13:04 Komplimasiýa teoriýalary bilen hakykatyñ arasynda Ýakyn Gündogarda bolup geçýänler | |
KOMPLIMASIÝA TEORIÝALARY BILEN HAKYKATYÑ ARASYNDA ÝAKYN GÜNDOGARDA BOLUP GEÇÝÄNLER
Publisistika
Soñky ýyllarda bolup geçýän her bir üýtgeşmäni komplimasiýa teoriýalarynyñ üstünden düşündirmek ýoñ boldy. Aýratynam Ýakyn Gündogarda bolup geçýänler tutuşlygyna alanda diñe komplimasiýa teoriýalary arkaly düşündirilýär. Ýakyn Gündogarda ýakymsyz bir waka bolup geçse, hökman munuñ añyrsyndan ýa Amerika, ýa Ysraýyl, ýa-sa Kap dagynyñ añyrsyndaky Anka guşy ýaly nämedigi belli däl "daşky güýçler", ýa bolmasa hamana hudaýtarapyn güýji alamatlandyrýan "üstki akyl" diýilýän güýç topary gözlenýär. Komplimasiýa teoriýalarynyñ konformist añsatçyllygy-da ony populýar ýagdaýa getirýän bolmaly. Aslynda komplimasiýa teoriýasyny düzmegem düýpli tejribe talap edýär. Bir topar güýçleriñ haýsy maksat bilen eýle ýa beýle hereket edýändigini belli bir derejede tejribä we bilime esaslanýan görnüşde analiz edip bilmegi talap edýär. Şeýle-de bolsa, bizdäki komplimasiýa teoriýalary ähli intellektual tejribeden azat diýen ýaly şobada ýada düşýän maglumatlardan düzülýär. Has dogrusy, bizde öñden düzülip goýlan "komplimasiýa teoriýasynyñ komplekt programmasy" bar. Bu bukjasy komplekt programma wakanyñ ady üýtgedilip, her bolýan waka ýapyşdyrylýar. Ýakyn Gündogarda nämüçindir hiç zat öz akymyna bolanok, her bolýan zadyñ añyrsynda bu komplekt programmantñ aktýorlary bolan ýa Amerika, ýa Günbatar, ýa-da "üstki akyl" ýaly güýçler bar. Global güýçleriñ diñe Ýakyn Gündogarda däl, dünýä möçberinde bolup geçýän üýtgeşmelere dahylsyz galýandygyny aýtjak bolamzok, islendik bolýan zatda olaryñ oýnaýan roly bar. Muña hiç hili gürrüñ bolup bilmez. Emma bu güýçler bolşundan bäşbeter şeýle bir çişirilip görkezilýär welin, akyly üýtgedimikä diýdirjek derejede - ykdysady, sosial, syýasy haoslaryñ awtory bolmak beýlede dursun, ýeri gelende kowid-19 ýaly global keselleri hem oýlap tapýarmyşlar, hatda 6-njy fewral ýer yranmasy ýaly tebigy hadysalary-da döredip bilýärlermiş! Belki-de, düýp maksady köpçülik gatlaklaryny dolandyrmak bolan syýasatçylaryñ bu boýunça manipulýatiw çykyşlaryna düşünse-de bolar welin, iñ gynandyrýan ýeri: muña ýüz urýanlaryñ belli bir böleginiñ wakalara ylmy nukdaýnazardan seretmeli ylmy derejeleri at-familiýasyndan uzyn alymlardygy. Komplimasiýa teoriýalary köplenç diýen ýaly "çakdan çykýan düşündirişlerden" ybarat analizlerden ybarat. Anyk maglumatlaryñ üstünden faktorlaryñ arasyndaky gatnaşyklary düşündirýän ylmy ýol bolsa aýagyny ýerden üzmeýän we köplenç hakykatlar bilen sepleşýän düşündirişlerdir. Komplimasiýa teoriýalary bolup geçen on wakadan birini dogry düşündirip bilse, ylym munuñ dokuzyny düşündirip bilýär. Şonun üçin ylmy ýoldan wakalara baha berip bolýarka, her gezeginde komplimasiýa teoriýalaryna ýapyşmak hakyky alymyñ, intelligensiýanyñ wekiliniñ etjek işi däldir. Ýakyn Gündogarda bolup geçýänleriñ añyrsyna gaýtadan dolanyp geler bolsak, ýene bir gezek ýatladaýyn: Ýakyn Gündogarda şumer şäher döwletleriniñ dörän wagtyndan bäri dawa-jenjelsiz geçen gün ýok. Heniz ABŞ-dyr Ysraýyl döwletleri dünýäde ýokka, ýa-da olaryñ entek gowşak döwürlerinde tire-taýpalar yzygiderli diýen ýaly biri-biriniñ üstüne çozýardylar. Mesopotamiýanyñ uç-gyraksyz düzlükleri taýpa serdarlarynyñ biri-birlerini ýekme-ýek tutluşyga çagyrýan jeñ meýdanlarydy. Ýüzlerçe ýyllap araplaryñ şammara we şarabi ýaly taýpalary talañçylygy güzeran çeşmesine öwürdiler, gowşak taýpalar paç töläp güýçliniñ şerinden goranmaga synanyşyp geldi. Bu ýurtlarda imperiýalar döwründe-de dawa-jenjel az bolmady. Häzirkizaman döwletleriniñ döwründe bolsa bu çaknyşyklar täze formalara girip başlady. Ýakyn Gündogarda bolup geçýän ýakymsyzlyklary komplimasiýa teoriýalaryna ýüzlenmezden zamanabaplaşma düşünjesi arkaly ylmy ýoldan düşündirmek kynam däl. Zamanabaplaşma - ýatan suwuñ bulanmagy görnüşinde düşündirilýär. Tradision jemgyýetden düýpli üzñeleşendigini görkezýän we hemme zadyñ çepbesine çöwrülen zamanabaplaşma prosesi Lusian Piniñ jaýdar aýdyşy ýaly köp sanly gyşarmalary öz içinde saklaýar: Milli aýratynlyk (kimlik) yza tesişligi, legitimasiýa yza tesişligi, gatnaşyk yza tesişligi, täsir yza tesişligi, bitewileşme yza tesişligi, paýlanşyk yza tesişligi Zamanabaplaşma bir gyrasyndan giren islendik jemgyýet gürrüñsiz şy prosesiñ parçasyna öwrülip biler. Emma Günbatar bütin bu gyşarmalaryñ hötdesinden gelip, gürrüñi gidýän yza tesişligi özbaşyna düzgüne öwrüp bildi. Mysal üçin, Angliýa gatnaşyk gyşarmasyna uçranda, milli aýratynlyk we legitimasiýa yza tesişligini bireýýäm başyndan dep edipdi. Koloniýalardan gazanan baýlyklary bilenem az wagtyñ içinde baýlyk paýlanyşygy hemmeleri kanagatlandyryp biljek derejä ýetirildi. A Ýakyn Gündogar welin, eýýäm iki ýüz ýyla golaý wagt bäri şeýle gyşarmalar bilen gidişýär. Taýpa we tarykat aýratynlygynyñ häzirem doly güýjünde hereket edýän ýeri Ýakyn Gündogarda ýokary aýratynlyk dini aýratynlykmy ýa milli aýratynlyk bolmaly? Tebigy ýol bilenem, emeli ýol bilenem assimilleşmedik etniki toparlaryñ talaplary nähili kanagatlandyrylmaly? Häkimiýetde legitimasiýanyñ çeşmesi adamyñ erk-ygtyýarlygymy ýa hudaýtarapyn erk-ygtyýarlyk bolmaly? Ine, şular ýaly düýpli soraglara şindizem jogap berilmedik, nepotizmiñ we tanyşparazlygyñ, pul berip wezipe satyn almagyñ gyradeñ paýlanyşyk legitimasiýasyna ýol bermeýän ýurdunda bolup geçýän goh-galmagallara düşünmek beterem kyn bolmasa gerek. Has anyk mysallaryñ üstünden gürrüñimi dowam etdireýin. Graždanlyk urşunyñ başlanmagynyñ öñüsyrasynda (2009-2010) iki-üç Siriýa gidip-gelmek mümkinçiligim boldy. Şol wagt 400 müñe golaý ilaty bolan Hasekede ýekeje supermarket hem ýokdy. Hamana Siriýa tarapyna geçende, wagt maşynyna münüp, biziñ 40-50 ýyl öñki döwrümize gaýdyp gelen bolýardy. Ýurduñ başyna bela bolup inen garyplyk hemmetaraplaýyn özüni görkezýärdi. Aslynda Nusaýbin gümrük nokadynda gözümiz bilen gören zatlarymyam gaty köp zady añladýardy. Gümrük nokadynda işleýänler köpük berseñem aljak derejede aç-açan parahorlyga ýatypdy. Işgärler biziñ Anadoly obalarymyzda toýlarda we pata ýerlerinde ulanylýan plasmas oturgyçlarda oturýardy, müdiriñ oturýan ýeriniñ olardan tapawudy oturgyjyñ aşagyna başly-barat ýagdaýda eýlesinden-beýlesinden ýüp bilen çatyşdyrylan ýassygyñ goýlanlygydy. Edarada asylan Beşar Esadyñ portreti möwsümlik işçileriñ (günlükçileriñ) işleýän wagtlaýyn ýatakhanalarynda asylan futbolçynyñ portreti ýaly dört burçy skoçlanyp diwara ýelmeşdirilipdi. Şu manyda Siriýadaky graždanlyk urşunyn 2008-nji ýyldaky ykdysady krizisiñ yzýanyna gabat gelmegi tötänlik däl. Siriýadaky ykdysady gowşaklygyñ iñ bärkije görkezijisi Roger Owen bilen Şewket Pamugyñ ýazan "XX asyrda Ýakyn Gündogar ykdysadyýetleriniñ taryhy" atly kitaby bolsa gerek. 400 sahypa ýeteñkirleýän kitapda bütin Ýakyn Gündogar ykdysadyýetiniñ düşündirilip bilnen kitabynda siriýa ykdysadyýetini doly gürrüñ bermek üçin bäş-alty sahypa ýeterlik bolupdyr. Muña derek mysal üçin, Germaniýanyñ bir ýyllyk ykdysadyýetinde bolup geçen üýtgeşmeleri beýan etmek üçin tom-tom kitap ýazmaly. Ýurduñ sosiologiýasy azyndan ykdysadyýet ýaly az ösen derejede problemalydy. Azlyk bolan alawylar köplük bolan sünnileri dolandyrýardy, 200 müñe golaý kürt raýatyñ pasporty-da ýokdy. Yslamçy toparlar Hamada öldürilip, galany daşary ýurda gaçypdy. Şular ýaly ýakymsyzlyklaryñ arasyndaky siriýa jemgyýeti awtokratik hökümet tarapyndan adamlaryñ hamyr salnan ýaly awtoulag tekeriniñ (pokryşkasynyñ) içine salnyp, depäniñ ýokarsyndan aşaklygyna togalanan "Mezze" harby türmesine meñzeş simwoliki ähmiýete eýe sütemhanalaryñ eden-etdilikleri bilen dolandyrylýardy. Beýleki bir ýandan adamlary bolup geçýän wakalardan habarly edýän uniwersitetleşme we şol bir wagtyñ özünde olary dünýä bilen tapyşdyrýan (el telefony we emeli hemraly teleýaýlymlar) aragatnaşyk tehnologiýasy giñden ýaýraýardy. Bütin bu ýakymsyzlyklary we çaprazlyklary özünde saklaýan sistemanyñ dargamagy üçin haýsydyr bir "daşky güýje" ýa-da "üstki akyla" mätäçlik barmy beri? Siriýadaky ýagdaý azajyk elhalrak ýa-da ondanam has pes zamanabaplaşmagyñ ýany bilen gelen gyşarmalaryñ hötdesinden gelil bilmedik Müsür, Eýran, Liwiýa, Yrak, Ýemen, beýleki Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlary üçinen şeýleligine galýar. Ýakyn Gündogarda bolup geçýän üýtgeşmeleriñ sebäbi şu metaforada soralýan soragda gizlenen bolsa gerek: Öý eýesi howlusyny wagtynda arassalap durmansoñ, birgiden zir-zibil üýşüpdir. Gargalar gelip zir-zibili pytradýaram welin, daş-töwerege porsy yslar ýaýraýar. Indi özüñiz aýdyñ: şu ysyñ sebäpkäri gargalarmy ýa öý eýesi? Wahap ULUÇ, Harran uniwersitetiniñ mugallymy. ulucvahap@yahoo.com Çarşenbe, 03.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |