GAZAGYSTANDA SAK JÖWHERLERI TAPYLDY
Gündogar Gazagystanyñ daglyk raýonlarynda ýerleşen bir gadymy gonamçylygyñ harabaçylygyndan (kurganlardan) 2.800 ýyllyk patyşalyk jöwherler tapyldy.
Arheologlar uzak Tarbagataý daglaryndaky köne guburda jemi 3.000 sany altyn we beýleki gymmatbahaly şaý-sepleri orta çykardylar.
Bu deñsiz-taýsyz taryhy tapyndylar b.e.öñki VIII asyrda Orta Aziýany dolandyran saklaryñ patyşalygyna ýa-da ýokary gatlakly wekillerine degişlidigi çak edilýär.
Olaryñ arasynda jañ şekilindäki gulakhalkalar, berçinlenen altyn tabaklar, bezegler, zynjyrlar we gymmatbahaly daşlardan ýasalan kalýe bar.
Guburdan tapylan we eşigiñ üstünden dakylýan altyn monjukly bezegler sofistiki (adaty däl) mikro kebşirlemeler bilen ýasalypdyr. Bu gymmatly tapyndylar şol döwürde jöwher önümçiliginiñ ýokary derejede ösendigini görkezýär.
Arheologlar bu göz gamaşdyryjy eserleriñ hakyky eýesi bolan jübütleriñ galyndylaryny tapmaga synanyşýarlar, ýöne häzirlikçe olaryñ mazarlary tapylanok.
Gazuw-agtaryş işlerine jogapkär professor Zaionolla Samaşew: "Bu gubur galyndysyndan tapylan köpsanly gymmatly tapyndylar sak jemgyýetinde ýokary wezipesi bolan bir erkegiñ we aýalyñ şu ýere jaýlanandygyny baradaky çaklamany döredýär" diýýär.
Gündogar Gazagystanyñ sebitleýin ýolbaşçysy Daniýal Ahmedow: "Bu tapyndylar bize halkymyzyñ taryhyna degişli täze-täze sahypalary ýazmaga mümkinçilik berýär" diýýär.
Aýratynam gadymy kowumyñ magdan önümçiliginde, söwda-satyk, jöwher önümçiliginde ösendigi Ahmedow tarapyndan ýörite nygtalyp geçildi.
Şeýle-de Ahmedow: "Biz kämil adamlaryñ we kämil tehnologiýalaryñ mirasdarlarydyrys" diýip aýdýar.
Hazynalaryñ tapylan Eleke Sazy platosynda 200-e golaý gadymy kurganlar (gubur galyndylary) bar. Gynansak-da bularyñ köpüsi taryhyñ dürli döwürlerinde talanyp gelnipdir.
Alymlar muña garamazdan gelejekde saklara degişli köpsanly gymmatly eserlerim tapyljakdygyna ynanýar.
Daş-töwereginde bol suwly, sonarly meýdanlary bolan bu owadan ýaýla sak hökümdarlarynyñ gözüne misli "jennet" bolup görünerdi.
Gazak arheology Ýerben Oralbaý: "Bu ýerde gubur galyndylary gaty kän we biz mundan garaşýan netijämizi alarys diýen umydymyz bar" diýýär.
Sak taýpasy Orta Aziýadan tä Sibire çenli ýaýylyp ýatan ümmülmez giñişlikde mekan tutan skifleriñ bir şahasydy.
19.12.2018 ý.
■ Çeşme:
http://www.genelturktarihi.net/kazakistanda-saka-mucevherleri-bulundu
Mirror. Will Stewart. 30.07.2018.
arkeofili.com
Edebiýat täzelikleri