18:56 Kooperatiwiñ puludyr | |
KOOPERATIWIÑ PULUDYR
Goşgular
Mary raýonynda Bagaja ilinde, Ussa Paşşy kooperatiwe uludyr. Her bazarda onbäş erkek satsa-da, Satsa satsyn, kooperatiwiñ puludyr. Kooperatiwiñ müñ ýarymjyk kemi bar, Ussa Paşşyñ ýüreginiñ gamy bar, Ozal boýnyýogyn, indi demi bar, Kem bolsa-da, kooperatiwiñ puludyr. Sapar getir ýaşyl-gyzyl çüýşäni, Paşşy çekýär ilden gizläp neşäni, Öz aýagna bilip salýar teşäni, Salsa salsyn kooperatiwiñ puludyr. Paşşy eda bilen geler işikden, Öwez Nepes dazlap çykar deşikden, Bessir hanam ýag çykarar meşikden, Oda bolsa kooperatiwiñ puludyr. Kooperatiwiñ barja zadyn iýýärler, Gyzyl-akdan istakana guýýarlar, Il ýatansoñ gül şireden doýýarlar, Doýsa doýsun kooperatiwiñ puludyr. Guwanç gelip, samowary gaýnadar, Bessir gaşyn kakyp, gözün oýnadar, Bir ýylgyrsa, çetwerlige boýun eder, Etse etsin, kooperatiwiñ puludyr. Ussa Paşşy otyr gamasyn ýaglap, Guwanç otyr ýürek-bagryny daglap, Bessir otyr hemmesine näz eýläp, Bolýan harçlar kooperatiwiñ puludyr. | |
|
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |