21:19 Guýy ussasy | |
GUÝY USSASY
Edebi makalalar
Aradan çykanyna ýarym asyrdan köp wagt geçenem bolsa, Çalt ussany Bereket etrabynyň «Isgender» daýhan birleşigine degişli gum içindäki obalaryň adamlary ýagşylykda ýatlaýarlar. Sebäbi onuň gazan süýji suwly guýulary häzirem adamlara hyzmat edýär. Gazylanyna 60-70 ýyl geçenem bolsa, guýularyň diwarlary opurylmandyr, çöwlükleri zaýalanmandyr, suwy azalmandyr. Çalt ussanyň hakyky ady Muhammetnur bolup, ol 1878-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda dogulýar. Onuň kakasy Paş molla öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolupdyr. Ol Hywadaky dini medresäni tamamlap, obalarynda mollaçylyk edipdir. Paş molla özüniň uzak ýaşamajagyny bilýän eken. Ol ilkinji çagasy Muhammmetnur doglandan soň, haç parzyny berjaý etmäge gidýär. Gitmezinden öň ol aýaly Aýjahana: — Eger men dolanyp gelmesem, dogan-garyndaşlaryň arasyna göçüp barasyň gelse gidäý. Ýöne ogluma oňat seret. Öýde bir ýyla ýeterlik pul goýup gidýärin — diýýär. Paş molla yzyna gaýdyp gelmeýär. Onuň gelmejegine göz ýetiren Aýjahanyň erkek doganlary olary öz ýanlaryna göçürýarler. Soňam ony barjamly adamlaryň birine durmuşa çykarýarlar. Öweý kakasy Muhammetnury halamandyr. Bir gün ol ejesinden sorap, kakasynyň aradan çykandygyny bilýär. Aýjahan ogluna kakasy Paş mollanyň ýakyn garyndaşlarynyň atlaryny we nirede ýaşaýandyklaryny gürrüň berýär. Şondan soň Muhammetnur Paş mollanyň doganoglanynyň öýüne gelýär. Agasy zergär eken. Onuň diňe bir gyzy bar eken. Şonuň üçin ol: — Bizde ýaşaber, ogul! Meniň ogul perzendim ýok. Maňa kömekleşersiň hem hünär öwrenersiň, şägirdim bolarsyň — diýýär. Agasynyň ýanynda 4-5 ýyl şägirt bolup işländen soň, agasy: — Menden öwrenmeli zatlaryň ählisini öwrendiň. Ýoluň ak bolsun! Indi biz ussahanamyzy ikä böleli. Bir tarapda men işlärin, beýleki tarapda sen işlärsiň — diýip, şägirdine ak pata berýär. Ol ýeke gyzyny hem Muhammetnura durmuşa çykarýar. Bir gün işläp otyrkalar, daşyndan gurply ýaşaýandygy bildirip duran atly adam gelýär-de: —Ýene üç günden agam uly toý edýär. Şoňa men atymy bezäp barmaly — diýýär. Şonda ussa bu işi, eli çalt diýip, Muhammetnura tabşyrýar. Ýetişdirmek kynam bolsa, sargyt üç günde taýyn bolýar. Şondan soň Muhammetnuruň adyny oba adamlary Çalt ussa diýip tutup başlaýarlar. Çalt ussanyň köp wagtlap perzende ýüzi düşmändir. Tebip olara ýaşaýan ýerini üýtgetmegi maslahat berýär. Şonuň üçin olar ilki Bokurdak, soň Ýerbent obasyna göçüp barýarlar. Obanyň guýy ussasy Çalty öz ýanyna kömekçi edip işe alýar. Oňa guýy gazmagyň usullaryny öwredýär. Ol uruş ýyllarynda (1941—1945) Ýerbentde ýaşaýar. Guýularyň ençemesini gazmaga gatnaşýar. Şol ýyllarda ýurdumyzyň günbatarynda ýaşaýan adamlar Hywa, Buhara gidip, el işlerini dänä çalşyp gelipdirler. Bir gün Hywa tarapdan gelýän üsti ýükli kerwen Çalt ussalaryň obalarynda düşleýär. Şonda olar özleriniň suwdan kösençlik çekýändiklerini, guýy gazyp bilýän ussalarynyň ýokdugyny aýdýarlar. Olar Çalt ussadan obalaryna göçüp barmagy haýyş edýärler. Şeýdip, ussa Bereket etrabynyň Ok obasynyň golaýyndaky Togalak obasynda mesgen tutýar. Obadaky ýetginjekleri, şeýle hem uly adamlary täze ýerden guýy gazmak üçin toplaýar. Çalt ussa Togalakda, Okda, Uzboýuň boýundaky obalarda, öri meýdanlarynda 15-e golaý guýy gazýar. Çalt ussa ilkinji gezek Ok obasynyň golaýyndaky Täze guýy diýen ýerde guýy gazyp, süýji suw çykarýar. Çaloýda, Ýedi howuzda, gumuň içindäki Şaberdi diýen ýerdäki çöketlikde gazan guýulary häzirem ulanylýar. Şaberdiniň demirgazygyndaky belentligiň üstünde gazan guýusyna Çalt ussanyň hormatyna «Ussa beýik» diýen at dakylypdyr. Çalt aga, esasan, Bereket etrabynyň «Isgender» daýhan birleşigine degişli obalarda we öri meýdanlarynda guýy gazypdyr. 1955—1956-njy ýyllarda Çalt ussa welaýatyň öri meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän edaranyň ýolbaşçylarynyň haýyşy boýunça üç guýy gazýar. Ol boş wagtlary çopan-çoluklar üçin suw gaby edip ulanmak üçin sözen agajyndan çelek ýasaýar. Onuň ýasan suw gaplaryny çopanlar höwes bilen alypdyrlar. Ol gerek wagty zergärligem edipdir, pyçak, orak... ýasapdyr. Tilki, möjek... tutar ýaly gapanlary-da taýýarlapdyr. Çalt ussanyň dört ogly, üç gyzy bolýar. Ýöne olaryň arasynda kakalarynyň ýoluny dowam etdireni bolmaýar. Çalt ussa 1963-nji ýylda 85 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Häzir onuň ogul-gyzlary Aşgabatda, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Tejen etraplarynda dürli kärlerde işleşip ýörler. Gurbanberdi GOÝUNLYÝEW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |