10:36 Gören-eşidenimizden habar bersek: Tähran | |
II. TÄHRAN
Ýol ýazgylary
Uzynly gije durman diýen ýaly ýol ýöredik. Düz ýol, birinji klasly awtobusda barýarys, ýöne şonda-da gözümiň awusyny aljak bolup näçe jan etsem hem, tä gije ýarymdan mazaly agýança uklap bilmedim, daňa ýakyn ýadawlyk ýakasyny tanadan bolarly... Gözümi açsam, howa mazaly ýagtylypdyr, awtobusymyz dur, ýoldaşlarymyz ikiden-ýekeden gaýdyp gelip, maşyna münýärler. Men olaryň gürrüňlerinden ertir namazynyň kaza galandygyny aňdym. Barýan ýolumyz daglyk. Ol kä dagyň göwsüni böwsüp geçýän ötüklere sümülýär, kä gaýalaryň ýüzüne ýarmaşýar, käte çuň, düýbüne göz ýetmeýän, içinden ter suwly çeşmeler akyp ýatan jülgeleriň etegini syryp gidýär. Men görýän zatlarymdan çak tutup, megerem, Dwemawend dagyna golaýlaşyp ýören bolsak gerek diýip pikir ýüwürdýärin. Tutan çenim dogry bolup çykýar, ýene iki sagat çemesi ýöränimizden soňra giň giden jülgä düşýäris. Eýranly gardaşlardan agaýy Afşary – Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni gatnaşyklar baradaky bölüminiň müdiri Tährana ýetenimizi aýdyp bizi begendirdi. Onuň özi Tährana sag-aman ýetenuimize bizdenem köp begenen bolsa gerek. Sebäbi bu gije ýörelen ýol öňki gije-de oňly ukusyny alyp bilmedik sürüjimiz ikisi üçin has-da agyr bolan bolmalydy. Agaýy Afşary birden şofýor uklaýmasyn diýip howatyr edip, uzakly gije onuň ýanyny alyp oturypdy. Ertir sagat dokuzdan işläberende biz awtobusdan düşdük, myhmanhana-da ýerleşdik. Çalak-çulak ýuwnup bolanymyzdan soňra bize näştelik berdiler. Ýöne adamlar ýadawdy, ýol bilen uky olary halys surnukdyran bolarlydy, olaryň nahar bilenem oňly seri ýokdy. Özüm-ä, dogrusy, düşege başym ýetäýse pesinden 7-8 sagat galman ýataryn öýdýärdim. “Şehr” myhmanhanasynyň tämiz howaly otaglarydyr gar ýaly jowur ak prostynlary hem agyr ýoluuň ejirini çeken bedenlerimiziň yzasyny kemeldip bilmedi. Tähran! Ýaşlykdan bu at bilen gulagymyz öwrenişipdi. Oglankak gojaman garrylar öýüň güneýinde arkasyny gamşa berip oturan ýerlerinden söwda gidenlerinde bu şäherde boluşlary, uzak ýere gitmeselerem daş çykanlarynda gaýdyp yzlaryny tapman başga biriniň gapysyny kakyşlary, öý eýesi bizde beýle myhman ýokdur diýse onuň bilen dawa edişleri barada gürrüň berip gülşerdiler. Sowetler döwürnde “Gorkly Tährany” köp okardyk. Soň ellinji ýyllarda doktor Mosaddygyň Eýranyň nebitini millileşdirmek baradaky hereketi döwründe bolan wakalary üns bilen öwrenerdik, sebäbi biz munda goňşy döwletimzide halkyň özbaşdaklygy ugrunda alyp barýan göreşiniň simwolyny görerdik. Muhammet Reza Pehlewiniň düzgüni yranyp başlandan soň bolsa bütin Eýranyň hem-de Tähranyň taryhyny, onuň gurluşyny özbaşdak okardym. Megerem, şol sebäpli bolsa gerek, bu şäheri görşüm birinji gezegem bolsa ol maňa köneden tanyş ýaly göründi. Üçeksiz jaýlaryň depelerinden hellewleşip görünýän, ýewropa stilinde salnan köp gatly jaýlar göwnüme şäheriň tanyş görküni bozýan ýaly bolup göründi. Soň bize dogrudan hem bu jaýlaryň soňky döwürde, Eýranda Yslam Respublikasy gurlandan soňra salnyp başlanandygyny aýtdylar. Bize Tähran bilen içgin tanyşmak miýesser etmedi. Tähranyň merkezine gitjek bolsaň maşynly gideniňde-de pesinden dört sagat ýol ýöremeli, şol sebäpli diňe bir baryp gaýtjak bolsaň hem oňa bütin günüňi sarp etmeli boljak diýip aýtdylar. Şol sebäpli hem ýolbaşçylarymyz muňa wagt sarp etmegi müwessa bilmedik bolarly. Megerem ýurt eýeleri hem bize Tähranda bolup geçýän täzelikleri görkezenlerini gowy gören bolsalar gerek. Tähranly doganlarymyz bizi şindi doly gutarylmadyk metronyň gurluşygyna alyp gitdiler. Metro bilen tanşyp başlamazdan owal bize metronyň ştolnylarynyň uzynlygynyň uzynlygynyň 49 kilometre ýetýändigini, onuň Eýranda Yslam Respublikasy berkarar edilenden soňra gurlup başlanandygyny, özi-de onuň Eýranyň öz milli kadrlarynyň eli bilen gurlandygyny aýtdylar. Gürrüňiň hörpünden olaryň eden işlerine buýsanýandyklaryny duýmak kyn däldi. Biz tozanly tonelleriň içi bilen bir sagat kyrk bäş minut aýlananymyzdan soňra hakykatdan hem bu gurluşygyň buýsanarça bardygyna göz ýetirdik. Metronyň stansiýalary şindi taýýar däl, olaryň görnüşiniň nähili boljakdygyny proýektini bilmezden aýtmak kyn. Ýöne bize onuň içiniň howasy-ha arassa bolar, üstesine şäheriň howasyny arassalamaga-da kömek eder diýip tekrarlap aýtdylar. Belki, şeýle bolaýady-da. Bu işde meni geň galdyran başga bir zat boldy. Moskwada, Daşkentde, Bakuwda metro guyrulýarka üç-dört stansiýanyň arasynda ötük gutarylandan soňra tizden-tiz ol stansiýalary ulanmaga bererdiler. Bir tarapdan, bu şäher transportunyň işini ýeňledýär, ikinji tarapdan hem ondan belli bir derejede girdeji alnyp, gurluşygyň maliýeleşdirilişini ýeňilleşdirerdi. Bu ýerde bolsa 49 km ötük taýýar edilen hem bolsa olardan biri-de ulanylmaga berilmändir. Megerem, munuň bize mälim bolmadyk düýpli sebäbiniň bar bolmagy hem mümkin, kim bilýär? Tähranyň ýollarynyň gatnawy uly, ýol hereketi hem biziň öwrenişen ýol hereketimize meňzemeýär. Şäheriň köçelerinde swetofor gaty az, bar ýerinde-de otuz bäş ýyl bäri rulda oturýan hem bolsam olar bilen ýol hereketiniň nähili ugrukdyrylýandygyna akyl ýetirip bilmedim. Buýr-bulaşyk, öňlin-yzlyn hereketden bu ýeriniň şofýorlarynyň baş çykaryp bilişlerine telpek goýsaň hem az. Eýranyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, Tähranda-da jaýlaryň äpişge-gapysyz diwarlarynyň ýüzüne Yslam Respublikasy ugrunda şehit bolanlaryň ullakan şekilleri ýerleşdirilipdir. Bu uly plakatlarda olaryň kim bolandyklary barada maglumat az, ýöne içimden şu ýadygärlikler merdanalaryň ýaşan jaýlarynyň, öýleriniň diwarlarynda bolaýan bolsa has-da täsirli boljak eken diýip oýlandym. Bu barada ençeme gezek soramakçy hem boldum. Ýöne her gezek bir bahana tapylyp, ahyry hem muny soramany unudypdyryn. Belki, soramanym gowy hem bolandyr. Şehide hormat nirede goýlanda näme – esasy zat olara hormat goýmagy başarmaly. Metro bilen tanyşmaga girişmezimiziň öň ýanynda bolan ýygnanyşykda bize Ymam Homeýni barada gürrüň beripdiler. Men ol gürrüňi soňa goýdum. Bu şahs hakykatdan hem belent adam. Ol barada gürrüňi aýratyn etseň hem ýerlikli boljak, şol sebäpli bu gürrüňi indiki bir söhbetdeşligimizde dowam ederis. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |