16:24 Mawy itiñ gözleri / hekaýa | |
MAWY ITIÑ GÖZLERI
Hekaýalar
Gabriel Garsia Markes Kolumbiýanyň Arakamaka şäherjiginde dünýä inýär. Uniwersiteti tamamlap, "El-Espektador" paýtagt gazetiniň daşary ýurtdaky habarçysy bolup işe başlaýar. Habarçy bolup, Meksikada, şeýle hem Ýewropa ýurtlarynda Işleýär. 1955-nji ýylda onuň "Tänen yapraklar" powesti, 1958-nji ýylda "Polkownige hiç kim hat ýazmaýar” powesti çap edilýär. Gabriel Garsia Markes 1962-nji ýylda "Biwagt" atly romanyny, "Beýik Enäniň jaýlanyşy" atly hekaýalar toplumyny neşir etdirýär. 1967-nji ýylda neşir edilen "Ýalňyzlygyň ýüz ýyly" atly romany Markesi dünýä meşhur edýär. Şol romany üçin Markes 1982-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Roman dünýäniň köp dillerine terjime edilýär. 1975-nji ýylda ýazyjy "Patriarhyň güýzi" atly meşhur romanyny döredýär. * * * Ol maña içgin seredýärdi, men bolsa o gyzy öň nirede görenimi hakydama getirip bilmeýärdim. Nebit çyrasynyň durnuksyz yşygyna onuň howsalaly hem çygly nazary ýylpyldap gidende birden ýadyma düşdi - her gije şu otag, nebit çyrasy düýşüme girýär. Her gije-de gözleri howsalaly gyzy şol otagda garşylaýaryn. Hawa-hawa, hut ony her gezek düýşleriň yrga serhediniň aňyrsynda, düýş bilen huşuň araçäginden ätlänimde görýärin. Men oturgyjyň yzky aýaklarynda ýaýkanyp oturşyma çilimimi otladym. Goýy, ajy tüsse halka-halka bolup ýokaryk göterildi. Biz dymýardyk. Men - oturgyçda yranýan, ol bolsa inçejik hem ak barmaklaryny çyra çüýşäniň gyzgynyna ýyladýardy. Kölege onuň gaşlarynda çala titreýärdi. Göwnüme bir zatlar diýmeli ýaly boldum, şonuň üçinen dilime geleni aýtdym: - Mawy itiň gözleri. Ol gussa bilen jogap berdi: - Hawa. Indi biz muny hiç unutmarys. - Ol çyranyň ýagtysynyň tegeleginden çykdy-da gaýtalady: - Mawy itiñ gözleri. Men muny ähli ýere ýazyp çykdym. Ol öwrülip aýnaň öňünde duran oturgyçda oturdy. Dolan Aýa çalymdaş aýnanyň ýüzünde onuň ýűzi ýüzüniň şekili, çyranyň titreýän ýagtysynda ýitip ötägitmäge taýýar gaýtalanmasy göründi. Ol sowan külüň reňkindäki gussaly gözleri bilen maňa gamgyn garady-da soň aşak bakdy. Sadap gapyrjagyny açyp, burnuna hem maňlaýyna pudra degirdi. Ol: - Men şu otagyň başga biriniň düýşüne girmeginden hem onuň bar zady bulaşdyrmagyndan gorkýaryn - diýdi. Ol gapyrjagyny şyrkyldadyp ýapdy-da ýene çyranyň ýanyna geldi: - Sen hiç üşäňokmy? - diýip sorady. "Kä wagt üşeýän” diýip jogap berdim. Ol üşän barmaklaryny çyranyň üstünde ýazdy welin, barmaklarynyň kölegesi ýüzüne düşdi. Ol arz edýän äheňde: - Men sowuklaýmasam" diýdi-de: - Sen buz şäherinde ýaşaýaň - diýip aýdanynyň üstüni ýetirdi. Nebit çyrasynyň yşygy onuň bedenine gyzyl mis reňkini berip, ýalpyldy çaýýardy. Men: - Seniň hamyň bürünçden ýaly - diydim. Kämahal: "Sen hakyky durmuşda bolan bolsaň, bir muzeýiň burçunda goýlan bürünç heýkeljik bolardyň” diýip, göwnüme getirýän." Bu pikirime ol: - Ýok, ýöne wagtal-wagtal özümi demirden ýasalan ýaly duýýan. Çepime ýatanymda ýüregim gursagymda düňňürdäp urýar - diýip jogap berdi. - Meň hemişe seniň ýüregiň urşuny eşidesim gelýär. - Eger biz oýalykda duşuşsak, gulagyňy döşüme goýsaň ýüregimiň nähili urýandygyny eşidersiň. - Eger biz oýalykda duşuşsak... Ol ellerini çyra çüýşäň üstüne tutup: - Mawy itiň gözleri. Men bu sözleri ähli ýerde gaýtalaýaryn - diýdi. Mawy itiň gözleri. Ol şu jümläniň kömegi bilen meni hakyky durmuşdan gözleýärdi. Bu biziň biri-birimizi huşumyzda tanamak üçin parolymyzdy. Gyz köçe söküp ýörşüne hamala tötänden "Mawy itiň gözleri" diýip gaýtalaýardy. Restoranlarda ofisianta nahar buýurýarka "Mawy itiň gözleri" diýip pyşyrdaýardy, penjireleriň bug tutup derlän gözlerine barmagy bilen "Mawy itiň gözleri” diýip ýazýardy. Muňa adamlar geň galyp eginlerini gyssalar, ofisiantlar sypaýy biparhlyk bilen baş atýardylar. Bir gezek dermanhanada düýşlerindäkä meňzeş tanyş ys onuň burnuna urdy. Gyz dermanhanaçydan: - Bir ýigit meň düýşüme girýär. Ol hemişe "Mawy itiň gözleri" diýip gaýtalaýar. Siz ony tanaýan-a dälsiňiz? - diýip sorady. Dermanhanaçy jogap ýerine ýakymsyz güldi. Gyz bolsa dermanhananyň kafel düşelen poluna tiňkesini dikdi. Tanyş ys ony has-da horlaýardy. Gyz saklanyp bilmän, dyzyna çökdi-de dodaga çalynýan reňki bilen ak kafeliň ýüzüne "Mawy itiñ gözleri” diýip ýazdy. Dermanhanaçy: - Siz meniň polumy hapaladyňyz. Esgi alyň-da derrew süpüriň! - diýip galmagal etdi. Ol agşama çenli dyzanaklap ýazanlaryny süpürdi. Süpürýärkä-de gözýaşyny ýuwdup, agy gatyşykly: - Mawy itiň gözleri. Mawy itiň gözleri - diýip gaýtalaýardy. Gapyda bolsa aklyndan azaşan gyzy görmäge gelenler hahaýlaşýardylar. Gyz gürlemesini goýdy, men bolsa oturgyjyň yzky aýaklarynda yranyp otyryn. - Her gün irden seni tapmaga kömek etjek jümläni ýadyma saljak bolýaryn. Düýşümde ony berk ýadymda saklandyryn öýdýärin, emma oýanamsoň teý hakydama getirip bilemok. - Ol sözleri özüň tapdyň ahyryn. - Hawa, ol sözler seniň gözleriň kül reňkli bolany üçin kelläme geldi. Emma gündiz seniň ýüz keşbiň hem ýadyma düşenok. Gyz umutsyzlykdan barmaklaryny gysdy. - Bah, bolmanda meniň şäherimiň adyny bir bilsedik! Onuň dodaklarynyň gyrasynda ejir ýygyrtlary göründi. - Meniň seni elläp göresim gelýär - diýdim. Ol gabagyny galdyryp maňa seredende çyranyň ýalnynyň ýalpyldysy göreçlerinde towlanyp alawlaýardy. Ol: - Sen hiç beý diýmeýärdiň - diýip üşerildi. - Indi diýýän. Ol aşak bakyp, çilim sorady. - Näme üçin men öz şäherimiň adyny ýatlap bilmeýärkäm? - diýip gyz janygdy. - Men bolsa arzyly sözümizi. Ol gussaly ýylgyrdy: - Bu otag, edil sende bolşy ýaly, meň düýşüme-de girýär. Men turup çyra tarap ýönelenimden ol aramyzdaky görünmeýän çägi bir säwlik bilen geçer görkusyndan götünjekledi. Ol uzadan çilimime elini ýetirip, çyranyň üstüne egildi. Men: - Dünýäniň haýsydyr bir şäherinde diwarlaryň ýüzüne "Mawy itiň gözleri" diýip ýazylyp çykypdyr - diýdim. - Eger bu sözleri ertir irden ýadyma salyp bilsem, Ýer ýüzünden seni gözlärin. Çilimi gursagyny dolduryp içine soranda közüň reňki gyzyň ýüzüne düşdi. Gyz inçe barmaklarynyň arasynda çilimini towlady. - Hudaýa şükür, men ýylanyp başladym öýdýän - diýende ýazgy ýazýan ýelegiň yzy bilen gaýtalaýan ýaly sokdurdy. - Men... ýylanyp... - Ol barmaklaryny hereketlendirip ýüzündäki ýazgyny okadygymça göze görünmeýän kagyzy towlap ýygnaýan ýalydy: - başladym... öýdýän. Kagyz gutaryp ýere gaçdy - ýygyrt-ýygyrt, kiçijik, külüň tozanyna öwrülen. - Sen üşeseň hemişe gorkýaryn - diýdim. Biz şeýdip, ençeme ýyldan bäri görüşýäs. Kä mahal biz biri-birimizi düýşleriň labirintinde tapanymyzda daşynda kimdir biri çemçejigini ýere gaçyrýar welin, oýanýarys. Biziň dostlugymyzyň juda adaty, durmuşy zatlara baglydygyna ýuwaş-ýuwaşdan kaýyl bolýarys. Haýsydyr bir çemçejik biziň gysgajyk duşuşygymyzy kesip bilýär. Ol çyranyň aňyrsynda dik duran ýerinden maňa seredýär. Edil birinji gijedäki ýaly. Men şonda düýşümde nebit çyraly, aýnaly geň otagda kül reňk gözli gyzy ilkinji gezek görüpdim. Men - Siz kim? - diýip soradym. Ol: - Ýadyma düşenok - diýip jogap beripdi. - Ýöne biz öñem görşäýipdik öýdýän? - Mümkin. Siz şu otagda meň düýşüme giren bolmagyňyz mümkin. - Hakykatdanam şeýle. Men sizi düýşümde görüpdim. Ol ýylgyryp: - Täsin. Diýmek, biz düýşlerde duşuşýarysmy? - diýdi. Çiliminiň közüne üns bilen serdip, tüssesini içine sordy. Ol ýene meniň göwnüme misden ýasalan ýaly boldy. Yöne sowuk däl-de gyzgyn hem ýumşak misden. - Seni ellän göresim gelýär - diýip gaýtaladym. - Sen baryny biderek edersiň. Eger araçäkden geçip, çyranyň aňyrsyna aýlanaýsak, herimiz dünýäniň bir künjeginde oýanarys. - Şonda-da - diýip öz diýenimi tutdum. Emma ol aşak bakdy. - Bu duşuşyklar biziň iň soňky mümkinçiligimiz. Öňi-soňy irden hiç zat ýadyňa düşenok ahyryn. Men niýetimden dändim. Gyz bolsa elini çyranyñ üstüne tutup, arz etdi: - Duşuşyklarymyzdan soň hiç uklap bilemok. Gijäň ýary oýanýan welin, soň gözüme uky gelenok. Ýassygym ýüzümi ýakyp barýar. "Mawy itiň gözleri, mawy itiň gözleri” diýip, yzyny üzmän gaýtalaýan. Men: - Daň atyp barýar. Iň soňky gezek men sagat ikide oýandym. Ondan bäri köp wagt geçdi - diýdim. Gapyň öňüne baryp, tutawajyna elimi ýetirdim. Gyz: - Seresap bol, gapyň aňyrsynda agyr düýşler ýaşaýar - diýip duýdurdy. - Sen ony nireden bilýäň? - Men ýaňy-ýakynda o ýere bardym. Zordan yzyma dolanyp geldim. Oýansam, ýüregimiň üstüne ýatan ekenim. Niçigem bolsa, gapyny çala açdym. Ýeňiljek şemal daşardan sürlen, hasylly topragyň ysyny getirdi. Men gyza gaňrylyp seretdim-de: - Bu ýerde däliz ýok. Men sürlen meýdanyň ysyny alýan - diýdim. Gyz: - Gapyň aňyrsynda düýşünde meýdany görýän bir aýal ýatyr. Ol hemişe obada ýaşamagy arzuw edýär, ýöne teý şäherden çykyp bilenok - diýip düşündirdi. Gapynyň aňyrsynda jahan ýagtylýardy we adamlar ukudan oýanyp başladylar. - Maňa bile ertirlik edinmek üçin garaşýandyrlar - diýdim. Meýdanyň üstünden ösýän şemal pessaýlady-da ýatdy. Onuň ýerine beýlesine agdarlan aýalyň rahat dem alşy eşidildi. Şemal ýatansoň yslar hem kesildi. - Biz ertir hökman biri-birimizi tanarys - diýdim. - Men diwarlaryň ýüzüne "Mawy itiň gözleri" diýip ýazýan gyzy gözlärin - diýdim. Ol gussaly ýylgyryp, ellerini çyranyň üstüne tutdy-da: - Sen gündiz hiç zady ýadyňa salmagy başaraňok - diýdi. - Sen täsin adam düýşlerini hiç ýatlap bileňok. 1950 ý. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |