GÖLE DAWASY
Ýeke göle uly ile iş boldy,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn 1!
Aljak bolup beg, halkyna düýş boldy,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Diwanlar 2 ýygnanyp maslahat etdi,
Çotaç maslahaty halaman gitdi,
Dawanyň bir ýany Suhana ýetdi,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Çotan şu dawadan bolupdyr gereň,
Amaşa kömek ber, gel Gowkyzereň,
Akgoňruň arçyny — Abdylla pereň,
Göläniň dawasyn açmaga geliň!
Göle nahar eder kepbe gezende,
Diwanlaryň käri dawa bolanda,
Garagoňruň işi Suhannazarda,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Göläni ýekeläň otluk ýer bilen,
Çotan gölän aljak bolar zer bilen,
Amannazar arçyn gelsin har bilen,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Suhan gölän aljak bolar pul bilen,
Çotan birazyny aldar dil bilen,
Öwezbaý gelsin, Çopan kir bilen,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Älem arçyn arçynlaryň biridir,
Çotda arçynam hemmesiniň piridir,
Suhanyňky däwagäriň ugrudyr,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Ahyr biri dawa edip almasa,
Gepiň ugry gitmez Suhan bolmasa,
Taýmazyň arçyny Babak gelmese,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Göle gotur aýrylypdyr synadan,
A bir düýp göräldäni yzlap köneden,
Güýçden habar soraň kömekhanadan,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Göläniň çopanny etdi sürekçi,
Şaýat biýre getiripdir orakçy,
Ýaşulymyz gelsin Aman garakçy,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Göläniň çopanny diwana sürdi,
Çotan arçynlaryň baryny gördi,
Şyh ograň arçyny Muhammetberdi,
Sen, göläň dawasyn açmaga gelsin!
Göläni diwana äkel ir bilen,
Çotan gölän aljak bolar zor bilen,
Emir hajy töwella etdi şir bilen,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Suhan wada berer üç-dört aý bilen,
Gupburun meňki diýip, waňkyr waý bilen,
Hajymyrat gelsin Omar baý bilen,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Göle başarmady, wekil ýetsene,
Çotan, dawaň gutarandyr ýatsana,
Ol ýabyň sür-de töwella gitsene,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Biri-birinden ala bilmez aryny,
Diwan gelip, mälim eder kärini,
Ol aryk, garaja, habyp haryny,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Çotan gije-gündiz etdi pikiri,
Dawadan gutuldyň, etsin şüküri,
Halyl bilen bahym gelsin büküri,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Hemmämize medet bersin Ýaradan,
Köpüsini Aşgabada ýöreden,
Diwan gelsin müjewerden garadan,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Arçyny başartman, pristawa 3 bardy,
Pristawdan geçip, bolköýnegi gördi,
Ondanam köpie alyp, Aşgabada sürdi,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Aşgabat garyndaşlar berewer kömek,
Bir ýarym aç galyp, tapmady damak,
Penjüwarlary alyp gel, Annamät eňek,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Her gijede gowga gelýär ekinden,
Dawa edip Gupburuny ýykanda,
Goçmyrat pil gelsin, künji ekenden,
Göle dawasyny açmana geliň!
Utamyşa mälim etsin halyňy,
Dawa ýagşy däldir, oňar päliňi,
Burkaz Soltanyzy, çagyr ýoluňy,
Göläniň dawasyn açmaga geliň!
Dawa uzak gider bolmaz menzili,
Çotan dawa edip, tapdyň hezili,
Bagşynyň ýaşulsy — Garry gyzyly,
Göläniň dawasyn açmaga gelsin.
Peleň ýaşulusy — Köpek baý bolar,
Topby baýyň aýdan gepi jaý bolar,
Bagşyň ýaşulsy — Mämmet dilmajam geler,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn!
Dawa uzak gitdi, boldy wagyry,
Döwletli utamyş, gelsin agyry,
Ähli syçmaz alyp gelsin kör sagry,
Göläniň dawasyn aç, Çotan arçyn!
Göläni diwana äkel duz bilen,
Çotan birazyny aldar söz bilen,
Alasakgal, gel, alaja göz bilen,
Göläniň dawasyn aç, Çotan arçyn!
Köp bolupdyr bu diwanyň döräni,
Gökdepe sopbudyr ile ýarany,
Hajy sopy, Nursähedi, Garany,
Göläniň dawasyn aç, Çotan arçyn!
Dawa ýagşy däldir, edewer toba,
Sakar bilen gelsin Ärsary baba,
Tatar arçyn gelsin, owganly aga,
Göläniň dawasyn aç, Çotan arçyn!
Gazak, galpak, hywa gelsin bag bilen,
Eýran şasy gelsin Gara dag bilen,
Buluç bilen berweri çig bilen,
Göläniň dawasyn aç, Çotan arçyn!
Uly ile iş boldy bir ýeke göle,
Rumystan gelsin iňlisi bile,
Ýaragny tapmasa, Pereňden dile,
Göläniň dawasyn aç, Çotan arçyn!
Körmolla şahyra kim biýr halady,
Gupburnuň gepiniň köpdür galady,
Çotan aşaklykdan ber diýip diledi,
Göläniň dawasyn aç, Çotan arçyn!
Bolmasa arzany eltiň ýanary 4!,
Göläni öldürip dykyň ganara!
Diwana elteliň, ýükläp inere,
Göläniň dawasyn aç, Çotan arçyn!
Diwanalar diwany kesdiler gyrat,
Ýerde adam galmasyn, eşitsin Hyrat,
Kazy bolmak istär Molla Gulmyrat,
Göle dawasyny açmaga geliň!
Göläni öldüriň, kylyň beregi,
Gupburnuň howada çaşdy deregi,
Çotan Hudaý ýoly berdi çöregi,
Göle dawasyny açmaga geliň!
Göle ýaşdyr aýrylandyr ýaşardan,
Tagandurdy gylyç tutdy goşardan,
Habar alyp Gara Ýusup beşerden,
Göle dawasyny açmaga geliň!
Suhan talak dawa kylar köp bolup,
Onça gelen belalary dep bolup,
Gagşal, bükri özbaşyna sap bolup,
Göle dawasyny açmaga geliň!
Töwella gelendir ýakyn-ýat bilen,
Çotan arçyn günde geler zat bilen,
Utamyş arçyny Ödemat bilen,
Göle dawasyny açmaga geliň!
Töwella gelendiler ýakyn-daş bilen,
Göle ýaşdyr bakaweriň aş bilen,
Gara işan, Nazar düýekeş bilen,
Göle dawasyny açmaga geliň!
Suhanberdi aýdar elimde taýak,
Gelsin Hajy sopy, Hançepbe baýak,
Topazy hem alyp gelsin daşaýak,
Göle dawasyny açmaga geliň!
1. Oba ýaşulusy.
2. Türk soltany zamanynda ýokary wezipeli adamlardan ybarat bolan sowet.
3. Patyşa Russiýasynda uly bolmadyk administratiw etrabyň polisiýa naçalniigi.
4. Ýanar-ýanaral sözüniň gysgaldylan görnüşi. General manysynda.
Edebiýat we Sungat gazeti 1997-nji ýylyň 3-nji oktyabr.
Kril harpyndan häzirki zaman Latyn harpyna geçiren: Gurban Geldiýew.
Poemalar