10:59 Iogann Wolfgang Gýote | |
IOGANN WOLFGANG GÝOTE
Goşgular
Iogann Wolfgang Gýote 1749-njy ýylyň 28-nji awgustynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýokary gatlagyň wekili bolan baý maşgalada dünýä inýär. Kakasy hukukçy bolup, çagalarynyň oňat bilim-terbiýe almagy ugrunda çynlakaý aladalanypdyr. Çagalar birnäçe dilleri öwrenipdirler, nakgaşlyk, takyk ylymlar, şeýle hem taryh, saz we sport bilen yzygiderli meşgullanypdyrlar. Gýote çagalygyndan kitap okamak bilen gyzyklanypdyr. Bu bolsa onda edebiýata, esasan hem şygyr we teatr sungatyna söýgi oýarypdyr. Kakasynyň islegi boýunça ol 1765-nji ýylda Leýpsig uniwersitetine hukuk ugrundan okuwa girýär, şeýle hem suratkeşlik bilen meşgullanmagy dowam edýär. Uniwersitetde okaýarka ol ilkinji goşgularyny döredip başlaýar. Emma saglyk ýagdaýy sebäpli Iogann Gýote okuwyny dowam etdirip bilmeýär. Diňe aradan birnäçe ýyl geçensoň, ol Ştrassburg uniwersitetine okuwa girýär we ony üstünlikli tamamlaýar. Soň ol özüni döwlet işine bagyşlaýar. Weýmar şäherinde Döwlet Geňeşinde ministr bolsa-da, ol sungaty terk etmeýär, öz hususy teatryny açýar. Gýote uçursyz zehinli adam bolupdyr. Edebi işinden başga-da, ol filosof, syýasatçy we alym hökmünde-de tanalýar. Iogann Wolfgang Gýote 1832-nji ýylyň 22-nji martynda, 83 ýaşynda Weýmarda aradan çykýar. * * * Ýer bilen gök arasyna Ýerleşmedik aýdymlarym, Ýüregimiň lirasyny – Şu kitap içre ýygnadym. Şygyr rüstemdir goşundan, Wagt – dünýäň gabyrbanydyr. Her setirim söýgi ýaly Ölmez-ýitmezdir, bakydyr. • TEBIGYLYK Şerk ýetirip bilmez ýaly şahyrlar, Ilem oňlar ýaly diňlän halaty, Nädip gudrat berip bolar aýdyma, Nädip oňa bitirip bor ganaty?! Öňi bilen yşkdan delalat dile, Yşkyň heserinden möwç ursun kalbyň. Ýüregiň jadylap owazy bile Kaddyňy köwsarly heýjana salsyn. Soňra häh diýeňde mäh bolsun bada, Al şerap namaňy ýandyrsyn otsuz. Bu şowhunly aýdym ýaly dünýäde Seri mes aşykdan bagtyýar ýokdur! Soňra ýatlap ata-babaň pendini Hakyda getiriň söweş teblini. Duşmanyn ýeňdigi – edil Hudaý deý Il arzylar öz gahryman ogluny! Soňra hyrçyň dişläp, hyrujyň bilen Şeriň kökün kesmekligi öwreniň. Hemra bolup dünýäň gözelligine, Gözelligiň duşmanlaryn ýigreniň! Dünýäň ilkidurmuş päkligi hem Gözelligin aýdymlarňa sygyrsaň, Hafyza taý borsuň şahyrlykda sen, Ölmez-ýitmez, jawydan bor şygyrlaň! • HIJRAN HEM WYSAL Ýürek ýanýar, derdim agyr çydardan, Atlan ata, goýber ony ümdüze! Iňrik gonsam diýýär mährem düzlüge, Garaňky sybyrlyp gelýär çal dagdan. Gojaman dub gara geýip kölge deý, Garşy alýar, salgap maňa şahasyn. Tümlük suwlup gelýär, kälden, jülgeden, Basyrmaga gözelligin jahanyň. Dünýä içre şirin hesret goýalýar Aý bulutdan jyklap bakan halaty. Çöp-çalam şygyrdap, gorky oýarýar Uçup barýan şemallaryň ganaty. Mahluk ýaly gara gije garaýar, Ýürek joşa gelip, uçýar bedewim. Gursagymda juwan ýaşlyk gaýnaýar, Ýalyn bolup alawlaýar bedenim! Çapyp barýan hyýalymda diňe sen, Hyrujym ýyldyrym çakdyryp barýar. Alysda, mylaýym gijäň içinde Göreçleň kalbymy süýjedip ýanýar! Sen alnymdan çykdyň. Ýollarym tamam! Bir parça ýaz, eý, owadan perişde! Haýsy sogabymyň hakyna, Allam, Men mynasyp boldum beýle behişde? Dagarman! Gör, eýýäm gyzarýar daňdan, Synlap ganyp bilemok men keşbinden. Gör, sen meni niçik datly ogşaýaň, A men lowlap ýanýan otly çeşmiňden! Ýürek üzüm-üzüm gamgyn bakanda, Jiger para-para. Sen ýene ýalňyz! Ýöne söýmek nähili bagt jahanda! Eý, lebi bal, Eý, garaýşy asal gyz! * * * Saýrady bir bilbil, şirin owazy Bendiwan eýledi hökmürowany. Şirin heňe joşup Allanyň kalby, Ol bilbili alyp kapasa saldy. Ol gara kapasa – biziň göwrämiz, Gama batsak ýa-da gelse göhümiz Göwrede şol bilbil pelesaň urýar, Kalbymyz – Bilbilden bolan ruhumyz! * * * Biljek bolma: nädip, nirden Bu jahana geleniňi. Goh etme-de, ýaşa är deý, Ýaşa munda gezegiňi. Akyldar kim, danasy kim, Kim han-begi – sal terezä. Kemal tapyp kämilligiň, Ýetersiň belent derejä. Gorap durmuş kadasyny, Öde ynsanperwer borjuň. Gorap ynsan adatyny Ulus-ile derkar borsuň. Knýaz senden yrza bolar, Hemmänem yrza edersiň. Şonda könäniň içine Sen öz täzäňi ekersiň. • HER KIME HEM HEMMÄ Adam ahyry sen hem! Oturma gama batyp. Kem dälsiň sen hiç kimden, Dälsiň hiç kimden artyk. Çekip görensiň gam-da, Bagtam görensiň, dostum. Bes, ýüzüň aşak salma, Ýitirjek zadymyz ýokdur! * * * Ýan diýip ýyldyzlara berýär ol perman – Ýyldyzlar nur saçyp ýoluň ýagtyldýar. Asmana bak gözleriňi aýyrman Gökde geljek şatlygyň bar, bagtyň bar! • KAZYNYŇ ÖŇÜNDE Söýgülimiň kimdigini satmaryn, Munda her kes göräýmeli täleýin. “Tüw-eý, azgyn” diýjek bolman, saklanyň, Ýarym jandan geçip, söýdüm nädeýin? Kim ol? Begzadamy – barybir aýtman, Ýa garypmy? Geýim-gejimi ýyrtyk! Ol meni söýüpdi ant içip Hakdan, Menem ony söýýän janymdan artyk! Masgaralaň, saýyň, söýgini telek, Lagnatdaş atdyryň gapyl mähellä. Men ýigdime belet, ol maňa belet, Ikimize belet asmanda Alla! Diňle, dindar kazy, günäm nämedir? Siz meni dowzahyň oduna salmaň! Yşka uçran kişä ölüm näm eder? Biz beýik yşkyna uçradyk Allaň! • TOKAÝ ŞASY Gyş gijesi tümden bir atly gelýär, Öňüne mündürip körpe ogluny. Atasnyň possunna giräýjek bolýar, Ogly basyp bilmän gorky dowluny. “Sazanaklap maňa daňylmaň näme? Sakgalyny selkildedip, eý, aman, Bak beýläňe, Tokaý şasy çagyrýar”. “Ol-a suw üstünden göterlen duman”. “Tokaýyň şasy men. Munda gel, oglum, Dünýäň hezilligin bizde görer sen. Tylladan tagt bolar oturjak ornuň, Köşgüm tamam jöwahyrdan, göwherden”. “Eý, atam, çagyrýar tokaýyň şasy, Baýlyk wada berip, golun bulady”. “Göwnüňedir gyşyň çapgyn şemaly, Hanha, şagyrdadýar çöpi-çalamy”. “Gel sen sümme tokaýdaky köşgüme, Peri-peýker gyzlam bilen oýnarsyň. Uçup, aýdym aýdyp Aýyň yşgyna, Tans edersiň, gönenersiň, ýaýnarsyň”. “Atam şa gyzlary gujagyn açyp, Bulaýar maňa akja ellerin”. “Ýok, oglum, töwerek imisalalyk, Sen görýärsiň köl boýunyň mallary. Sen isle-isleme, bolarsyň meňki, Bendi etýär meni görküň-görmegiň”. “Adam, şa gyzlary kowalap gelýär, Demigýärin, ölýän, gelenok demim”. Gamçy çalyp uçup barýan atyna, Saýgarmaýar atly yzy-öňüni. Ol ynjaldy gelip obaň çetine, Ýöne... öňündäki ogly ölüdi... Nemes dilinden terjime eden Nobatguly REJEBOW. Çeşme: “Dünýä edebiýaty” žurnaly. | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |