22:30 Ýalñyzlygyñ hökmürowanlygy we hökmürowan ýalñyzlyk | |
ÝALÑYZLYGYÑ HÖKMÜROWANLYGY we HÖKMÜROWAN ÝALÑYZLYK
Edebi makalalar
Geçen ýylyň güýzünde Latyn Amerikasy ýurtlarynda, Günbatar Ýewropada we ABŞ-da kolumbiýaly ýazyjy, Nobel baýragynyň eýesi Gabriel Garsia Markesin "Gamgyn oýnaşymyň ýatlamalary" atly täze romany ýaýrady. Roman "giçki Markesiñ" töwereginde gyzgyn jedelleriň döremegine sebäp boldy we ýazyjynyň şahsyýetine gyzyklanmalary has-da artdyrdy. Metbugat wekilleri Gabriel Garsia Markes bilen söhbetdes boldular. "Dyrmyşyp çürdepä çykamsoň, töweregime garadym" diyip, Markes gürrüň berýär. - Elheder, aman, eýmençlik: töwerekde hiç kim ýok! Gije-gündiziň 24 sagadynyň dowamynda hemmeleriň gözüniň alnynda bolmak öte eymendiriji. Ynha, şuňa-da hakyky ýalňyzlyk diýilýär. Ýalňyzlygyň hökmürowanlygy we hökmürowan ýalňyzlyk meniň romanlarymyň, powestlerimiň, hekaýalarymyň baş temasy. Ykbal meniň bilen ýowuz oýun oýnady: ömrümiñ ahyrynda meniň özüm ýalnyzlygyň bendisine öwrüldim". 1992-nji ýylda Markes "Göçüp-gonup ýören on iki hekaýat" atly ýygyndysyny çap etdirdi. Dört ýyldan soñ bolsa, onuñ "Talañçylyk hakyndaky habar" atly romany dunyä indi. Ondan soň ýazyjy ýene alty ýyllap "dymdy". Beýle ruhuçökgün ýagdaý Garsia Markesiň başyndan geçiren agyr keseli we ruhy müşgiliýeti bilen baglanyşyklydyr. 1989-njy ýylda iň bir şowly işleýän latynamarikaly ýazyja lukmanlar gorkunç diagnoz goýdular. Öýkeninde erbet çiş bar. Kesel belli bir derejede onuň ölemen çilimkeşligi bilen hem baglydy. Ýazyjy işleýän wagty günde üç guty çilim boşadýardy. 1992-nji ýylda ony operasiýa etdiler, keseliň ösüşi togtadyldy. Ýöne Markes henizem öňküler ýaly ýarawsyzdy, sagalyp gidibermeýärdi. 1999-njy ýylyň baharynda lukmançylyk barlaglary 72 ýaşly Garsia Markesiň erbet keseliň başga bir görnüşinden - limfimadan ejir çekýändiginiň üstüni açdy. Ol Los-Anjelesde we Mehikoda edilen iki sany agyr operasyýa we birgiden bejergä döz gelmeli boldy. • Ony telim gezek jaýladylar 2000-nji ýylyň dekabr aýynda internetde "Adamzat bilen hoşlaşyk haty" peýda boldy. Hamala ony Gabriel Garsia Markes ýazanmyş. Ol interwýularynyň birinde: "Meni cyn ýürekden söýýän we meniň çyn ýürekden eý görýän muşdaklarymyň şeýle hepbesiz zatlara Gabriel Markesiň galamymdan çykandyr öýdýändigi meni hem utandyrýar, hem gynandyrýar" diýdi. Görlüp oturylsa, şol haty Perunyň iri gazetleriniň birine Argentinanyň Perudaky ilçisi getiren eken. Ol şeýle usul bilen öz ýazyjylyk "zehinini" giň okyjylar köpçüligine ýaýmak isläpdir. Köpçülikleýin habar serişdelerem onuň ölümi baradaky galp habarlary ençeme gezek ýaýratdylar. Gazetlerdedir žurnallarda özüniň gatnaşmadyk çäresine gatnaşdy diýlip, bermedik interwýusyna berdi diýlip ýazylanyna Markes ýygy-ýygydan duşýar. Zeminiň dürli ýerlerinde öz beren leksiýalary barada, gatnaşan konferensiýalary, öz gatnaşmagynda bolan eserleriniň tanyşdyryş dabaralary, kabul edişlikler hakynda metbugatdan okap bilip galýar. Haýran galmakdan ýaňa egnini gysyp oňaýýar. Dünýä syýahat eden wagty özüniň hiç haçan bolmadyk ýerinde özi bilen tanşan ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň biri bilen söhbet eden adamlara duşýar. Anygyna ýetip, görlüp oturylsa welin, nätanys "tanyş" özüne ýa-da garyndaşyna juda meňzeş, galp ada duwlanyp ýören biri bilen söhbetdeş bolandyr. Ol öz durmuş tejribesinde duş gelen şular ýaly ýagdaýlarynyň iň bir bellilerini "Meniň ikinji "Menim" atly makalasynda ýerleşdiripdir. "Azyndan 10 ýyl bäri meniň kalbymy birahatlyk hem howasala gününe goýanok diýip, ol gürrüň berýär. – Biziň dünýämiz erbetlige tarap juda çalt özgerýär. Bu heläkleýji özgerişlik bolsa biziň her birimizde öz beýanyny tapýar. Eger ýaňy-ýaňylaram men biziň ejir baryny gören planetamyzda bolup geçýän zatlary göz öňüne getirip bilen bolsam, häzir bolup geçýän zatlary akyl eleginden geçiribem ýetişemok, olara akyl ýetiribem bilemok. Käýarym bolsa, men hiç zada düşünmeýärmikäm diýip ünjä gidýän. Belki, men gutaran arzuwçyl hem hyýalbentdirin. Ýöne herhal, ertir hem birigün dünýäniň nähili boljagyna men biperwaý garap bilemok." Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Gündogar ýarymşarda, has dogrusy, gündogar blokda bolup geçen wakalar Markese güýçli täsir etdi. Aslynda-da ol Latyn Amerikasynda uly özgerişligiñ bolmagyny isleýän adam. Hut şeýle garaýşy zerarlam ol 80-nji ýyllarda tasdanam Kolumbiýanyň türmesine düşüpdi. Nobel baýragynyň eýesi uzak wagtlap ülkesinden uzakda ýaşamaly boldy. Gabriel Markes 1987-nji ýylda Mihail Gorbaçýow bilen duşuşandan soň, ol: "Men dünýäniň öňküden has ygtybarlaşandygyny duýdum” diýipdi. • Žurnalist Gabriel Garsia Markes 90-njy ýyllarda Gabriel Garsia Markes žurnalistika bilen meşgullandy, has takygy, žurnalistika dolanyp bardy. Belli bolşy ýaly, geçen asyryň 40-njy ýyllarynyň ahyrynda we 50-nji ýyllaryň başynda ýaş Gabriel Kolumbiýanyň döwürleýin neşirlerinde habarçy bolup işläpdi. "El Espectador" gazetiniň Günbatar Ýewropadaky habarçysy bolupdy. Oňa Kolumbiýanyň in gowy žurnalisti diýýärdiler. Ýazyjylykda halkara abraýyna eýe bolansoňam ol publisistikany taşlamady. Ol özüni ilki bilen žurnalist, soňra ýazyjy hasaplaýar. Gabriel Markes tutuş ömrüne öz hususy žurnalyny açmagy höwes edip geçirdi. 1999-njy ýylda onuň bu arzuwy hasyl boldy: Kolumbiýada we Meksikada neşir edilýän "Cambio" žurnalyna eye boldy. • Fidel Kastro ýazyja jaý sowgat berdi 1998-nji ýylyň ýanwar aýynda Garsia Markes Kolumbiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin Rim papasy Ioann Pawel II-niň Kuba taryhy sapary barada ýörite reportaž taýýarlady. Garsia Markesiň ömrüniň "Kuba bölegi" - aýratyn tema. 1960-njy ýylda ol "Prensa Latina" habarlar gullugy üçin Azatlyk adasynda işläpdi. Kubada onuň jaýy bar. Ony - Markese Fidel Kastro sowgat berdi. Kolumbiýaly Nobel baýragynyň eýesi Fideliň dosty. Olar kate duşuşyp, ýürekdeş gürrüň edýärler. • Memuarlar, täze roman we döredijilik meýilleri 2002-nji ýylyň ahyrynda Garsia Markes "Ömrüň hakynda gürrüň bermek üçin ýaşamak" atly üç kitapdan ybarat memuarynyň ilkinji jildini neşir etdirdi. "579 sahypadan ybarat bu kitabyň ähli sahypasynda ýazgylar Gabriel Garsia Markesiň beyan eden sap hakykatydyr.” diýip, ýazyjy aýdýar. Aslynda welin, bu eser ýatlama garanyňda, terjimehal şekilinde beýan edilen romana meňzeýär diýip baha berýärler. Öz memuarlaryny don Gabriel jadyly realizmiň eý görülýän žanrynda ýazdy. Ol memuarynyň çykan ýyly şahsy hasraty başyndan geçirdi: onuň 97 ýaşly ejesi Luisa Santýago Marles aradan çykdy. Onuň şol wagt 11 persendi, 67 agtygy, 73 çowlugy we 5 sanam ýuwlugy bardy. 2004-nji ýylda Gabo Golliwudyň "Stone Village Pictures" kinokompaniýasyna "Mergi - gyrgynçylygy wagtyndaky - söýgi" atly romanyny ekranlaşdyrmak hukugyny satdy. Öň ol öz kitaplary boýunça film surata düşürmegi diňe latynamerikaly, ispaniýaly we italýaly režissyorlara rugsat edýärdi. Demirgazyk amerikaly režissýorlara hiç pisint etmezdi. Don Gabrieliň aýtmagyna görä, Golliwud bilen hyzmatdaşlyk etmek maddy taýdan bähbitli. Maşgalasyny - aýaly Mersedesdir ogullary Rodrigo hem Gonsalony geljekde belelinlikde ýaşatmak aladasy hem ony soňky geleşigi baglaşmaga iteripdir. 2004-nji ýylyň oktýabr aýynda "Random House Mondadori" we "Grupo Editorial Norma" neşirýatlary Garsia Markesiň "Gamgyn oýnaşymyň ýatlamalary" romanyny çap etdi. Eseriň resmi tanyşdyryş dabarasyna bir aý galanda golýazmany ogurlan "garakçylar" romany arzan bahadan satuwa çykardylar. Muňa jogap edip Gabriel romanyň finalyny düýpli üýtgetdi. Rekord derejedäki gysga möhletde eseriñ millionlap nusgasy satyn alyndy. 2000-nji ýyllaryñ ikinji ýarymynda Gabriel Garsia Markes memuarlarynyň we dört hekaýadan ybarat "Tomsuň aýagynda duşuşarys" atly ýygyndysynyň üstünde işledi. "Meniň esasy maksadym ýazmagy goýmazlyk. Öz etmeli işimi etmesem, bir günem ýaşap biljek däl. Şonuň üçinem Gudraty Güýçli maña ýüregimdäkini kagyza geçirmäge güýç-gurbat berer diýip umyt edýän. Soňky alty ýyl bäri men özümiň hemişe bir zada alňasaýandygymy duýýan. Ýaşamaga alňasaýandygymy duýýan. Memuarlarymy tizräk tamamlamaga alňasaýan. Başga-da köp-köp zatlary amala aşyrmaga alñasaýan. Ýöne şonuň bilen birlikde-de men hemişeki ýaşaýşym ýaly ýaşamaga çalyşýan. Edil öňküler ýaly, häzirem ýüregimde kän-kän isleg hem birgiden arzuw möwç uryar." | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |