14:31 Gözellik – bu betbagtlyk / romandan parça | |
GÖZELLIK – BU BETBAGTLYK
Romanlar
Martyň ýekşenbe güni, Dewi Aýu, öleninden ýigrimi bir ýyl soň, gabyrdan dikeldi. Plýumeriýanyň (west-indiýa žasmini) aşagynda ýatan çopanjyk, gorkusyndan ýaňa balagyny ölläp, gykylyk turuzdy, onuň dört goýny bolsa, yzyndan gaplaň kowalaýan dek, daşdyr agaç mazarbaşylaň arasynda dyr-pytrak gaçdy. Hemme zat taşlanan guburdan gelýän gohdan başlandy – gubur atýazgysyz, ýöne onda Dewi Aýunyň ýatandygyny hemme bilýär. Ol elli iki ýaşynda ölüpdi, ýigrimi bir ýyl soň bolsa direlipdi, şondan bärem hemmeler onuň ýaş hasabyny ýitirdi. Çopanjygyň gykylygyna goňşy öýleň ýaşaýjylary ylgaşyp geldi – kim eli çagaly, kim sübseli. Meýdan işinde çaň basan, saronglarynyň etegini biline gysdyryp, olar üljeleň, ýatrofolaň, bananlaň astyna jemlendiler. Ýakynlamaga hiç kim het etmeýär, diňe, edil her duşenbede bazarda melhem satyjylaň gohuny diňleýişleri ýaly, gabyrdan gelýän sesleri diňleýärdiler. Tomaşa elhenç, ýöne märeke jany-teni bilen lezzet alýar, ýogsa olaň islendigine munuň ýaly zady ýekelikde görmek nesip etsin – zähresi ýarylar. Hemmeler, diňe bir gabyrdan çykýan goha däl-de, nähilem bolsa bir gudrata garaşýar, sebäbi merhum hatyn uruş döwri ýaponlaň letdesi bolupdy, kýai (indonez musulman hadymy, ulamasy) bolsa hemişe öwredýär, kimde-kim özüni günä bilen hapalan bolsa, o dünýäde oňa gutulgusyz güzap garaşýar. Bu gabyrda, megerem, kasas perişdesi, öz pidasyny saýgylaýan bolmaly. Tomaşaň gyzykdygyna garamazdan, birsellemden soň märekäniň bady gaýtdy, adamlar ýene-de nähilem bolsa, hatda iň kindiwanja-da bolsa bir gudrata garaşmaga başlady. Haçan-da olaň yhlasy wysal bolanda bolsa, haýrany-serasymalykda çäk galmady. Elendi-de, toprak opuryldy, çukuryň astynda bolsa, kiçeňräk ýertitreme döredip, bomba partlana döndi, birwagtda-da tüweleý emele geldi – otlaryň başy egildi, mazardaşlary ýykyldy, tot-tozan perdesiniň içindenem, nägile keşbi daş kibi gatan kempir çykdy, özem edil düýnjük jaýlanan mysaly, kepen geýimli. Adamlar heýýaty göçüp, edil şoň öň ýanyndaky dowarlar kibi, dyr-pytrak boldular, olaryň gykylygam alys daglarda ýaňlanýar. Bir zenan gorkusyna bäbegini gyrymsylyga zyňdy, kakasy bolsa çagaň deregine, banan salkymyny huwwalap ugrady. Iki sanysy ýolgyradaky händege ýüzin sümüldi, birnäçesi huşundan gidip, ýoluň gyrasyna gürpe gaýtdy, galanlary bolsa zut ökjäni göterip, honda atyldylar, şo gidişlerine-de dem-dynç almazdan, on bäş kilometrräk gaçdylar. Dewi Aýu, mazarystanlygyň ortasynda töweregine haýrany ýaltaklap, diňe pessaý üsgürinjireýärdi. Kepeniň ýokarky birki düwnüni ol eýýäm çözüpdi, aýaklaryny boşatmak üçin astkylaryna ýapyşypdy. Onuň saçlary ýereýeter ösüpdir, edil ertekidäki gyzyňky deý; kellesini silkdi welin, şemalyň ugruna ykjady-da, galyň derýa suwunda gara suwoty pisint lowurdady. Gasynlardan joýa-joýa hamy, aklygyndan ýaňa ýalkym saçýar, direlen gözleri bolsa, aňkarlaň assa-ýuwaş gizlenen ýerlerinden çykyşyny bilesigelijilik bilen synlaýar – aňkarlaň ýarysy ýene-de çar ýana jyrdy, galany bolsa çalam-çaş boldy. Dewi Aýu, içinden nalyndy: gara zalymlar, diriligine gömdüler! Onuň ilkinji pikirem çagasy hakda boldy – ol, elbetde, birmahal ulalandyr. Ol ýigrimi bir ýyl mundan ozal, çaga dograndan on iki gün yz ýany ölüpdi, ol betnyşan gyzjagazy dogurdy, çaga şeýlebir bedroýdy welin, göbegene ony nejasat tokgasydyr öýdüpdi, sebäbi iki ötügiň arasy külembikedenem dar ahyry. Ýöne bäbek, mürşerip, ýylgyrjaklap başlapdy, göbegene-de öňündäkiň adamdygyna göz ýetiripdi, soňam, ýatyşsekide mejalsyz ýatyşyna, çaga seretmäge jinnekçe-de meýil etmeýän ejesine çagaň sagdyn hem şähdaçyk doglandygyny aýdypdy. -Gyzjagaz gerek, hämi?-diýip Dewi Aýu sorapdy. -Hawa,-diýip göbegene baş atypdy:-edil üç ulusy ýaly. -Dört gyz, biri-birinden owadan,-diýip Dewi Aýu, kesgin närazylyk bilen jogap berýär:-Maňa indi jelephana açaýmak galdy. Aýt hany, bu-da naşyjamy? Pugta gundalan gyzjagaz tyssyklady-da, göbegenäň elinde gozganjyrady. Eýläk-beýläk ibirt-zibirt çory, gana boýalan esgileri äkidýär, eşeni zyňýar, göbegene bir dem dymýar, sebäbi bokuň gara tokgasyna meňzeş bäbege owadanja diýip bolmaz ahyry! Soragy eşitmedik ýaly ol dillenýär: -Ýaşyňyz-a esli bar, özüňiz emdirip biljegiňiz gümana. -Dogry. Meni üç ulusy sokga soruň taňkyratdy. -Hawa, ýene-de ýüzlerçe erkeklerem. -Bir ýüz ýetmiş iki erkek. Iň ulusy togsanynda, kiçi on ikisinde, täpbe-täzeje sünnetlenen. Hemmesi şu pilleki deý ýadymda. Gyzjagaz ýene jyňňyldady. “Emdirýän eneke gözlemeli” diýip göbegene dil ýardy. “A eger-de tapmasak, onda süýt gözlemeli – sygryňky, itiňki, iň bolmanda alakaňky”. -Hawa, gerek,-diýip Dewi Aýu jogap berýär. -Pahyrja görgülijik,-diýip göbegene, nalajedeýin ýüzjagaza seredip durşuna uludan dem aldy. Ony suratlandyrara söz ýok, ýöne pikir öwürdi: dowzahyň döli, dünýä ineninden gargyş siňen. Derisi, ýanan jeset deý gara, teni başbitin myžžaran. Burun burun däl, elektrik dürgüji. Agzy, şaýydan-doňuzjygyň teňňesokary ýaly, gulagy – piti:ň sapy. Megerem, bedibagt bäbejik deý ýürekbulanjy janaweri ýalançydan tapmasaň gerek; “eger-de Hudaýyň ýerine men bolan bolsamdym” diýip göbegene oýlanýar: “çagany diri goýanymdan ony öldürenim ýagşy bolardy, durmuş oňa ezýet baryny berip, üstünde rehimsiz heşelle kakar”. -Pahyrja görgülijik,-diýip göbegene, emdirýän enekäň gözlegine ýönelip barýarka gaýtalady. -Hawa, pahyrja görgülijik,-diýip Dewi Aýu, böwürden böwre agdarynjyranda seslendi:-Men ony öldürjek bolup näçe jan çekdim! Diňe granat ýuwutmadym diýäýmeseň – şonam şeýden bolsam meniň ýatgymy tike-tike ederdi, ine-de bar boljagy! Wah, näletsiňen görgüli çagajyk, - gargyş siňenler, edil zalymlar ýaly, şeýlebir itjanly! Göbegene ilkibada bäbegiň ýüzüni ylgaşyp gelen goňşy aýallardan gizledi. Emma, onuň bäbege emdirýän eneke gerekdigini aýdaryna mähetdel, olar biri-birini itekläp, ýakynraga süýşmäge başladylar – Dewi Aýuny tanaýanlaň her biri onuň naşyja çagalaryny synlamagy halaýardy. Göbegene, olaň dyzamasyna döz gelmän, gyzjagazyň ýüzünden arlygy aýyrmaga maý berdi, haçan-da hemmeler söz bilen beýan edip bolmajak elheder almakda wägirende-de, ol ýylgyrdy: hamana: “Günä özüňizde, men başardygymdan bukdum-a!” diýýän ýaly. Galagopluk birneme kiparlansoň, göbegene gitdi, goňşy aýallar bolsa, edil birwagtda hemmesiniň huşy başyndan uçan dek, bimany keşpde şo duran-duran ýerlerinde dikilgazyk bolup galdylar. -Ony öldürmeli, şolam bar bolany,-diýip aýallaň ilkinji bolup serine geleni hödürledi. -Men eýýäm synandym,-diýip Dewi Aýu, misli tasdanam öküziň toýnagynyň astyna düşen dek, mäjerlenen öý köýneginde, garnynyň daşyna esgi oralan sypatda myhmanlaň öňünde peýda bolup, jogap berdi. Goňşular oňa haýpygeliji bakyşýardylar. -Dogrudanam, naşyja ahyry?-diýip Dewi Aýu sorady. -Hymmm... hawa. -Şöhwetçil köpekleň arasyndaky owadanja gyzjagaza jan bermekden erbet gargyş ýokdur. Hemmeler dymýardy, diňe munuň galatdygyny bilip duruşlaryna oňa nebsagyryjy garaýardylar. Rozina, Dewi Aýuň uzak wagtdan bäri hyzmatkäri, dagly lal gyz, ony eýýäm gyzgyn suw taýynlap goýan hammamyna tarap äkitdi. Dewi Aýu ysly sary sabynly wannada ýylynýança, lal çory onuň saçyny aloýe ýagy bilen ýaglaýardy. Bulam-bujarlygyň içinde diňe lal gyz rahatlygyny saklaýardy, ýogsa ol kindiwanja nägehan hakda bilýärdem, sebäbi göbegene çaga dogurdýarka Rozina onuň “elek getir, soky getiri” bolupdy. Ol bikesiniň arkasyny owkalady, onuň egnine desmal atdy, ol çykandan soň bolsa hammamy syryp-süpürdi. Kimdir biri, onuň lapykeçligini aýyrmak üçin Dewi Aýuwa diýdi: -Oňa ýagşy at dakmaly. -Hawa,-diýip Dewi Aýu baş atdy:-Onuň ady Çantik – Gözellik. Hemmeler ah-wahlap, ony raýyndan gaýtarjak bolmaga başladylar. -A belkem Ýarabaş bolar? -Ýa-da Şikes? -Hudaý saklasyn! -Ýeri bolýa, Gözellik bolsa Gözellik bolany bolar-da. Dewi Aýu öz otagyna geýinmäge gitdi, hemmelerem onuň yzyndan nalajy garap galdylar. Soň gussaly garanjaklaşdylar: siz pikir edip bir görüň, egri-burunly, garajürjen bedroýy Gözellik diýip atlandyrmak! Wejeralyg-a, başga aýdara gepem ýok! Hawa, Dewi Aýu, jahanda ýarym asyr ýaşap, ýene hamyladygyna göz ýetirenden soň çagany düşürmek isläpdi. Onuň kakasy kim, ol edil üç ulusynyňky ýaly, onam bilmeýärdi, ýöne bu sapar ol çaganyň diri galmagyny islemeýärdi. Şeýdibem ol, özüne oba lukmanynyň beren, parasetomolyň çakdan aşa güýçli bäş gerdegini ýuwutdy, yzyndan aşgar ergini içdi – tas özi ölýärdi, çagaň bolsa piňine-de däl. Ol başga emel hakda oýa batdy-da, göbegenäni çagyrdy, olam düwünçegi goparmak üçin onuň ýatgysyna çöp sokdy. Iki gije bilen iki gündiz gany akyp, ondan çöp-çalam çykdy, a çagaň bolsa ýene piňine-de däl. Ýene ýarym oýnam usuly synap gördi, paşmady, ahyry ajydan-ajy nalap, takdyryna ten berdi: -Bujagaz gyzjagaz – hakyky gaýduwsyz, onsoň heýemmir onuň bilen ejesiniň oýny deň gelermi? Şeýdibem, Dewi Aýu öz garnynyň güberilişine tomaşa edip ugrady, ýedinji aýyň ahyrynda bolsa selamatan (goňşy-golam, garyndaşlara zyýapat) gurnady, dogranyndan soňra bäbege gözüniň gyýtagynam aýlamaga meýil etmedi. Onuň üç uly gyzy edil üçemler ýaly, bir-birine muwapyk, saýlama gözeldi. Şeýle çagalary köpeldip ýörmek ony janujy irizipdi – “olar edil witrinadaky manekenler ýaly” diýip ol oýlanýardy – şoň üçinem körpesiniň öňkülerine belli-külli çalymdaşlygyny düýbünden görmek islemändi. Şol pikiri bilenem, özüniň soňbasarynyň näderejede betnyşandygyny bilmezden ýalňyşýardy. Goňşy heleýler, hatda gyzjagazyň maýmyndan, gurbagadyr zemzenden emele gelen garnuwdygy hakynda hyşy-wyşy edýärkälerem, öz çagasy barada gürrüň gidýändigi onuň kellesine-de gelmeýärdi. Olar, öten gije tokaýda ýabany itleň uwlandygy, hüwileňem gijelemäge şähere uçup gelendigi barada gybat edenlerinde bolsa, ol ýaramaz yşaratlary öz hasabyna almandy. Geýnensoň ol ýene düşegine geçdi, “Dünýäde ýarym asyrdanam köpräk ýaşap, dördüsinem dogurmak neneňsi hupbatly!” diýip ol pikirlenýärdi. Soňam gamgynlyk bilen aň ýetirdi, bäbegiň ölesi gelmeýän bolsa, diýmek onda, ejesi ölmeli, gyzjagazyň gyza öwrülişini görmezlik üçin. Ol turdy-da, gapa tarap keýtikledi, hümerlenişip, täze doglan bäbek hakda lakgyldaşýan goňşy heleýlere gzö aýlady. Hammamdan çykan Rozina, ýumuş buýrularyna garaşyp, ýanynda sömeldi. -Maňa kepen satyn al,-diýip Dewi Aýu buýurdy:-Men eýýäm bu lagnat siňen jahana dört gyzjagazy getirdim. Indi meniň jaýlanmagymyň wagty ýetdi. Heleýler gagyldaşyp, Dewi Aýuwa gözlerini petretdiler. Bedroýyň enesi bolmak – wejeralyk, ýöne ondanam beter masgaraçylyk – ony najadyna garaman taşlamak. Emma hiç kes muny gönüläp aýtmady, her kim ony diňe bu bolgusyz hereketden dändirmek üçin töwella edýärdi – hamana, adamlar ýüz ýyla çenlem ýaşaýarmyş, hatda ondanam köpmüş, Dewi Aýuwa-da ölmäge heniz irmiş. -Eger-de ýüz ýaşa çenli ýaşasam,-diýip Dewi Aýu, parahat hem kesgin jogap gaýtarýardy:-onda sekizisini guzlamaga-da ýetişerin. Bi köpräk bolaýmasa. Rozina Dewi Aýu üçin gardan ak nah bölegini satyn aldy, olam sagynman oňa çolandy – ýöne, nä, mundan ölen barmy diýsene? Göbegene çar-töwerekde enekäň gözleginde pelesaň kakýarka (dogrusy, bu gözlegler netijesiz galdy, şoň üçinem bäbege şaly gaýnadyp, suwuny içirmeli boldy), Dewi Aýu, kepene çolangy öz sekisinde asuda ýatyşyna, ajal perişdesiniň alnynda gonaryna garaşýardy. Tüwi gaýnatmasynyň möwriti ötensoň, Rozina bäbegi sygyr süýdi bilen eklemäge başlady (süýt dükanlarda “Aýy:ňky” diýen ýarlykly satylýardy), dewi Aýu bolsa ýatan ýerinden, Gözellik atly gyzjagazy öz ýanyna getirmäge hiç kime rugsat bermeýärdi. Her niçigem bolsa, betnyşan bäbekdir, onuň kepene çolangy ýatan ejesi hakda habar mergi ýaly ýaýrady, onsoň diňe bir golaý-goltumdaky obalardan däl, iň alys mekanlardanam adamlar gelmäge başlady – tasdanam ýagşyzadaň dünýä inmegine barabar gudrata tomaşa etmek höwesinde. Ýabany itleň uwwuldysyny Wifleýem ýyldyzy (Wifleýem şäherinde Isa pygamber doglanda asmanda dogan ýyldyz) bilen deňeýärdiler, kepene çolanan enäni bolsa – dogrum ezýetinden soňky Bibi Merýeme – dogrusy, ýumşadyp aýdanyňda-da bu deňeşdirmäň ýapa degýän ýeri ýokdy. Misli, haýwanat bagynda babyrbeçäni sypaýan çagajyklar deý, wehimden ýaňa eňşän ýüzleri bilen myhmanlar, köçe suratçysynyň öňünde bedroýjany ellerine alyp surata düşýärdiler. Ondan öň bolsa edil şonuň ýaly edip, göýä daşyndaky erew-berewligi parhyna-da almaýan ýaly, şol öňküsi dek düşündirip bolmaz rahatlykda ýatan Dewi Aýu bilenem surata düşüpdiler. Soň, agyr, gutulgusyz hassalar gelip başlady – olaryň umydy, çaga galtaşyp, sagalmak, ýöne Rozina bada-bat munuň öňüni aldy, öwezine Gözelligiň ýuwundyrylan suwuny bedrede olara çykaryp berdi. Käbirleri geleşikde ýa-da lotereýada çüwmek umydy bilen gelýärdi. Olar ýalylar üçin, ilkibaşdan çagaň aladasyny boýnuna alan lal Rozina, sadaka üçin gutujyklary taýýarlap goýupdy, olaram gaty bahym rupiýadan dolupdy. Uzakdangörüji gyz, Dewi Aýu çyndanam öler gorkusy bilen, bu seýrek hadysadan peýdalanyp, soň “aýy süýdi” barada-da, körpeje ikisiniň nämäň hasabyna güzeran aýlajakdygy hakda-da ünjä galmaz ýaly, bähbit aramagyň kül-külüne düşdi, çünki Gözelligiň üç uly uýasynyňam yzyna, öýlerine köwlenerine garaşybam durmaly däldi. Ýöne poliseýlerdir, bu ýerde müşrikligi saýgaran kýai bu galagoplugyň köküne palta urdular. Dergazaba münen kýai Dewi Aýuwa bolgusyzlygyny bes etmegi buýurdy, hatda kepenem sypyrmagy talap etdi. -Jelepden çykarynmagy haýyş edýäňizmi?-diýip Dewi Aýu äsgermezçilik bilen oklady:-onda teňňe oklaň! Kýai doga sarnap, ýeňsesini el ýaly etmäge howlukdy, soňam gaýdyp görünmedi. Ýene-de Dewi Aýuň ýanynda, bikesiniň ähli hokgalaryny sabyr-kanagat bilen çekýän, şonuň bilenem ýene-de bir gezek şu aýala çyndanam täk özüniň düşünýändigini subut edip, ýaşajyk Rozina galdy. Çagadan dynmagyň najadyna garap başlamazyndan kän öň Dewi Aýu, özüniň çaga dogrup ýörmekden bez bolandygyny dilinden sypdyrypdy, şeýdibem Rozina onuň hamyladygyny bilipdi. Eger-de bu hakda Dewi Aýu, gybata ölemen goňşy heleýlere dagy aýdaýan bolsady – ýagny, bu gybatmaýany itiň öňüne süňk oklan dek oklan bolsady – olar göwnüýetmezçilik bilen syrtarardylar-da, boş lakgyldy bilen hüňläp başlardylar: özüňi satmaňy bes edäý ahyry, ine onsoň saňa göwreliligem howatyrly bolmaz. Emma, size syry açaýyn: muny başga kemçine diýiň, ýöne Dewi Aýuwa dilem ýaraýmaň. Ol hiç haçanam özüniň üç (indi dört) çagasyny azgynlygy üçin jeza diýip hasap etmändi; “Gyzjagazlaň kakasy ýokmy? Ýok.” diýýärdi ol: “belaň körügi olaryň nämälim däldiginde däl, özüniň haýsydyr bir ýigit bilen oba kethudasynyň öňünde sömelmändiginiň-ä (terj.: nika dessury göz öňünde tutulýar) muňa düýbündenem dahyly ýok”. Dewi Aýu ynanýardy, onuň çagalary – arwahdan önen däl. -Iblisem hezil etmegi eý görýär-ä, edil Hudaý ýa-da hudaýlar ýaly,-diýip ol düşündirýärdi:-Edil Bibi Merýemiň Hudanyň Ogluny dünýä inderişi ýaly, Pandunyň (“Mahabrahata” gadymy hindi eposynyň gahrymany) iki aýalynyň bolsa hudaýlardan hamyla bolşy ýaly, meniň ýatgyma-da melgunlar dölüni eňterýär, onsoň menem melgun nesillerini dogurýan. Men indi çydamok, Rozina. ©Eka Kurniawan Eka Kurniawan, 1975-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, Indoneziýanyň Günbatar Ýawa adasynda doglan, ýazyjy, grafiki dizaýner hem-de meşhur Buker baýragyna hödürlenen ilkinji indonez ýazyjysydyr. Ol orta mekdebi tamamlandan soň Jakartadaky Gaja Mada adyndaky uniwersitetde filosofiýa ugrundan ýokary bilim alypdyr. Onuň eserleri 24 dile terjime edilipdir. Onuň 2002-nji ýylda ýazan “Gözellik – bu betbagtlyk” atly romany, magiki realizm žanrynda ýazylan eser bolup, “The New York Times” gazetiniň düzen sanawy boýunça, şol ýylda dünýä belli 100 kitabyň biri bolup durýar. Edebiýat tankytçylary E.Kurniawanyň döredijiligini Gabriel Garsia Markesiň hem-de Haruki Murakamiň döredijiligi bilen deňeşdirýärler. Öz ýurdunda ol uly şöhrata eýedir. Ýazyjy 2018-nji ýylda Şazada Klaus adyndaky baýragyna mynasyp bolupdyr. | |
|
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -20: romanyň dowamy - 03.11.2024 |
√ Dirilik suwy -4: romanyň dowamy - 27.04.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy / roman - 23.04.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||