10:46 Palaw | |
PALAW
Goşgular
Owal-a şaly satandan ýagşysyn almak gerek, Gaýnagan suwga salyp hem bir zaman goýmak gerek Hem ýene suwga salyp, aýlandyryp ýuwmak gerek, Kir bilen bişgende görseň, reňňi betnamdyr palaw. Gazanyny ýagşy ýuwgul, ýagda lödere bolmasyn, Guýruk olsun, künjüt olsun, ýagy maşyn bolmasyn, Ýagy gör maşyn olsa, ýanmagy kem bolmasın, Ýanmagy kem bolsa görseň, buýy betnamdyr palaw. Oduny azada ýakgyl, çykmasyn ýaga tütün, Astyna salgan etiň towuk olsun ýa sülgün, Agdaryp demge goýaňda, gapagy bolsun bitin, Demin ýagşy alsa, iýseň derde dermandyr palaw. Dünýege ingen tagamyň şir bürünçdir serweri, Ojagy kerpiçden olsun, gazandyr merweri, Hyzmatynda taýyn olsun sekiz sany berweri, Agdaryp demge goýaňda, derde dermandyr palaw. Nijeler tapsa atarlar, ona suwga mübtela, Et bilen ýagdan aýyrsaň hem bolar ýüzi gara, Eý, ýaranlar, berge nedir, şalyga bitgen ýere, Kesir birle pyýazy kem bolsa, armandyr palaw. Towuk bolsun, sülgün bolsun, tapsaňyz sal alagaz, Ussasy ezber bolsun, kepgirinni eýle saz Eý, ýaranlar, bu palawny näçe taryp etseň az, Demni alanda iýseň, derde dermandyr palaw. Bu palawny iýse bolar, deň-duşuňňy üýşürip, Ortada çäýnek, käse, gant, nabadyň süýşürip, İki sany ýaş gelin hem dursa, golun gowşuryp, Demni alanda iýseň, şonda mazaly palaw. KÖRMOLLA. | |
|
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |