00:02 Gabonyñ hoşlaşyk haty | |
GABONYÑ HOŞLAŞYK HATY
Goşgular
Gabriel Garsia Markes Kolumbiýa edebiýatynyñ iñ görnükli wekili bolmak bilen, ol dünýäniñ iñ beýik ýazyjylarynyñ biridir. Ýazyjynyñ "Ýüz ýyl ýalñyzlyk", "Patriarhyñ güýzi", "Polkownige hiç kim hat ýazmaýar", ýaly eserleri dünýä dilleriniñ köpüsine terjime edildi. Ol käte goşgy hem ýazýar. G.Markesiñ okyjylarmyza hödürlenýän bu werlibr goşgusy, onuñ ýaş nesillere wesýeti bolyp ýañlanýar. Bu goşgy hem R.Kiplingiñ "Ogluma wesýet" goşgusy ýaly dünýä meşhur şygyrlaryñ biridir. Eger-de Biribar nazaryn sowyp, görmän meniñ bu gün köne gurjaga meñzäp duran bu eleşan keşbimi, berse maña ýene bir çümmük ömür, şonda-da men bar pikirimi doly aýdyp gutarmazdym, ýöne şu mahal diýýän sözlerimden dänerdim, belki Men zatlary hemem bar görnüşleri bahasy boýunça däl-de, manysy boýunça ederdim kabul hem owalda oýlanylşy boýunça. Az uklardym, köpräk ederdim pikir, çünki her minut ukuda ýagtylygyñ laýyk altmyş pursadyn ýitirýäris biz. Özgeleriñ duran wagty ýörärdim, şokoladly doñdurmadan doýardym. Eger-de Biribar eçilse ýene bir çümmük pursady, eşiklerimi sypyryp, açardym bu giñ gursagy. Günüñ astynda men gerip golymy, görkezerdim Hudaýa ýalañaçlap kalbymy. Eý, Tañrym, ýüregim ýene azajyk tirpildese, ýigrenç sözleñ, hapa sözleriñ baryn ýazardym buz üstüne, soñ olaryñ eräp gitmegi üçin Günüñ dogaryna garaşardym men. Wan Gog bilen bile Benedettiñ goşgularnyñ suratyn ýyldyzlara çekerdim. Seratyñ aýdymlary meniñ Aýa serenadam haýyşly sözüm bolardy. Sowgat birdim bägüllere gözýaşym duýmäge tikenleñ baky yzasyn. Hem Gül ýapraklarnyñ nepis posasyn. Eý Tañrym ... bir çümmük ömür berilse ... hemmeleri söýýänimi , uly hormat goýýanymy tekrarlamak ûçin ýeke pursady öz deñimden geçirmezdim, barçalara aýdardym siz maña golaý diýip, men sizi söýýän diýip. Erkeklere aýdardym men garrylyk zerarly söýgim tamam diýp ýalñyş pikir edýändiklerin, gaýta söýmesini bes edendikleri üçin bu galp endikleri üçin garrap gidýändiklerin. Çagalara bolsa, bererdim ganat, ynandyryp uçmagy olañ öwrenmelidigin öz-özleriniñ. Gojalaryñ gulagyna guýardym ölüm diýlen närsäñ garrylykdan däl, diñe iç hümledip, unudylmakdan gelip bilýändigni. Onsañam men ähli zady öwrendim sizden... Tutuş ýagty dünýäñ adamlarynda belentde ýaşamak islegniñ baryn, ýöne bagt dyrmaşyp bilşiñe bagly depesine başy belent daglaryñ. Bir pikiri özleşdirdim: Haçan-da çagajyk öz atasynyñ barmaklaryn gysanda, nesil dowamynyñ ömürlikdigni. Göz ýetirdim, bir adamyñ beýlekä ýardam üçin belentlikden bakmagna hem onuñ - da belentlige çykmagna kömek etmek hukugynuñ bardygna. Bildim köp zatlary sizden, Bulañ maña peýdasy nä?! Indi bolsa, köşeşip, öz garyp tünegmizden gitmeli öz betbagtlygma ... Emma öwrenenlerim peýda berdi bu zatlary size aýdyp gitmegime. Gabriel GARSIA MARKES. Terjime eden Atamyrat ATABAÝEW. "Garagum" žurnaly, 2009/10. | |
|
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |