20:03 Gaznaly türkmen döwletiniň taryhy: Döwletiň gurulmagy | |
DÖWLETIÑ GURULMAGY
Taryhy makalalar
Orta asyrlarda, ýagny XI asyryň ilkinji ýarymynda musulman-türkmen döwletleriniň biri bolan Gaznalylar döwlet döredýän wagtlary Samaniler (819-1005) bilen bile bir ykbal-täleýi başdan geçirýärdiler. Gaznalylar hem Samanlylar döwletiniň içinden çykypdy. Döwlete Gazna şäheriniň ady dakylypdyr, bu şäher Samaniler döwletiniň içinde dälem bolsa soňunda bu ýere jemlenenlere miras bolup galypdy. Gazna şäheri häzir Owganystanyň çäginde ýerleşip, onuň paýtagty Kabulyň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Deňiz derejesinden 2220 metr beýikligindäki şäherdir. Aýratynam Hindistana giden ýeke-täk ýoluň ugrunda ýerleşendigi üçin strategik tarapdan esasy möhümi uludyr. Bu şähere häkimlik eden Gaznalylar taryhyna ýol açan Hindi toplulygynda yslamyň fundamentini atmak ýaly uly işler bu dinastiýanyň paýyna düşendir. Bu döwlete ''Söbüktekinliler'' hem diýilýärdi, soltan Mahmyt Gaznalynyň unwany bolan ''Ýemineddewle'' bolandygy sebäplem ''Ýeminiler'' ady bilen tanalýardy. X asyrda Mawerannahr we Horasan, merkezi Buhara bolan Samaniler döwleti tarapyndan hoküm ýöredilýärdi. Bu döwletiň emirleri öz kowum-hyşdyny Sasany gahrymany Bähram Çubine çenli eltip Sogd asylly dinastiýadan bolan, ony guran Saman - Huda atly Balhdan ýer alan kişä ýetirýärler. Türkmenler Arap çozuşlary wagtynda esasanam Horasan we Mawerannahrda ýerleşipdiler we Araplar geleninden soňra bu topraklarda ýaşamaklaryny dowam etdirdiler. Aýratynam Türkmenler Abbasy halyfy döwründen (749-1258 ý.ý) başlap, bu döwletde ýerleşişleri ýaly, beýleki döwletleriňem goşunynda we edara dolandyryşlarynda hem ýer alýardylar. Gaznalylar gurluş döwürlerinden başlap Samanitleriň höküm süren etraplarynda Türkmen şäherleri we gür ilatlary bardy. 819-njy ýylda Samarkant häkimi hökmünde bellenen Nuh bin Esediň ýerlerinde Türkmen şäherleri bardy. Samanitlerden Ýahýanyň paýyna düşen Şaş şäheriniň halky bolsa, Oguzlara we Halaçlara degişli bolan musulman türkmenlerdi. Tebigaty boýunça Samanitler hem beýleki döwletler ýaly Türkmenleri goşun gullugyna alýardylar, olara her dürli harby wezipeler we döwlet gullugy üçin orun berýärdiler. Şular ýaly görnüşde wezipä ýeten Taş, Bekdüzün, Faik-ul Hassa, Horasanyň häkimliginde bolan Kuhystany elinde saklan Simjuriler ýaly Türkmen serkerdeler we maşgalalar ýuwaş-ýuwaşdan beýik derejelere ýetip Samani döwletiniň ykbalyna häkim bolupdylar... Gaznany eýelän serkerdeler Alptekin, Abu Yshak Ybraýym, Bilgetekin, Böritekin dagylar Gazna şäherine häkim bolýarlar. Soňra Abu Bekr Lewk atly biri Kabul şalaryndan kömek alyp Gazna şäherine çozýar. Döwleti dolandyrmakda gowşak hereket eden Böritekinden soňra Gaznany dolandyrmakda Söbüktekine ynanylýar. Ol Abu Bekr Lewk Gazna çozan wagtlary Hindiguş daglaryndaky Perwandady. Ol özüniň bäş ýüz gulamlary bilen Abu Bekr Lewkiň goşunlaryny derbi-dagyn edýär. Şondan soňam ol Gaznanyň hökümdarlygyna geçýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |