00:57 Gazan astynda galan yz | |
GAZAN ASTYNDA GALAN YZ
1976-njy ýyl bolsa gerek. Men şol wagtlar 13 ýaşlarymdadym. Dädem meni irden oýaryp, goňşymyz Gurban aga bilen daga sygyr kowmaga gitmelidigimi aýtdy. Men howul-hara geýnip, bir döwüm çöregi goltugyma salyp, daşaryk çykdym. Gurban aga eýýäm 7-8 sygry öňüne salyp, häzirlenip duran eken. Ol: «Aşyrjan, basymrak gideli, Gün gyzmanka, daga barmaly» diýdi. Biziň barmaly ýerimiz Bereket etrabynyň Isgender obasynyň ilersindäki Edet dagynyň etegindäki «Jigirdekli» diýen ýerdi. Ol ýerde çeşme bardy. Sygyrlary şol çeşmeden suwa ýakyp öwrenişdirseň, soň olar oba gaýdyp barmaýardylar. Biz birnäçe sagat ýol ýöräp, çeşmä baryp ýetdik. Sygyrlar suwlanar ýaly çeşmäni arassaladyk, suw ýygnanar ýaly oýtak etdik. Gurban aga işläp ýadan bolara çemeli. Ol eşeginiň üstündäki horjunyndan tüňçäni çykaryp, çeşmäniň suwundan dolduryp, oda goýdy. Tüňçe gaýnady. Biz iki bolup garbak-gurbak etdik, gök çaý içdik. Gurban aga 2-3 käse çaý içenden soň, derjigip, ýaşlygyny ýatlap, gürrüňe başlady. — Men bu daglarda ýaşlygymy geçirdim. Biz üç erkek, üç aýal dogandyk. Dädem Gulgeldi bize goýun bakmagyň, aw awlamagyň syrlaryny öwretdi. Agalarym Soýtar (azan ady Gurbandurdy), Öwezdurdy gapan gurup, aw ederdiler. Ýöne bu durmuş uzak dowam etmedi. Agalarymyň ikisem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gitdiler — diýende, sesi sandyrap çykdy. Ol özüniň egbarlanyny maňa bildirmejek bolup, ýaglygy bilen ýüzüniň derini süpüren boldy. — Dädem pahyr urşa giden ogullaryny ýatlap, wagtal-wagtal daga giderdi. Bir gün meni hem öz ýany bilen daga alyp gaýtdy. Ol Edet dagynyň güneýinde bir gaýanyň eteginde düňderilgi ýatan gazanyň başyna bardy-da, dyzyny epip oturdy. Men onuň yzyndan seredip durdum. Onuň iki egni silkelenip-silkelenip gidýärdi. Näler bilesim gelse-de, şol wagt men dädeme sorag berip bilmedim.Soň bir gün şol gazanly gürrüňe gaýdyp gelenimde, dädem pahyr gönüledi: şol gazanyň aşagynda urşa giden Soýtar oglunyň aýak yzynyň bardygyny aýtdy. Soýtar urşa gitmeziniň öň ýanlarynda awa gidipdir. Şol gün güýçli ýagyş ýagypdyr. Şonda Soýtar gapan gurup ýörkä, aýakýalaňaç gezipdir. Dädem pahyr onuň aw edýän, gapan gurýan ýerlerine belet eken. Soňra bir gün dädem Soýtaryň aýak yzyny görüp, ýitip gitmez ýaly, öýden bir gazan getirip, ony yzyň üstüne düňderip goýupdyr. Dädem pahyr tä dünýesini täzeleýänçä, şol aýak yzyna zyýarat etdi ýördi — diýip, Gurban aga esli wagt gepläp bilmän oturdy. Bu gürrüňden 15-20 ýyl töweregi wagt geçenden soň, men Gurban agadan şol ýeri görkezmegini haýyş etdim. Ol ylalaşdy. Biz iki bolup şol ýere gitdik. Ýöne biz şol aşagy aýak yzly gazany görüp bilmedik. Birwagtlarda Gulgeldi ýaşulynyň ýaraly ýüregini rahatlandyryp gaýdýan şol asty aýak yzly gazany ýagyş-ýagmyryň, Ýer yranmasynyň täsiri bilen toprak astynda galypdyr. Biz şol ýerde oturyp, Gurban aganyň urşa gidip yzyna dolanmadyk iki doganynyň ruhuna doga-dilegler etdik. Nägehan urşuň kalplara salan ýarasyna bitme barmy näme?! Aşyrgeldi HALABOW, Bereket etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy. "Balkan" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |