21:54 Gitler urşa şeýle taýýarlandy | |
GITLER URŞA ŞEÝLE TAÝÝARLANDY
Taryhy makalalar
1941-nji ýylyň iýun aýynyň başlarynda Berlin bimaza edilen ary öýjügine çalym edýärdi. Şäher harby adamlardan jyglymdy. Gijelerine “näbelli tarapa” rowana bolýan tanklaryň, bronetransportýorlaryň, harby maşynlaryň güwwüldisi ýer sarsdyrýardy. Berlin adamyny saňsar edýän maşynlardan doludy: bir niçeler “uzyn gammalaryň täze gijesine”, “reýhiň bilinmeýän duşmanlaryndan” öç almaklyga taýýarlyk görülýär diýse, ýene bir niçeleri fýurer “Lamanşyň üstünden towusmak üçin” (başgaça aýdanyňda, Britan adalaryny eýelemäge) goşun toplaýar diýip hasap edýärdi, başga bir toparlaram köp many bilen Gündogary görkezýärdiler, şol ýerde olar “bronly faşist ýumrugynyň” täze urgusyna garaşýardylar. Gitleriň Gündogara täze agressiýa taýýarlaýandygy şol mahal daşaryýurt žurnalistleriniň aglabasyna aýandy, ýöne şol wagtyň özünde-de, fýurer ilki Welikobritaniýa çozup aralaşar diýen myş-myşa hötjetlik bilen bil baglaýardylar. Iýun aýynda bolup geçen wakalar hem bu myş-myşlary tassyklamalydy. Şol aýyň başynda nasistler partiýasynyň merkezi organy “Felkişer beobahter” gazetiniň tiražy konfisklenildi (döwlet tarapyndan ýygnaldy). Oňa diňe bir zat sebäp bolup biljekdi – (gestaponyň ýygnamaga ýetişmedik sanlaryndan görnüşi ýaly) şol nomerde “Deňiz ýolbarsy” diýilýän operasiýa (ýagny Angliýanyň üstüne çozmak) ýakyn wagtlarda geçiriljekdir diýilýär. Bu ýerde haýsam bolsa bir säwlik bilen faşist leşgerleriniň geçirmeli uly hereketiniň syrynyň açylandygy göz-görteledi. Şonuň yzysüre-de, Gitler bilen Gebbels ikisiniň arasyndaky bolan dawa barada nasist partiýasynyň käbir ýokary çinownikleriniň jikme-jik habar bermegi ol pikirleri has-da güýçlendirdi. Fýurer gazap atyna atlanypdy. Ähli metbugaty elinde saklap oturan Gebbels bolsa Gitler tarapyndan ýazgarylypdy. Ýöne welin, Gitler Germaniýasynyň Sowet Soýuzynyň üstüne çozmagynyň öňüsyrasy “Felkişer beobahter” gaztiniň sanynyň konfisklenmegi-de, propoganda ministriniň ýazgarylmagy baradaky myşlaryň ýaýramagy-da Gebbelsiň oýlap tapan prowokasiýasydygy diňe uruş gutaransoň anyklandy. Ol prowokasiýanyň maksady Sowet Soýuzynyň başyny aýlamakdan, jemgyýetçiligiň gözüne çöp atmakdan ybaratdy. Uruş ýyllary bu guran hilesi barada Gebbels öz syr alyşýanlarynyň ýanynda ençeme sapar ýatlapdyr hem-de hondanbärsilik bilen öz işgäri Rudolf Zemlere: “Akylly başyň bolsa ine şeýdilýändir” diýipdir. Propoganda ministriniň bu “oýlap tapyjylygy” Sowet Soýuzyna çozmaklarynyň öň ýany gitlerçiler tarapyndan jemgyýetçilik pikirini ters ugra gönükdiren ençeme pygyllarynyň diňe biridir. • Bu agressiýa haçan başlandyka? Häzire çenli Günbatarda dowam edýän wersiýa görä, Gitler SSR-iň üstüne dökülmegi diňe birek-biregiň üstüne çozmazlyk baradaky sowet-german paktynyň durnuklylygyna göýä “ynanjyny üýtgedenden” soň, Sowet Soýuzyndan “öňürtmek” niýeti bilen ýüz urupmyş. Ýöne altmyşynjy ýyllaryň başynda tapylan täze dokumentler beýle konsepsiýanyň düýpden toslamadygyny aç-açan paş edýär. 1962-nji ýylda Germaniýanyň harby güýçleriniň ýolbaşçy ştabynyň naçalniginiň öňki orunbasary general Warlimontyň kitaby çykdy. Şol kitapda faşistik çozuşyň henize çenli näbelli faktlarynyň üsti açylýar. Takmynan şol wagtlar hem barlagçylaryň giň köpçüligine german goşunynyň baş ştabynyň öňki naçalnigi general Galderiň gündeligi ilkinji gezek mälim bolýar. Şol gündelikde fýurer başlyklaýyn faşistik reýhiň harby ýolbaşçylarynyň ähli hereketleri jikme-jik beýan edilipdir. Warlimontyň tassyklamagyna görä, Gitler entek 1940-njy ýylyň ýazynda “gündogar garşy operasiýa planynyň” her dürli görnüşlerini öwrenmekligi tabşyrypdyr. Bu bolsa Fransiýanyň üstüne çozmazyndanam öň, ýa-da sowet-german paktyna gol çekmezinden takmynan ýarym ýyl öň dikmekdir. Başgaça aýdanyňda, Gitler Fransiýadaky kampaniýasyna Sowet Soýuzynyň halklaryny boýun egdirmek üçin alyp barjak ägirt uly söweşiniň buşlukçysy hökmünde garapdyr. Gitleriň planlaryndaky soňky öwrülişikleri biz Galderiň gündeligi boýunça yzarlap bileris. Fransiýa boýun egdirilenden soň, eýýäm 1940-njy ýylyň 30-njy iýunynda “nazarlaryň Gündogara öwrülendigini”, indiki urgusyny fýureriň edil şol tarapa gönükdirjekdigini Galder daşary işler ministri Weýszekere habar beripdir. Dört gün geçenden soň bu mesele has anygrak orta atylypdyr. 1940-njy ýylyň 3-nji iýunynda baş ştabyň ofiserleri bilen özüniň eden gürrüňinden Galder operatiw planlaşdyrmak jähtinden “gündogar problemasynyň” iň esasy meselä öwrülendigini belläpdir. Gündelikde şeýle diýilýär: “Soňkynyň (gündogar problemasynyň –D.M.) esasy manysy şundan ybarat: ýagny, Germaniýanyň Ýewropada agalyk sürüji roluny zorluk bilen boýun aldyrmak üçin Russiýa kül-peýekun ediji zarba urmaly”. Soňky iki-üç hepdäniň dowamynda operatiw planyň ilkinji bellikleri edilipdir. 29-njy iýulda ýaragly güýçleriň ýolbaşçy ştabynyň naçalnigi Iodl maslahat çagyrýar hem-de Gitleriň Russiýa garşy operasiýasyny 1941-nji ýylyň maýynda başlamagy makul bilendigini habar berýär. Goşunlaryň dislokasiýasyny üýtgetmek hem-de SSSR-iň üstüne çozmaklyk üçin günbatar Polşada plasdarm döretmek hakdaky Gitleriň buýrugynyň proýektini işläp düzmekligi Iodl ştabyň işgärlerine tabşyrýar. “Bu buýruk Sowet Russiýasyna garşy hüjüm edijilikli urşa başlamak hakdaky dokumentleriň iň irkisidir” diýip, Warlimont ýazýar. Ýene iki gün geçenden soň Berghofdaky maslahatda Gitler faşistik generalitetiň öňünde özüniň “Russiýany kül-peýekun etmek” planyny jikme-jik açyp görkezýär. Galderiň gündeliginden görnüp durşy ýaly, şol wagtyň özünde, 1940-njy ýylyň tomsunda goşunlar günbatardan gündogara geçirilip başlanýar. 1940-njy ýylyn sentýabrynda Berlinde bolup geçen maslahatda baş ştabyň operatiw bölüminiň ofisreleri Hoýzinger bilen Feýerabent SSSR-e garşy operasiýa geçirmek üçin goşunlaryň dislokasiýasyny üýtgetmegiň planyny görkezýärler. Bu plan 18-nji dekabrda kabul edilen “Barbarossa” (Görkezme №21) operasiýasy hakda Gitleriň direktiwasynyň esasy bolup hyzmat etdi. Ol direktiwada Gitler “entek Angliýa bilen uruş gutarmanka, Sowet Russiýasyny hälä goýman kül-peýekun ederin” diýip öwünýär. Faşistik kellekesijiler SSSR-e garşy agressiýanyň ähli taýýarlyk işlerini 1941-nji ýylyň 15-nji maýynda gutarmaly diýip buýruk berýärler. 1939-njy ýylyň awgustynda birek-biregiň üstüne çozmazlyk bartadaky pakta gol çekmekligi Sowet hökümetine teklip etmek bilen Gitler öz syýasatynda göýä “öwrülişik” etdi. Sowet Soýuzy bilen azu-köp, uazak wagtlyk parahat ýaşaşmak ugruna ýüz urdy diýip, birnäçe buržuaz taryhçylary ýazýarlar. Emma Gitleriň Sowet Soýuzy bilen parahat ýaşaşmak hakda hiç haçan we hiç hili pikir hem etmändigini dokumentler görkezýär. Şonuň üçinem öz diwiziýalaryny biziň ýurdumyzyň garşysyna ugratmak baradaky onuň kararyny hiç-hiç “duýdansyzyz” diýmek bolmaz. Gitleriň ol karary faşizmiň ähli syýasatyndan gelip çykýan kanuny zatdyr. Şol karara gelmezden öň iň şum gün bolan 22-nji iýuna çenli uzak wagtlap yzygiderli hem giňden taýýarlyk işleri geçirilipdi ahyry. Soňky ýyllarda çap edilen dokumentler Gitleriň harby hem syýasy planlaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär. Iş bu ýerde şundan ybarat: Gitler iňlis hem amerikan “mýunhençileriniň” antisowet planlaryna az bil baglamandyr, ol iň soňunda “Sowet kommunizminiň” garşysyna günbatar döwleteriň umumy soýuzynyň başyny jemlejegine ynanypdyr. Şu babatda 1939-njy ýylda öz ülpetleriniň arasynda Çemberleniň syýasaty hakda Gitleriň aýdan beýannamasy iňňän gyzyklydyr. Ol beýannama 1963-nji ýylda çap edilen fýureriň “stol başyndaky gürrüňleri” (Gitleriň stawkada nahar başynda hem-de özüniň Mýunhendäki we Berilindäki rezidensiýalarynda eden gürrüňleriniň ýazgysy) atly ýygyndyda getirilýär. 1942-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda fýureriň Gündogar Prussiýadaky “Wolfsşanse” (“Möjek süreni”) atly sprawkasynda nahar başynda Gitler 1939-njy ýylyň ýazyndaky wakalary ýatlapdyr. Şol wagt gitlerçi goşunlar Latwiýanyň territoriýasy – Klaýpedany (Memeli) basyp alypdylar. Gitler şeýle diýýär: “Men Memelde bolan mahalym Çemberlen bu meseläniň zerurlugyna düşünýändigini, ýöne ol barada özüniň aç-açan aýdyp bilmeýändigini başga biriniň üsti bilen maňa ýetirdi”. Şeýlelikde, Angliýanyň şol wagtky öňki premýer-ministri Çemberlen Gitleri Gündogar tarapa agressiýa gös-göni iteripdir. Munuň özi bolsa faşistik ýolbaşçylarda Polşany basyp almagy-da, SSSR-iň üstüne çozmagy-ha has beterem Angliýa makullar diýen pikir döretmän durup bilmejekdi. Şeýle-de bolsa geliň, öz harby taýýarlyklarynyň üstüni basyrmak üçin Gitleriň neneňsi çäre görendigine dolanalyň. Häzir taryhçyda Gitleriň harby buýruklarynyň doly diýen ýaly spisoklary bar. (Olar 1962-1965-nji ýyllarda Hubanyň neşirlerinde toplanyldy) – “Germaniýanyň ýaragly güýçleriniň dokumentleri”. Ýöne şol spisokdaky göz-görtele ýetmezçilik, ol hem 1941-nji ýylyň 15-nji fewralynda kabul edilen “Duşmana ters habar bermek (dezinformasiýa) boýunça instruksiýanyň” ýoklugydyr. Şol instruksiýada ähli zerur çäreler umumylaşdyrylyp, olar, Gitleriň pikirine görä, onuň SSSR-iň üstüne çozmak plany barada Sowet Soýuzynda hem-de dünýä jemgyýetçiliginde ters düşünje bermeli eken. Şol dokument ýitirilen dilip hasap edilýär welin, ony amerikan hem günbatar german häkimiýetleri gizläp saklaýarlar diýmäge-de doly esaslar bar. Şonuň üçinem gitlerçi harby komandowaniýanyň dezinformasion işlerini Gitleriň beýleki buýruklaryndaky tabşyryklary boýunça ýygnap bilmeli bolýar. “Gündogar ýörişinden” öňünçä Gitleriň giň dezinformasiýa kompaniýasyny geçirmek meýli baradaky ilkinji ýatlamalara biz 1940-njy ýylyň tomsuna degişli dokumentlerde duş gelýäris. Şol ýylyň sentýabr aýynyň başlarynda Gitleriň şu meselä degişli umumy buýruklary abweriň (harby razwedkanyň) ýolbaşçysy Kanarisa geçirilýär. Bu bolsa nemesleriň ýaragly güýçleriniň dislokasiýasyny üýtgetmegiň başlanmagyna, ýagny, goşun kontingentleriniň giň göwrümde günbatardan gündogara geçirilmegi bilen gabat gelýär. 1940-njy ýylyň noýabrynda, ertir Berlinde sowet-german gepleşikleri geçiriljek diýlen güni Gitler “Görkezme” №18” atly buýruk berip, onda şeýle diýilýär: “Russiýanyň ýakyn wagtlardaky niýetlerini düşünmek maksady bilen syýasy gepleşikler geçiriljekdir. Gepleşikleriň neneňsi netijeler bererine garamazdan (!) mundan ozalky dil üsti bilen berilen görkezmeler boýunça Gündogara garşy görülýän ähli taýýarlyklary dowam etdirmek zerurdyr”. Şu ýerde iki sany ýagdaýy aýratyn bellemek gerek: birinjiden, geçiriljek gepleşikleri Gitler diňe “Sowet Soýuzynyň niýetlerine düşünmek” diýip garaýandygyny gös-göni aýdýar, ikinjiden bolsa, gepleşikler nähili netije berse-de, ýa-da nähili şertnamalar baglaşylsa-da, olar agressiýa görülýän taýýarlyga päsgel bermeli däldirler. Görnüp durşy ýaly, gepleşiklerem, mümkin bolan şertnamalaram Gitler üçin diňe faşistik ýolbaşçylaryň Sowet Soýuzy baradaky hakyky niýetleriniň üstüni örtmek maksady bilen köpçüligiň ünsüni terse sowýan manýowr hökmünde garalypdyr. Faşistik diktatory öz pyrryllaklaryny haýran galaýmaly hilegärlik bilen, tüýs zalymyň başaraýjak ugurtapyjylygy bilen çigişdirýärdi. 1941-nji ýylyň başynda ol täze bir hyýala ýüz urdy – Gitler Sowet Soýuzynyň serhetlerine leşgerlerini çekmegi-de özüniň dezinformasiýa işinde peýdalanmagy niýet edipdi. Fýurer bu ýagdaýy indiden beýläk ozalkysy ýaly iňňän ýaşyryn saklap oturmaly däl diýip buýurdy. Şonuň bilen bir wagtda-da ol “Russiýanyň garşysyna goşun jemlenmegi duşmanyň başyny-gözüni aýlamakda ähli uruşlaryň taryhhynda görlüp-eşdilmedik zatdyr” we munuň maksady diňe “Angliýa çozup girmäge iň soňky taýýarlyklardan iliň ünsüni kesä sowmakdyr” diýen maglumatlary razwedkanyň ygtyýaryndaky ähli ugurlar bilen ýaýratmagy emr etdi. Gitleriň bu emri 1941-nji ýylyň 6-njy fewralyndaky “Görkezme” №23” diýilýän buýrugynda bar. Şol buýrukda ýene şeýle diýilýär: “Barbarossa” operasiýasy üçin güýçler jemlenýänçä Lamanşda awiasiýa bilen harby-deňiz güýçleriniň işeňňirligini güýçlendirmeli. Şeýle çäre “Britan adalaryna, hamala, hut şu ýylyň özünde çozular diýen pikiri ýaýratmak üçin” gerek. Geçen asyryň belli diplomaty Taleýran syýasatda hilegärlik ejizleriň ýaragydyr diýipdi. Gitler bu gylygy bilen öz diktatorlyk häkimliginiň esasy prinsipine öwürdi. Ol faktlara ynanmagy öz hilegärligine bil baglamak bilen çalşyrdy. Iň soňunda-da şol hilegärligi onuň öz başyna ýetdi: kezzaplyk bilen ýalançylyk Sowet Soýuzyna garşy uruşda faşistik Germaniýa aýgytlaýjy artykmaçlyk berer umydy bilen ol diwiziýalaryny Moswkanyň üstüne sürdi. Moskwa eltýän ýol Gitleriň özi üçinem, onuň döwleti üçinem heläkçilik ýoly boldy. Sowet Soýuzyna garşy urşuň öňüsyrasynda Gitler bu kompaniýanyň esasy matlabyny şeýle kesgitledi: “Goşuny çym-pytrak etmeli, döwleti ýok etmeli”. Bu sözler Galderiň gündeliginde 1941-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda ýazylypdyr. Şol gün Gitler öz jaýynda ýokary generaliteti ýygnap, taýynlanylýan agressiýa barada birinji ýola aç-açan gürrüň edipdir. Ol “gürrüň kül-peýekun ediji uruş hakynda gidýär” diýip duýdurypdyr. Russiýany birtopar döwlete bölmeli. Gitler aýtmyşlaýyn, birinji nobatdaky wezipe “Bolşewik komissarlary bilen kommunist intelligensiýany ýok etmekden” ybarat bolupdyr. Soňabaka Gitleriň hyýallary “anyklaşdyrylypdyr”. Onuň gutarnykly planynda Sowet Soýuzynyň ilatynyň köp essesini ýok etmek, diri galan bölegini hem german häkimleriniň sadyk gullaryna öwürmek, biziň ýurdumyzyň territoriýasyny koloniýa etmek, ondaky ýaşaýan halklary bolsa öz guluna öwürmek göz öňünde tutulypdyr. Gitler bu hyýalyny aýratynam öz ülpetlerini daşyna üýşüren wagtlary aç-açan aýdypdyr. Ol 1942-nji ýylyň 12-nji maýynyň agşamsy özüniň “Möjek süreninde” şeýle diýipdir: “Meniň Gündogar syýasatymyň maksady, şol territoriýany, juda bolmanda, bir million germaniýalyny göçürip elter ýaly ýere öwürmekden ybaratdyr... Ýene on ýyldan şol ýerde... ýigrimi million nemesiň ýaşaýandygyny maňa habar bererler diýen umydym bar”. Başga bir gezek, faşistleriň basybalyjylyk syýasatynyň düzgünleri barada fýurer “hiç hili sanjym, hiç hili gigiena gerek däl, diňe arak bilen çilim bolsa boldugy!” diýip hetjikläpdir. “Bar zatdan gowusy-ha, olara üm dilini öwredäýmekdir-le” diýip, ol 1942-nji ýylyň ýazynda ýüregindäkini daşyna çykarypdyr. Ähli diktatorlar ýaly Gitlerem häkimlik özüne baky berlendir öýdüpdir. Ol 1933-nji ýylda bir müň ýyllyk reýhiň başlanandgyny jar edipdir. Taryh welin, gitlerizme şol möhletiň bary-ýogy ýüzden birine golaýyny berdi: fýureriň häkimligi on ikije ýyl dowam etdi. Ýewropanyň, bütin dünýäniň üstünden hiç zeýilli zowalsyz agalyk satmagy küýüne düwen Gitleriň ýoluna biziň ýurdumyzyň halklary böwet basdylar. Gitler Germaniýasyna garşy urşuň esasy agramy biziň halklarymyzyň gerdenine düşdi. Faşizme garşy göreş aýaga galan beýleki halklar bilen bilelikde, sowet adamlary dünýäni entek adamzadyň üstünden hiç wagt inmedik aýylganç beladan – faşistleriň guly bolmak belasyndan dyndardylar. Daniil MELNIKOW, taryh ylymlarynyň doktory. “Edebiýat we sungat” gazeti, 22.06.1966 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |