00:04 Şol gözeliñ goşa gara haly bar... | |
ŞOL GÖZELIÑ GOŞA GARA HALY BAR...
Psihologiýa
Gündogarda, şol sanda biziñ halkymyzyñ arasynda, ýüz-gözdäki, umuman ynsan bedenindäki meñleriñ hem özboluşly ýorgudy bar. "Agzy meñli aşa ýakyn, eli meñli işe" biziñ ilimizde ýörgünli ýorgutlardan biri. Ýogsa-da esewan bolan bolsañyz, hindi filmlerinde ýaş-söýuşýänleriñ roluny oýnaýan aktrisalaryñ köplenç iki gözüniñ aralygynda, käte-de çat mañlaýynda meñ goýýarlar. Meñ baradaky yrymlardan bihabarlar üçin bu ýöne şeýle gahrymanyñ görküne bezeg berjek bolup ediläýen ýaly bolup görünýär. Hakykatda bolsa her meñiñ öz ýorgudy bar. Meñ ýorgudyny bilýänler üçin ol eýýäm gahrymanyñ gylyk-häsiýetini aýan edýän alamat bolýar. • Bu yryma görä iki gözüniñ aralygynda haly bolan yşkbaz bolýarmyş. Olaryñ gylygy mylaýym, özlerem diýseñ mähriban bolarmyş, iki gözüniñ ortasynda meñi bolan aýal bolsa erkek kişini, erkek kişi bolsa aýaly mylaýym gylygy, mylakatlylygy bilen bada-bat özüne maýyl edermiş. • Çat mañlaýynda meñi bolan adam diýseñ bagtly bolarmyş, dünýäde zar zady bolmazmyş, geljege diýseñ ynamly gararmyş. Olaryñ yşgy gaýnap durarmyş, söýüşýäni köp bolarmyş. Ýöne olar gopbamsy bolarmyşlar. Durmuş olary kynçylyklaryñ üstünden eltermiş. - Meñliniñ roluna ýüzi hally gyzy surata düşüripsiñiz? Ady Meñli bolany üçin şeýtdiñizmi? Ýöne Meñliniñ meñi gulagynda, burnunda ýa başga bir ýerinde-de bolup biler-dä? - diýip, sorag berenimde Alty Garlyýew maña şu ýokarda getiren yrymlarymy aýdyp beripdi. Ol: "Beýik şahyry Meñli görki-görmegi bilen däl-de, ýürek mähri, mylakatlylygy, mähremligi bilen özüne bendi edendit diýip çak edýän" diýibem sözüniñ üstüne goşupdy. Bu yrymlar ýerliklimi, dälmi, synap görerin diýseñiz eşiden, okan zatlarymdan peýdalanyp, menem size birnäçe maslahat bereýin. Galany siziñ özüñize bagly. • Durmuş ýoly giñdir, giden derýadyr. Onda pylan zat meniñ bilen-ä bolmaz diýip bolmaz. Bilip bolmaz. Bir sebäp bilen iki gulagynda-da goşa haly bolana duş geläýseñiz ägä boluñ. Olar mekir hem duýgur bolarmyşlar, boljak işleri öñünden bilermişler. Özlerem diýseñ kitaphon, üstesine-de ukyply bolarmyşlar. Olaryñ ukyby göreni haýran galdyrmyş. Maşgalasyna wepaly bolarmyşlar, çagalary köp bolarmyş. • Gulagynyñ birinde goşa haly bolanlary görseñiz ýanyna gülüp baryñ, olaryñ ýürekleri açyk, ýüzleri gülüp durandyr, öýi mydama ala-ýazdyr, dostlaryndan doludyr. Olara söwda et, şertnama baglaş diýseñ... Olaryñ añy-üşügi söwda-satyga, pul toplamaga ýugrulan bolar. Ýöne käte şu açyk ýüzlülikleri, myhmansöýerlikleri olary kyn ýagdaýda-da goýup bilýändir. • Durmuşdyr, bilip bolmaz, sag gulagynda ýeke-täk meñi bolan bilen iş salyşmaly bolaýsañyz, aýtjak sözüñizi saldarlap görüp, onsoñ aýdyñ. Olar akylly, dana bolýandyr, basjak ädimini ölçerip-biçip basýandyr. Özdiýenlidirler, yñdarmaragam bolýarlar. Beýle adamlar hakyt syýasat üçin ýaradylan bolýarlar, köp zady bilýärler. Ýöne häsiýetleriniñ umumy beýanyny hem unutmañ - özlerini hondanbärsi tutýandyrlar. Olaryñ işini görýänem häsiýetlerindäki şu kemçillik bolýar. • Men size ýene bir maslahat bereýin - gulagynyñ içinde goşa haly bolanlar bilen gabat gelseñiz olaryñ biçak edenli we dikdüşdi bolýanlaryny unutmañ. Olar bir diýenlerini tutup, ýer depip durandyrlar. Şeýdibem iş salyşýan adamlaryna hupbat ýuwutdyrýandyrlar, sazyñ ölemenidir. Olar saz baş goşup, şol ugurdan gitseler uly abraýa ýetýärler. Ýöne bular zatdan heder edýän däldirler. Agyr, çözmesi kyn meselelerini şänik döwen ýaly edäýýändirler. • Ýola çyksañyz eñegi meñli bilen çykyñ, olar çydamlydan göwünleri giñ, geçirimli bolýarlar. Ýöne bular durmuşda özlerine peýdaly möhüm wakalary, işleri duýgulary duşlaryndan geçenden soñ bilip galýarlar. • Dost tutunmakçy bolsañyz men size burnunyñ ujy meñli adamlardan dost tutunmagy maslahat berýän. Olaryñ ýanynda müşgil iş bolmaz, edenleri şowunadyr. Özlerem göwünleri näme islese, şonam edýändirler, telekeçidirler, tutan işlerem şowuna düşüp barýandyr. Giñ göwün bolýarlar, olardan köp peýdaly maslahatlar alsa bolýar. • Ýokardaky dodagynda, burnunyñ aşagynda meñi bolanlar özlerine erk edip bilýän adam bolýarlar. Beýle adamlar tutan maksadyna zähmete, güýjüne, zoruna daýanyp ýetýärler. Oñat ýaşamany gowy görýärler, gymmat lezzetlere dalaş edýärler, özlerem dostlaryna, maşgalasyna diýseñ wepaly bolýarlar. • Burnunyñ ortasy hally bolanlar salyhatly, sypaýydan edepli, telekeçi bolýarlar. Hemişe töweregindäki adamlara kömek etmäge, hemaýat bermäge çalyşýar. Olaryñ sözüniñ ýalany bolmaz. Ýöne yñdarma ynanjañ bolýarlar. Aýdylan zada garaçyny bilen ynanjañ bolýar. Köplenç olar ezýeti öz ynanjañlyklaryndan hem çekýärler. • Gaşlarynyñ ortarasynda haly bolanlaryñ keýpleri mydama çag bolar, şady-horram bolarlar. Degşip-gülüşmek olaryñ halaýan zadydyr. Baran ýerlerem ala-ýazdyr. Toý-tomga barsalar orunlary tördedir. Beýle adamlaryñ hyrydaram köp bolýar. Onuñ dilewarlygynyñ, suhangöýliginiñ il içinde-de, işde-de oña peýdasy ýetýär, onuñ diýenem geçýär. Ýolbaşçylary hem olary oñat görýärler. Bulardan dost tutunyp bilseñiz olaryñ size-de köst-ä ýetmezdi. • Dodagynyñ sag gapdaly meñli hyýalbent bolagan bolýar, bir tutan işini soñuna ýetirmän taşlaýar, köpeltjek bolýar, ýöne ýetişibem bilenok. Aýaklaryny uzadyp arkaýyn otursn wagtynyñ üstünden barjak gümanyñ bolmaz. • Dodagynyñ çepinde haly bolan salyhatly, sypaýy bolýar. Özleriniñem bussur-ýassyry bolmaz, göwnüne gelen zady aýdar goýbererler. Durmuşdaky ownuk zatlara-da uly ähmiýet berer, gaýgy eder ýörerler. • Dünýäniñ ähli gaýgy-gamyny başyñyzdan aýlap uraryn diýseñiz gaşynyñ iki ujunda-sa meñi bolanlar bilen dost boluñ. Haýsy gaşynda bolsa bolaýsyn, onuñ ähmiýeti ýok. Olaryñ güzeran, durmuş barada aladasy bolmaz, bilip bolmaz, güzerany agralaýanda-da olar oña känbir ähmiýet hem berip duran däldirler. • Ýokarky dodagynyñ aşak eteginde haly bolanlaryñ işi mydama şowunadyr. Şol sebäpli hem olar läliksi bolýarlar, naharyna-da gyzmarakdyrlar, tagamam seljeriberýändirler. Özlerem titi geýinýändirler. Añ-düşünjeleri ýüzleýjedir, çöplemedir, ondan-mundan okanja, eşidenje zatlaryndan başga zat bilmezler. Bularyñ häsiýetleri hem keýplerine görädir - ynha, görseñ, dälişgen, ynjyk adamdyr, soñ bir görseñ, mylaýym, sypaýydyr. Içiñden "Be, bu şol öñki gören adamymmykanaý?" diýip, geñ galarsyñ. • Bilimli, sypaýy, edenli, alçak görseñiz aşakky dodagyny siñe synlañ, bir ýerinde haly bardyr. Beýle adamlar kim-de bolsañ seniñ diliñi tapyp bilýändir. Ýöne menden maslahat: olar bilen jedel tutujy bolaýmañ, utularsyñyz. Olar jedelde hemişe jedeliñ rüstem tarapyny çalýarlar. Bular her hili çylşyrymly wakalardan hem dogry netije çykaryp, şolardan hem baş alyp çykýarlar. Ynha, okyjym, meñ barada okan, eşiden zatlarymdan ýadyma düşenini saña aýdyp berdim. Bu, elbetde, halk pähimi, yrymy. Bu zatlara ynansañ-da bolar, ynanmasañ-da. Ýöne öten-geçenlerimiz-ä "Sag gözüñ Gündür, çep gözüñem Aý. Meñler hem olaryñ daşyndan aýlanýan ýyldyzlardyr" diýip, olaryñ bedeninde ýerleşişinden çak tutup, ýüzi meñlileriñ gylyk-häsiýetin-ä däl, eýse geljek ykbalyny hem aýdyp berermişler. Ýöne beýle derejä ýetjek bolsak bize geçmişimizden köp zatlary öwrenmek gerek. Setdar GARAJAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |