = 6 Suave Professionals Moroccan Infusion Shine Shampoo, Rating = 5 Herbal Essences Hello Hydration Shampoo Orchid & Coconut Milk, Rating = 5 Garnier Fructis Length & Strength Shampoo, Rating = 5 Aussie Moist Shampoo, Rating = 5 TRESemme Naturals Vibrantly Smooth Shampoo, Rating = 6 Dove Moisturizing Shampoo, for Dry or Damaged Hair, Intense Moisture, Rating = 5 L’Oreal Everpure Volume Shampoo, Rating = 8 Aveeno Active Naturals Nourish & Shine Shampoo, Rating = 5 John Frieda Root Awakening Normal Hair Shampoo, Rating = 7 • Şampunlaryñ düzümindäki zyýanly maddalaryñ atlary we toksiki görkezijileri şeýle berlipdir: Synthetic Fragrance, rating = 8 Oxybenzone, rating = 8 Benzyl Salicylate, rating = 7 Lilial, rating = 7 Formaldehyde Releaser, rating = 7 Methylisothiazolinone, rating = 5 Linalool, rating = 5 Methylchloroisothiazolinone, rating – 5 Benzyl Alcohol, rating = 5 Hexyl Cinnamal, rating = 5 Hande ÇAÝYR. 30.08.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||