18:15 Gaznaly türkmen döwletiniň taryhy: Alp Tekiniň Gaznany eýelemegi | |
GAZNALY TÜRKMEN DÖWLETINIŇ TARYHY:
Taryhy makalalar
ALP TEKINIŇ GAZNANY EÝELEMEGI Türkmen serkerdeleriniň arasynda geljekdäki Gazna döwletini esaslandyrjak kişi Alptekindi. Ol takmynan 880-nji ýyllarda dogulýar. Ol Samany emiri Ahmet bin Ysmaýylyň (907-914 ý.ý.) gullugyna (gulam) alynýar we syrkaw esgerleriň arasynda bellenýär. Alptekin öz gullugynda ynamdar, wepaly, sadyk, hemişe taýyn, emrindäki esgerlere hoşamaý bolan, nahary-duzy bol, Allaha gorkusy bolan adamdy. Ol Samanitleriň diýen häsiýetlerini özünde jemlän serkerdedi. Şol sebäpden Emir Nasyr bin Ahmet Alptekini (914-943 ý.ý.) azat eýleýär. Samanitleriň başyna geçen Nuh bin Nasyr (943-954 ý.ý.) Alptekine käbir goşun birlikleriniň serkerdeligini ynanýar. Şondan soňam Alptekiniň döwletdäki derejeleri beýgelip Hajyb-ul-hujjablyga (köşgüň edara işler başlyklygy) ýetýär. Nuhuň ölüminden soňra onuň ogly Samany emiri, ýaş Abdylmälik (954-961 ý.ý.) gelýär. Onuň döwründe Alptekiniň Samanitleriň syýasatyna aktiw gatnaşyp başlaýar. Bir tarapdan Horasan sypahsalary (Horasanyň goşun serkerdeligi) Ebu Said Bekr bin Mäligiň garamagyndakylara öteräk çemeleşeni üçin olaryň ätiýäçlaryny kanagatlandyrmaýar. Şu sebäpdenem kineliler Bekr bin Mälikden gaty görüp Buhara bardylar we Emir Abdylmälige bu ýagdaýy aýdyp berdiler. Bekr bin Mälik 956-njy ýylyň dekabrynda Buhara çagyryldy we şol ýerde-de öldürildi. Onuň öldürilmeginde Alptekiniň uly roly bar. Horasan sypahsalarlygyna hem Abu Mansur Muhammet bin Abdyrrazak taýyn edilýär. Bu wakadan soňra Emir Abdylmälige diýenini etdirýän Alptekin, şol wagtlar weziri Abu Mansur Ýusup bin Yshagyň döwlet işlerini öz haýryna erbetlige ulanýandygyny aýdýar. Emir Abdylmälik weziri jezalandyrdy we onuň ýerine Abu Muhammet el-Belamini belledi. Belamini yslam taryhçysy we mufessiri Tabarynyň (839-923) meşhur taryhy eseri ''Tarih el umem wel Mülüki'' parsça terjime eden adamdyr. Bu terjime täze parsçanyň bilinen iň gadymky taryhy eseridir. Bu sebäpdenem Belami taryhçylykda-da meşhurlyk gazanan şahsyýetdir. Ýöne ol wezirlige geçeninden soň Emir Abdylmäligiň Alptekine bolan garaýşynyň üýtgeýändigini bilmek kyn däl. Alptekin muny syzýardy we Emiriň mejlisine gelmegini seýrekledýär. Abdylmälik bolsa ony paýtagt merkezden daşlaşdyrmak maksady bilen Balh welaýatynyň amilligine (salgyt ýygnaýan başlyk) belleýär. Alptekin Hajyb-ul-hujjablyga aýrylyp, wezipesiniň pese düşmeginden nägile bolup amillil wezipesinden ýüz öwürýär. Emir Abdylmälik ony Döwletiň beýik derejeli goşunbaşydygy bolan Horasan sypahsalarlygyna bellemäge mejbur bolýar. Ýöne Alptekiniň ýerine hajyp bolan, onuň guly bolup (Gulam) bellenýär. Şeýlelikde onuň bir gulagy saraýdady. Alptekin 961-nji ýylyň 10-njy fewralynda Nişapura gelip täze wezipesine girişip başlady. Munuň bilen birlikde Alptekin wezir Belami bilen döwleti işlerini bilelikde ýöretmek üçin bilelikde hereket edýärdiler. Belami hem wezirlige Alptekiniň kömegi bilen bellenilendigini nazara alsak olar düşünşen bolmalylar. Şondan soňra 961-nji ýylyň noýabrynda Emir Abdylmälik atdan ýykylyp dünýeden ötýär. Wezir Belami pursaty elden bermän Alptekine hat ýazyp bu wakadan habardar etdi. Samani tagtyna kimiň saýlanmalydygyny ondan sorady. Alptekin Abdylmäligiň ogullarynyň birini tagta geçirilmegini maslahat berýär. Belami Abdylmäligiň ogly Nasyry tagta çykarsa-da ol bir günlik tagtda oturdy. Şol wagtlar Samany köşgünde Alptekiniň häkimýetinden we her bir işde başarjaňlyk görkezen syýasatyndan özbaşdak hereket edýän topar peýda boldy. Şeýdip Samany hanedanlygyna degişli kişiler we goşun Mansur bin Nuha wepaly boljakdyklaryna ýemin etdiler we tagta geçirdiler. Alptekin bolsa özüniň dalaşgärini zorluk bilen tagta çykarmagy ýüregine düwdi. Şu maksat bilen Abu Mansur Muhammet bin Abdurrezaga ilçi ýollap ony öz ýerine belläp, birleşik soýuzyny baglaşmak hakda hat ýazdy. Ýöne aralykdaky şum pisatçylar Mansur bin Nuha gep berip: ''Alptekini öldürmeseň, patyşalykda permanyň ýöremez: elli ýyldan bäri ol Horasana patyşalyk edýär, baýlyk we hazyna toplaýar; esgerlerem onuň sözünden çykanok. Ony tussag etseň, seniň hazynalaryňam köpeler, asudalyga gowşarsyň'' diýdiler. Bu gepler Emir Mansur bin Nuhuň herekete geçmegine sebäp boldy. Ýöne Alptekiniň ilçisi Abu Mansur bin Abdyrryzagyň ýanyndaka Samany paýtagty Buharadan gelen hat Alptekiniň işden boşadyljakdygyny, ýerine-de Abu Mansuryň bellenendigi ýazylgydy. Bu hatda Abu Mansura Alptekini Jeýhun derýasyndan geçmezligi we söweşe taýýarlyk görmelidigi ýazylandy. Alptekin 961-nji ýylyň dekabrynda Nyşapurdan aýrylyp Buhara tarap hereket etdi. Abu Mansur bin Abdurrezak Alptekiniň yzyndan goşun ugratdy. Alptekin Buharadaky goşuny taýýarlyksyz ýagdaýda tozguna ugratmak üçin çaltlyk bilen herekete geçipdi. Ol Jeýhunyň kenaryna baryp ýetende onuň emrindäki käbir subaýlara Alptekiniň häkimýeti zorluk-hile bilen basyp aljak bolýandygy hakynda ýazylan hatlar geldi. Alptekin mundan habarly bolýar we goşunyna-da özünede duýdansyz çozuş ediler öýtdi. Bu sebäpdenem Buhara tarap hereket etmän öz has ynamdar gulamlary bilen Balha tarap çekilip bu şäheri aldy. Alptekin öz emrindäkilere: ''...Eger-de şu günden şeýläk galan ömrüm bar bolsa, muny hoş geçirip, gylyjymy musulmanlara däl-de, kapyrlara tarap uzadaýyn. Ahyrýet sogabyny gazanaýyn... Men Hindistana gidip jyhat etjek, eger öläýsem şehit bolaryn, eger Yslamy beýgeldip bilsem, jenneti we jelil bolan Taňrynyň hoşnutlygyny gazanaryn'' diýdi. Ol Balha baranda etrapdaky ülkelere gazylyk ýolunda bolanlar jemlensinler'' diýip habar ýollady. Bir-iki aýdan soňra Hindistana tarap ýola çykmagy ýüregine düwdi. Ýöne Alptekine garşy çykanlar Samany emiri Mansura ony tussag etmek üçin goşun ugratdyrdylar. Emir Mansur Eşas bin Muhammediň ýolbaşçylygyndaky on alty müň adamlyk goşun ýollady. Alptekin bu ýagdaýdan habardar bolup herekete geçdi. Balh we Hulmuň arasyndaky Hulm geçelgesinde ýerleşdi. Onuň goşunynda iki müň iki ýüz Türkmen gulamy we gazylyk üçin ýola çykan sekiz ýüz atlysy bardy. 962-nji ýylyň aprelinde Samany goşuny bilen Alptekiniň goşunynyň arasyndaky bolan söweşde Hulm geçelgesini saklan Alptekin ýeňiş gazandy. Soňra Hindistana ýöriş etmek üçin amatly şäher bolan Gaznany saýlap aldy we şähere geldi. Belkäm Alptekin bu hereketi bilen Samanly döwletiniň günorta hudutlarynda hakykat ýüzünde garaşsyz, ýöne görnüşine görä Samanly döwletine tabyn Türkmen gulamy hökmünde özüni tanadan bolsa gerek. Gepiň tümmek ýeri Türkmen serkerdelerinden Garatekin dünýeden ötýänçä 933-nji ýyla çenli Büst we Ruhlaj etraplarynda şolar ýaly wakalar bolupdyr we ölüminden soňra gullaryndan bir topar Büstde orunbasar hökmünde onuň ýerine geçipdiler. Soňra Alptekin ýanyndaky kiçiräk kuwwatly birlikleri bilen ýörüşine dowam etdirdi. Ýörüşleriniň biride Bamiýan häkimi Şir Bariki we Kabulyň Hindişasy hökümdarlygyny boýun egdirip Gazna geldi. Alptekin bu ýerleriň häkimi Abu Lewki (Lewik ýa-da Enük) şäheriň galasynda dört aýlyk gabawyndan soňra 963-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda basyp alyp Gaznany eýeledi. Meşhur Seljukly weziri Nyzamylmülküň ýazan ''Syýasatnamasyndan'' salgylanmagymyza görä Alptekin Gaznany halka adalatly çemeleşip ele geçiripdi. Şol wagtlar dellallar bilen esgerlere: ''Halkdan bir zat aljak bolsalar pul bilen satyn alynmaklygy, bolmasyz garşy hereket edenleriňem asyljagyny'' yglan edýär. ''Günleriň bir güni bir torba saman bilen bir towukly gelýän öz gulamlarynyň birine Alptekiniň gözi düşýär we ýasawullaryna şol gulamy gaşyna getirdýär. Ol gulamy getirenlerinde, Alptekin: ''Towuk bilen saman torbany nireden aldyň? diýýär. Gulam: ''Obaly adamdan aldym'' diýdi. Alptekin oňa Her aý ýigrimi denar, otuz dinaryny iýip-içgi hökmünde 50 dinar alýaň. Näme üçin puluň bilen satyn alaňok? - diýdi we şol wagtyň özünde gulamyň asylmagyny buýruk berdi. Şol ýerde ýoluň gyrasynda gulamy samanly torbasy bilen bilelikde asdylar, towugam boýnuna bagladylar. Soňra Alptekin şeýle emr berdi: ''Bir kişiden haksyz ýere zat alanyň jezasy şeýle bolar''. Alptekin şäherlilere zulum edilmegine rugsat bermezdi. Gazna halky onuň bu adalatyna göz ýetirensoňlar: ''Isle türkmen, isle täjik bolsun, bize tapawudy ýok, ýöne bize adalatly we ynsaby bolan, Alptekin ýaly şeýle patyşa bize gerek diýdiler. Şo wagtam şäheriň gapysyny oňa açdylar. Alptekin bu şäherde öz häkimýetini yglan edişi ýaly Gaznalylar döwletiniňem tohumyny ekdi. Gazna häkimi Abu Bekr Lewkiň hindi bolmagy ähtimal. Ýöne bu adyň türkiçe ''Enük'' - ''haýwan çagasy, arslan, aşyrylan, it çagasy'' manyda okalýar we onuň türkmendigi hakynda ähtimallygam ýok däl. Abu Bekr Lewk Gaznany elden giderenden soňra Kabul şalarynyň ýanyna gaçyp bardy. Gaznanyň ýerleşen ýerindäki Owganystanyň günorta etraplarynda Türkmenleriň barlygy yslamyň ilkinji ýyllaryndanam öň bar bolmagy mümkindir. Uly ähtimallykda Türkmendikeri kabul edilen Kuşanlar we ondan soňra Eftalitler (Akhunlar) bu ýerlerde häkimlik edipdirler. Kuşanlar b.e.önki I asyryň ortalaryndan başlap Owganystana häkimlik etmek ugrunda alyp baran söweşleri miladynyň 40-njy ýylynda gazanypdyrlar. Kuşan döwleti topraklaryny Hindistana çenli giňeltdi. Olaryň Owganystandaky üstünligi Akhunlar tarapyndan tamamlanypdy (V asyryň soňlary)... Yslamyýetiň ýaýylyp başlan döwürlerinde demirgazyk Toharystandaky we Badahşanyň günortasyndaky Büste çenli bolan topraklarda türkmenleriň gonar-göçer ýaşaýyş durmuşlaryny dowam etdiren Halaç türkmenleri Eftalitleriň agtyklary hökmünde Jeýhunyň günortasyndan gelip soňam gündogar Owganystanyň şol ýerlerinde galan türki toplulygydyr. Yslam goşunlary Eýran we demirgazyk Hindistana aralaşanlarynda Emewiler döwründen (661-750 ý.ý.) başlap Türkmenler bilen garşylaşypdylar. Emewilerden Merwiň halyflygy döwründe (684-685), Sistan häkimligine bellenilen Abdylaziz bin Abdylla Bust we Kabulyň ýerli hökümdaryna garşy söweşde (684), onuň goşunynda türkmenlere gabat gelipdi. Araplar gelen wagtlary Owganystanyň günbatarynda Hamün kölüniň ýakynynda we Buljustan hududynda käbir türkmen taýpalary ýaşaýardy. Takmynan 850-nji ýyla çenli Kabilda Türkmen bolan Kabul şalary dinastiýasy IX asyryň başlarynda Horasan häkimi Abdylla bin Tahyra ýyllyk salgydyna derek Oguz esgerlerinden iki müň sanysyny ugradypdy. Abbasy halyfy Mansuryň döwründe (754-775) Zabulystan häkimi Zunbil Sistanyň musulman häkimine ýyllyk salgydyna düýeler, Türkmen ak, gara öýlerini we gullaryny ugradypdy. Şu aýdylanlardan göz öňüne getireniňde Gaznalylar döwründen öňem Owganystanda Türkmenler bardy we Gaznalylar döwleti şolara daýanypdylar. Halaçly türkmenler has soňralar Gaznaly goşunynda uly kuwwat hökmünde ýörüşlerde şöhrat-şan getiripdiler. Alptekin Gaznany eýeläninden soňra Samany emiri Mansur bin Nuh, Abu Japaryň serkerdeligindäki 25.000 adamlyk goşuny oňa garşy ýörüşe çykardy. Alptekin bu Samanly goşunyny Gaznanyň öňlerinde ýeňdi. Abu Japar yza çekildi. Emir Mansur soňra Alptekin bilen arany sazlamak üçin basyp alan ýerleriniň häkimýetini oňa beren hökmünde permannama ugratdy. Soň Alptekin Bust we Kabulşalaryň ülkesiniň bir bölegini basyp aldy we ýene-de Hindistana tarap ýörişlerine başlady. Onuň başarnyklygy we Hindistana tarap eden ýörişleri tutup Horasana we Mawerannahra eşidilmegi bilen bu etraplardan adamlar gelip Alptekiniň daşyna üýşdiler we onuň emrindäki esgerleriň sany barka artdy. Ilki 6000-e, soňra Hindistana ýöriş edeninden soň 11 000-e atly we 5000-e golaý gury goşun birlige ýetdi. Ýöne Alptekin öz hökümdarlygynda uzak wagtlap oturmady. Ol 963-nji ýylyň 13-nji Sentýabrynda dünýeden ötdi. Erdogan MERÇIL Terjime eden: Çarymuhammet SUGTYÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |