20:48 Fransuz dramaturgiýasy | |
FRANSUZ DRAMATURGIÝASY
Teatr we kino sungaty
Ilki buthana we halky adatlaryň esasynda sahna hereketleriniň käbir görnüşleri peýda bolup ugrapdyr. Fransuz dramaturgiýasynyň ilkinji nusgalary dini dramalardan (liturgiýa) başlandygy dogrusynda maglumatlar gabat gelýär. XI asyrda "Pasha” baýramçylygy bilen baglanyşykly "Öýlenýän ýigit, ýa-da Akylly gyz we akmak gyz” atly oýun dini kitaplardan insinirowka edilip oýnalypdyr. Bu oýun iki ýarym horuň üsti bilen "akylly” we "akmak” gyz ady bilen suratlandyryp bine berlen gyz hökmünde görkezilipdir. Şeýle etmek bilen buthana hereketi gülküli we durmuşy bolan bölek sýužetleriň garyşdyrylyp berilmegi bilen bozulypdyr. Latyn dilinde berilýän dini wakalar duzly şiwe sözleri bilen garyşdyrylypdyr. Dini dramalarynda ulanylan şeýle "erkinlik” buthananyň ruhy dünýäsini bozýandygy hasaplanmak bilen buthanalaryň içinde görkezmeklik gadagan edilipdir. Buthanadan daşda görkezilýän dini dramalara rugsat edilse-de olar buthana gullugynyň göz astynda hereket edipdirler. Buthanalarda ulanylýan bu žanryň ösüşi XII asyra degişli bolmak bilen awtory näbelli adam tarapyndan ýazylan "Adam baraday hereket” atly drama eseri fransuz diliniň norman şiwesine degişli bolupdyr. Injiliň käbir bölümlerinden alynan şygyrýet görnüşli bu eser ýiti, häsiýetli ýagdaýlary öz içine alypdyr. Eseriň adyndan belli bolşy ýaly "hereket” dini ahlagy berk saklamak bilen durmuşy, karnawal çykyşlaryndaky sahnajyklaryň üsti bilen "dowzahy” suratlandyrypdyr. Öz köklerini halk karnawallaryndan alyp gaýdýan fransuz dramaturgiýasy orta asyrlarda dünýewi häsiýetli ösüşe ýol açypdyr. Bu ösüş esasanam Adam de la Alýanyň "Dalbaryň astyndaky oýun” (1262), "Roben we Marion hakyndaky oýun” (1283) karnawal meýdançalarynda görkezilip, şeýle tomaşalar buthana ideologiýasyndan azat bolupdyr. Bu oýunlar halk baýramçylyklarynyň batyrgaý ruhunda bolup, batyrgaý satira-dan, "erkin” durmuşy wakalara, soňra bolsa hyýaly oba folkloryna degişli wakalara syrygypdyr. Fransuz dramaturgiýasynyň halky komediýalaryň ösüşiniň irki döwründäki pese gaçmalary ýurtda dowam eden ýüz ýyllyk uruş (1337-1453) bilen baglanyşdyrylýar. Sebäpli şol yza tesmelere şäher medeniýetindäki pese gaçmalar sebäp bolupdyr. XIII asyrda dramaturgiýada täze dini žanr "mirakl” giň gerime eýe bolýar. Bu žanr ýaşaýyş durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine almak bilen din ugrundan keramatly hasaplananlaryň "ajaýyplygyny” wasp edýän, olary ýokary görnüşde suratlandyrýan tomaşaçylara hödürlenipdir. Ž.Bodelýanyň "Keramatly Nikolaý hakyndaky oýun” (1200), Rýutbefiň "Teofile hakyndaky mirakl” (1261) oýunlary keramatlylar üçin waspnama bolup hyzmat edipdir. "Mirakl” žanry özüniň soňky ösüş döwründe halkyň ýaşaýşyny suratlandyrmak bilen feodal gatlagyň gylyk häsiýetlerini tankytlamakdanam çekinilmändir. Berk býurger ahlakly (Býurger- 1. Germaniýada we käbir ýurtlarda şäherli adam. 2. Dar düşünjeli, diňe özüni bilýän adam. Sözlüge seret.) adamlary "Robert-şeýtan hakyndaky mirakl”, "Keramatly Mariýanyň kryk mirakly” (ikisem XIV asyra degişli) oýunlarynda şäherli we diňe özüni bilýän adamlaryň üstünden düşüpdirler. Fransuz dramaturgiýasy şäher medeniýetini täzeden ýokary galdyrmak üçin orta asyrlar žanrlaryna ýüz urupdyr. Olar özleriniň görkezmekçi bolýan "misteriýalaryna” (dini dramalaryna) komediýalardan we farslardan bolan hadysalary goşupdyr. Şol goşulýan hadysalar bilenem oýun soňlanypdyr. "Misteriýa” žanr gatnaşygy boýunça biri-birine geçip gidýän dini kyn, çylşyrymly durmuşy komediýalary, içýakgyç gülküli-buffon (gödek) degişmelerem özünde jemläpdir. Bu dini oýunlar özünde köp sanly drama sýužetlerini "misteriýalary” jemlemek arkaly "dünýäniň döreýşinden” oýnuň goýulýan döwrüne çenli bolup geçen wakalary öz içine alypdyr. Buthana edebiýatlaryndan alnan "misterial” dramaturgiýasy esasan üç sany döwürleýin bölümden ybarat bolupdyr. Olardan "Wethizawet misteriýasy” (Wethizawet - Gadymy Töwratdan hristiýan dinine çenli Inžiliň bir bölümi) "Täze keramatlylyk misteriýasy” "Taňrynyň hyjuwlylyk misteriýasy” dramaturg A.Greben tarapyndan XV asayryň ortalarynda goýlupdyr. Bu pýesalardan başga şol döwürde "Apostolyň hereketleri misteriýasy” (Isa pygamberiň on iki şägirdiniň biriniň ady) ady bilen oýun goýlupdyr. "Dini misteriýalardan” başga-da, "dünýewi misteriýalara-da” ýüzlenilipdir. Beýle sýužetler geçmiş dogrusyndaky wakalardan ybarat bolupdyr. Şeýle sýužete degişli bolan "Gabawdaky Orleana hakyndaky misteriýa” (XV asyra degişli) şol döwürlerde nusgalyk hökmünde kabul edilipdir. Pýesadaky mazmun dini maglumaty öz içine almak bilen adamyň her bir hereketiniň ýokardan (Hudaýdan) çözülýändigini, şonsuz "çöp başynyň” gymyldamaýandygyn köp sanly taryhy personažlaryň, müňlerçe baý wakalaryň üsti bilen aýdyň suratlandyrylypdyr. Eser-de esasy wakalar Orlean şäheriniň iňlis basybalyjylaryna garşy gahrymanlarça goralyşy dini häsiýetleriň üsti bilen berlipdir. XV asyrda "moralite” žanry giň gerime eýe bolupdyr. "Moralite” pýesalary öwüt beriji (didaktiki) bolup, göçme manyly (allegorik) personažlaryň üsti bilen ýerine ýetirilipdir. Sana çykarylýan wakalar dini ahlak garaýyşlaryň üsti bilen pýesanyň esasy mazmunyny tassyklapdyr. Pýesalarda durmuşda bolup geçýän kemçilikler ýazgarylyp, hristiýan dinindäki gowy gylyk-häsiýetler, wagyz-nesihat edilipdir. "Moralitlere” degişli N.de la Şeniň "Paýhaslylar we akmaklar” (1436), "Söwdä, senet, çopan” (1442) "Meýlis üçin günäkärlenme” (1507) pýesalarynda ýokary gatlakdan bolan jemgyýetiň adamlarynyň gopbamsylygy, tertipsizligi açylyp görkezilse, horluk çekýän köp sanly garyp gatlagyň durmuş ýagdaýlary suratlandyrylypdyr. Orta asyrlarda fransuz dramaturgiýasynda hakykaty satiranyň üsti bilen beýan etmekligiň täze döwri başlanýar. Bu ýagdaýda fars žanryna komediýa pýesa žanry garylyp "Soti” ("Soti”- fransuz dilinde (sotiýe) samsyk. Bu žanr XV-XVI asyrlarda döräp fars žanrynyň bir görnüşi bolup ösüp başlaýar. Sözlüge seret.) žanry peýda bolupdyr. P.Grengoryň "Samsyk şazada we onuň enesi” (1512) pýesasam şu bellän žanrymyza degişli bolup galýar. Hakyky halk žanry bolan fars oýunlary öz gözbaşyny sergezdançylyk edip ýören ykmanda halk aktýorlary bolan žunglýorlardan (žunglýor - birden, duýdansyz hokga çykarýan), toslama karnawallardan alyp gaýdýar. Öz içinde dini mazmunly kiçijik sahnajyklary, intermediýalary jemlän farslar XV asyryň ortalarynda özbaşdak žanra öwrülýär. Bu ýagdaý fransuz dramaturgiýasynda realistik ugur bolup, halky oýunlaryň dini sýužetleriň üstünden gazanan ýeňişi hasaplanypdyr. Köp sanly fransuz farslarynyň içinde has tapawutlanany XV asyrda ýazylan "Aklawjy Patlen hakynda fars” bolupdyr. Bu farsda öwünjeň feodal harbylarynyň, samsyk kazylaryň, gysganç baýlaryň, azgyn we iki ýüzli din wekilleriniň üstünden ýitilik bilen gülünýär. Şeýle farslar fransuz milli komediýalarynyň gözbaşy bolup hyzmat edipdir. Fransuz dramaturgiýasynda Galkynyş eýýamy irki klassisizm adatlary boýunça ösüp başlapdyr. Bu ösüş özünde akademiki häsiýetleri saklamak bilen orta asyrlardaky halk teatrlaryň žanrlaryndan daşlaşyp ugrapdyr. XVI asyr fransuz awtorlary-gumanistler antik eýýamyndan galan tragediýa, komediýa žanrlaryna ýüzlenmekligi hökmany hasaplapdyrlar. Şol döwürde dramaturg E.Žodelýa "Ýesirlikdäki Kleopatra” tragediýasy, "Ýewgeniý” komediýasy (ikisem-1552-nji ýylda ýazylan) peýda bolýar. Dramaturglar Ž.Grewen, R.Bello, Ž.La Taýa we başga-da birnäçe awtorlar şol döwürde komediýa žanryna baş urupdyrlar. Şol döwürde dramaturg R.Garnýe antik döwründen we Inžilden alnan sýužetlerden tragediýa döretse, başga bir dramaturg P.Lari we italýan dramaturglarynyň komediýalaryndan täsirlenipdir. Bu eserlerde gahrymançylykly, şol bir wagtyň özünde-de terkidünýälige garşy meýilleri öňe sürüpdirler. Ýurtda emele gelen täze dramaturgiýa öz halkylyk we millilik aragatnaşygy ýitirmek bilen antik, italýan nusgalaryna ýüz urupdyr. Fransuz dramaturgiýasy Galkynyş eýýamynda ylmy we aristokratik tomaşaça niýetlenmek bilen halk teatrlary ýat zada öwrülipdir. XVI asyryň ikinji ýarymynda tragrediýalarda dini uruşlar tukat sýužetleriň üsti bilen guralyp "ganly” sahnalara köp üns berlipdir. Şeýle sýužetler dramaturg Senekiniň eserleriniň ruhunda ýazylypdyr. Komediýalaryň awtorlary Galkynyş eýýamyna mahsus durmuşa bolan söýgüni saklamak bilen olar "gedonizma” ("Gedonizm”-akym. Durmuşyň we onuň esasy maksady keýpisapa bilen lezzetdir diýip aýdylýan idealistik ugur. Sözlüge seret.) ýüz urup durmuşa bolan duýgyny şol döwrüň adatlary arkaly kesgitlemegi maksat edinipdirler. XVII asyryň başlarynda orta asyrlara degişli sýužetlerde ýazylan drama eserleri peýda bolup başlaýar. Döwrüň dramaturglary şeýle pýesalary ynsanperwerçilikli drama eserleri hasaplapdyrlar. Şeýle pýesalaryň awtorlarynyň biri meşhur dramaturg A.Ardi bolupdyr. Ol köp sanly tragikomediýalary, tragediýalary, pastorallary ýazmak bilen "Burgund oteli” teatrynyň dramaturgy hasaplanypdyr. Şol döwürlerde fransuz aristokrat tomaşaçysynyň söýgüli žanry pastoral bolupdyr. Pastoralda keşpler ideallaşdyrylyp rysar minnetdarlygyny, nusga alarlyk gözelligi şygyrýet žanrynyň üsti bilen beýan edipdirler. Şeýle pastorallaryň awtorlary O.Rakana, Ž.O.Gombo, Ž.Skuder, P.Dýuriýe bolupdyrlar. Fransuz dramaturgiýasynda öňden gelýän fars adatlaryny we ispan aldawçylyk, hilegärlik (plutowstwo) nowellalaryny garyşdyryp ulanmak arkaly dramaturg P.Skarron komediýa ýazypdyr. Onuň komediýalary meşhur buffonçy komik Žodlanyň döretjek keşpleri üçin ýazylypdyr. Fransuz dramaturgiýasynyň täzeden ösüş döwri XVII asyryň 30-njy ýyllary hasaplanýar. Bu ýagdaý döwrüň ýeke-täk hökümdar (absolýutizm) tarapyndan ýurduň ugrukdyrylmagy we ýurtda klassisizmiň emele gelmegi bilen tassyklanylýar. Klassisizm dramaturgiýasy awtorlaryň milli häsiýetleriň üsti bilen tragediýada gahrymanlaryň keşplerini döretmek, satiriki komediýalarda bolsa häzirki zaman mazmunlaryň üsti bilen esasy dartgynlygy berip bilmekden ybarat bolupdyr. Klassisizm ilki başda taryhy ösüşiň döwründe ýurtda ýeke-täk hökümdarlygyň jemgyýetçilik tarapyndan arzyly kabul edilmegi döwrüň dramaturglaryny şol tarapa ugrukdyrypdyr. Klassisizm tragediýalary dramaturglar A.Monkretýeniň, Ž.Ratruň, Ž.Meriň döredijiliklerinde belli bir derejede öňe gidişlikler edipdir. P.Korneliň dramaturgiýasynda gahrymançylykly tragediýa özüniň mazmuny, şygyrýetiň üsti bilen beýan edilişi babatda iň ýokary derejä ýetipdir. P.Korneliň "Sid” (1636), "Gorasiý” (1640), "Nikomed” (1651) tragediýalarynda graždanlyk (raýatlyk) maksatlar (ideallar) ruhybelentlik bilen bir zynjyra düzülip, gahrymanlaryň ruhybelent, hoşallyk güýçleri, ýiti, açyk göreşe çagyrýar. Döredijiligi ynsanperwerçilikli etika ýugrulan döwrüň başga bir beýik dramaturgy Ž.Rasiniň tragediýalarynda adamynyň şahsy belentligi, ahlak taýdan durgunlylygy keşpleriň hyjuwlylygynyň üsti bilen hökmirowanlygyň garşysyna baş göterýär. Onuň "Andromaha” (1667), "Fedra” (1677), "Gofoliýa” (1691) we beýleki eserlerini XVII asyryň 2-nji ýarymyndaky Günbatar Ýewropa dramaturglarynyň pýesalary bilen deňeşdireniňde adamyň içki dünýäsiniň ruhy gam-gussalaryny çuňňur açmaklyk ýokary poýeziýanyň dili bilen beýan edilipdir. Molýer täze görnüşli klassisizm komediýalaryny dörediji hökmünde fransuz dramaturgiýasynyň taryhyna girdi. Ol fransuz dramaturgiýasynyň beýikleriniň biri bolmak bilen dünýä dramaturgiýasyna tarap täze ýol çekdi. Molýer klassisizm eýýamynyň dramaturgiýadaky oňat estetiki ugurlaryny saklamak we ösdürmek arkaly realizme tarap uly ädim ätledi. Ol fransuz dramaturgiýasynda üýtgöwsiz hasaplanýan komediýa žanryndaky gerek mejek estetiki häsiýetleri bozup ýokary hilli milli komedilary döretmegi başardy. Molýeriň "Aýallar mekdebi” (1662) "Tartýuf” (1664-1665), "Don Žuan”, "Mizantrop” (ikisem, 1665), "Dworýanlykdaky ownuk meşançylyk” (1670) "Skapeniň hilegärligi” (1671) komediýalaryda realistik, satirik, şeýle hem milli halk farslaryndaky adatlary ösdürmek arkaly ynsanperwerçilikli hakykata öz pýesalaryny golaýlaşdyrdy. Ol aristokratiýanyň we buržuaziýanyň sosial ýetmezçiliklerini geregiçe suratlandyrmak arkali onuň garşysyna komediýalaryndaky liriki hadysalar dramaturg P.Mariwonyň döredijiliginiň gurluşyna, dramaturg Ž.Rassiniň komediýalarynda inçe psihologik yzarlamalara ýol açypdyr. Irki magaryflaşdyrma döwründäki ahlak ýörelgä daýanmak arkaly Ž.Rassin "Tötänlikdäki söýgi oýny” (1730) atly täze görnüşli şahypana komediýany döredipdir. Jemgyýetiň özara garşylyklarynyň apy-tupan ýaly bolup ösmegi franauz dramaturgiýasyny magaryfçylyk ideýalaryň ýokarlanmagyna alyp gelipdir. Fransuz magaryfçylary üçünji bir gatlak bilen jebisleşmek arkaly feodal gurluşy ýykmakda, onuň deregine täze teatr sungatyny döretmekde, iň oňat adatlary özünde jemlän XVII asyryň gahrymançylykly tragediýalaryna we satiriki komediýalaryna ýüzlenmekligi, olardan täsirlenmekligi öňe sürüpdirler. Klassizm žanryndaky tragediýalary sdürmekde, has baýlaşdyrmakda esasy ýer Wolteriň pýesalaryna degişli bolup galýar. Onuň "Zaira” (1732), "Magomet pygambermi, ýa-da hyýaly zatmy?” ("Muhammet pygamber", 1741) pýesalarynda syýasy zalymlyk we dini çydamsyzlyklar dogrusynda gürrüň açylýar. Klassisizm eýýamynyň döredijiliginde özbaşdak täzeçe bolmadyk eserler P.Krebiýona degişli bolmagynda galýar. Ol köp ýagdaýlarda özüniň "gorkuly tragediýalaryny” aristokratik gatlak üçin niýetläpdir. Magaryflaşdyrma eýýamynda jemgyýeti demokratiýalaşdyrma ugrundaky isleg täze žanrlaryň peýda bolmagyna, ýurtda "meşançylyk” (ownuk hususyýetçilik žanrynyň) ösmegine alyp gelipdir. Fransuz dramaturgiýasyn-da şeýle ugra dramaturglar D.Didro, M.Ž.Seden, L.S.Mersýe ýykgyn edip-dirler. "Meşançylyk dramalar" magaryflaşdyrma realizminiňn üstünden ýeňiş gazanan hökmünde hasaplanyp, ýurtda bolup geçýän gündelik wakalary beýan edipdir. Täze žanryň esasy wezipesi dworýan jemgyýetiniň ýetmezçiliklerini tankyt etmek bilen onuň garşysyna haýsydyr bir üçünji gatlagyň ýokary maksatlaryny öňe sürmegi aýdyňlaşdyrmakdan ybarat bolupdyr. Muňa garamazdan buržuaziýanyň položitel (oňaýly) gahrymanlary özleriniň graždanlyk, ahlak päkliklerini magaryflaşdyrmanyň waspçylary bolan dramaturgglaryň üsti bilen dawa-jenjelsiz, parahatlyk ýoly bilen (idilliçnost) we ahlak-didaktiki äheňler arkaly öz ýagdaýlaryny saklamakçy bolupdyrlar. Bu ugurdan "gözýaşlar komediýalaryny” dörediji dramaturglar P.K.Niwel de Laşosse, F.Detuş klassisizm komediýalaryny we iňlis "meşşançylyk dramalaryny” garyşdyryp, dworýançylygyň, buržuazyýanyň arasyndaky gapma-garşylygy çözmek pikirinden ugur alypdyrlar. "Meşşançylyk dramalarynyň” we "Gözýaşlar komediýalarynyň” esasy ýetmezçilikleri P.O.Bormaşyň "Sewil dellegi” (1775), "Figaronyñ öýlenişi” (1784) komediýalarynda geregiçe aradan aýrylypdyr. Bu pýesalarda Molýeriň oňe süren adatlaryny täze güýç bilen täzeden dünýä indermek arkaly magaryflaşdyrma estetikasynyň iň gowy taraplary dikeldilipdir. Komediýalaryň ikisiniňem merkezinde halkyň içinden çykan işeňňir, ýiti akylly adam dur. Onuň şahsy we raýatlyk borjy halk köpçüligine agram salýan, olary ezýän, galyberse-de, dworýan jemgyýetiniň azgyn taraplaryna tankydy göz bilen garaýan personaž bolup hereket etmegi. P.O.Bormaşyň bu komediýalary satiranyň uly, ýiti beýanyny özünde saklamak arkaly geljege bolan ynamy artdyrypdyr. Komediýalar rewolýusion joşgunlylyga tarap ýol açypdyr. Magaryfçylyk dramaturgiýada gahrymançylyk, raýatlyk borçlar, XVIII asyrda Fransiýada bolup geçen buržuaz rewolýusiýasy döwrür has-da giňden açylypdyr. Dramaturg M.Ž.Şenýäň "Karl IX” (1789), "Genrih VIII“ (1791), "Žan Kalas” (1791), "Kaý Grakh” (1792) pýesalary rewolýusion klassisizmiň nusgalyga öwrülen eserleri bolupdyr. Rewolýusiýa döwründe "ýokary komediýalar” diýlip, atlandyrylýan komediýalar öz ösüşini dowam etdiripdirler. Dramaturg Fabrad Eglantiniň "Mizantropa" (1790 ý. Şeýle at bilen Molýeriň 1665-nji ýylda ýazan pýesasam bar.) pýesasynda rewolýusion-demokratiýanyň orta atan ahlak meseleleri we olaryň çözgüdi öňe sürülýär. Bu pýesa şol döwürde ýurdyň gündelik wagyz-nesihatçysy bolup çykyş edipdir. Ýakobinçiler diktaturasy döwründe göçme manyly, oratoriýa-pýesalar döredilip halkyň öz azatlygy ugrundaky göreşleri, hemmeler üçin deň bolan respublika bolmak arzuwlary beýan edilipdir. Dramaturglar M.Ž.Şenýäň "Gran-Pre lageri, ýa-da Ajayp Respublika” (1793), Mareşalýanyň "Korolyň üstünden howply kazyýet işi” (1793) atly oratoriýa-pýesalarynda syýasy, ajy gülküli farslar ýerine ýetirilipdir. Rewolýusiýa ýyllarynda melodrama we wodewil žanrlaram peýda bolup başlapdyr. Ž.M.Monweliň "Buthananyň gurbany” (1791), Ž.A.Lamartelýeriň "Galtamanbaşy Rober” (1792) melodramalarynda agdarylan döwlet gurluşynyň jenaýatçylykly işleri paş edilýär. Pýesalarda oňyn we ýaramaz (položitel, otrisatel) personažlar sütemkärçilige garşy alnyp barylýan joşgunly işleriniň üsti bilen kesgitlenipdir. Syýasy satiranyň üsti bilen personažlarda baý sahna hereketlerini döretmek arkaly sahnada olaryň watançy-lyk ryhy wodewillerde-de suratlandyrylypdyr. XIX asyrda döwletiň buržuaz gurluşy şertlerinde fransuz dramaturgiýasynda dürli jemgyýetçilik gatlaklaryň arasynda adatlar ýüze çykarylyp başlanýar. Şeýle ýagdaýda klassisizm tragediýalarynda konserwatiwçilyk (köneçillik) akyma tarap has ýykgyn edilipdir. Şol akyma ýykgyn edýän drama-turglar F.Renuar, L.Ž.N.Lemersýe öz pýesalaryny şol ugra tarap ugrukdyrypdyrlar. Melodramalar özleriniň topalaňçylyk mazmunyny ýitiripdir. Sosial gapma-garşylyklar, ahlaklyk, syýasy jenaýatçylyk öz ýerini aýry-aýry şahsy-ýetleriň haýynlygy bilen çalşypdyr. Şeýle melodrama ýykgyn edýän dramaturglar G.Pikserekura, L.Ş.Kenýe hem şol ugra goşulypdyr. Muňa garamazdan melodramalar özünde käbir demokratik elementleri saklapdyr. Melodramaçy dramaturglar W.Dýukanž, A.F.Denneri öz pýesalarynda ýönekeý adamlara bolan duýgulary suratlandyrypdyr. Gapma-garşylykly häsiýetler wodewil žanrynyň ösmeginde-de peýda bolup ugrapdyr. Bu žanr buržuaz häsiýetly hiç bir ideýasyz güýmenjä öwrülipdir. Muňa garamazdan A,I.Gerseniň aýtmagyna görä: "Wodewil žanrynda ýaşaýşa bolan ynam, şatlykly durmuş fransuz häsiýetlerine mahsus gözellik saklanypdyr”. Rewolýusiýadan soň, dürli jemgyýetçilik toparlarda çuňňur närazylyk-lar döräp başlaýar. Hakykatda sungata bolan garaýyş düýbünden üýtgäp, fransuz dramaturgiýasynda arzuwçyllyk (romantizm) eýýamyna aýak basylýar. Bu eýýamda-da syngatda dürli içki güýçleriň özara çaknyşyklary dowam edipdir. Dramaturg F.R.Şatobrian we beýlekiler feodal-monarhiýa we dini gurluşyga ýykgyn etseler, beýleki topar milli sungatda halk köpçüliginiň göreşi esasynda dörän, ýurdyň öňde baryjy medeniýet wekilleriniň "Dikeldiş we Iýul monarhiýasy” düzgünlerini demokratik adatlary esasynda durmuşa geçirmekligi öňe sürüpdirler. XIX asyryň birinji ýarymynda has takygy 20-nji ýyllarynda dramaturgiýada uly özgerişlikler bolup geçýär. Italiýada, Ispaniýada, Gresiýada "hyýaly sosializm” bilen ýaraglanan milli azat ediş göreşi başlanýar. 30-40-njy ýyllarda rewolýusiýanyň täsiri astynda proletariýatyň baý gatlaga (oligarhiýa) bolan göreşi has-da güýçlenýär. Ýazyjy Stendal "Rassin-Şekspir” atly ylmy manifesti (1823-1825) döredipdir. "Kromwel” eserine W.Gýugo (1827) sözbaşy ýazypdyr. Şol döwürlerde öňde baryjy dramaturgiýada geljekge ýazyljak pýesalarynyň mazmuny kesgitlenipdir. Dramaturgiýanyň ýola düşmegi bilen teatrlaryň ýagdaýam kesgitlenipdir. Umuman dramaturgiýa teatrlaryň jemgyýetdäki ornuna uly täsir edipdir. W.Gýugonyň "Marion Delerom” (1829), "Ernany” (1839), "Mark Týuder” (1833), "Lukresiýa Bordža” (1833), "Anželo” (1835), "Rýui Blaz” (1838) drama eserlerinde mazmun we çeperçilik arzuwçyllyk ruhunda aýdyň suratlandyrylypdyr, ynsanperwerçilige hyjuw ýokarlandyrylypdyr, sosial deňsizlik, hökümeti dolandyrýan adamlaryň eden-etdilikleri şahyranalyk bilen doly beýanyny tapypdyr. W.Gýugonyň dramaturgiýasyna ähli babatlarda A.Dýumanyň (atasy) dramaturgiýasy sepleşip gidýär. A.Dýumanyň "Antony” (1831), "Riçard Darlington” (1831), "Kin, ýa-da dereksizlik we akyldar” (1836) pýesalarynda buržuaz we dworýan-çylyk jemgyýetini tankytlaýan elementler azlyk etmändir. Dramaturg A.Winiň "Çatteron” (1835) pýesasynyň esasy mazmuny adamyň ýalňyzlygy we onuň buržuaz jemgyýetindäki söwdegärlik ruhyny ret etmegi bilen baglanyşykly. Dramaturg A.Mýusseniň "Mariannanyň arzuwlary" (1833), "Hyýalbentlik” (1834), "Söýgi bilen oýun edilenok” (1834), "Lorensaçço” (1834) pýesalarynda 1820-1830-njy ýyllardaky rewolýusion çykyşlar bilen gaplanan intelgensiýanyň haýsy tarapa ýykgyn etjegini bilmän iki tarapa agyp-dönüp durmasy suratlandyrylypdyr. Şol bir wagtyň özünde fransuz dramaturgiýasynda buržuaz jemgyýetiniň garşylyklaryny suratlandyrýan tankydy realizm emele gelip ugrapdyr. Adamsöýüjilikli we dini akymlara garşy adatlara ýugrulan ýiti satiriki pýesalar peýda bolup ugrapdyr. Bu ugurdan dramaturg P.Merime "Klary Gasulyň teatry” (1825) pýesany ýazypdyr. Emma bu eser diňe XX asyrda sahna çykarylýar. P.Merimäniň XIV asyrda bolup geçen daýhan rewolýusiýasyna bagyşlap ýazan "Žakeriýa” eseri fransuz teatrlarynda goýlupdyr. Tankydy realizmiň uly wekili O.Balzagyň "Wotren” (1840), "Kinolyň ynamlary” (1842), "Pamela Žiro” (1843), "Enelik” (1848), "Peýdakeş” (1851) pýesalarynda buržuaz gatlagyň ýyrtyjylygy suratlandyrylypdyr. Bu pýesalar buržuaz tomaşaçysynda hiç hili üstünlige eýe bolmandyr. Şol sebäpden pýesalary tomaşaçylara hödürlemek gadagan edilipdir. 1830-1840-njy ýyllarda sosial melodramalaryň ösüşi başlanýar. Şeýle melodramalarda zähmetkeş halkyň kapitalistik jemgyýetdäki sosial närazylyklary suratlandyrylypdyr. Bu zatlara garamazdan ynsanparazlykly ideýalar, ylalaşdyryjylykly täsirler edilýän tankydy çäklendirmäge alyp barlypdyr. Şol döwre degişli drama eserlarinden dramaturg F.Pianyň "Ango” (1835), "Iki slesar” (1841), "Parižli esgiçi” (1847) dramaturg F.Sýunyň "Işçi” (1840), ýazyjy E.Sýunyň "Syrly Pariž” (1844) romanyndan inssirowka edilen sahna eserleri halkyň kapitalizmiň "hokgalaryna” bolan ýirgenji ýüze çykaryp bilipdir. Fransuz teatrlarynyň repertuarynda dramaturg O.E.Skibanyň "hoşniýetli” dramaturgiýasy esasy orny eýeläp başlaýar. Onuň pýesalary buržuaz ahlagyny tassyklaýan täsirliligi özünde jemläpdir. O.E.Skibanyň pýesalaram satiradan we oňa golaý öwüşgünlerden halas bolmandyr. Onuň pýesalary buržuaz ösüşine bolan ynamyň içinden zowwam geçip, oňa böwet bolýanlaryň üstünden gülüpdir. O.E.Skibanyň "Bertran we Raton” (1833), "Ýoldaşlykmy, ýa-da şöhrat merdiwany” (1837), "Bir bulgur suw” (1840), "Puf” (1848) pýesalaryda buržuaz ahlagyna ýykgyn edilipdir. O.E.Skibanyň dramaturg E.Leguwe bilen bilelikde ýazan "Adrienna Lekuwrer” pýesasy arzuwçyllykdan (romantizm) ugur alsada, buržuaz ideologiýasyny harby-larça goramak bilen ol pýesalar "sagat pikirleriň mekdebi” diýlip, atlandyrylypdyr. Şol ugurdan özlerine ýol çeken edebiýatçylar toparynyň öňe sürmelerine dramaturg F.Ponsar gönüden-göni garşy çykypdyr. Ol şeýle çykyşlary "arzuwçyllykdaky topalaňçylar” diýip, atlandyrmak bilen klassisizm tragediýalarynyň täzeden galkynmagyna ýol açypdyr. F.Ponsor "Lukresiýa” (1843), "Şarlotta Korde” (1850) tragediýalaryny, "Wyždan we pul” (1853), "Birža” (1856) komediýalarynda buržuaz maşgalalarynyň iň oňat taraplaryny, olaryň hususy eýeçiligini açyk wagyz-nesihat etmeklik öňe sürlüpdir. 1848-nji ýylyň iýun aýynda işçiler gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soň, özlerini ýeňiji hasaplan buržuaziýa öňdebaryjy fransuz dramaturgiýasynyň ösüşini uzak wagtlap togtadypdyr. Şol döwürlerde teatrlaryň repertuarlaryny "sagat pikirleriň mekdebiniň” ideýalaryna gulluk edýän buržuaziýanyň gorag dramaturgiýasynyň pýesalary bolan E.Ožýeniň "Gabriýel” (1849), "Jenap Puarýeniň giýewsi” (1854), "Utançsyzlar” (1861), "Žibuaýyň ogly” (1862), A.Dýumanyň-oglunyň "Kameliýaly gyz” (1852), "Ýarym ýagtylyk” (1855), "Pul meselesi” (1857), W.Sardunyň "Watan” (1869), "Fedora” (1882), "Madam San-Žen” (1893), "Jadygöý” (1903ý) sahna çykarylypdyr. Bu pýesalar geregiçe melodrama žanryna ýa-da hilegärlik komediýalara öwrülip, buržuaz ahlaklaryny ýokary tutmak bilen uly dramaturgiýadan, uly edebiýatdan daşlaşypdyr. Ýokarda agzan dramaturglarymyza O.Fýoýe, A.Melýaka, L.Galewi ýaly dra-maturglaram goşulyp, olaram uly dramaturgiýadan daşda bolupdyrlar. Fransuz dramaturgiýasynda adata öwrülen ýeňil wodewil žanry täzeden ösüş ýoluna düşýär. Bu ugurdan dramaturg E.Labişiň döredijiligi uly üstünlikden peýdalanypdyr. Onuň "Saman şlýapa” (1851), "Mizantrop” (1853), ("Mizantrop” ady bilen 1665-nji ýylda Molýer, 1790-njy ýylda Fabra d Eglanti hem pýesa ýazypdyr), "Jenap Perrişonyň syýahaty” (1860), "Guty” (1864) wodewilleri özüniň ýiti meşançylyga garşy satirasy bilen şöhrat gazanypdyr. Meşşançyllyga bolan has gülkünç karikatura häsiýetli "Jenap Žozef Prýudomyň beýgelmegi we darga-magy” (1852) atly komediýany dramaturg A.Monýe (G.Waezom bilen bilelikde) ýazypdyr. Bu pýesada jemgyýetde bolup geçýän ýagdaýy gülküniň üsti tomaşaça ýetirmekde, jemgyýetiň täzeçe pikirlenmegine badalga berip-dir. XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda Fransiýada syýasy we ykdysagy ýagdaýlaryň peselip imperializmiň güýjemegi, ýurdyň döredijilik intelligensiýasynyň belli bir bölegi gapma-garşylykly sosial meselelerden "arassa sungata”, mistika ýüz urupdyr. Katolikleriň belli günlerine bagyşlanyp ötünç soramak ýaly pýesalar peýda bolup ugrapdyr. Şeýle pýesalara dramaturglar Ž.Peladin, E.Dýužarden ýüzlenipdir. Dini pýesalar ýazmakda dramaturg P.Klodel has netijeli işläpdir. Onuň eserlerinde "gurban bermek”, "gaýgy-hasrata döz gelmek”, "çydamly bolmak ýaly” öwüt-nesihatlar, maslahatlar berlipdir. Beýleki katolik-dramaturglardan aýratynlykda P.Klodel adamlaryň bagtly bolmagy üçin özüňden ýüz öwürmek hereketine baş urmaklyga çagyrypdyr. Ýokary maksat ugrundaky gözlegler, howaýy, hakyky durmuşdan daşda bolup arzuwçyllygy şöhlelendirip bilmeýän käbir dramalar E.Rostanyň "Grýoza şa gyzy” (1895), "Sirano de Beržak” (1897) döredijiliginde gabat gelýär. Şeýle hem bulwar teatrlarynyň repertuarlarynda dramaturglar A.Bernsteýniň, A.Bataýyň melodramalary, dramaturg Ž.Feýdonyň güýmenje-farslary Fransuz dramaturgiýasynda uly ýeri eýeläpdir. Döredijilik wekilleriniň arasynda emele gelen gatlaklar intelgensiýany dramaturgiýa we teatr babatda ýiti göreşe alyp barypdyr. 70-80-nji ýyllar-da E.Zolýa özüniň "Teatrdaky naturalizm”, "Biziň dramaturgiýamyz” ýygyn-dylarynda dramaturgiýanyň we teatrlaryň, edebiýatyň ösüşinden, tomaşaçynyň estetiki isleginden yza galýandygyny belläpdir. E.Zolýa öz eserlerinde "naturalizmiň” garaýyşlaryny orta atmak bilen, ol ähli hakykaty diňe "naturalizmi” sahna ornaşdyrmak arkaly çözmek boljakdygyny öňe sürýär. E.Zolýanyň ylmy garaýyşlaryny tejribede döwam etdiriji dramaturglar hakyky biologizm diýmek bilen I.Teniň ylmy işini özlerine tutaryk edinipdirler. E.Zolýanyň yzyny dowam etdirijiler bolan A.Alesis, Ž.Žulýen, Ž.Anse, O.Metenýe özleriniň ähli ünsüni "ýaşaýşyň bir bölejigi” bolan patalogik ha-dysalara ugrukdyrmak bilen olary belli bir ugra jemlemän "sosial darwinizm” ideýalary hökmünde tassyklapdyrlar. E.Zolýanyň täsiri edebiýat bilen teatr sungatynyň belli bir derejede golaýlaşmagyna alyp gelipdir.Şol döwür-de E.Zolýanyň romanlary E. we Ž.Gonkurowlar tarapyndan inssenirowka edilip fransuz sahnasyna çykarylypdyr. Ýurtdaky kolonial düzgün, ýurdy dolandyrýan ýokary gatlakda dowam edýän parahorluk (korrupsiýa), biržalardaky eden-etdilik, Panama kanaly baradaky irginsiz dawalar, adamlaryň ahlak azgynlygy dramaturg E.Fabryň döredijiliginden sowa geçmändir. Onuň "Jemgyýetçilik durmuşy” (1901), "Altyn çaýylan ätiýaçlylyk” (1905), "Çekirtge” (1911), onuň bilen bir hörpden gopan dramaturg E.Briýeniň "Blanşetta” (1892), "Gyzyl geýim” (1900) pýesalary ýurdyň durmuşynda bolup geçýän ýagdaýlary hiç-hili gorkusyz suratlandyrmakdan çekinmändirler. XIX asyryň aýaklarynda Fransiýanyň ägirt dramaturg-realistleriniň biri A.Bekiň pýesalary mazmun taýdan E.Zolýanyň pýesalaryna has golaý bolupdyr. Onuň "Gargalar” (1876), "Parižli gyz” (1885) pýesalary tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylanypdyr. Ýiti tankydy dramalaryň awtory O.Mirbonyň "Gapjyk” (1900), "Iş bar iş” (1903), "Ojak” (1908) Fransiýanyň ähli künjeklerinde tomaşaçylara hödürlenipdir. O.Mirbonyň "Samsyk ruhanylar” dramasynda ilkinji gezek fransuz dramaturgiýasynda işçiler bilen kapitalistlaryň arasyndaky synpy göreşler esasynda könferensiýa guraýar. Spektaklyň baş gahrymany bolup işçileriň serdary, tejribeli rewolýusioner çykyş edýär. Fransiýanyň uly ýazyjy-realistleri dramaturgiýada teatr bilen edebiýatyň arasyna düşen boşlugy dolmak üçin belli bir derejede işler alyp barypdyrlar. XIX-XX asyrlaryň dowamynda sussypeslik (dekadentlik) dramalary realistik dramaturgiýa garşy goýmak bilen şonuň garşysyna durupdyrlar. Dramaturglar G.Floberiň "Kandidat” (1872), E.Zolýanyň "Tereza Raken” (1873), A.Dodeniň "Arlezianly gyz” (1872), "Nabob” (1880), "Jek” (1881), "Ýaşamak üçin göreş” (1889), Ž.Renariň "Çypar” (1900), A.Fransyň "Krenkebeil” (1903) pýesalary sussupeslik dramalarynyň garşysyna edilýän göreş hökmünde yglan edilipdir. Bu göreşde esasy ýeri R.Rollanyň halk teatryny döretmek ugrundaky öňe sürmeleri eýeleýär. Ýönekeý halkyň gujur-gaýratyna täsir edýän, rewolýusion kada-kanunlary durmuşa geçirmekde halk teatrlarynyň tutýan ornyny açyp görkezmek maksady bilen ol "Halk teatry” (1903) ýygyndyny çap etdiripdir. R.Rollan bu ýygyndysyndan başga "Rewolýusiýa dramalary”, "Ynam tragediýalary” pýesalar toplumynam döredipdir. Ol bu eserlerinde esasan halk hereketiniň güýçlerine, halk adatlaryna bil baglapdyr. 1-nji Jahan urşy gutarandan soň "manysyz” (bulwar) dramalary öz hereketlerini ýaýbaňlandyryp ugrapdyr. Bu ugyrdan esasan dramaturglar S.Gitriniň, T.Bernaryň pýesalary ulanylypdyr. Nesihat beriji ideologiýanyň ösmegi rewolýusion herekete garşy durup biljek "güýçli şahsyýetiň” gerekdigi dogrusynda dramaturglar A.Monterlan, P.Reýnalýa çykyş edipdirler. Şu tema bagyşlap dramaturg Ž.Romen "Hökümdar” (1926) öz pýesasyny ýazypdyr. XX asyryň 20-30 ýyllarynda tankydy nazarýeti öz içine alýan köp taraplaýyn žanrlara ýol açylýar. Özleriniň çeperçilik taýdan dürli-dürliligi bilen tapawutlanýan dramaturglar L.Wernýoý, A.Sawuar, Ž.Dewal, M.Panol, E.Bur-de, A.R.Lenorman pýesa ýazmaklaryny dowam etdiripdirler. Uruşdan soňky Fransiýada ýurtda bolup geçen durgunlylygy tankytlaýan realistik pýesalaryň awtorlary Ž.Dýumelýa şol döwürde "Pälwanlar jemgyýeti” (1920), "Boýun alyş güni” (1923), Ş.Wildrak "Tinesitiň gämisi” (1920), "Mişel Okler” (1922), Romeniň "Knok, ýa-da Lukmançylykdaky baýramçylyk” satiriki komediýasy, Truadek hakyndaky üç pýesa "Donogoo Tonka” (1919), "Truadekiň güýmenjesi” (1923), "Truadekiň öýlenişi” (1925) bu pýesalar üç bölümden ybarat bolup dürli ýyllarda ýazylypdyr, bu pýesalar fransuz dramaturgiýasyny durgunlykdan çykarmak üçin ýazylan eserler bolupdyr. Şol ýyllarda demokratyk dramaturgiýa emele gelmek bilen proletariatyň synpy göreşe garşy öňde goýan ýiti meseleleri ýaýbaňlanyp ugraýar. Dramaturglar P.Waýýana-Kutýurýe bilen L.Mussinakanyň "Kakam Iýuly” (1927), Ž.R.Blogyň "Soňky imperator” (1926), M.Gorkiniň "Ene”, Barbýusyň "Ot” romanlary esasynda inssirowka fransuz sahnasyna çykarylypdyr. Fransuz dramaturgiýasynda 1930-njy ýyllarda täze görnüşli "mesele goýýan” (problema) filosofiki ukyply ideýaly orta atýan drama peýda bolmak bilen bir görseň-ä ýaňsyly, bir görseňem gülkä garylan sussypeslik, bir görseňem golaýlaşýan betbagtçylyk dogrusynda habar beriji pýesalar ýüze çykyp ugraýar. Şeýle meseleleri bilen baglanyşykly dramaturg Ž.Žirodunyň "Zigfrid” (1928), "Ýudif” (1931), "Elektra” (1937), "Troýan urşy bolasy ýok” (1931), "Sodom we Gomorra” (1943), "Şaýoly akmak” (1945) pýesalary bolupdyr. Dramaturg A.Salakru "sýurrealist" ("sýurrealist”- realizmiň tarapdary), hakykatdan daş pýesalary ýazmakdan buržuaz gurluşyny tankyt edýän "Atlas-oteli” (1931), "Azat aýal”, "Guduz açanlar” (ikisem, 1934 ý.), "Adam-hemme zat” (1936) pýesalary, 2-nji Jahan urşy başlanda bolsa "Ýer togalakdyr” (1938) atly faşizme garşy pýesany ýazypdyr. Dramaturg Ž.Anuýa tragik güýç we şahyrana, galpyldy bilen ynsanperwerçilikli ideýaly gözläp, buržuaziýanyň hapa dünýäsinde bagta ýetip bolmajakdygyny özüniň "Gornastaý” (1932), "Ýyrtyjy” (1934), "Ýüksiz syýahat” (1936), "Sanlisede agşamlyk” (1937), "Leokadiýa” (1939), "Ewridika” (1941) atly pýesalarynda örän ussatlyk bilen suratlandyrypdyr. Dramaturg A.Kamýu 2-nji Jahan urşunyň öň ýanynda faşizme garşy "Kaligula” (1938) atly pýesasyny ýazypdyr. Ol bu pýesada ganhor Gitleri Rim imperatory ganhor Kaligulanyň keşbinde suratlandyrýar. 2-nji Jahan urşy ýyllarynda nemes-faşistik basypalyjylarynyň (1940-1944) Fransiýany eýelän wagty ýurtda "Gaýtawul bermek" hereketi emele gelýär. Muňa garamazdan dramaturg Ž.P.Sartranyň "Siňekler” (1943), Ž.Anuýanyň "Antigona” (1943) pýesalaryndaky belli-belli gahrymanlaryň ýekelikde alyp barýan edermeçiliklerine, gahrymançylyklaryna ynanmazçylyklar döräpdir. Bu dramalara garşy goýulan Ž.R.Blogyň "Tulon” (1943) eseri "Gaýtawul bermek Hereketiniň” belli-belli gahrymanlar tarapyndan dörän däl-de, şol hereketiň bütin halk tarapyndan dörän beýik hereketdigi suratlandyrylypdyr. 40-njy ýyllarda köp sanly görnükli fransuz dramaturglary öz döredijiliklerinde ekzistensializm filosofiýasyna bolan güýçli täsiri esasynda şahsyýetleriň örän çet häsiýetlerine, adamlaryň özlerini doly ýekelikde duýmazlyklaryna garşy taryhy ösüşe tarap bolan ynamy güýçlendiripdirler. Bu ugur watançylyga, ynsanperwerçilige garşy bolyp, faşistik "täze düzgüni” wasp edýänleriň garşysyna dramaturglar Ž.P.Sartranyň "Ýapyk gapylaryň aňyrsynda” (1944), A.Kamýunyň "Düşnüksizlik” (1944) atly pýesalarynda erbet garaýyşlaryna garşy çykyş edipdirler. Fransuz dramaturgiýasynda uruşdan soňam harby hereketlere bolan häsiýetly göreş dowam etdirilipdir. Bu ýerde-de dramaturgiýanyň ruhy taýdan kynlyk bilen öseginde öňden goşant goşup gelýän dramaturglaryň biri Ž.R.Sartranyň tutýan orny örän uly bolupdyr. Ž.R.Sartranyň "Jaýlanmadyk ölüm” (1946) pýesasynda "Gaýtawul beriji Hereketiň” söweşijileriniň beýikligini suratdyrypdyr. Onuň "Päkgöwünli jelep” (1946) pýesasynda amerikan imperializminiň gahar-gazaply çyrpynmasy beýan edilýär. "Sowuk urşuň” aralaşmagy bilen ýazan "Hapa eller” (1948) pýesasynda wagtlaýynça kommunizme garşy aýlowlar bilen birleşjek bolmasyny ýazgarmak baradaky syýasy täsiri eserinde ýeňip geçýär. Ž.R.Sartranyň edil öňküsi ýaly ekzistensializm filosofiýasyny berkitmek arkaly Sowet düzgünine garşy töhmetçilikli syýasatyň üstünden gülýär. Onuň "Nekrasow” pýesasynyň düýp mazmuny şeýle gülküden ybarat. "Şeýtan we Hudaý” (1951) pýesasynda katolikçilik gahar-gazaby suratlandyrypdyr. Ž.R.Sartranyň "Altonydan bolan ýesirler” (1959) atly beýleki bir pýesasynda faşizmiň synpy kökleri yzarlanylýar. Dramaturg A.Salakrunyň "Gijeligiň gahar-gazaby” (1946) pýesasynda faşizme garşy "Gaýtawul be-riji Hereketiň” alyp baran gaýduwsyzlyklary açylyp görkezilipdir. Onuň "Arhipelag Lenuar” (1947) komediýasynda ýiti satiranyň üsti bilen gahrymançylyk görkezýän watançylara garşy edilen dönüklikleriň keşpleri suratlandyrylypdyr. "Dýuran bulwary” (1960) pýesasynda işçiler hereketiniň jemgyýeti täzeden guramak çagyryşy beýan edilýär. Şol döwürde Ž.Anuýanyň döre-dijiliginde gapma-garşylykly ösüşler peýda bolýar. "Görgülije Bitos” (1956) pýesasyndaky wakalar sungaty syýasatlaşdyrmagyň, sosial rewolýusiýalaryň dar garaýyşlardygyny subut etmeklige gönükdiripdir. "Torgaý guşlar” (1953), "Bekket, ýa-da Taňrynyň hatyrasyna” (1959) pýesalary onuň iň oňat pýesalary bolmak bilen ol adamlaryň ruhy taýdan garaşsyzlygy, ahlak taýdan durgunlylygy halka gulluk etmekligiň ýokary derejesidigini subut etmekligi öňe sürýär. Ž.Anuýanyň "Kelesaňlyk, ýa-da söýgä düşen reaksioner” (1959) komediýasynda buržuaz syýasatynyň gödekliginiň,diňe özleri barada pikir ýöredýänliginiň üstünden gülýär. XX asyryň 20-40 ýyllarynda Frasuz dramaturgiýasy filosofiýa, şahyrana metafora ýykgyn edilmegi, gatnaşyklaryň giňligi, adaty dälligi, häsiýetliligi, gepleşige ukyply-lygy bilen dramaturgiýanyň taryhyna girdi. XX asyryň 50-60 ýyllarynda fransuz dramaturgiýasy dedektiw pýesalary, söýgi komediýalary, filosofiki pýesalary, käbir ýagdaýlarda öňe sürülýän wajyp meseleler we olaryň ýüzleýje çözgütleri, durnuksyz ahlak ýaly pýesalara ýüz urlupdyr. Şeýle pýesalaryň awtorlary dramaturglar M.Eme, F.Marso, Ž.Odiberti bolupdyr. XX asyryň 50-nji ýyllarynda teatrlaryň sahnalaryna üýtgeşik häsiýetli eserlerem çykarylyp başlanýar. Dramaturglar E.Ioneskonyň "Saçy düşen aýdymçy gyz” (1950), "Sapak” (1951), "Oturgyç” (1952), S.Bekketiň "Godo garaşmak” (1953), "Oýnuň soňy” (1957), "Soňky lenta” (1960), "Ajaýyp günler hakynda" (1963), "Komediýa” (1964), Ž.Wotýeniň "Kapitan Bada”, "Täze Mandragora” (ikisem 1952 ý.) pýesalarynda dünýäni manysyz duýmaklyga, akylyň heläkçilige sezawar bolmaklygyna, buržuaz jemgyýetinde adamyň ýalňyz galmagyna, adamzadyň ýok bolup gitmekligine bolan öňe sürmelerem bolupdyr. Şu akyma gulluk eden dramaturg E.Ioneskonyň "Kerk” ("Nosorog", 1959) pýesasynda özüniň öňe süren manysyz (absurd) ideýasyndan köp babatda daşlaşyp, wyždany boýunça haýwana (kerke), wagşylaşan köpçülige, dar garaýyşly, samsyga öwrülen adamlaryň arasynda öz adamkärçilik mertebesini saklap bilýän gahrymanlary öňe çykarýar. Ol gahrymanlar örän göwrümli, baý maksatly. E.Ionesko "Kerk” pýesasyndaky adatlary saklap, "Asmandaky pyýada”, "Korolyň ölümi” (ikisem, 1962), "Açlyk we suwsuzlyk” (1965) pýesalaryny mazmun taýdan belli bir dereje-de ösdürse-de, gowşak manysyzlykdan (absurdizmden çykyp bilmändir. Dramaturg A.Adamow 50-nji ýyllarda "absurdizm” akymyna düşenem bolsa, ol şeýle akymdan arasyny açyp ondan daşlaşypdyr. Onuň pýesalarynda taryhy, sosial-syýasy ýagdaýlar ýüze çykarylyp dünýäde gabat gelýän gahar-gazabyň nireden gelip çykýandygy yzarlanylýar. Onuň "Paolo Paoli” (1957) pýesasynda 1-nji Jahan urşy döwründe kapitalistik ýyrtyjylaryň garşysyna alnyp barlan göreşler satiranyň üsti bilen suratlandyrylypdyr. Dramaturg A.Adamowyň "71-nji ýylyň ýazy” (1960) pýesasy Pariž Kommunasyna bagyşlanan bolsa, "Zyňylan syýasat” (1962) pýesasy kolonizatorlaryň Günorta Amerikada alyp barýan ýyrtyjylykly işlerine bagşlanýar. Ekzistensializmden materialistik” dünýägaraýşa tarap, modernizmden hakyky realizme tarap ýol çekmek bilen käbir dramaturglar öz döredijiliklerini taryhy ösüşe gönükdiripdirler. Şeýle dramaturglaryň biri R.Merlýa özüniň "Sizifiň ölümi” (1954), "Täze Sizif” (1956) pýesalaryny gadymy mifleriň, rowaýatlaryň hasabyna gurmak bilen häzirki zaman tomaşaçysyna ýüzlenipdir. Ol pýesalarynyň üsti bilen jemgyýeti düýpgöter özgertmäge çalşypdyr. Ýurtda emele gelen ýiti syýasy ýagdaýlary çözmeklige öz eserleriniň üsti bilen hereket eden dramaturglar Ž.Arno "Marşal P...” (1958), Ž.Soriýa "Gorky” (1954), "Namysjaň gyz we bulut” (1956), "Başga ýurtly gyz” (1958), "Gapma-garşylykly hyjuw” (1964), R.Garodi "1848-nji ýylyň Prometeýi” (1960), A.Gatti "Süpüriji Ogusta Ženiň durmuşy göz öňüne getirişi” (1962), "Iki elektrik oturgyç hakynda umumy halk aýdymy” (1964), Ž.Žene "Ekranlar” (1966), P.Deboş "Uruş, gör nähili ajaýyp” (1966) pýesalary häzirki zaman Fransuz dramaturgiýasy üçin sütün bolup hyzmat edipdir. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |