15:40 Gözi hereketlendiriji agzasynyň keselleri | |
GÖZI HEREKETLENDIRIJI AGZASYNYŇ KESELLERI
Medisina
Göz bäbenegi göz hanasynyň ýag-öýjüklik dokumasynyň üstünde ýerleşýär we dört sany göni we iki sany gyşyk muskullar tarpyndan her tarapa ýeňillik bilen aýlanýar. Dört göni muskullar hersi gözi öz tarapyna: ýokarky-ýokara, içki–içerä, aşaky-aşaga, daşky-daşara aýlaýarlar. Gyşyk muskullar göni muskullara kömekleşýärler we gözi galdyryp, goýberip we ony öz okunyň daşynda aýlap bilýärler. Gözüň hereketlendiriji agzasynyň keselleri, köplenç, göz hanasynda, kelle beýnisinde döreýän täzedöremeleriň-çişleriň, alawlamalaryň, gan öýmeleriň we ýene-de birnäçe patologik hadysalaryň, şikesleriň esaslarynda görüş nerw ýollarynyň, gözi hereketlendirýän nerwleriň, olaryň kelle beýnisindäki merkeziniň zeperlenmekleriniň netijeleridir. Çagalarda, köplenç, binokulýar görşüň bozulmagy esasynda arkalaşykly göz çaşylygy döreýär, uly adamlarda bolsa bu näsazlyk gözi hereketlendiriji muskullaryň ysgynsyzlyklarynyň esaslarynda ýüze çykýar. Binokulýar görüş - bir wagtda iki gözüň-de işlemegidir, ol adama älem-jahany bütewi görmek üçin gerekdir. Binokulýar görüş bolanda sag we çep göze degişli bolan iki şekil biri-birine goşulyp, ýekeje şekile öwrülýär. Şeýle bolmak üçin, şe-killer biri-birine beýikligi we göwrümi boýunça dogry gelmelidir. Adamyň binokulýar görşüň gurluşy örän inçe, çylşyrymly we köptaraplaýyn; kada boýunça ol juda pugta we şol bir wagtyň özünde, esli hereket etmegi başarýar, sebäbi ol adamynyň bütin ýaşaýan ömründe mydama ösýär, kämilleşýär we özgerýär. Binokulýar görüş ukybynyň ösüşinde hususy tälim uly orny eýeleýär, ýöne onuň döremeginiň esasy, eýýäm adam doglanda bar. Ol görüş seljermesiniň iki böleginiň – torly perdesinden kelle beýnisine çenli anatomik simmetriýasy (biri-birine deň gelmegi) bolup durýar. Adamda, doglan badyna, binokulýar görşüň fiziologik mehanizmi bolmaýar. Binokulýar görşüň ösüşi. Çaganyň ilkinji doglan günleri, onuň nazary töwereginde ýerleşýän jisimlerde, zatlarda saklanmaýar, olaryň gözleriniň hereketi sazlaşyksyz bolýar. Şonuň üçin-de çaganyň görüş ukyby monokulýar (birgözleýin) bolýar. Takmynan doglandan 2 aýdan soň, onuň nazary töwerekdäki zatlarda saklanyp başlaýar. Şol wagtlardan baslap, ýagtylyk gözüň torly perdesiniň merkezini (sary tegmili) gyjyndyrýar we nerw gyjynmasyna öwrülip kelle beýnisine geçýär; bu iki gyjynmanyň arasynda baglanyşyk ýüze çykýar we şonuň esasynda iki gözüň kabul eden zady bir bolup görünýär. Doglandan 3-4 aý geçenden soň, çaganyň nazary ýakynda ýerleşýän zatlara düşende, gözüň görejiniň daralma hereketi döreýär. Ol bolsa gözde akkomodasiýanyň döräp başlandygyny aňladýar, ýagny, göz ýakyn aralykda görüp başlaýar. Bu hadysa öz gezeginde, konwergensiýanyň we diwergensiýanyň ösmegine ýardam edýär hem-de binokulýar görşüň kämilleşmeginde esasy orny eýeleýär. Göz bäbeneginiň torly perdesiniň her nokadynyň görüş giňişliginde – görüş meýdanynda çäkli ähmiýeti bar. Şonuň üçin iki gözüň sary tegmiliniň çukurjygynda birmeňzeş aralykda ýerleşen nokatlaryň giňişlikdäki ähmiýeti hem birmeňzeş bolýar. Bular ýaly nokatlara korrespondirlenen ýa-da identirlenen nokatlar diýilýär. Beýleki nokatlar olardan tapawutlylykda, disparant nokatlary diýip atlandyrylýarlar. Disparant nokatlara şekil düşse onda ikilenme emele gelýär, ýagny göze goşa görünýär. Korrespondirlenen nokatlar torly perdeleriniň her bir simmetrik nokatlary - sary tegmiller, hem-de beýleki degişli nokatlary bolup biler. Binokulýar görüş gözleriň ýokary derejedäki - gaty çuňňur, stereoskopiki we ginişleýin görmesidir. Mundan başga-da binokulýar görüşde, gözüň ýiti görüşi has ýokarlanýar, görüş meýdany-da has giňelýär. Monokulýar görüş, zatlaryň diňe ululygyny, möçberini, göwrümini görmäge mümkinçilik berýär, emma daş-töwerekdäki zatlary ähli taraplaýyn çuňňur dine iki göz bilen görüp bolýar. Binokulýar görşüň bozulmasy – iki göz bilen görüş ukybynyň ýitdigidir. Bu bolsa: - açyk çaşylyk (strabismus); - iki göz açyk wagtynda bir göz bilen görmek (monokulýar görüş); - gözlere goşa görünmek - diplopiýa we beýleki näsazlyklardyr. Çaşylyk 1,5 – 2% çagalarda duş gelýär. Ol binokulýar görşüň bozulmagyndan başga-da çaga üçin betgelşiklik, ýagny uly gözellik kemçiligidir. Bu bolsa diňe daşky dünýäni görmäge, iş hünärini saýlamaga döredýän päsgelçilik bolman, eýsem çaganyň ruhuna hem gaty uly şikes ýetirýän sebäpdir. Şonuň üçin-de çaşylygyň öňüni almaklyk we bejermeklik ýeke bir lukmançylyk tarapyndan däl-de, eýsem durmuş syýasy (sosial) tarapyndan-da ähmiýete eýedir. Pediatrlar, maşgala lukmanlary, oftalmologlar çagalykda döreýän binokulýar görşüň bozulmagy bolan – çaşylyk we beýleki näsazlyklar bilen ýakyndan tanyş bolmalydyrlar, çünki çagalar (olaryň ene-atalary) maslahat üçin ilki bilen olara ýüz tutýarlar, öz wagtynda geçirilen anyklama we bejerme çäreleri näsagy doly halas etmäge mümkinçilik döredýär. Lukmandan keseliň taryhyny, görüş ukyplaryny öwrenmegi, çaşylygyň hakyky kliniki aýratynklaryny anyklamagyny (skiaskopiýa, refraktometriýa), obýektiw usullar bilen (gapdaldan ýagtylandyryş, gözüň içinden geçýän ýagtylyk, oftalmoskopiýa, biomikroskopiýa we beýlekiler) içgin barlamaklygy talap edilýär. Bu hakyky göz çaşylygyndan başga-da, hakyky bolmadyk – çaşylyga menses we gizlin (geteroforiýa) çaşylyklar bolýar. Çaşylyga meňzeş hakyky bolmadyk göz çaşylygynda buýnuzly perdesiniň merkezinden geçýän gözün optiki oky we gözün dikilen nokadyny torly perdesiniň merkezi çukurjygy bilen birikdirýän gözün görüş oky, biri-birine dogry gelmeýär. Olaryň arasynda gamma burçy diýilip atlandyrýan burç emele gelýär, bu burçunyň möçberi uly bolsa, göz bäbenekleri biri-birinden aýrylyşýarlar we şunlukda gözlerde çaşylyk bar ýaly bolup görünýär, emma binokulýar görşi bozulmaýar. Bu çaşylyga geleňsizlik bilen seredişiň çaşylygy-da diýilýär. Geteroforiýa ýa-da gizlin göz çaşylygy gözüň hereketlendiriji muskullaryň arasyndaky kadaly gatnaşyklaryň näsazlaşygy netijesinde döreýär. Gizlin göz çaşylygyny barlamak usullary: 1) Bir göz eliň aýasy bilen ýapylanda, bu ýapyk göz azajyk daş gapdala, seýrek - iç gapdala gyşarýar, el gözden aýryldygy - ol ýene-de öňki göni ýagdaýyny eýeleýär. 2) Iki galam bilen barlamak usuly S.F. Kalfa tarapyndan hödürlenen usuldyr. Barlanýan sag elindäki galamyň ujuny, çep eli bilen gözleriň öňünde dik saklanýan galamyň ujuna degirmeli. Öňürti onuň gözleriniň öňünde, düýplerini çekde tarap-lara seretdirip, umuman 30 gradus gyşardýan prizmalary tutmaly. Barlanýan gala-myň uçlaryny biri-birine degirip bilmedik halaty, binokulýar görüşiň ýoklugyny görkezýär. 3) Eliň aýasynda döreýän deşik usuly. Barlanýan iki gözi hem açyk ýagdaýda bir gözi bilen turbajyk arkaly uzaklyga seredýär. Turbajygyň yzky deşigine ýakyn-lykda, gapdalda turbajyga degirip, eliniň aýasyny tutýar; binokulýar görüs bolanda eliniň aýasynyň ortasynda deşik görünýär. Arkalaşykly göz çaşylygy Arkalaşykly göz çaşylygy (strabismus concomitans) haýsy-da bolsa bir gözüň hemişe ýa-da wagtal-wagtal gyşarmagydyr. Köplenç, bir gözi ýa-da gezegine iki gözi hem gyşarýar. Binokulýar görüş bozulýar. Gözler öz oklarynyň daşynda her tarapa päsgelsiz aýlanýarlar. Gözleriň ilkinji we ikilenji gyşarma burçlarynyň möçberleri deň bolýar. Ilkinji gyşarma burçy - çaşy gözüň gyşarma burçy - ilkinji gyşarma burçydyr. Ikilenji burçy - sagdyn göz eliň aýasy bilen ýapylanda, ýapynyň aşagynda gözüniň gyşarýan burçunyň möçberidir. Arkalaşykly göz çaşylygynda ilkinji we ikilenji burçlaryň möçberleri biri-birine deň gelýär. Ysmazlyk (paralitiki) göz çaşylygynda ikilenji burçunyň möçberi ilkinji burçuňkydan az bolýar. Çaşylyk ikitaraplaýyn (strabismus alternativus) we birtaraplaýyn (strabismus monolateralis) bolýar. Çaşylyk ikitaraplaýyn bolanda gözler gezegine ýa-da bir bada ikisi-de gyşarýar. Çaşylyk birtaraplaýyn bolanda hemişe bir gözi gyşarýar, ol, köplenç, muskullaryň ysgynsyzlygy esasynda döreýär (paralitiki çaşylyk). Köplenç, binokulýar görşüň bozulmagynyň we çaşylygyň döremeginiň sebäbi akkomodasiýa we konwergensiýa hadysalaryň arasyndaky gatnaşygyň bozulmagydyr, ol anizometropiýa esasynda emele gelýär. Konwergensiýa gowşanda gözüň daş gapdala (çekge tarapa) gyşarmaklygy (strabismus divergens–ýaýraýan çaşylyk) (miopiýa refraksiýasynda), akkomodasiýa çenden aşa dartgynanda – iç gapdala (burun tarapa) gyşarýan (strabismus сonvergens) (gipermetropiýada) çaşylyk döreýär. Iç gapdala gyşarýan çaşylygy (strabismus сonvergens) – çaşylyklaryň içinde iň köp duş gelýän görnüşidir, ol ýaş çagalarda, aýratynam 3-4 ýaşyna ýetende döreýär (89, 90-njy surat), sebäbi bu döwürde çaganyň daş-töwerekdäki hadysalara bolan höwesi has güýçlenýär, ol bolsa çagalardan görüş dartgynlygynyň güýçlenmegini talap edýär. Сonvergens çaşylygynyň esasy sebäbi - gipermetropiýa refraksiýasydyr. Gipermetrop gowy görmek üçin elmydama öz akkomodasiýasyny dartgynlaşdyrmaly bolýar; ol bolsa konwergensiýa (iki gözi-de burun tarapda bir nokada dikmek) baglydyr. Gipermetropiýa ýokary derejede bolanda akkomodasiýa bilen konwergensiýanyň arasynda näsazlyk döreýär: konwergensiýanyň hereketi akkomodasiýanyň hereketinden yza galýar we başda göze görünmeýän, sonar göze görünýän hemişelik çaşylyk emele gelýär. Çaşy gözüň görüş ukyby peselýär we ambliopiýa döreýär. Daş çgapdala gyşarýan çaşylygy (strabismus divergens) köplenç miopiýaly gözlerde duş gelýär. Mioplar gowy görmek üçin seredýän zadyny gözlerine gaty ýakynlaşdyrmaly bolýar, emma bu ýagdaýda olar üçin akkomodasiýanyň dartgynlygy gerek bolmaýar, çünki onsuzam mioplar ýakyndan gowy görýärler. Netijede, miopyň gözlerinde konwergensiýany işledýän impulslar döremeýär, ýöne şonda-da konwergensiýa işleýär (bolmasa seredilýän jisim iki bolup görünýär), emma impulsyň gaty gowşaklygy esasynda gözleriň biri daşary tarapa gyşarýar: ýuwaş-ýuwaşdan içki göni muskullaryň hereketleri gowşaýar we hemişelik çaşylyk emele gelýär. Göz diňe burun tarapa ýa-da beýleki tarapa gyşarman, eýsem aşak (strabismus deorsum vergens), ýokary (strabismus sursum vergens) taraplara-da gyşaryp bilýär. Çaşylyk ýeke bir ametropiýanyň (gipermetropiýa, miopiýa) esasynda döremän, eýsem buýnuzly perdesiniň, göz jöwheriniň ümezlemeleri, torly perdesiniň gopuklygy, hem-de göz bäbeneginiň muskullaryň ysmazlygy (paralitiki çaşylygy) zerarly gözüň görüş ukyby has peselende hem döräp bilýär. Çaşylygyň beýikligini (gyşarýan burçuny) Girşbergiň usuly arkaly ýa-da perimeter hem sinaptofor gurallarda ölçäp bolýar. Ýöne Girşbergiň usuly we takykdyr: oftalmoskop bilen gözleriň buýnuzly perdesinde döreýän ýalpyldysynyň ýerleşişlerini anyklamaly. Çaşylyk ýok bolan gözde ýaňky ýalpyldy hemişe buýnuzly perdesiniň merkezinde ýa-da oňa ýakyn aralykda ýerleşýär, çaşylyk bar bolan gözde bolsa assimetriýa döreýär. Iç gapdal (convergens) çaşylygy bolanda bu ýalpyldy buýnuzly perdesiniň daşary, daş gapdal (divergens) çaşylygynda bolsa, tersine – içeri, burun tarapyndaky böleginde ýerleşýär. Eger-de ýalpyldy kadaly giňlikde bolan görejiň gyrasynda ýerleşýän bolsa, onda çaşylyk burçy – 150, älemgoşaryň ortasynda bolanda – 250, limbde ýerleşende – 450, limbden geçse – 600 we ondan-da köpräk gradusa deňdir. Çaşylygyň döremeginiň esasy şertleriniň biri-de, binokulýar görşüň merkezi nerw ulgamynyň gowşaklygydyr. Anizometropiýa, astigmatizm çaşylyk wagtynda korreksiýa arkaly (äýnek, kontakt linzasy we beýlekiler) düzedilmese, pes görýän göz öz görşüni ýuwaş-ýuwaşdan peseldýär we görüş ukybynyň gowşaklygy –ambliopiýa döreýär. E.S.Awetisowyň (1964) bölüşi boýunça ambliopiýanyň disbinokulýar, refraksion, anizometropiki, obskurasion we jögi görnüşleri bolýar. Disbinokulýar ambliopiýasy monolateral göz çaşylygynda gözün görüş ukyplarynyň durnukly peselmeginiň netijesinde döreýär. Gözün görüş fiksasiýasy (bir nokada gözi dikmek) bozulýar. Gözüň dury optiki agzalarynda ümezler bolmaýar. Refraksion ambliopiýasy – korreksiýa arkaly görüş ýitiligini gowulanmaýan refraksiýanyň görnüşlerinde bolýar. Anizometropiki ambliopiýasy – gözlerdäki refraksiýalaryň dioptriýa güýçleriniň tapawutynyň has beýikligi netijesinde emele gelýär, şeýlelikde anizometropiýa döreýär we gözlere görünýän iki şekil birigip bilmän, bir şekil beýleki şekilden basylyp gözden ýitýär. Obskurasion ambliopiýasy gözüň dury optiki agzalaryndaky – buýnuzly perdesinde, jöwherinde, çüýşe görnüşli bedeninde bolýan ümezleriň esaslarynda döreýär, çünki ýagtylyk şöhleleri bu optiki agzalardan geçip bilmeýänlikleri sebäpli, torly perdesiniň fotoreseptorlary galkynmaýarlar. Jögi ambliopiýa - jogüligiň esasynda ýüze çykýar: gözleriň görüş ýitiligi birden gaty peselýär, görüş meýdanynyň serhetleri ähli tarapdan ep-esli daralýar, ojakly kemçilikler emele gelýär. Gabaklaryň derisiniň, buýnuzly perdesiniň duýujy ukyplary peselýär, gözlerde gamaşma, akkomodasiýanyň we konwergensiýanyň dartgynlyklary döreýär. Gözleriň düýplerinde we dury optiki agzalarynda näsazlyklar bolmaýar. Çaşylyk bolanda ambliopiýanyň ýüze çykmaklygynyň sebäpleri her dürli bolýar, ýagny olar disbinokulýar, refraksion, obskurasion we beýlekiler. Ambliopiýa çaşylyk zerarly döräp ýa-da çaşylygy döredip-de bilýändir. Ambliopiýanyň 5 derejesi bar: - gaty ýeňil (visus = 0,9-0,8); - ýeňil (visus = 0,7-0,5); - orta (visus = 0,4-0,3); - güýçli (visus = 0,2-0,05); - gaty güýçli (visus = 0,05-den pes); Ambliopiýanyň torly perdesiniň merkezi we onuň çet zolaklary bilen baglanyşykly görnüşleri bolýar. Bu baglanyşyklar durnukly, durnuksyz we üýtgäp durýan görnüşlere bölünýär. Arkalaşykly göz çaşylygynyň bejergisi binokulýar görşüni dikeltmeklige we gözüň görksüzlik kemçiligiň düzedilmegine gönükdirilmelidir. Bejergini çaganyň iň ýaş döwründen başlanmaly, ol mekdep ýaşyna çenli doly sagaldylmalydyr. Munuň üçin, hemmetaraplaýyn (kompleks) pleopto-hirurgiki-ortoptodiploptiki bejergileri geçirilýär: 1. Çagalarda umumy sagaldyş çärelerini geçirmeli we binokulýar görşüni dikeltmek üçin degişli amatly şertleri döretmeli. Ýokanç we beýleki umumy keselleriň öňüni almaly, olary bejermeli. Görüş agzasynyň ýerliksiz köp işlemesini azaltmaly. 2. Iň esasy bejergi - wagtynda gözleriň hakyky refraksiýasyny anyklap, ametropiýanyň korreksiýasy üçin degişli äýnekleri, kontakt linzalaryny bermekden ybaratdyr. Korreksiýanyň esasynda akkomodasion göz çaşylygy doly aýrylýar, akkomodasiýa bilen bagly bolmadyk göz çaşylygy azalýar, ambliopiýa döremeýär, bar bolan ambliopiýa aýrylýar. 3. Ambliopiýanyň bejeriş usullary. Pleoptika - ambliopiýany bejeriş çäreleriniň ulgamydyr, ol ambliopiýaly gözüň refraksiýasyny korrektirlemek, gözüň ýiti görşüni ýokarlandyrmak we başga-da birnäçe sagaldyş usullaryny öz içine alýar. 1. Göni okklýuziýa usuly iň köp ulanylýan usullaryň biridir: hepdede 1 gezek 2-6 aýyň dowamynda gowy görýän sagdyn göz görüş işinden aýrylýar, şeýlelikde ambliopiýaly göz işjen işlemeklige meçbur edilýär. Bu usul ulanylan wagtynda aýrylan (ýapylan) gözüň ýiti görüş ukyby-da barlanyp durulýar, çünki onuň-da görmesiniň peselmegi mümkindir. Okklýuziýa usulynyň netijesinde, 3-4 hepdäniň dowamynda, görüş ýitiligi ýokarlanmasa, onda bu usulyň kömek etmedigi bolýar. Egerde görüş ýitiligi gowulansa, onda göni okklýuziýa usulyny dowam etdirmek bilen birlikde, uly çagalarda, usulyň netijeliligini tizleşdirmek üçin, gözüň görüş iş agramyny köpeltmeli. Onuň üçin ýörite gurallarda türgenleşik maşklary geçirilýär: gaty ownuk harplar bilen ýazylan sözlemler okadylýar, ownuk mozaikany ýerbe-ýer goýmak, her-hili däneleri saýlamak ýaly işler geçirilýär. 2. Ters okklýuziýa. Ambliopiýanyň dogry fiksasiýasy bolanda, ýagny ýagtylyk fokusy sary tegmile düşende, göni okklýuziýa usuly gowy netijeler berýär. Ambliopiýanyň nädogry fiksasiýaly görnüşinde, göni okklýuziýany diňe 5-6 ýaşa ýetmedik çagalarda ulanmak mümkindir, çünki bu döwürde torly perdesindäki hakyky bolmadyk fiksasiýasy, entek doly ornaşmadyk ýagdaýynda bolýar. Ekssentriki fiksasiýasy bolan ambliopiýaly gözlerde göni okklýuziýa usuly 5-6 ýaşdan geçen çagalarda ulanmak maslahat berilmeýär, çünki ol nädogry fiksasiýany berkleşdirýär. Bu ýaşly çagalarda, köplenç, ters okklýuziýa usuly ulanylýar: 3-4 hepdäniň dowamynda pes görýän (ambliopiýaly) göz görüş işinden aýrylýar. Bu usul hakyky bolmadyk nädogry fiksasiýany aýyrmaga we dogry fiksasiýany döretmäge we berkleşdirmäge kömek edýär. 3. Penalizasiýa (jerime salmak) usuly. Äýnek linzalary arkaly emeli anizometropiýa döredilýär; soňra gowy görýän gözde atropinizasiýanyň netijesinde akkomodasiýa aýrylýar we doly korreksiýa arkaly gözüň görşüni ýörite peseldilýär, ýagny göz jerimelenýär. Beýleki göz convex linzalary bilen miopiýa refraksiýasyna öwrülýär we netijede bu göz esasy işleýän göz bolup galýar. Okklýuziýa usulyndan tapawutlylykda, bu usulda gözleriň hic biri-de görüş işinden doly aýrylmaýar, bu bolsa akkomodasion konwergensiýany azaldyp, gözüň gyşarmasyny peseldýär. Penalizasiýa usulyny ýaş çagalarda gaty ir ulanyp başlamaly. Beýle ýagdaýda çaga birinji gözi bilen uzaklyga, beyleki (ambliopiýaly) gözi bilen ýakyna seredýär: ýüwaş-ýüwaşdan bu gözüň ambliopiýasy azalyp, görüş ýitiligi gowulanýar. Gözüň çaşylyk burçunyň möçberi uly bolan halatynda ambliopiýany bejermekligiň netijesi gaty pes bolýar. Bu ýagdaýda, oňürti hirurgiki usuly bilen çaşylygy azaltmaly ýa-da doly düzetmeli we soňra ambliopiýany okklýuziýa ýa-da penalizasiýa usullary bilen bejermeli bolýar. Häzirki döwürde, ambliopiýanyň ekssentriki fiksasiýasyny aýyrmak we dogry (foveal) fiksasiýasyny dikeltmek üçin täze, ýokary netijeli usullar ulanýar. Olaryň esasylarynyň biri-de sary tegmili ýagtylandyrmak, torly perdesiniň çetdäki zolaklaryny garaňkylatmak usulydyr; sary tegmil ýagtylandyrylmagyň yz ýanyndan ambliopiýaly göze suratlar, ýörite bellikler görkezilýär. Torly perdesiniň sary tegmiliň zolagyna höwes döretmek üçin argon-lazer guraly ulanylýar, emma ol ýakmaýan tertibinde işleýär. 4. Binokulýar görşüni dikeltmegiň ortoptiki usuly. Bu usul ambliopiýaly gözüň ýiti görüşi 0,3-0,5 çenli gowulanandan soň ulanylýar. Ortoptiki usulynyň ula-nyş möhleti 6-12 aýa çekýär, ol akkomodasion çaşylygynda binokulýar görşi dikeldilýänçe we akkomodasiýa bilen baglanyşykly bolmadyk çaşylykda tä hirurgiki usuly geçirilýänçe ulanylýar, sinaptofor guralynda geçirilen bejergiler has-da gowy netijeler berýär. Binokulýar görşüni dikeltmek ýa-da ony ösdürmek üçin, kä-wagtlar prizmaly äýnekler-de ulanylýarlar. Prizmaly äýnekler diploptik usulyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Diploptik usuly gözlere goşa görünmek ýaly täsin hadysany döredýär we gözüň görüş ukybyny birneme azaldyp, iki gözde-de fokuslaryň sary tegmile düşmekligini üpjün edýär. Bu usuly ýaş çagalarda 1 ýylyň dowamynda ulanmak bolýar. 5. Göz çaşylygyny bejermekligiň we binokulýär görşüni dikeltmekligiň hirurgiki usuly. Hirurgiki bejergi pleopto-ortopto-diploptiki usullaryň gowy netije bermedik halatynda geçirilýär. Hirurgiki bejergi usuly çaga 3-4 ýaşyna ýetende, mekdebe barmaga 2-3 ýyl galanynda geçirilse gowy bolýar. Operasiýa gowşak muskulyň güýjüni köpeltmeklige (tenorrafiýa), güýçli muskulyň güýjüni, tersine, gowşatmaklyga (tenotomiýa) gönükdirilýär. Tenorrafiýa usuly arkaly muskulyň uzynlygy gysgaldylýar, tenotomiýanyň netijesinde - uzaldylýar. Bu operasiýalar, köplenç, ýokary netijeleri berýär. Operasiýadan soň galan uly bolmadyk çaşylygy ortoptiki bejergileri dowam etmek bilen doly düzedip bolýar. Arkalaşykly göz çaşylygy bolanda operasiýa bir wagtda iki gözüň daş gapdal ýa-da iç gapdal muskullarda geçirilse çagalar üçin amatlydyr, çünki olarda her gezek bihuş usuly ulanmaly bolýar (Ýe.I.Kowalewski). Gerek bolanda, bir wagtda muskuly gysgaldyp (tenorra-fiýa), beýleki muskuly uzaldyp (tenotomiýa), soňundan bu operasiýany beýleki gözde-de geçirip bolýar. Ysmazlyk göz çaşylygy Ysmazlyk (paralitik) göz çaşylygy bir ýa-da birnäçe gözi hereketeklendirýän muskullaryň näsazlyklary (patologiýa) netijelerinde ýüze çykýarlar. Ol doga we gazanylan görnüşlerinde döreýär. Doga ysmazlyk göz çaşylygy az duş gelýär, köplenç, ol oftalmoplegiýa, ptoz, midriaz ýaly kadasyz alamatlar bilen birlikde bolýar. Ysmazlyk göz çaşylygy bolanda, arkalaşykly çaşylykdan tapawutlylykda, özboluşly mahsus alamatlary döreýär: näsagda göz bäbeneginiň hereketi zaýalanan muskullaryň tarapynda bolmaýar, näsag kellesini zaýalanan muskulyň ugruna gyşartmaly bolýar, çünki kelle gyşarlanda gözlere goşa görünmek alamaty azalýar. Ýene-de bir mahsus alamaty – ilkinji we ikilenji gyşarma burçlarynyň biri-birine deň gelmeýänligidir: ikilenji gyşaryş burçy hemişe ilkinjiden uly bolýar. Üçünji mahsus alamaty – gözlere goşa görünmeklikdir. Gyşaryş burçlarynyň arasyndaky tapawutlylyk adam çaşy gözi bilen bir zada (obýekte) seretjek bolanda, nerw impulslary gyşaran gözüniň zeperlenen muskula we şol bir wagtda-da sagdyn gözüň gapma-garşy muskula baryp ýetýänligi bilen baglanyşyklydyr, netijede, sagdyn gözi has köp gyşarýar. Goşa gorünmeklik bolsa, gözler bir wagtda bir zada seredenlerinde, olaryň şekilleri torly perdeleriň korrespondirleýji nokatlaryna düşmän, başga nokatlara düşýänlikleri bilen baglanyşyklydyr. Käwagt goşa görünmeklik gözlerde uly närahatçylyk döredýär, şol sebapli-de näsag gyşarýan gözüni ýapmaly bolýar. Bu ýagdaý uzaga çekende kelle beýnisi arkaly gyşarýan göze görünýän şekil basylyp ýatyrylýar we goşa görünmeklik aýrylýar. Ilkinji kömek we bejergi. Ilkinji kömek näsagy oftalmologyň ýanyna ibermekden ybaratdyr. Ysmazlyk sebäpli göz çaşylygynyň esasy bejergisi ony döredýän keselleri - infeksiýalary, täzedöremeleri (çişleri), şikesleri we beýlekileri bejermeli. Çaşylyk başlanan döwründe gözde ulanylýan fizioterapeftiki bejergiler gowy netijeler berýärler. Köplenç, bir wagtda gözüň birnäçe muskullarda operasiýalary geçirilýärler, emma olaryň netijeleri hemişe gowy bolmaýar. Gözüň titremesi – nistagm Nistagm (nystagmus) doga we gazanylan görnüşlerinde bolýar, ol ýerli ýa-da merkezi nerw ulgamynyň dürli keselleriniň netijelerinde döreýär. Onuň ýerli sebäpleri her-hili doga ýa-da ýaş wagtlarynda gözlerde döreýän we gözleriň görüş ukyplaryny peseldýän dury gatlaklarynyň ümezlemeleri, olaryň döreýşiniň näsazlyklary, torly perdesindäki, gan damarly perdesindäki, görüş nerwdäki üýtgemelerdirler. Beýle ýagdaýlarda gözleriň dogry (makula) fiksasiýasy-da bozulýar. Kelle beýnisinde, kiçi beýnijikde, süýri beýnide bolýan patologik hadysalar nistagmyň umumy sebäpleridirler. Nistagmyň kese, dik taraplara titreýän, gözüň okunyň daşynda aýlaýan, tolkunlara menzeş we garyşykly hereketli görnüşleri bolýar. Nistagm adamy onçakly ynjalyksyzlandyrmasa-da, ol gözleriň görşüniň pesliginden azar çekýär. Ilkinji kömek we bejergi. Näsagy oftalmologyň ýanyna ugratmaly, ol kliniki barlaglaryň netijelerinde gözüň titremesiniň sebäplerini anyklaýar. Bejergi känbir netije bermese-de umumy gan damarlaryny giňeldiji derman serişdelerini (wita-minleriň B topary, no-şpa), gözlere mezatonyň 1% erginini damdyrmaly. Gerek bolanda äýnek korreksiýasyny, keratoplastika, kataraktany aýyrýan operasiýalary we beýleki çäreleri geçirmeli. Refleksoterapiýa gowy netijeler berýär. Göz bäbeneginiň muskullarynda hirurgiki usullary geçirmek mümkindir: tenotomiýa, tenor-rafiýa, esasan nistagmyň kese görnüşinde amala aşyrylýar. Çeşmesi. G. Karanow, N. Nurmämmedow. Göz keselleri. Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň talyplary, maşgala lukmanlary, göz lukmanlary üçin okuw kitaby. Aşgabat, 2010. 110-121 sah. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |