08:36 Geçmiş bilen magtanmagyñ gözgynylygy! | |
GEÇMIŞ BILEN MAGTANMAGYÑ GÖZGYNYLYGY!
Surat: Kristina Bernazzani Works Adamyñ buýsanmaga mynasyp taryhy geçmişiniñ bardygy ullakan bagt. Şeýle taryhy bagta eýe bolmagyñ özi gowy geljek gurmak üçin ruhy gollanma bolup hyzmat edýär. Şol bir wagtyñ özünde ynamly şahsy aýratynlygyñ ösmegi üçinem artykmaçlykdyr. Ata-babalarynyñ gazanan ýeñişleriniñ, tragiki ýeñlişleriniñ, ýeten üstünlikleriniñ özüne berýän at-abraýy, buýsanjy we muny dowam etdirme tagallasy adamyñ bolşudyr hereketlerini muña kybap getirme ýagdaýyny orta çykarýar. Geçmiş bilen ýola goýlan baglanyşyk hem-ä taryhy tejribelerinden peýdalanyp ertirki günüñi gurma mümkinçiligini döredýär, hemem durmuş bilen güýçli baglanyşygyñ gurulmagyna sebäp bolýar. Emma geçmişe duýulýan buýsanjyñ, geçmiş bilen ýola goýlan baglanyşygyñ makul ölçegi, belli bir çägi bolmaly. Ýogsam bolmasa geçmişe aslyşyp galmak, her gezeginde geçmişe salgylanyp özüñi görkezjek bolmak, hemişe geçmiş bilen gümra bolup ýörmek şahsy manyda bolşy ýaly jemgyýetçilik manyda-da öz-özüñi ýok etmegi añladyp biler. Ýewropaly aristokrat gatlak hem ýok bolmagynyñ öñüsyrasynda şuña meñzeş psihologiýada hereket edipdi. Aristokratlar ata-babalarynyñ geçmişi we olaryñ batyrlyklary bilen öwnüp ýörkä, özlerini önümçilige, ylym-bilime, sungata bagyşlan buržuaz synp belli bir wagtdan soñ aristokratlaryñ tagtyna geçdi. Şeýdibem aristokratiýa taryhyñ çañly sahypalaryna gömlüp galdy. Muña meñzeş üýtgeşmeler häzir çagşamaga başlan taýpa kethudalarynyñ bolşunda göze ilýär. Edil ýewropaly aristokratlar ýaly olaryñam bar bilýän zady ata-babalarynyñ artykmaçlygy, üstünligi, ýeñişleri, tragediýalary bilen öwünmek. Taýpa kethudalary geçmişleri bilen gümra bolup ýörmek beýlede dursun, gazanýan maddy düşewüntlerinden başga öwünmäge mynastp geçmişi bolmadyk we düýnki güne çenli maraba hökmündäki ýönekeý taýpa agzalary şäherlerde özlerine düýpli pul toplamaga synanyşyp başlady. Bu üýtgeşmeler netijesinde taýpa kethudalary gün geçdigisaýy öñki güýçlerinden gaçýar. Şol sebäpdenem geçmişe baglanyp galmak, zol geçmiş bilen magtanyp ýörmek gatlaklaryñ, jemgyýetiñ geljegi üçinem eýgilige garaşmaly gowulyk bolman biler. Psihologiki taýdan alanda belli bir derejede kösenmezden öz-özüñi ýok etmegiñ ýoly bolan "geçmiş bilen magtanmak fetişizmine" özüni aldyranlar edil häzirki ýagdaýynda magtanmaga hiç zady ýoklardyr. Şonuñ üçin aslynda geçmişiñ üstünden özüñi beýgeltmegiñ psihologiki taýdan düşünip bolýan tarapy bar. Bir gezeklik hem-ä şahsy hemem jemgyýetçilik manyda "kemterlik duýgusy" adamy gynandyrýar. Ine, geçmişe salgylanyp özüñi ýaşatma psihologiýasy agzalan kemterlik duýgusynyñ hötdesinden gelme tagallasydyr: "Bolýa, häzir menden öñde bolup bilersiñ, ýöne meniñ geçmişim señkiden baý!" Biziñki ýaly jemgyýetlerde geçmişi diline çolamak arkaly özüñe baha bermek kesel derejesine ýeten refleksi öz içine alýar. "Nämemiş, medeniýet bizde döränmiş. Birentek täzeligiñ birinji nusgalary bize degişlimiş!". Hamana, arabany biz oýlap tapmadyk bolsak adamlar häzirem at-eşek münüp ýörjekmiş. Goýuny biz eldekileşdirmesik bolsak, goýunlar häzirem ýabany haýwan bolup, daglarda ýaşamaga mejbur boljakmyş! Şeýle-de birnäçe ýerde biz (biz diýmek tutuş Ýakyn Gündogar halklaryny göz öñüne tutýaryn) ylym-bilimiñem başyny çekipdiris. Medisina, matematika, astronomiýa ylmy ilkinji gezek bizde kemala geldi, bizde ösdi. Dogrudyr, ýöne häzir Günbataryñ ylmy ýetiren derejesi biziñ aklymyzyñ-oýumyzyñ ýetmejek sepgitlerine çykdy. Hawa, arabany biz oýlap tapypdyrys, ýöne adamlar häzir kosmosda dynç alyş ýerlerini gurmaga taýýarlanýar. Goýuny biz eldekileşdirdik, ýöne Günbataryñ ylmy indi kagyz fotokopiýasy mysaly goýuny kopiýalap köpeldýär! Göbeklidepäni tutuş Günbatar medeniýetiniñ orta atan öndümliliginiñ hamyrmaýasy hasaplajak bolýanlaram tapylman duranok. Göbeklidepäniñ üstünden agitirlenýän "taryhyñ başlanýan ýeri" patarrakysynyñ näme manysy bar? Kime peýdasy bar? Magtanmagyñ bir görnüşi bolan "taryhyñ başlanýan ýeri" sözi meselem ylma, sungata, çeper edebiýata, tehnologiýa goşant goşup biljek ruhy gollanma bolup bildimi? Soñky geçirilen barlaglar Göbeklidepe adam ukyp-başarnygynyñ orta atylmagy taýdan başlangyç nusgalary düzýär. Elbetde, Göbeklidepäniñ dünýä medeniýetiniñ ilkinji nusgalarynyñ biridigine we ähmiýetiniñ uludygyna söz ýok. Ýöne barsy şundan ybarat, başga zat ýok. Günbataryñ üstünlikleri barada bir zat diýlende, reflekse öwrülen ýokardaky mysallary sarnamaga başlamak "kemterlik duýgusyna" garşy bize diñe göwünlik berýän ritorikadan ybarat. Bular ýaly tankydy belliklere jogap berjek bolup, özleriçe birnäçe argumentler bilen nägilelik bildirjeklerem bolup biler. Kim näme diýende-de, Günbatar bilen aramyzdaky tapawut birnäçe adamyñ çak edişindenem beter ýüregiñi gyýym-gyýym edýän ýagdaýda. Ösen dünýä bilen aramyzdaky tapawudyñ eýmençligine göz ýetirmek üçin şu makalany okanlar hökman ýaşaýan ýerine göz gezdirsin: Ýaşaýan ýeriñizde medeniýete goşant goşmak üçin bize degişli näme bar? Megerem, özümizden başga hiç zada gözüñiz ilmese gerek! Şonuñ üçin arman-irmän öz-özümizi magtap ýörmegiñ ýerine "Nämüçin Günbatar medenuýeti maddy taýdanam, magnawy taýdanam, ýagny ruhy gymmatlyklar babatda (ruhy gymmatlyklary-da özümizçe düşündirýän "ahlak" bilen çäklendirmäliñ) atgaýtarym öñden barýar?" sowalyny berip, ýeri bolsa-bolmasa geçmiş bilen magtanma endigimizden el çekeliñ. Özen, sagdyn jemgyýet bolmagyñ ýeke-täk ýoly komplekse berilmän, yñdarmalyk etmän, öz-özüñ bilen ýüzleşmekden geçýär. Wahap ULUÇ, Harran uniwersitetiniñ mugallymy / ulucvahap@yahoo.com Çarşenbe, 18.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||