15:15 Garaja Burunow | |
GARAJA BURUNOW (1898-1965)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Garaja Burunow 1898-nji ýylyň 2-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Amaşa-gapan obasynda eneden bolýar we 1965-nji ýylyň 23-nji martynda Aşgabatda aradan çykýar. Ol ilki Tejendäki orta mekdebi tamamlaýar. Soňra ol ýokary bilim almak üçin 1927-1930-nji ýyllarda Sankt-Peterburgyň gündogarşynaslyk institutynyda okaýar. Döredijilik işine 1924-nji ýylda başlaýar. Şol ýyllarda onuň ilkinji degişme goşgusy «Tokmak» žurnalynda çap edilýär. Onuň birnäçe goşgularyndan başga «18 gark bolanlar» atly poemalary bardyr. Ol dramaturgiýa žanryndan güýjüni synaýar we ýurdumyzyň ýaş teatr sungaty üçin taryhy we häzirki zaman mowzugyndan sahna eserlerini ýazýar. Ol ökde terjimeçi hökmünde hem tanymaldyr. Ol dünýäniň nusgawy dramaturglarynyň eserleriniň 30-dan gowragyny türkmen diline terjime edýär. Terjimeçilik işi G.Burunowyň özi üçin hem ussatlygyň uly mekdebi bolýar. Ol B.Amanow bilen «Keýmir kör» atly dramasyny döredýär. W.S.Witkowiç bilen «Şasenem-Garyp» kinofilminiň ssenarisini döredýär. Garaja Burunow 1934-nji ýyldan 1940-njy ýyla çenli Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda edebiýat we dramaturgiýa bölüminiň başlygy bolup işleýär. Soňra Aşgabatda opera we balet teatrynyň açylmagy bilen, bu teatrda şol wezipede işleýär. Türkmen okyjylary we teatr tomaşaçylary G.Burunowyň galamynyň astyndan çykan ençeme naýbaşy terjimeleri, şol sanda dünýä edebiýatynyň görnükli wekillerinden N.Gogolyň «Derňewçi», A.Puşkiniň «Daş myhman», A.Ostrowsikiniň «Tupan», K.Treneýewiň «Lýubow Ýarowaýa», A.Korneýçugyň «Platon Kreçet», M.Gorkiniň «Soňkular», Şekspiriň «Otella» atly dramalary türkmen terjime sungatynda nusga saýylýar hem-de onuň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Garaja Burunow «Keýmir kör», «Şasenem-Garyp», «Kemine we Kazy», «Leýli-Mežnun», «Gül-Bilbil», «Ýusup-Ahmet» ýaly operalarynyň librettolarynyň, «Aldar köse» baletiniň librettosynyň awtorydyr. Ol «Üç duşman», «18 gark edilenler», «Seýdi», «Nurbatlar» atly sahna eserlerini hem ýazdy. Ýurdumyzyň metbugatyny, çeper edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Garaja Burunow 1942-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly at dakylýar. Birnäçe gezek Hökümet sylaglary, Hormat hatlary bilen sylaglanýar. «Lenin» ordeni, «Zähmet Gyzyl Baýdak», «Hormat Nyşany» ordenleri bilen sylaglanýar. Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/73. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |