12:33 Görümde | |
GÖRÜMDE
Goşgular
Seniň bilen nurlanýady bu dünýäm, Senden aldy mätäç kalbym teselli, Saňa duşan günim giňedi dünýäm, Ýaşaýyşa höwesim has köpeldi. Söýüp seni has dogrusy telbe deý, Daşdan synlap jemalyňa guwandym, Hyýalymda, seni özümki saýyp, Gijelerne düýşler bilen oýandym. Ýyldyzlar hem seniň gözüň ýatlatdy, Agras asman bolsa, agras ýaňagyň, Şeýdip mende yşk ataşyn otlatdy, Käte, agy gurşap dolup damagym, Güýç alyp söýgümden, möwç alyp söýüp, Ine, şeýdip aýlar-günler aýlandy, Geçdi günler agyr lybasyn geýip, Geçen günlem geljegimden saýlandy, Söýmediň sen, goý söýmeseň, söýme sen Söýerin, men seni, ýene söýerin, Bolşum belki saňa duýulyandyr geň, Düşünmersiň, käşge aňyp bilsediň, Kynlygyny ýaşamaklygyň sensiz. Duýdansyz inderdiň, derdiň dagyny, Eştmez bolsa, bu habary gulagym, Hyýalda hem alyp menden baryny, Söndi, şugla saçýan nurly çyragym. Saňa sawçy gelenmişler mähriban, Diýen gürrüň bütün oba ýaýrady, Gep açsalar seniň toýuň barada, Ýürek ynanmady, ýanyp gaýnady, Günler gelip hakykatda öwrülip, Sähediň bellendi, bellendi toýuň, Sygdyryp bilmedim muny oýuma, Ine, maňa ölüm habary deýin, Çakylyk gelmezmi seniň toýuňa. Goňşulaň, joralaň bary bagtyýar, Kimse, tans oýnaýar, kimsäň wagty hoş, Boş göwrä öwrüldim, galman ygtyýar, Indi sen hakyky el ýeterden daş. Toý ulaglaň atgulagyn galgadyp, Geçip gitdi şowhun bilen ses edip, Ykbalymy, zaryn dünýäm agladyp, Bütün göwräm sandyrady, ysgynsyz, Bu durmuşda, betbagta öwrülip, Hem öwrülip, ýalňyz galan ynsana, Göýä gursakdaky ýürek sogrulyp, Döndüm boşap, galan jansyz ynsana. Aýlar ýyllar bolup, günler aý bolup, Geçdi agyr leşger basyp üstümden, Sen özgäniň ýary bolan bolsaňam, Sen özgäniň gujagyna dolsaňam, Adyň gaýtalaýar, içimdäki ses, Unudyp bilmedim, unutjak boldym, Gaýta bu ahwala boldym lapykeç. Penjireden nazar salyp otyrkam, Kaklyşdy göreçlem, seniň roýuňa, Seni, pynhan, penjireden synladym, Başyňdaky gyzyl-ýaşyl öwüsýän, Has owadan görkezýärdi gyňajyň. Saňa gelin bolmak diýseň düşüpdir, Has owadan görkezip dur görküňi, Men seni henizem, henizem söýýän. Özgä baglan bolsaňam sen örküňi. Seň adyňy gursagymda saklaryn, Saklaryn men ömür baky kalbymda, Gitsem-de men agaç ata atlanyp, Hyýalymda, senli ýeten bagtymy, Gulplap, saklaryn men ýürek törümde, Gözüm açyk giderin bu dünýäden, Ruhum dik oturup aglar, görümde. Gurbanmämmet MEREDOW. | |
|
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |