17:33 Gara leglekleriñ owazy | |
GARA LEGLEKLERIŇ OWAZY
Ertekiler
Hazar deňziniň gündogar kenarynda, türkmen taýpalarynyň agzybirlikde döwran sürýän gadym döwürlerinde, bir nazarkerde ýylkyban ýigit ýaşapdyr. Ol ýaýdan ok atmakda, gylyçlaşmakda, nyşana naýza sançmakda, at çapmakda we göreş tutmakda deň-duşlaryndan ökde bolupdyr. Sebitde jahangirler we keseki adamlar peýda boldugy, ol obalaryň gerçeklerini bir ýere jemläp, basybalyjylara garşy berk gaýtawul beripdir. Ilat edermen ýigide hormat goýup, onuň adynyň gapdalyna “batyr” lakamyny goşupdyr. “Ýigide müň dürli hünär hem azdyr” diýlişi ýaly, ýylkyban ýigit hanjak gitse-de gazma dutaryny ýanyndan aýyrmaýar ekeni. Wagt tapdygy belent alaňlaryň biriniň başynda aýbogdaşyny gurup, guşlaryň nagmasyna goşulyp saz çalýarmyş. Dutaryň owazyna diňe bir adamlar däl-de, eýsem çöldäki janly-jemende imrinýärmiş. Obanyň iň akylly, eli çeper, görmegeý gyzy bilen durmuş gurmak ýylkyban ýigidiň nesibesinde ekeni. ... Bahar paslynyň hoştap howaly günleriniň birinde ýylkyban gylýallaryny çemenzarlyga göýberipdir. Çaý-owkadyň aladasy bilen gümra bolup ýörkä gulagyna bowaz eşidilen ýaly bolupdyr. Sesiň eşidilen tarapyna garasa, ýagyş suwundan emele gelen käliň kenarynda gara leglekler degre gurap nagma kakýar eken. Parawuzlanan ýaly çalpaw kenarda guşlaryň biri çekir durmak bilen, olara baştutanlyk edýän ekeni. Guşlaryň yga tarapda göp-çalamdan edilen çopan düşelgesi bar ekeni. Çyrazy telpegini çümre geýnen ýylkyban şol ýerden leglekleriň zülmat düşünçä sadylla bolup garaşypdyr. Ol gazma dutarynyň kirişlerini mäkäm çekipdir-de leglekleriň owazynyň esasynda täsin bir mukam döredipdir. Ýakyn günlerde ýylkyban ýigidiň ýaşaýan obasynda şowhu nly toý toýlanypdyr. Bu toýa alys ülkelere barýan argyş kerweniniň bezirgenleri hem gelen ekeni. Şonda uzyn we inçe barmaklaryny kümüş perdelerde ýüwrüklik bilen oýnadyp oturan ýylkyban ýigide: - Heniz eşidiledik bu täsin mukamy özüňiz döretdiňizmi ýa-da kimdir birinden eşitdiňizmi ?-diýip, toýa gelen myhmanlaryň biri sazanda ýüzlenipdir. - Bu mukamy men gara legleklerden öwrendim—diýip, käliň boýunda gören wakasyny birin-birin gürrüň beripdir. - Şeýle diýsene, ogul - diýip, bezirgen köp manyly gürläpdir: - Ata-babalarymyz: “Atyň agnan ýerinde toý, leglek leglegiň saýran ýerinde jeň bolar” diýip, ýöne ýerden-ä aýdan däldirler. Başyňyzdan apat inmesede ýagşydyr. Myhmandan syrly gürrüňiň manysyny düşündirmegi haýyş edenlerinde: - Gara leglekleriň göç edýän öz ýoly bolýar. Olar özge ugur boýunça uçup, düşlän ýerlerinde owaz etseler, ol gazaply söweşiň çakylykçysydyr- diýip, gürrüň beripdir: - Bu türkmenlerde gadym döwürlerden bäri dowam edip gelýän yrymdyr. Saryja tomsuň epgegi döwründe sebite kesekiden gelen gelmişekler dökülipdirler. Obalaryň gerçekleri duşmany agzybirlikde we berk gaýtawul bermek bilen garşylap, olary kül-peýekun edilipdirler. Halk bu wakany şöhratlandyran halk, hepdeläp toý tutsa-da sazandalar “Gara leglekleriň owazyny” türkmen milli saz gurallarynda ýerine ýerirmändirler. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |