GADYMY TÜRKMEN TARYHYNA DEGIŞLI TÄZE TAPYNDY
Mongoliýanyñ paýtagty Ulan-Batorda birnäçe wagtlap arheologik işleri geçiren ýapon professory Göktürklere degişli häzirki wagta çenli tapylan iñ uly daş ýazgynyñ üstünden bardy. Ulan-Bator şäherine 400 km uzaklykdaky bir ýerde gazuw-agtaryş işlerini alyp baran ýapon professory iññän uly taryhy açyşyñ awtory bolmaklygy başardy. Osaka uniwersitetinde gadymy türk taryhy boýunça hünärmen bolup işlän professor Takaşi Osawa göktürklere degişli her biriniñ ini 4 metr we uzynlygy 3 metr bolan iki daş ýazgyny ylmy jemgyýetçiligiñ dykgatyna hödürledi.
Jemi 20 setirden we 2832 sütunden ybarat görnüşde gadymy türkmen obrazlary janlandyrylan daş ýazgylaryñ syry çözüldi. Ýazgylaryñ “Ah, öýüm!”, “Ah, topragym!” diýen ýaly aradan çykan adamlaryñ maşgalasyndan we öýünden jyda düşýän pursatlaryny beýan edýändigi mälim boldy. Daş ýazgylaryñ Orta Aziýada 682-744-nji ýyllarda höküm süren Göktürk türkmen döwletiniñ döwlet sistemasyny we düzgün-tertibini öwrenmek üçin juda gymmatly taryhy tapyndydygy aýdylýar. Mundan 120 ýyl öñ Mongoliýada Göktürklere degişli Orhon ýazgylary tapylypdy. Öñki ýazgylar Göktürk türkmen hökümdarlary Bilge Kagana we Kül Tegine degişlidi.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Edebiýat täzelikleri