14:57 Faust / tragediýadan bölek | |
FAUST
Goşgular
Faust: – Ymgyr giden batgalyk bu, howany-da pozup durýar, Zähmetiňi puç etjek diýp, haýbat atýar, azm urýar. Men düýbünden guradaryn ýatan suwy, porsan suwy – Şudur batyrlyk barada ýüregimiň täk arzuwy! Men bu ýerde dörederin giň hem-de täze ülkäni, Goý, parahat döwran sürsün bu ýerde adamyň käni. Görgülerden ömür boýy jebirlenýän pahyr adam, Öz erkana zähmetine umytlanyp, oňsun mydam. Baýyrlarda, meýdanlarda hasyl öner, zähmet joşar, Sürüleri, adamlary azatlygyň zowky guçar Meniň gülzar meýdanymda behişte döner her orun, Ol uzakda bolsa bolýar, goý, deňziň girdaplary Gazap bilen tolkun atsyn, goý, syýasat açsyn torun, Birsalymda düzeljekdir onda bolan aýbyň bary. Şu oýlaryň aşygy men! Boş geçmändir ömür ýolum, Bu dünýäniň hikmetiniň netijesi maňa mälim: Diňe durmuş we erk üçin her gün söweş edýän kişä Gözel ömür we azatlyk mynasyp bolýar hemişe! Täsin güýjüň, nury içre öz halkyny, öz diýaryn Elmydama azatlygyň gujagynda görmek üçin Bütin ömrün erkek-aýal, garry-juwan, ynsan bary Dynman, gazaply göreşde geçirip gelmeli bu gün! Onda men-de aýdardym, eý, zaman, döwür, Sen gözelsiň, geçip gitme, ýeriňde dur! Onda, göçýän seneleriň onlarymy, ýüzlerimi – Süpürmezdi meniň goýan yzlarymy. Şol enaýy, täsin döwri ýada salýan, Şu mahal hem göwnüm joşýar, lezzet alýan. GOŞGULAR KÖLDE Ömrüň, rahatlygyň, sagdyn bedeniň, Erkana dem alyp, zowkun sürýärin. Eý, gözel tebigat, goýnuňa seniň Girip ýaşamagy gowy görýärin! Ses goşup küregiň ýuwaş sesine, Mylaýym ýel ýüzýän gaýygy itýär. Siňip dumanlaryň çal perdesine, Gaýalaryň gerşi gözüňden ýitýär. Eý, meniň gözlerim, geçmişiň ýene Tylla düýşi saňa görünýärmi hoş! Aldanma geçmişiň, göwnüm, emrine, Ýene saňa gelýär durmuş bilen joş! Uzakdan görünýän dagyň gerşine Säheriň dumany gujagyn gerýär. Otly gylyjyny ýyldyrym ýene Tolkunlara salyp, ýalkymyn berýär. Şowlaýan şemal hem büräp daşyny, Suwuň aýnasyny yralap durýar. Miweli agaçlar egip başyny, Ganmak üçin suwa has golaý barýar. Iogann Wolfgang GÝOTE. Terjime eden: Ýakup NASYRLY. | |
|
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |