23:21 Ruhy keselhana salynan zenanlar | |
RUHY KESELHANA SALYNAN ZENANLAR
Zenan şahsyýetler
Şu aýallar hakda okanymda göwnüm göterildi, sebäbi bular hiç dymmandyr, ýazypdyr, seslenme döredipdir, nähili zyýan çekseler-de tutan ýollaryndan dänmändir. Şol bir wagtyñ özünde göwnüme gam laýy çökdi... Rozina Doýl Wiler Feministik pikirleri sebäpli äri Edward Bulwer-Littonyñ görkezmesi bilen ruhy hassahana salynan Rozina Bulwer Litton 1802-1882-nji ýyllarda ýaşady. Durmuşa çykmanka ady Rozina Doýl Wiler bolupdyr. Ol on dört romanyñ, köp sanly makalalaryñ we hatlaryñ awtorydyr. Mejlisdäki arabasy jygyllap ugran äri Edward Bulwer-Litton köp gürleýär diýip, aýalyny lal-jim etmekçi boldy. "Çüýrän durmuş" ("A Blighted Life") atly kitabynda başyndan geçiren hupbarlaryny gürrüñ berýän Rozina Bulwer Litton üç hepde ruhy keselhanada saklanandan aoñ halkyñ nägileligi bilen erkinlige çykýar we şeýle diýýär: "Bir erkege aýalyny para-peşgeş bilen gyssanmaç hereket eden iki lukmanyñ goluny alyp, galp resminama esasynda aklyndan azaşan yglan etdirip, dälihana dykma hukugyny berýän bu kanundan has beter jenaýat edýän, has despotik kanun mejlisden geçen däl bolsa gerek". * * * Elizabet Pakkard 1816-1897-nji ýyllarda ýaşap geçdi. Durmuşa çykmanka onuñ ady Elizabet Parsons Uer eken Buthanada popçulyk edýän äri bilen Elizabetiñ pikiri deñ gelmändir. Bu ýagdaý onuñ äriniñ jemgyýetdäki statusyna howp abandyrýardy. Şonuñ üçin Elizabetiñ äri Teofilis Pakkard lukmanlaryñ birine pul dykdy we aýalyna "däli" tagmasynyñ basylmagyny gazandy. Elizabet Uer Pakkard Elizabet Pakkard "Jeksonwil" ruhy hassahanasyna ýerleşdirildi. Ol bu ýerde üç ýylyny geçirdi. Hernä bir gün ol penjireden gaçyp, zulumdan halas boldy. Ol başyndan geçirenlerini "Ýesirleriñ gizlin durmuşy" ("The Prisoners Hidden Life") atly kitabynda gürrüñ berdi. Kitapda ýazyjynyñ ýakynlary tarapyndan hassahana salynan başga aýal-gyzlaryñam başdan geçirenleri beýan edilýär. Elizabet Pakkardyñ tagallasy bilen "Şahsy azatlyklaryñ goragy hakdaky" kanun güýje girdi. Naçary ruhy hassahana ýerleşdirmek üçin şol ýyllarda äriniñ sözi ýeterlikdi we bu ýagdaýyñ anygyna ýetjek bolýan ýokdy. * * * Doroteýa Linda Diks 1802-1887-nji ýyllarda ýaşady. Diks 1800-nji ýyllaryñ ortalarynda baýlygyny ruhy hasahanalaryñ adam mertebesine mynasyp gurulmagy üçin harçlady. Onuñ kakasy alkaş, ejesi-de yzgytsyz biri bolupdyr. Doroteýa Linda Diks Şol ýyllar ruhy hassahanalarda zyndana salynýanlar, agylda saklanýanlar, zynjyra baglanyp goýulýanlar saklanýan eken. Diks bilim bermek üçin giden edarasynda gören zatlaryny düzetmek üçin göreşdi. 1845-nji ýylda "ABŞ-da tussaghana we türme düzgünnasy boýunça bellikler" ("Remarks on Prisons and Prison Discipline in the United States") atly kitabyny çap etdirdi. Adam hukuklary we adalat üçin ömrüniñ ahyryna çenli göreşdi. Şu aýallar hakda okanymda göwnüm göterildi, sebäbi bular hiç dymmandyr, ýazypdyr, seslenme döredipdir, nähili zyýan çekseler-de tutan ýollaryndan dänmändir. Şol bir wagtyñ özünde göwnüme gam laýy çökdi... Çünki daş-töweregimdäki aýal-gyzlaryñ (elbetde, muña menem degişli) ýakynyndaky erkegiñ inisiatiwasy bilen ruhy hassahana salynma pikirine özüni aldyryp, bir pursatlyfam bolsa begenhek, soñam degişmedir-le diýip, ýagyş-ýagmyryñ arasynda ýitip gitjek iñ azyndan bir tanşy bardyr. "The Madhouse" ("Dälihana"), Fransisko Goýa, 1812-1819 • Peýdalanylan çeşmeler - Dorothea Lynde Dix, Remarks on Prisons and Prison Discipline in the United States, (Philadelphia: Joseph Kite & Co, 1845). - Elizabeth Parsons Ware Packard, The Prisoners' Hidden Life: Or Insane Asylums Unveiled: as Demonstrated by the Report of the Investigating Committee of the Legislature of Illinois, (JN Clarke, 1871). https://wellcomecollection.org/works/c8jzskyu/items?canvas=7 [15.08.2022] - Rosina Bulwer-Lytton, A Blighted Life, (London: Thommes Press, 1994). - Susannah Cahalan, "Dälileriñ arasynda akylly bolmak" (Terjime eden: Enes Toplanyr, "Say" neşirýaty, 2019). https://museumofthemind.org.uk/blog/the-anti-insane-asylum-society [Erişim: 16 Ağustos 2022] • Awtor hakda Hande Çaýyr 1982-nji ýylda Türkiýäniñ Eskişehir şäherinde dünýä indi. Sabanjy uniwersitetinde Şekillendiriş sungaty we Şekillendiriş kommunikasiýasy dizaýneri ugrundan ýokary bilim, Stambulyñ "Bilgi" uniwersitetinde Kinomatografiýa ugrundan magistraturany, Telewideniýe we Aragatnaşyk boýunça doktoranturany okady. Akademiýanyñ bölüm başlygy, dekanyñ kömekçisi, jemgyýetçilik işinde witrina dizaýneri, baş redaktor ýaly ýaly wezipelerde işledi. Dosentligi Plastiki sungat ugrundan aldy. Ikinji magistraturasyny Sasseks uniwersitetiniñ Žurnalistika we Dokumental filmler bölüminde "Chevening" stipendiýasy bilen ýerine ýetirdi. Warwik uniwersitetinde Kinofilm işleri maksatnamasynda ikinji doktorlyk dissertasiýasyna, Warwik Kollaboratiw Fellowşip stipendiýasy bilen dowam edýär. Teatr we jaz saz sungaty bilen içgin gyzyklanýar. 2014-nji ýylda "T24"-de çykyş edýär. • Kitaplary 1. "Sen haçan aýrylyşyp, biz haçan birigerkäk?" ("Ne Zaman Boşanacaksın Da Evleneceğiz"), "Ka Kitap" neşirýaty, Stambul-2015; 2. "Tunjelä gitdim, Dersimden yzyma gaýtdym" ("Tunceli'ye Gittim Dersim'den Döndüm", "Ka Kitap" neşirýaty, Stambul-2016; 3. Awtoetnografiki häsiýetli dokumental film: Zenanyñ çalyşýan familiýasy hakda bolan wakanyñ beýany" ("Documentary as Autoethnography: A Case Study Based on the Changing Surnames of Women"), "Vernon Press", ABŞ-2020 ý. • Kinofilmleri: 1. "Şahsyýet", ("Eye-Then-Tea-Tea/Identity"), 3'40'', Stambul-2005; 2. "Enesiniñ familiýasy ýok" ("Yok Anasının Soyadı"/"Mrs His Name"), 17'00'', Stambul-2012; 3. "Artisti artist edýän zat näme?" ("What Makes an Artist"/"Sanatçıyı Sanatçı Yapan Nedir"), 6'00'', Birleşen Korollyk-2019 ý. 4. "The Paris House", 10'00'', Birleşen Korollyk-2019 ý. 5. "Maýda-çüýde zatlar" ("Tiny Little Things"/"Küçük Minik Şeyler"), 20'00'', Birleşen Korollyk-2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||