18:00 Bakuda göktürk dilini öwredýän kurs açyldy | |
BAKUDA GÖKTÜRK DILINI ÖWREDÝÄN KURS AÇYLDY Asly türkmen halkyndan gelip çykan we türkmen, türk doganlary ýaly az sanly arassa oguz neslinden biri bolan azerbaýjan kowumdaşlarymyz göktürk-türkmen dilini öwrenmegi ýola goýdular. Doganlyk Azerbaýjanyñ paýtagty Baku şäherinde Göktürk türkmen dilini öwredýän ýörite kurs açyldy. Hormatly Prezidentimiziñ türkmen taryhyny öwrenmek üçin alyp barýan ähmiýetli çäreleriniñ çäginde ak şäherimiz Aşgabatda hem taryhy dillerimizi öwrenýän şeýle kurslaryñ açylmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Geliñ, Bakuda ýola goýulan bu asylly iş barada Göktürkçe dil kursuny açan Gökbeý Uluçyñ öz agzyndan eşideliñ: ◆ ◆ ◆ Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuda 2013-nji ýylyñ 8-nji dekabrynda göktürkçe dil kursuna başladyk. 29-njy ýanwarda ýazuwdan synag tabşyrygyny hem tamamladyk. Aslynda 2011-nji ýylyñ ýaz aýlarynda Igdirde öz obamyzda çagalara berýän bilim derejämize bil baglap, munuñ ýaly synanyşyga baş goşmak pikirimiz bardy. Muny "Türkem" dershanasynyñ adminstrasiýasyna mälim edenimizde, olar biziñ bu pikirimi makullamak bilen garşyladylar. Elnur Manafow dershananyñ ähli şertlerini biziñ üçin elýeterli etdi. Munuñ üçin Elnur bege aýratyn minnetdarlyk bildirýäris. Şeýlelikde bizem 2012-nji ýylyñ dekabr aýynda hereket etmäge başladyk. Kursuñ açylýandygy barada üç hepde dowam eden bildirişiñ soñunda on ýedi adam kursda okamak üçin ýüz tutdy. Olaryñ on dördüni ilkinji sapakda görüpdik. Kursumyz tölegsizdi we ähli çykdaýjylarymyz hem ýene dershananyñ serişdeleriniñ hasabynady. Göktürk dil kursuna başlamazdan öñ Igdirde bir aýlyk tejribämiñ dowamynda göktürk dilini çagalarda synag edip görüpdim. Haýsy harpy has çalt özleşdirip bilýändikleri we haýsysyny özleşdirmekde kynçylyk çekýändikleri boýunça ýörite ýandepderçe tutup, gelejekde bu dil babatda tejribe paýlaşylsa peýdasy deger diýen pikir bilen ýandepderçämi ýygnap goýupdym. Ýandepderçämiñ bir nusgasyny Türk Dil Guramasyna hem ugradypdym. Gynansak-da, dil guramasyndan hiç hili jogap bolmady. Kurs baradaky bildirişlerde okuwyñ 7-nji ýanwarda başlanjakdygy ýazylsa-da, kursa gatnaşyjylaryñ öý şertlerine laýyklap okuw režimini düzdük we kursy 8-nji ýanwarda başladyk. Igdirdäki edinen tejribelerimi haçanam bolsa bir mugallym ulanar diýip aýap goýan depderiminde eden belliklerimi ulanmaga girişdim. Haçanda men göktürkmençäni öwrenmek üçin uçganaklaýan gözleri görenimde, edýän işime hasam höwesli ýapyşdym. Netijede eýýäm 2-nji dersiñ ahyrynda kursa gatnaşyjylar harp belgileriñ (tamgalaryñ) barsyny bilýärdiler, öz atlaryny we häzirki dilden birnäçe sözi tamgalar bilen ýazyp bilýärdiler. Ikinji dersimizden soñra "Türküstan" gazetinde bildirişimiz berildi. Dersden pursatlary surata düşürip metbugatyñ üstünden halka özümizi tanatdyk. Ilki başlarda bildirişimiz berilende biziñ muny meýletinlik bilen özbaşymyza edýändigimiz üçin bu işimizi amala aşyryp bolmajak iş hasaplaýardylar. Şeýle-de bolsa, biziñ sabyrlylyk bilen çeken zähmetimiziñ miwesini görenleriñ kem-kemden pikirleri üýtgedi. Dersleriñ set arkaly ýaýradylmagy barada meseläni gozgan dostlarymyz bolanam bolsa, häzirlikçe muny makul hasaplamadym. Sebäbi öñ bu boýunça tejribäm ýokdy. Ilki başda öz tejribe usulym baram bolsa, indi onuñ çygryndan çykdym. Igdirde ýöreden gündeligim tamgalaryñ öwrenilmegi boýunça toplan tejribämdi. Bu usul bilen gysga wagtyñ dowamynda tamgalary öwredip bolanymdan soñraky etap üçin näme etmelidigini bilemokdym. Ynha, hut şonuñ üçin wideo diskler arkaly ders geçmek baradaky teklibi sowuk garşyladym. Her niçigem bolsa, bu usuly hem synap görmek kellämde bardy. Has soñky okuw sapaklarynda açyljak bölümler üçin muny göz öñünde tutýardym. Bu pikir bilen birnäçe maglumat hem taýýarlapdym. Kursa gatnaýjylar tiz wagtyñ dowamynda uzyn-uzyn tekstleri ýazyp başladylar. Men tekstleri olara öýlerinde ýazyp getirmeklerini isleýärdim. Okuw sapagynda bolsa Orhon ýazgylary boýunça durup geçýärdim, añsat düşünip bolaýjak tekstleri taýýarlaýardyk. Soñky derslerde "Irk Bitig" boýunça has giñişleýin durup geçdik. Çünkü ondaky dil has ýeñil we añsat okalýardy. Şeýle hem bu derslerde edinen iñ gowy tejribämden biri "Irk Bitigden" öwredenlerimdir. Emma ýene-de “Oguz begleri! Duýuñ we eşidiñ: ýokarda mawy asman çökmese, aşakda gara ýer ýarylmasa seniñ ulusyñy we töräñi kim bozup biler?" diýen ýaly öñden tanyş jümleleri hem ulanmagy ýatdan çykarmadym. Köplenç şu sowaly berýärdiler: “Näme üçin Göktürkçe öwredýärsiñ?” Ahyrsoñunda 29-njy ýanwarda ýazuwdan synag geçirdim. Synagda bäş sany sowal taýýarlapdym. Kursa gatnaşyjylar "Irk Bitigiñ" 11-njy irkini kynçylyk çekmezden okadylar. Beýleki dört sowal ýazuw düzgünlerinden, galan ikisi-de harp belgileriñ (tamgalaryñ) garşylyklaýyn terjimesidi. Synagyñ jogap kagyzlaryny özümde alyp galdym. Synagdan soñra ýadygärlik üçin surata-da düşdük. Surata düşenimizde kursa gatnaşylaryñ ählisiniñ bolmagyny tüýs ýüregimizden islesek-de, synag tabşyran badyna iş-aladalary bilen derrew giden birnäçe doganlarymyzyñ bardygy üçin birnäçämiz suratda ýokdur. Bu gün ýene-de on bir adam göktürk dilini bilýär. Olar häzir gadymy golýazmalary suw ýaly okap bilýärler. Hatda olar häzirki dilimizi hem göktürkmen elipbiýinde arkaýyn ýazýarlar. Özem bütin bu aýdanlarymyzy bary-ýogy 21 günüñ dowamynda amala aşyrandygymyz üçin bu barada buýsanç bilen ýazmaga hukugym bar bolsa gerek. Gelejekde dil boýunça täze ugurlary açmagyñ üstünde hem işleýäris. Has asylly başlangyçlary durmuşa geçirmek isleýäris. Olary amala aşyrmazdan öñünden aýan etmek islämok. Nesip bolsa, ol asylly maksatlarymyzy durmuşa geçirenden soñra hemmäñize aýan ederin. #yenidenergenekon.com | |
|
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |