20:32 Göwün synsa / hekaýa | |
GÖWÜN SYNSA
Hekaýalar
Biziň howlymyzda bir ýaş ýigit kireýine bir otagjyk aýap ýaşaýardy. Daşyndan hyrsyzrak ýaly görünse-de, adamkärçiligi tapylgysyzdy, salyhatlydy, mylakatlydy. Özem biçak ýygrady. Goňşy ýaşaýanymyza esli wagt bolanam bolsa, heniz gapymyzdan ýeke saparam garany ýadyma düşenok. Diňe käte daşarda duşuşyp, gümür-ýamyr ederdik. Onda-da ol köplenç soralan zada jogap berip oňardy. Bir gezek men işe ugrap barýarka oňa lak atdym. – Gurban jan, işe ugradyňmy? – Hawa, ýaşuly – diýip, Gurban gapdalymda aýak çekdi. – Gurban jan, sen hemişe şeýdip işe ýeke gatnajak ýörjekmi ýa-da iki bolup çykyp ugranyňyzy görjek wagtymyzam barmy? – diýip, men oňa sorag berdim. Gurban ýüzüni aşak salyp, utanjaňlyk bilen ýylgyrdy: – Ikem-ä boljag-a bolýas öz-ä. Şondan soň alty-ýedi gün komandirowkada bolup geldim. Dem-dynjymy alyp, daş çykdym. Görsem, Gurbanyň gapysy açyk. Ýanyna girip-çykaýyn, saglyk-amanlyk soraşaýyn diýip, gapysyndan bardym. Ol stoluň başynda iki elini maňlaýyna diräp, oýa batyp oturan eken. – Gurban jan, gurgun oturanmysyň, inim? – diýip, seslendim welin, ol ýalt edip bärisini bakdy, ogurlykda tutulan ýaly aljyrady. – Salawmaleýkim, ýaşuly. Geleweriň, geçeweriň – diýip, tarsa ýerinden turdy-da, çaý goýmak üçin kitire ýapyşdy. – Geçiň, çaý içeliň, ýaşuly. – Çaý üçin azara galma, Gurban jan! – diýdim. Häzir Şemşada aýdaýarys. Şemşat, gyzym, birki çäýnek çaý demläp getir şu ýere. – Şemşady azara goýmaly däldiň-dä, ýaşuly. Çaý şu ýerde-de gaýnardy-la. – Onuň azary bolmaz, Gurban jan. Men onuň stolunyň başyna geçip oturdym. – Gurban jan, hany bir salym gümür-ýamyr edip oturaly-la – diýdim-de, stoluň üstünde ýatan gazeti elime aldym. Gazetiň aşagynda iki bölünen onluk ýatan eken. Gurbanyň ýüzi üýtgän ýaly boldy. Onuň bolşuna üns bermän, degişen kişi boldum: – Gurban jan, tüweleme, puly köp tapýaň-ow. Gazeti galdyrsaňam aşagy gyzyl onluk bolup ýatyr. Ýyrtyşdyryp taşlaberýäň-ow. Gurbanyň ýüzi öňküsindenem beter gyzardy. – Ol onlukmy?! – diýip, ol uludan demini aldy. – Onuň gürrüňi köp, ýaşuly. Ol dymdy. Şemşadyň alyp gelen çäýneklerini, stoluň üstünde goýdum-da, menem dymdym. Çaýy agdaryşdyryp, käselere çaý guýuşdyrdym. Soňra Gurbanyň ýüzüne seretdim. Onuň gamgyn görnüşine nebsim agyrdy. – Hany, Gurban jan, çaý bir içeli – diýip, käsäni onuň öňüne süýşürdim. Ol: – Hä, bolýa, ýaşuly – diýdi, emma käsä elini uzatmady. – Gurban jan, ne beýle agyr günde galdyň? Gürläp otur, belki, biziň peýdamyzyň degjek ýeri bardyr – diýdim. – Edil, agaň ýaly göräýgin. Näme derdiň bolsa aýt, deň paýlaşarys. – Ýaşuly, sizden başga kişä aýdaýyn diýemde-de, meniň aýdar ýaly, geňeş sorar ýaly hossarym ýok. Men bir ýeke ýigit – diýip, Gurban gamgynlyk bilen gürledi. – Çekinme-de, näme kemiň bolsa aýdyber, Gurban jan. Başardygymdan el kömegem gerek bolsa bererin, dil kömeginem bererin. - Aýtsam, ýaşuly, şol onluk atanlykda ýyrtylmady. Şonuň ýyrtylmagy bilen, meniňem göwnüm syndy – diýip, Gurban uludan demini aldy-da, sözüne dyngy berdi. Men sabyrlylyk bilen onuň gürrüňiniň yzyna garaşdym. Gurban esli wagt pikire çümüp oturansoň gürrüň berip başlady: – Men uzak wagtlap bir gyzyň daşyndan guwanyp gezdim. Ahyry hem ýüregime daş baglap, onuň bilen sözleşdim. Gürrüňimiz alşyp gitdi. Duşuşyp, tirkeşip başladyk. Biri-birimiz bilen ysnyşyp gitdik. Durmuş gurmaga razylaşdyk. Men biz biri-birimize mynasyp hasap edýärdim. Göwnümiň bölek ýeri ýokdy. Gyz hem şeýledir diýip ynanýardym. Ýöne ine birden bar zat bulaşdy duruberdi. Siz komandirowka gideňizde, men ony ýaşaýşym bilen tanyşdyrmak üçin bu ýere alyp geldim. Ol siziň jaýyňyzyň duşuna gelenimizde, aýak çekdi. Meniň jaýymdyr öýden borly. Men onuň bärik geçmegini haýyş edenimde, ol geň galyp seslendi: – Wiý, bu siziň jaýyňyz dälmidi? Bu ýere girenden soň bolsa ol özüniň bütinleý göwnüniň geçendigini aňlatdy. – Asyl sen şeýle ýaşaýan ekeniň-ow – diýip, geň galmak bilen aýtdy. Göwnigeçginlik bilen otagyň içini synlap başlady. Görşüň ýaly, näme bar bu ýerde? Bir keçe, gaty stol, bir krowat, hanha-da kiçijik «Alpinist». Göz eglener ýaly zat barmy hany? Bolsa-da menem onuň bu zatlary bilenine gynanyp durmadym. Bar zady bolşy ýaly gürrüň edip berdim. Ýekeje zady hem gizlemedim. Ol maňa düşüner diýip tama etdim. Soň pylan zat diýmesin diýdim. Ol açyk bir zat aýtmasa-da, men onuň göwnüniň geçenini, öňküliginiň ýokdugyny bildim. Oturyp, gürleşip ugrumyz bolmady. Tirkeşip köçä çykdyk. Ol ýüzüni aşak salyp, sesini çykarman barýardy. Beýdişip barmak kejebäňi darykdyrýardy. Men wagtal-wagtal oňa sorag beren bolýardym, garaz, ýagdaýdan çykalga gözleýärdim. Emma onuň meniň soraglaryma jogap berşiniň hem ugry ýokdy. Ýa «hawa», ýa «ýok» diýip, ýeke söz bilen jogap berýärdi. Şeýdip, men ony öýüne çenli ugratdym. Sowuk-sala hoşlaşyp, aýrylyşdyk. Ertesi işden soň Gözeliň işleýän ýerine ugradym. Ýetip barýarkam, onuň başga bir gyz bilen gapynyň agzynda duranyny gördüm. Ol maňa nätanyşdy. Öňki joralaryndan däldi. Düýnki ýagdaýdan soň ugrum ýokdy. Ol meni nähili kabul ederkä diýip, ünji edýärdim. Men olara golaýlaberemde, Gözel: – Bolýa-da, soň gürleşeris – diýdi-de, maňa tarap ýöneldi. Meniň duşuma gelip saklandy. Sowuk-sala salamlaşdyk. Men muňa geň galyp durmadym. Ýöne gürleşibem ugrumyz bolmady. – Bu gyz joraňmy? – diýip soradym. – Hawa, joram, meniň bilen işleýär – diýdi. Soňam ajy ýylgyryp, sözüniň üstüne goşdy. – Näme halaýdyňmy? – Ýok-la, her gören gyzyňy halap ýörüp bolmaz ahyry, ýöne soraýdym – diýip, degişme äheňinde gürlän kişi boldum. – Onuň duşuşýan ýigidi bar. Özem «Wolga» maşynly – diýip, Gözel meniň bolşuma ähmiýet bermän gürledi. Men şobada onuň öz ýanyndan kemsinýändigine, jorasyna gözüniň gidýändigine düşündim. Onýança-da «Wolga» maşyny gapdalymyza gelip saklandy. Ruluň başynda çöpürlek bir ýigit altyn dişlerini ýaldyradyp otyrdy. Ol bize seretdi-de, süwümsizlik bilen ýylgyrdy. Maşyn saklanandan Gözeliň joram diýýäni, oňa tarap ýöneldi. Ol maşynyň yzky gapysyny açdy-da, Gözele ýüzlendi: – Gözel, ýör senem alyp gidäýeli. Çöpürlek ýigit onuň sözlerini alyp göterdi: – Hawa, münüň, bile gideliň. Gözel meni taşlap gidiberermikä diýip, gara janym galmady. Ýöne, her niçigem bolsa, ol beýle etmedi. – Ýok-la, siz gidiberiň – diýip, olary sypaýyçylyk bilen ugratdy. Ýöne olaryň yzyndan gözügidijilik bilen seredip galdy. – Hanha, ýaňky joramyň-a duşuşýan ýigidi şol. Onuň bu sözlerinde hem kemsinmeklik, gözügidijilik bardy. – Bolmanda-da her kim biri bilen duşuşmaly, durmuş gurmaly bolar-da – diýip, nägilelik bilen seslendim. – Gowy ýigit, özüm-ä şonuň ýaly alçak ýigit duşan bolsa sypdyrmazdym – diýip, Gözel öz ýanyndan göwün ýüwürdýän bir görnüşde seslendi. Onuň bolup durşy meniň ýanyndalygymy unudana meňzeýärdi. Gözeliň bu sözleri içimden ok bolup parran geçdi. Ýüregim bilen söýen gyzymdan beýle gürrüňler eşitmek maňa gaty agyr degýärdi. Men ýakymsyz bir zat aýdaýmakdan zordan saklandym. Aýrylyşanymyzda, ol mundan bu ýana seýregräk duşuşsak kem bolmajakdygyny aýtdy. Sebäbini soranymda, ol gümmi-sümmä saldy. Ýöne men ony çynym bilen söýýärdim. Ony häli-şindi görüp durmasam, ynjalyp bilmejekdigime akylym ýetip durdy. Onuň bu sözlerinden soň-a kalbymda müňkürlik ýaly bir duýgy hem peýda boldy. Ertesi men Gözeliň ýanyna baramda şol «Wolga» maşynyň gapyda duranyny gördüm. Heniz gapydan girmänkäm, Gözeliň: – Ýörite gelen bolsaňyz, gidäýmeli bolar-da – diýenini eşitdim. Salam berip, gapydan baranymda, olaryň hemmesiniň ugry gaçdy. Görsem, ýene bir ýigit bar. Ol ýigit: – Hany, onda gideliň-dä – diýip, alçaksyran bolup gepledi. Gözeliň jorasy bolsa; – Men daşarda garaşaryn – diýip, daş çykdy. Ýigitleriň hem ikisi-de onuň yzyna düşdi. Olar daşaryk çykandan soň Gözel nägilelik bilen seslendi: – Men saňa seýregräk duşuşaly diýmedimmi näme? Meniň gitjek-goýjak ýerim, işim-derdim bar ahyry. Utandym. Ýer ýarylmady, menem girmedim. Näme diýjegimi hem bilmän, ýüzüme urlan ýaly bolup yzyma gaýtdym. Hazynaly haltamy ogurladan ýaly, uzakly gün ugrum bolmady. «Gel, öz arzymy özüm gaçyrmaýyn» diýdim. Üç-dört günläp onuň ýanyna barman gezdim. Ahyry çydamadym. Işden soň Gözeliň öýüne bardym. Ol ýok eken. On minut garaşdym, ýigrimi minut garaşdym, bir sagat garaşdym, ol gelmedi. Ýöne onuň gelenini görmän gaýdyp biljek däldim. Bir zatlar bardygyny süňňüm syzyp dur. Ahyry bir maşyn gelip saklandy. Ondan meniň söýgülim düşdi. Onuň şofýor bilen bir zatlar gürleşenini görüp, depämden gyzgyn suw guýlan ýaly boldum. Ýöne belki, tanşy-bilşidir, dogan-garyndaşydyr diýip, öz göwnüme teselli berdim. Her niçigem bolsa muny görenligimi bildirip, Gözeli oňaýsyz ýagdaýda goýmaýyn diýip, bir gyra çekildim. Ol jaýyna girenden soň yzyndan bardym. Ol gapyny açdy-da: – Wiý, Gurban, senmidiň? – diýip, geňirgenen kişi boldy. Derrewem howlukmaç gürläp başlady. – Işden soň ýygnak boldy. Onsoňam wagtynda awtobus gelmedi. Garaşyp öläýdim. Ine, şu gelip durşum. Ol meni görmese-de, garaşanymy bilýän borly. Men hem onuň öz gürrüňine görä jogap berdim: – Ahyram hyryn-dykyn bolup gelendir. Zordan münensiň? Her niçikdir, Gözeliň ýalan sözlemäge bogny ysmady. – Ýok-la, arkaýyn geldim-le – diýdi. – Garyndaşlarymyzdan biri duşdy-da, şonuň maşynyna münäýdim. Ol şeýle diýdi-de, goňşy otaga girdi. Wagty bilen ol ýerden çykmady. Ahyry hem bir gyldan bezenip çykdy. Men geň galyp, onuň ýüzüne soragly garadym, Ol gaşlaryny çytdy. Ol meniň bilen beýdip alasarmyk gürrüň etmegi özüne kiçilik bildi öýdýän. Meseläni kesgin goýdy: – Gurban, indi ikimiz duşuşygymyzy bes etmeli bolarys. Allaniçiksi boldum. – Bu nähili gürrüň boldy? Heý, beýle-de bir zat bolarmy? Gyzyň welin meniň bolşum azaryna-da däl. Ol ýüzüni aşak salyp, ýaňsyly ýylgyryp dur. Onsoň ol gaşlaryny çytdy-da: – Ýeri, gygyryp bolduňmy? – diýdi. Yzyna hyrra öwrüldi-de, içki otaga girip-çykdy. Elime on manat tutdurdy: – Dolanyp gelme, ine-de, hol arada 8-nji martda alyp beren sowgadyň bahasy. Men şondan soň nämeler bolanyny bilemok. Bir görsem öýde otyryn. Ine, şu ýyrtyk onlugam elimde eken... Nädip alypdyryn, nädip ýyrtypdyryn, nädip gaýdypdyryn, nädip gelipdirin, hiç zat bilemok... Ol uludan demini alyp, gürrüňini gutardym etdi. Meniň oňa biçak nebsim agyrdy. Göwünlik beren boldum. Munuň ýaly ýagdaýda başga näme delalat etjek. Ýigit agyr güne duşupdir. Çyn ýürek bilen söýüpdir. Söýeni bolsa söýülmäge mynasyp däl eken. Şondan soň esli wagt geçdi. Aslynda hem agras ýigit has-da egninden basylan ýaly boldy. Bir günem oňa täze jaý berdiler-de, göçüp gitdi. Ýene Gurban «bir gün duz iýen ýeriňe müň gün salam» diýen halk nakylyna eýerip, bize käte-käte salama gelip durýardy. Bir gün bolsa ol gelip, meni öz öýüne alyp gitdi. Maňa täze jaýyny görkezdi: – Ine, ýaşuly, geçiň. Şu meniň öýüm. Bu otag. Bu aşhana. Bu wanna. Bu eýwan. Bir otaglyja jaý. Ýöne biz ýaly sallaha şundan artyk neme gerek? – Tüweleme, allanäme jaý edinipsiň – diýdim. – Näme sallah diýip, seniň indi sallah geçäýmek niýetiň barmy? – Ol işlerem düzelişýä, ýaşuly – diýip, Gurban begençli seslendi. – Dogrusy, men seni şu ýere şol iş bilen çagyrdym, ýaşuly. Ol meni äpişgäniň öňüne çygyrdy-da, garşydaky jaýy görkezip, gürrüň berdi: – Hol, ikinji gatdaky äpişgäni görýäňmi, ýaşuly. Ana, şol jaýda bir ýaşuly bilen garry aýal ýaşaýar. Özleriniňem ýekeje gyzy bar. Solmaz diýýä adyna. Solmazyň aýtmagyna göre, onuň ata-enesi hem razymyş. Şu oglanyň-a hossary men diýip, özüň bir beýemçilik edip berseň, ýaşuly. Meniň ýalsyz hossarymam sen. – Toýuň oň bolsun, Gurban jan, ondan ýaňa arkaýyn bolaý – diýdim. Ýöne özüme injalyk bermeýän bir sowaly hem oňa berenimi duýman galdym. – Hany, ol öňki gyz nähili boldy? – Ol telim gezek hat ýazdy – diýip, Gurban gürrüň berdi. – Ýalňyşypdyryn, bagyşla, ýaşlyk edipdirin diýýär. Indi maňa sen ýaly ýigit duşmaz. Men bu zatlara soň düşündim diýýä. Aý, şular ýaly-da ýazýan zatlary... Ýöne, göwün bir synan soň, ony seýikläp bolýarmy, ýaşuly. – Hak aýdýaň, inim – diýdim. Täşli JUMAÝEW. | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||