23:31 Gören-eşidenimizden habar bersek: Ýol | |
GÖREN-EŞIDENIMIZDEN HABAR BERSEK...
Ýol ýazgylary
• I. ÝOL Eýrany görmek maňa öňem miýesser edipdi. Ýöne bu gezekki saparymyz Eýran Yslam Respublikasyny berkarar etmäge ömrüni sarp eden Ymam Homeýniniň ruhuna sarpa goýmak bilen baglanyşyklydy. Ol bolsa golaý geçmişde Eýranda patyşa düzgünine garşy dörän halk hereketine baş bolup, öz halkyna ýol görkezen beýik şahsdy. Eýran Yslam Respublikasynda bu beýik şahsyň dünýäden gaýdan güni her ýyl uly dabara bilen bellenýär eken. Eýran öz şekilli ýurt. Onuň üsti bilen biziň öňki görýän ýewropa halklarynyň ýurtlarynyň hiç birine meňzänok. Baýyrlara ýaplanyşyp oturan ilkinji obalara gözüň düşenden hem muny duýsa bolýar. Ýurduň içine aralaşdygyňça bolsa bu özşekillilik artýar. Ýolda gidip barýarkaň duş gelýän obalaryň (şäherlerde däl) hemmesinde diýen ýaly jaýlar dörtburç, ýeke gat. Ýöne käýerde üç gat edilip gurlan ýerleri hem bar. Olaryň daş keşpleri gamgyn geçmişimizi, uruş ýyllarynyň öň ýanlarynda hem uruşdan soňky döwürlerde obalarda ýaşan jaýlarymyzy ýadyma saldy. Ýöne siňe synlasaň olaryň biziň jaýlarymyzyň gurluşyndan tapawutly ýerleriniň bardygyny seljermek kyn däl. Bu ýurduň jaýlarynda ýörite howa arassalaýan demçekerler bar. Olar jaýyň howasyny arassalap durmakda köp iş bitirýärler. Munuň şeýledigini men öň bir gezek maşatda bolanymda göz ýetiripdim. Bu gezek sapara ugramazymdan owal maňa Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutan, onuň gitmeli, ýöremeli ýollaryna çelgiler goýan Ymam Homeýniniň wesýetleri bilen tanyşmak, olary saldarklap görmek miýesser boldy. Ymam Homeýniniň wesýetleri bilen tanşanymda onuň halkynyň ruhy tarapdan päk bolmagyny, hiç bir ýurda bakna bolman ýaşamagyny isländigine gözüm ýetdi. Ýöne beýik şahslara-da az wagtyň içinde niýetlerini doly durmuşa geçirmek başartmaýar. Ymam Homeýniniň hem ykbaly şeýle bolupdyr. Ol 1989-njy ýylda Yslam Respublikasyna on ýyl baştutanlyk edeninden soňra segsen ýedi ýaşynyň içinde pany dünýä bilen hoşlaşypdyr. Ýöne dünýäden gaýtamazyndan öň halkyna birnäçe wesýetnama edipdir. Onuň halkyna wesýeti – yslamyň ýoluny berkitmek, ýutduň özbaşdaklygyny goramak, ruhy tarapdan päk bolmak, beýik Allatagala ak ýürekden gulluk etmek. Onuň maksatlary aýdyň, niýetleri gowy, olary durmuşa geçirmek bolsa egindeşleriniň, eýran halkynyň paýyna düşüpdir. Bu gezekki saparymyzda eýranly garyndaşlarymyz bilen tanyşlygymyz Goçantdan başlandy. Şäheriň permandary (häkimi) bizi güler ýüz bilen garşylady. Goçabndyň metjitleriniň birinde öýle namazyny okadyk. Namazdan soňra permandarlygyň jaýynda bize duz-tagam çekdiler. Aşpezler “Palawy morgy” (towukly palawy) ýumşakdan tagamly edip bişiripdirler. Bu ýerde nahary biçak köp salar ekenler. Ol her neneň işdämn adamlara-da nahar bolarlyk bar. Naharyň gapdaly bilen “Zem-zem” suwly çüýşeleri goýýarlar. Ol sowuk, içi gazgaňşyrawugyňy kükedip barýar. “Palawy morg” diýseň guraksy nahar. Tomus şindi öz hökümini doly ýöredip bilmeýän-de bolsa howa yssydy. Ýola düşenimizden soň, içimden şol suwa derek türkmeniň gök çaýy bolaýsa bolmaýarmy diýipm oýlandym. Eýranyň ýollary bilen barýarkaň ilki bilen gözüňe ilýän zat – ýoluň iki tarapyna ekilen ummasyz köp ak ekin. Olar bir ýerde gök öwsüp otyr, bir ýerde saralyşyp tümmül bolupdyr. Orak salnyp, dänesi ýygnalan ýerlerem bar. Meni geňirgendiren zat bu ghiden ak ekiniň aralap ýyglan ýerleriniň barlygy boldy. Çakyma görä, bu ýerde boýy pesräk, oňly däne ýygnap ýetişmedik bolsa ol ýeri ormaýan bolaýarlylar. Öň bir gezek Maşatda bolanymda tanşymdan ak ekin ekilen meýdanlary görkezip: - Munça däne ekmegiň näme hajaty barka? Ýa-da Eýran däne monopoliýasyny ele almak isleýärmikä? – diýip soradym. Ol soragyma biraz geirgenip: - Däne – iýseň nanyň, satsaň – puluň bolar. Mala berseň – et, süýt, ýag, sargan bolar. Hudaý bolsun etse, duran bir baýlykdyr – diýip, jogap beripdi. - Aatan tohumyňyz biderek gider gorkyňyz ýokmy? Ýa-da ygal her ýylda bolup durmy? – diýip, oňa ikinji soragymy beripdim. Ol ýene: - Däne başlamasa-da, ot-a bolar. Näme ot – et dälmidir? – diýip, gülümsiräp, soragyma sorag bilen jogap beripdi. Ýoluň iki tarapynda her dürli öwşün atyp oturan düme ekilen ak ekinleri synlap, şol maşatly tanşym bilen bolan gürrüňi ýatlap, munça däne sepen halk, halys Hudaý tutmasa, aç-hor bolmaly däl diýip, içimden oýlanyp barýardym. Ýolda bir käse çaý içip boljak diýen sesi eşidip, hemmämiz awtobuslardan dökülip diýen ýaly düşdük. Bu ýere Baba Anan diýer ekenler. Bu çar tarapy baýyrlar bilen gurşalan çaklaňrak jülge. Belent çynarlaryň goýras kölegesi, jülgäniň salkyn howasy diýseň jana ýakymly. Ýokardan bir ýerden bol suwly çeşme akyp gelýär. Onuň suwy kükürt-wodorod gatyşykly bolarly. Göwünem bolmasa, suwuň goýras ysy bütin jülgäni tutup duran ýaly. bu ýeriniň howasy Arçman atanyň howasyna diýseň çalymdaş. Göräýmäge, bu künjek adamlar lezzet alsynlar diýip ýörite ýaradylan... Bi hut şu ýerde-de Eýran yslam Respublikasynyň taryhynyň halkyň aňynda agyr yz galdyran sahypasy bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Terjimeçiler ýurt eýeleriniň bizden gaty gürleşmezligi, bu ýerde ýaşaýanlary bimaza etmezligimizi haýyş edýänlerini aýtdylar. Görüp otursak, bu ýerde Yrak bilen bolan sekiz ýyla çeken urşuň maýyplary ýaşaýan ekenler. Olar bilen içgin tanyş bolmak bize miýesser etmedi. Ýöne 1980-nji ýylyň 15-nji martynda Ymam Homeýniniň “Yslam Rewolýusiýasy ugrunda şikesli bolanlaryň fonduny döretmek barada” ýörite perman berendigini anyklamak başartdy. Bu fond Yslam Rewolýusiýasy ugrunda göreşip, şikes tapanlara, maýyp bolanlara, şehit bolanlaryň maşgalasyna kömek bermek, olary goldamak üçin ýörite döredilipdir. Bu göwnüňe birneme teselli berýär. Ýöne, bolsa-da, öz başlaryna gürleşip ýören bendelere gözüň düşende adam ýüreginden burlup alnan ýaly bolýar. Urşuň salýan ýarasynyň yzasynyň uly bolýandygyny bize düşündirmegiň hajaty ýok ahyryn. Biz ony bütin süňňümiz, durkumyz bilen syzýarys... Baba Ananda az wagt dynç alanymyzdan soňra biz uruş maýyplarynyň ykbaly barada oýlanyp, agyr duýgular bilen ýola düşdük. Ikinji, agşam namazlarymyzy dag içinde jülgeleriň ýaýbaňrak ýerlerinde okadyk, urşuň şehitleriniň ahyrýetiniň, maýyplarynyň iki dünýäleriniň hem abat bolmagyny Allatagaladan dileg etdik. Ýoluň galan bölegini gije ýöremeli bolduk. Şäherlere ýetenimizde az wagtlyk aýak çeken hem bolsak, gijäniň içi nirede nämäniň bardygyny oňly aňşyryp bilmedik. Şol sebäpli şu gezekki söhbetimi şu ýerde tamamlap, indiki gören-eşiden zatlarym barada ýene-de bir gezekde gürrüň beräýsem oňat bolarmyka diýýän. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |