14:44 Görnükli serkerde hem-de parasatly soltan | |
GÖRNÜKLI SERKERDE HEM-DE PARASATLY SOLTAN
Taryhy makalalar
Taryhdan mälim bolşy ýaly, 1064-nji ýylyň aprel aýynda Alp Arslanyň soltan tagtyna geçmegi hem-de günbatara tarap ýörişlerini dowam etmegi, döwletiniň gündogar serhetlerinde söweşjeň türkmenleriň peýda bolmagy Wizantiýa imperatory Roman Diogen IV ynjalykdan gaçyrypdyr. Roman Diogen türkmenleri öz imperiýasynyň topraklaryndan yzyna kowup çykarmaklygy maksat edinip, 1070—1071-nji ýyllaryň sepgidindäki gyş paslynda uly bir goşun toplapdyr. Bu goşun dürli halklardan düzülen eken. Wizantiýa goşunynda agyr ýükleri daşaýan 3 müň araba, köp sanly dürli görnüşli hüjüm ediş gurallary bar eken. Roman Diogen agyr goşuny bilen 1071-nji ýylda Konstantinopoldan (Ystambyldan) ýola çykypdyr. Soltan Alp Arslan Roman Diogeniň herekete geçen döwürlerinde Halap ilinde eken. Ol Halapdan Şama tarap ugrapdyr. Orta asyr taryhçysy Ibn Esir bolsa «Kämil taryh» kitabynda soltanyň bu habary Häzirbegjanyň Hoý şäherinde alandygyny ýazýar. Soltan uly söweşiň öňüni almak maksady bilen, imperatoryň ýanyna ilçi ugradypdyr. Emma ol netije bermändir. Alp Arslan wizantiýalylaryň iň köpsanly we soňky güýçleri bilen duşuşmak pursatynyň ýetip gelendigini duýupdyr. Ol Malazgirdiň 10—12 km golaýyndaky Rahwa (Zahwa) sährasynda öz goşunynyň karargähini gurupdyr. Soltan seljuk goşunynda Togrul begiň döwründen bäri gulluk edýän, ýaşy bir çene baran esgerleri öýlerine ýollapdyr, olaryň ýerine gujur-gaýratly ýaş esgerleri alypdyr. Alp Arslan Wizantiýa goşuny barada bilmek maksady bilen Ahlat etrabyna barlag ýörişini geçiripdir. 1071-nji ýylyň 24-nji awgustynda bolsa seljuklaryň öňçi kuwwatlary Wizantiýanyň öňçi birliklerini dargadypdyr. 1071-nji ýylyň 25-nji awgustynda gijäniň garaňkylygynda türkmen ýaýçylarynyň Wizantiýa goşunlarynyň üstüne hüjümi başlapdyr. Az sanly atly goşun birlikleri duşman goşunyna duýdansyz hüjümler edip, olary aljyraňly ýagdaýa salypdyrlarlar. Şol günüň ertesi, iki goşunyň arasynda gazaply söweş bolupdyr. Bu söweş «Malazgirt meýdan söweşi» ady bilen taryha giripdir. Söweşde Alp Arslanyň goşuny batyr söweşýän, gaýduwsyz ýigitlerden düzülipdir. Bu ýigitlere soltanyň daşyny gallap duran Sawtegin, Aýtegin, Taraň beg, Afşin beg, Porsuk beg, Saltyk beg, Tugak beg, Danyşmend beg, Meňňijik beg, Göwheraýyn ýaly dogumly serkerdeler baştutanlyk edipdirler. Şeýle-de bolsa, duşmanyň san taýdan agdyklygy Soltany alada goýupdyr. Ol söweşde bardy-geldi şehit bolaýsa, ogly Mälik şanyň mirasdüşer bolmalydygyny aýdyp, söweşe girmezinden öň esgerleriniň oňa wepaly boljakdygyna kasam etdiripdir. Duşman goşunyny dürli milletli halklar düzüpdir. Taryhçylaryň ýazmagyna görä, goşunyň düzüminde bir-birine duşman halklar hem bolupdyr. Olar satyn alynan bolansoň, hiç biri-de kaýsara wepaly bolmandyrlar. Soltan Alp Arslan öz goşunyny dört bölege bölüpdir. Özi az mukdardaky atlylar bilen bilelikde merkezi bölege baştutanlyk edipdir. Alp Arslan Malazgirt söweşinde duşmanlaryna garşy türkmenleriň «Gurt oýny», «Ýarymaý» söweş tilsimlerini ulanypdyr. Söweşde Soltan duşmanlary aljyradyp, daş-töwereginden zarba urupdyr. Söweşiň iň bir aldym-berdimli wagty imperatoryň goşunyndaky käbir taýpalar Soltanyň tarapyna geçip, seljuklylar bilen deň hatarda söweşipdirler. Söweşiň dartgynly gidip duran wagty Şady atly bir türkmen ýidigi imperator Roman Diogeni ýesir tutupdyr. Şady Soltanyň iberen ilçileriniň ýanyndaky esgerleriniň biri eken we söweş meýdanynda imperatory tanap, ýesir almagy başarypdyr. Soltan Alp Arslan huzuryna getirilen Roman Diogeni uly hormat bilen garşy alypdyr. Ondan näme üçin ilçi iberende ýaraşyk baglanyşmandygyny sorapdyr. Şeýle-de, Soltan: «Eger men saňa ýesir düşen bolsam, näme ederdiň?» diýip sorapdyr. «Duşmana näme edilýän bolsa, şony ederdim, öldürerdim» diýip imperator jogap beripdir. Alp Arslan imperatora: «Men seni näder öýdýärsiň?» diýip ýüzlenipdir. Imperator oňa: «Meni öldürersiň ýa-da ýeňşiňi ile ýaýmak üçin boýnuma zynjyr urup, musulman ülkelerine aýlarsyň. Üçünjisini aýtmaga bolsa dilimem baranok» diýipdir. Alp Arslan imperatora: «Aýt, kaýsar, çekinme!» diýipdir. Roman Diogen Alp Arslana: «Meni tagtyma oturdarsyň, menden saňa dostluk galar, ýyllyk bergimi ödärin, saňa tabynlykda galaryn. Islän wagtyň atlylarym bilen saňa kömege ýetişerin. Meni öldüräýseňem saňa peýda bolmaz. Ýerime başga birini imperator goýarlar, o-da saňa duşman bolar» diýip jogap beripdir. Soltan Alp Arslan oňa: «Hawa, men hut şony hem etmekçi bolýaryn!» diýip, ony öz tagtynyň gapdalynda oturdyp, ylalaşyk baglaşypdyr. Agyr söweşde gazanylan ýeňiş taryhyň sahypalaryna öçmez bolup girip, türkmenleriň agzybir, gaýduwsyz halkdygyny dünýä tanadypdyr. Alp Arslanyň bolsa görnükli serkerde, parasatly soltan hökmünde at-abraýy has-da belende göterilipdir. Syýahat GURBANGULOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |