12:11

Girdapdaky gelin

Jemgyýetçilik tankydy
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 1503 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbanberdi Goýunlyýew | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 201 2 »
1
1 Raziya sultan  
Jemgiyeti kirletmekde mydama ayal yazgarylyandygy aydyn hakykat makala yerine dusupdir. Men mydama aydyan ayal ayal bn azgyncylyk edenok bu gatnasgyn lezzetine erkek sarikdes bolup bilyade nam un yazgarylanda bar das gelip ayala degya... sebabi ayaly gunakarlemek ansat. Yone solar yaly zady erkege diyersinem velin ay erkek esekdirda diyip gecilya... akyl satyanlar kop yone solaryn birem seyle yagdayda zenan yuz owuraymezler... etjegini edip bir gyra cykybam sol zenana jelep tagmasyny basyanam hut sol erkek bolup cykayya...

1
2 Garaýolly  
27
Makala aktual hasiyetde yazylyp,okyjyny biparh goymayar. Dogrysy gaharyny getiryar,haramlyga garshy yigrenji artdyryar. Ahli gunaniñ yuz prosent gelniñ ozundedigine janyñ yanyar,ganyñ gaynayar. Eysem,ykbaly goterlip,bagty gelip,meslikden yaña jyrt atyp, asmana diriñ,diriñ bokyan gelin nameden narazy?...>

<...elini sowuk suwa urdurmayan gayynlaryndanmy? ,,Yuzuñ ustunde burnuñ bar,, diyip, yrsaramagy bilmeyan, aylygyny bashyny bozman,yanyoldashynyñ eline getirip berip,onuñ gownuni ozuce almaga calyshyan yuwash yigitdenmi? Guzeran arabasynyñ tigirleri bokdencsiz rowan alyp baryan durmushundanmy? Yok,kysmat girdabynda aylanyp gormedik gelin meslikden yaña ozi baryp shoña dushyar. Yagny,ahlak bozuklygynyñ cagine gadam tashlayar. Ozune cuñ ynam bildiryan yaky laryna,omur yoldashyna biwepalyk edyar. ,,Biwepa,, sozuniñ manysyna doly eye bolyar. Dogry,ol yanyoldashy bn degiship,gulushup oturmagy isleyar-yashlygyñ hyjuwly joshgunyna berilyar...>

<...isleg, kuyseglerine basalyk berip bilmeyar. Godegrak bolsa da aydayyn, ten islegini ahli zatdan yokary goyyar. Ters yola dushyar. Shonda da utanman ,,edyan ishimde nadurslik yok"diyyar. Towerek dashyna syn tashlamayar. Arinden, gayynlaryndan,baldyzlaryndan azar gorup,ezyet cekip, ozlerini helak edyan, gozmonjugy yaly cagalaryny enesiz yetim goymaga mejbur bolyan nebir gelinleri gorup,olaryñ kec ykbaly barada eshidip,oz yashayshyny ykbalynyñ beren peshgeshi hasap etmeyarka. Hawa,gelin ideal mashgala gurlushuny isleyar. Hazirki dowurde beyle mashgala dushunjesi utopik arzuwdan bashga zat dal. Makalañ informassiyasyna esaslanyp, men a yuz prosen t bu yeñles gelni yazykly hazaplayan. Onuñ gayyn tarapyna haypym gelyar.

0
3 Мylayym  
83
Makalany okap, men-ä näme netije çykarylmalydygyna düşünmedim.
Şagal mesligini islän bu gelinden başga ýazgarmana erkek kişi görmedik biz-ä. Ýoldaşyň urmasa, sögmeýän bolsa, gazanjynyň kemini goýmanam öýe getirýän bolsa, bir agraslygy üçin şeýdibermeli diýlen zat barmy? Eger ýoldaşy, bälçik ýa özi ýaly kilçik bolup, başgalara gidýänini bilse-de, "Ana, bula şeýle edýä" diýibem, bahana arardy-da. Sulhy almaýan ýagdaýda, çaga bolmanka aýrylyşyp, ikinji gezek öz göwün berenine nikaly durmuşa çykan bolsa, iki ärlikden-ä gowy bolardymyka diýýän, iňňän bir bolmajak bolsa. Gelin prosto, ozalbaşda akmak bolup dünýä gelipdir, akmaklygyny edibem, şagal mesliginde ýaşap, akmak bolubam dünýeden öter. Ana, şonda muny diňe gabyr düzeder. "Gorbatyh mogil isprawit" diýip, orslar ýöne ýere aýtmaýan ekenler.
"Ikimizden başga bilýän ýok, bilmeklerinem islämok" diýipdir. Edýän işinden hamala, göwnühoş ýaly. Halkdan gizlenersiň elbet-de, ýöne Hakyň görýänini näderkäň? Özüňi-özüň görýäkäň, iliň sen bilen işi nä?

0
4 Bagabat  
43
Haýsy taglymat näme diýse-de, jemgyýet ilki bilen ahlagyň üstünde dur. Adam, sözüň hakyky manysynda ahlakdan başlaýar. Ahlak bolmasa adam däl-de, haýwandan çala tezegi üýtgän, diňe instinktleridir-refleksleri bilen ýaşap ýören mahluk bar. Oňa jemgyýetem gerek däl, hiç zadam. Gadymy Dünýäniň iň kuwwatly Patyşalyklary bolan Wawilony (Babyly), Ahemeniler şalygyny, Makedon şalygyny, Rim şalygyny näme ýykdy? Ahlaksyzlyk! Şol şalyklary guran edermen, maksada okgunly, gaýduwsyz, garadangaýtmaz, aglaba köp ýagdaýda bolsa öz-özlerine-de, kesekilere-de çakdan aşa rehimsiz, zalym daran adamlaryň nesilleri diňe şahsy lezzetiň gullaryna öwrüldiler, zähmet çekmän, kösenmän, mydama "diskotekada" ýaşamaga ymtyldylar, şeýdibem ata-babalarynyň guran binalaryny goramagyň hötdesinden gelmediler. Bu makaladaky zenanyňam özüni aklamak üçin beýan edýän tutuş wakasy ýekeje jümle bilen beýan edilýär: "Men lezzet gözledim". Boldy. Galan zat bolsa, ýaşlar aýtmyşlaýyn: "Şetdaly!".

0
5 braun634  
Ärini bahanalap gezyan gelinler kop indi. Geçen hepde men bir gelini mundirdim taksi edip yorkäm. Gaýyny bilen bile mündi, Taze zamana äkitdim. Kirey edip yoremsoñ tel.belgimi berdim, gerek wagty jañ ediñ diyp, uzagraga bolsa nyrham gowy bolansoñ, şaherde klient gozlap aylanyp yorenden jañly bolsa amatly bolya.

Şol gun agşam yañky gelin nomerinden yazyp başlady. Menem ärsizdir oydup birbada yazyşdymam. Seredip otursam ärem bar eken, yaş oglan, baýyñ çagasy. Öýe-de gelenok diyyä. Yaşajyk äre çykanyna bir yyl bolan gelin, mähir küysap ölüp barya, yone men ynsap edip gaçdym, hiç zat etmedim. Diyjek bolyanym, oglanlar islendik ayal-gyzy eyesiz goysañ, her bolar bolmazyñ yzynda entap nebir ayallaryñyzy yzyñyzda yeke goymañ. Siz dunyäniñ ähli gelin-gyzyny aşagyñyza salyp çykaranyñyzda name, yzyñyzda ayalyñyz size gaharyna bir gezek başga bir erkegiñ astyna girip çykansoñ. Boýuñyz bilen namys bolanda yerine geljek zat yok. Näme mähriñiz bolsa ayalyñyza beriñ, artanjañyzy äkidiñ heleyiñiziñkä guýyñ, dolup daşyna dökülmeyar barybir

0
6 Bagtygül  
291
Äri dymma bolanda näme maşgalaňy bozmaly diýen ýeri barmyka. Toba, toba daş etsin.
Birine mähir beresi gelip ölüp jany bokurdagyna gelip duran bolsa şol mähiri çagalaryňa ber, gaýyn ene gaýyn ata diýip seni bagryna basyp, bagtyna şärik tutanlara ber mähriňi.

0
7 Dokma2442  
423
Baran adamyñ dymma bolman, akyl taýdan nasag ekenda, ik isany çagañ kakasynyñ abraýyny sepelap otyrsyña kemçin! Dińe mesçilik, azgynçylyk diýäýmek galýa, başga aýdara söz ýok. (Küýküni gabyr düzeder)

0
8 Cekic  
Ayalyn ikilik etmeginin sebabi koplenc seks bilen baglydyr, yone bu aydylanok, utanylyar. Ari kanagatlandyran daldir, gorgulini.
Bu makaladan almaly esasy sapak - arlerinizi we heleylerinizi kanagatlandyryn, goy, basga birine gidesem gelmesin. Hawa

0
9 Jeksparro  
405
Bäh gülüşip-degişenok diýsene. Ol ilki ejesiniñ aydanyny edip hiç oglana göwünlik bermändir. Şeýdibem ejesiniñ diyen oglanyna durmuşa çykypdyr. Ol oglanam dymma eken. Oyun-gülki diyen zady bilenokeken. Gürleşenogam eken. Şondan nä yrza bolup ayrylyşmakçy bolupdyr. Gayyn tarapy kes-kelläm boyun bolmandyr ayrylyşmagyna. Gayyn tarapy diñläp ayrylyşmandyr. Şeydibem ilki özüne hat yazan oglana göwünlik beripdir.

Şu yerde gürrüñi edilyän ''bozuk gelin'' diyyäniñiz diñe ulylaryny diñläp olaryñ beren bagt nesibesine göwni yetmän razy bolmandyr.
Onuñ aytjak bolyan zady ''E jemiñ, gayyn enemiñ diyenlerini edip bagt gozledim onam tapyp bilmedim. Başgalaryñ bagtyndan tapdym'' diyyar.

Şu yerde bellejek zadym şeyle yuwaş häsiyetli adamyñ bolsa heleyiñ özi göwnüni tapyp öwrenişibermeli eken. Ol adamsy görgüli öwrenişip bilmändir heleyi bilen...

0
10 lexus  
271
Girdapdaky gelin däl mes gelin diýip at goýmaly eken

0
11 Arzyman  
418
Şo gelniň nämüçin şeýdenine düşünseňizem,
düşünmediksireýäniňize düşünemok-da.

0
12 guljancharyberdiyewa  
472
Freydizm?

0
13 ezizh764  
356
Häý, siz-ä bir zat tapdyñ otyryberdiñizow.. Onda ähli ylalaşyk bilen durmuş gurýan ýaşlaryñ soñundan oñuşman aýrylyşýanlygyna-da ene atalar günäkärmi? Belki biri-birini halap barlyşanlaryndan soñ aýrylyşýanlara-da ene-ata günäkärdir?
Mbäh.. onda siz türkmeniñ ahlak terbiýesini bilmeýän bolarly.. Siz türkmende daşary döwletleriñki ýaly beýle eden etdilikleri halanylmaýanlygyny bilýänsiñizle..

0
14 Gurgencli  
324
«Açlyk näme iýdirmez,
meslik näme etdirmez»


Türkmen agaň bilmän aýdan zady ýog-ow. Açlygyň nämeler iýdirýändiginä bizden öňki nesiller açlyk ýyllarynda aňyr ýany bilen gördüler, indi bizem öz nobatymyzda mesligiň nämeler etdirýändigini görüp ýörüs-da
@Ezizhan, şu geliniňki ýaly hereket diňe türkmende däl hiç haýsy ýurtda-da halanylmaýar.
Hepdäki ýewropa ýurtlarynda hem.

0
15 dovletmyratnurmedov  
496
Zyna gaty ullakan günä. Galyberse-de türkmençilige sygmajak zat. Hälem giç bolmasa toba etsin we bu işden el çeksin diýýän men-ä. Galanam ol dünýä galaýa.

Bizde täze durmuş gurjak ýaş çatynjalara resmi nikadan we dini nikadan degişli işgär maslahatlar berse, herkimiň borçlaryny aýtsa, kyn günlerde özüňi nähili alyp barmaly, çaga doglanda nämeler etmeli ýaly trening ýada kurs ýada okuw-seminar berilmeli diýip 20 ýyldan bäri arzuw edýän. Sebäbi meloç zatlar üçin maşgala ýykylýarow. Şularyň asyl sebäbi durmuşy, maşgala gymmatyny hiç düşünmedik adamlar, meloçlar maşgaladan has üstün tutuldygynda diýip hasap edýän. Bu gaty gynançly zat. Şular ýaly çäreler geçirilse belkem azalardy aýrylşýanlar hem-de adamsyna ýada aýalyna ikilik edýänler.
Şular ýaly durmuşy temalarda kino, spektakl düşürilsede gowy bolardy.

0
16 Bagabat  
43
Artyknur Nohurowyň we Aşgabat Nohurowyň "Söýgi, maşgala, durmuş" atly kitabyny we şol temadan ýazan beýleki kitaplaryny okasaň, ýokarda agzalan meseleleriň aglaba köpüsine jogap tapyp bolýar.

0
17 Arzyman  
418
Şol gelniň adamsyny Artyknur Nohuryň öz ýanyna eltmeli. Konsultasiýasy bilenem özgererdi şol adam. Gelinem beýdip ýörmezdi.

0
18 Bagabat  
43
Bilemok, çynmy-ýalanmy, Artyk aganyň öz-ä pahyr bolupdyr diýip eşitdim. Ýöne, onuň ogly Aşgabat aga häzir ýalňyşmasam Lukmançylyk uniwersitetinde mugallym öýdýän.

0
19 Sergezzan  
707
Heleýniň ikilik edip duran pursatynda, äri hem üstünden baragadan olara goşulan bolsa, heleyne mynasyp jogap bolardy. Bu gün äri, ertirem oynaşy. Ondan toparlaýyn söýüşuwersin name.
Söýgi diyen zat diňe sözde bar, aslynda weli bunyň ady öwrenşmek. Ahlagam name, Diniň tapan zady. Eger din bolmadyk bolsady, onda ahli zat halal bolardy.

1-15 16-16
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]