00:42 Halk demokratiýanyñ niresinde? | |
HALK DEMOKRATIÝANYÑ NIRESINDE?
Publisistika
Häzirki döwürde demokratiýa iki dürli prosesiñ önümi hökmünde orta atylýar. Birinjisi Ýewropa degişli proses, ikinjisi-de soñ-soñlar döwrebaplaşan jemgyýetlere degişli proses. Ýewropa demokratiýalary reformalar, Renessans, Aýdyñlanma döwri, Senagat rewolýusiýasy, Beýik Fransuz rewolýusiýasy ýaly birtopar ykdysady, sosial we syýasy üýtgeşmeleriñ netijesinde halkyñam arasynda ýer alan, halkyñ islegdir talaplaryna görä formulirlendi. Şol sebäpli Günbatar demokratiýalary etapdan etaba kemala geldi. Munuñ iñ bärkije mysallarynyñ birem işçi-daýhanlaryñ başyny çeken Beýik Fransuz rewolýusiýasydyr. Ýene bir üýtgeşme-de işçiler synpynyñ hak-hukuklar boýunça alyp baran göreşidir. Häzir raýatyñ esasy hak-hukuklaryna degişli hasaplanýan saýlamak we saýlanmak hukugy, jemgyýetçilik şertnamasy hukugy, iş wagtynyñ kadaly sagatlara getirilmegi, sindikal hak-hukuklar, zähmet şertleriniñ gowulandyrylmagy, aýal-gyzlaryñ erkekler bilen deñleşmegi ýaly hak-hukuklaryñ barsy işler synpynyñ we aýal-gyzlaryñ ençeme ýyllap alyp baran göreşleriniñ netijesinde gazanyldy. Soñlugy bilen döwrebaplaşan jemgyýetlerde bolsa halk demokratik prosesleriñ hiç birinde diýen ýaly rol oýnamady. Mysal üçin, Türkiýede demokratiýa we beýleki hak-hukuklaryñ aglaba bölegi daşarky täsirlere baglanyşykly ýagdaýda formulirlendi. Bu prosesiñ baş gahrymany Günbataryñ talaplaryna görä reformalara öñbaşçylyk eden býurokratik gatlakdyr. Şonuñ üçinem bizdäki demokratiýa Günbatardakyñ tersine etapdan etaba şekillendi. Köplenç ýeke-täk partiýanyñ höküm sürýän häkimiýetiniñ halky döwlet dolandyryş apparatyndan daşda saklaýandygy üçin halkyñ demokratiýalaşma prosesiniñ elementini düzmeýändigi pikir edilýär, emma beýle däl. Türkiýede jemgyýet ne Osmanlynyñ soñky döwürlerinde döwrebaplaşmaga ugurdaş demokratiýa goşant goşan hukuk-syýasy apparatlaryñ emele gelmeginde, ne ýeke partiýaly häkimiýet döwründe, ne-de köp partiýaly döwre geçilen gününden bäri şu günki güne çenli demokratik prosesleriñ birinde-de rol oýnamady. Türkiýede demokratik apparatlaryn emele gelmegine şert döreden üýtgeşmeleriñ 200 ýyla golaý wagtlyk taryhy bar. Öñem aýdylyşy ýaly, bu prosesiñ başyny çekenler raýat we harby býurokratlardygyna gürrüñ bolup bilmez. Mysal üçin, döwrebaplaşmaga tarap ilkinji ädimleriñ ädilen "Läle döwründäki" üýtgeşmelere öñbaşçylyk eden Damat (köreken) Ybraýym paşadyr. Selim III öz döwründäki reformalara hut özi ýolbaşçylyk edipdi. Patyşanyñ ygtyýarlyklaryny çäklendirýän we demokratiýalaşma taýdan simwoliki ähmiýete eýe "Senedi-Ittifak" deklarasiýasyny intelligensiýanyñ adyndan Mahmyt II-ä gol çekdiren Älemdar Mustapa paşady. Hukuk we syýasy apparatlaryñ emele gelişi boýunça baý many-mazmuna eýe Tanzimat döwrüne degişli we konstitusion tekst görnüşindäki Tanzimat permanyny yglan etdiren býurokrat hem Mustapa Reşit paşadyr. Din we mezhep tapawudyna seretmezden hemmelere deñ göz bilen garaýan hukuk proseslerini döreden "Islahat" permanynyñ başyny Fuat we Ali paşalar çekdi. Konstitusiýanyñ we mejlisiñ ýüze çykyp başlan Birinji Meşrutyýet (Komstitusion monarhiýa) döwrüniñ baş aktýory Mithat paşasyr. Ikinji Meşrutyýeti patyşaha zor bilen gol çekdirenler "Ittihat we Terakki" jemgyýetiniñ agzalarydyr. Respublikanyñ gurlan döwründe-de üýtgän zadyñ ýoklugyny görýäris. Respublikany yglan eden we döwrebap bir bitewi döwlet gurmak üçin reformalary geçirenler Mustapa Kemal Atatürk we onuñ töweregindäki raýat-harby býurokratlardy. Türkiýe demokratiýalaşma taýdan öwrülişik sepgidini emele getirýän köp partiýaly düzgüne 1946-njy ýylda geçdi. Emma köp partiýaly düzgüne geçişiñ añyrsynda-da ýene halk ýok. Köp partiýaly düzgüne geçişiñ başga sebäpleri-de bolmak bilen birlikde iñ esasy sebäbi - Russiýanyñ Karsdyr Ardahan ýaly Demirgazyk-gündogar Anadoly etraplaryny özüne aljak bolmagy we bogazlarda agalyk etme hukugyny talap etmegidir. Türkiýe Ismet Inönüniñ şahsynda Russiýanyñ şu babatdaky çynlakaýlygyny añan badyna Günbatar blogyna ýakynlaşdy. Günbataram "Biziñ blogymyzda ýer aljak bolsañ, käbir prinsiplerimiz bar, şolary ýerine ýetirmeli bolarsyñ" diýdi. Bu prinsiplerem ykdysadyýetde erkin bazar, syýasatda-da köp partiýaly düzgüne geçmekdi. Syýasy liberallaşmaga goşant goşan "12-nji sentýabr" döwlet agdarylyşygynyñ öñüsyrasy Halkara Walýuta fondundan (IMF) karz pul almagyñ şerti hökmünde kabul edilen "24-nji ýanwar kararlary" Süleýman Demireliñ ýolbaşçylygyndaky döwrüñ koalision hökümetiniñ miwesidir. 1980-nji ýyldan soñky ýyllarda-da demokratiýalaşmak boýunça möhüm ädimler ädildi. Halk bu prosesiñem içinde däldi. Bu ädimleriñ öñe iteriji dinamikasy Ýewropa bileleşigine girme umydydy. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Turgut Özalyñ häkimiýeti döwründe "Ýewropa Adam hukuklary Komissiýasyna" ýörite ýüz tutup bilme hukugy berildi. "Ýewropa Ýerli dolandyryşlar awtonomiýasy şerti" kabul edilip, ýerli demokratiýa güýçlendirilmäge synanyşyldy. Şeýle-de Ýewropa bileleşigi çarçuwasynda ANASOL-M hökümeti "ÝB eýerme bukjalaryny" kabul edip, örän derwaýys hukuk üýtgeşmelerini girizdi. Şol ugurdaşlykda 2004-2005-nji ýyllarda AK partiýa hökümeti ÝB-ne agza bolma umydy bilen gatnaşyga, aç-açanlyga, hasap berijilige mümkinçilik berýän täze munisipalitet kanunlaryny taýýarlap, ýerli hökümetler ulgamynda demokratiýalaşdyryjy hukuk reformalaryna gol çekdi. Üns berýän bolsañyz, "Läle döwründen" biziñ günlerimize çenli 200 ýyllyk döwrebaplaşma-demokratiýalaşma derejesiniñ ählisiniñ añyrsynda Günbataryñ agram salmalary we raýat-harby býurokratik aktýorlar bilen ýerine görä syýasatçylar bar. Demokratiýalaşma proseslerinde halkyñ rol oýnamazlygynyñ sebäbi dolandyrýanlaryñ halky syýasy prosesden daşda saklamagyndan has beter halkyñ özüniñem syýasat bilen onçakly gyzyklanybermeýänligidir. Edil häzirem ýeterlik derejede şeýle gyzyklanma bar diýip bolmaýar. Demokratiýa - halkyñ syýasy häkimiýetiñ kabul eden kararlaryny özi üçin baha berýän we bu kararlara ýa goldaw berýän ýa-da garşy çykýan, syýasy üýtgeşmeleriñ garşysyna passiw bolup galmaýan jemgyýetleriñ režimidir. Demokratik jemgyýet häkimiýete garşy sesini gataltmak üçinem raýat jemgyýeti görnüşinde jemlenip bilýär. Mundan el çeken ýagdaýynda, häkimiýeti özüne öz adyndan ulanmaga hukuk berýän kiçijik toparyñ ygtyýarlygyna bermeli bolýar, beýle döwlet dolandyryşyna bolsa oligarhiýa diýilýär. Bizde demokratiýa lotoreýadan gazanylan pul ýaly. Lotoreýadan gazanylan pul üçin mañlaý deriñ dökülmänliginden adamlar ony şobada saga-sola sowup goýberýär. Şol sebäpli bizde, (umuman musulman ýurtlarda) demokratiýanyñ ugrunda arrygyny gynap ýören adamyñ ýokdugy üçin, (ýagny halkyñ şu boýunça eden ullakan işiniñ ýokdugy üçin) onuñ gymmatyny onçakly bilýän ýok we hiç kimiñ ony ösdürmek, kämilleşdirmek boýunça ädim ädesi gelenok. Wahap ULUÇ, Harran uniwersitetiniñ mugallymy. ulucvahap@yahoo.com Penşenbe, 09.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |