14:14 Miopiýa we onuň öňüni almak | |
MIOPIÝA WE ONUŇ ÖŇÜNI ALMAK
Medisina
I. Çagalaryň hem-de ýetginjekleriň görüş agzasynyň anatomiki we fiziologiki aýratynlyklary 1.1. Gözüň gurluşy Gözüň gurluşy bize has düşnükli bolar ýaly, geliň, 1-nji surata ýüzleneliň. Gözüň hanasynda göz bäbeneginiň ýerleşişi dogry şar şekilinde däldir. Gözüň bäbenegi 3 gatlakdan ybarat. Daş tarapdan ol sklera ýa-da ak barda bilen örtülýär. Sklera iň galyň gatlak bolup, göz babenegine kesgitli şekil berýär. Dury bolmadyk bu gatlak onuň öňdäki bölüminde diametric 12 mm-e ýakyn bolan buýnuzly gatlaga geçýär. Skleranyň iç tarapynda gandamarly gatlagy ýerleşýär. Bu gatlak gan damarlary we reňkli maddalary (pigment) bilen gowy üpjün edilendir. Gandamarly gatlaga degişli bolan älemgoşar perdesi durli reňkde bolýar we ol pigmentiniň mukdaryna baglydyr. Pigment köp bolsa göz gara ýa-da açyk goňur, haçan-da az bolanda çal, ýaşylymtyl mawy reňkli bolýar. Käbir adamlarda (albinos) älemgoşar gatlagy pigment saklamaýar. Şeýle ýagdaýda göz gyzyl reňkde bolýar. Älemgoşaryň merkezinde uly bolmadyk deşik, ýagny göreç ýerleşýär. Göreç daralyp-giňelip düşýän ýagtylygyň mukdaryny sazlaýar. Pes ýagtylykda göreç giňelýär, güýçli ýagtylykda bolsa daralýar. Dürli ýagtylykda birek-birege seredilende ýagtylyga görä görejiň ululygy üýtgeýär. Hususy damarly gatlak kirpik beden arkaly älemgoşardan bölünip aýrylýar. Kirpik bedeniň galyňlygynda kirpik muskullary ýerleşip, ondan gaýdýan inçejik dartgynly sapajyklarda (Zinni baglaýjylary) göz jöwheri asylyp durýar. Jöwher diametric 10 mm bolan iki tarapy güberçek linzadyr. Kirpik muskullarynyň ýygrylyp-ýazylmasy bilen jöwher öz şekilini, üstüniň egriligini üýtgedýär. Jöwheriň bu gurluşy göze ýakyndan we uzakdan anyk saýgarmaga mümkinçilik berýär. Ýakyn aralykdan okalan ýa-da başga iş ýerine ýetirilen wagtynda jöwher has güberçeklenýär, uzaga nazar dikilende bolsa tekizlenýär. Gözüň dürli aralykdan aýdyň görmek ukybyna akkomodasiýa diýilýär. Bu hadysa kirpik muskullarynyň hasabyna ýüze çykýar. Göz jöwherinde gan damarlary, nerwleri bolmaýar. Ol kirpik bedeniň öndürýän ýörite suwuklygynyň hasabyna iýmitlenýär. Çagalarda we ýaşlarda 25-35 ýaşa çenli jöwher öz kapsulasynda dury, ýarymsuwuk ýagdaýda saklanýar. Ýaşyň ulalmagy bilen jöwher dykyzlanýar. Gözüň içki boşlugy tutuşlygyna dury, žele görnüşli madda, ýagny çüýşe görnüşli beden bilen doldurylandyr. Çüýşe görnüşli bedeniň içinde bulançaklyk dörese, görşüň peselmegi ýüze çykýar. Buýnuzly perde, göz jöwheri, çüýşe görnüşli beden gözüň döwüji ýa-da optik ulgamyny düzýärler. Ýagtylyk şöhleleri bu dury agzalaryň üstünden geçende döwlüp, öz ugurlaryny üýtgedýärler. Gözüň şöhle döwüş güýji adamyň optik ulgamynyň ýagdaýyna baglydyr. Das-töwerekde ýerleşýän zatlaryň aýdyň şekili gözüň torly perdesinde emele gelýär. Torly perde örän çylşyrymly gurluşa eýe bolup, özünde 3 görnüşli nerw öýjükleriniň 10 gatlagyny düzýär. Şol öýjükleriň has ähmiýetlisi neýroepiteliý ýa-da kolbajyklar we taýajyklar diýlip atlandyrylýar. Taýajyklar we kolbajyklar torly perdede birsydyrgyn ýerleşmeýär. Taýajyklar (130 mln-a golaý) ýagtylyk kabul etmäge, kolbajyklar bolsa (17 mln-a golaý) reňki kabul etmäge häsiýetlidir. Torly perdede iň ähmiýetli bölüm merkezi oýdur. Ol sary tegmiliň merkezinde ýerleşýär. Bu ýer görüş duýujylygynyň iň möhüm merkezi bolup durýar. Merkezi oýjagazda kolbajyklaryň ýerleşiş dykyzlygy 1 mm-de 113 müňden 147 müňe çenlidir. Taýajyklar sary tegmilde bolmaýar. Merkezi oýjagazdan daşlaşylanda kolbajyklaryň ýerleşiş dykyzlygy peselýär, tersine, taýajyklaryňky ýokarlanýar (1 mm-de 170 müňe çenli). Kolbajyklar reňk saýgaryjylygy we gündizki görşüň ýitiligini üpjün edýärler. Olar Günüň we elektrik ýagtylygynyň täsirinde oýanýarlar. Taýajyklar gijeki we alagaraňkylykdaky görşi üpjün edýärler. Ýagtylygyň täsiri netijesinde kolbajyklarda we taýajyklarda kesgitli fiziki-himiki hadysalar bolup geçýär. Taýajyklarda görüş purpury ady bilen aýratyn madda rodopsin, kolbajyklarda bolsa fotoreagent ýodopsin bolýar. Ýagtylyk täsiri netijesinde görüş purpurynda üýtgemeler geçýär, ýagny ýagtyda ol dargaýar, garaňkylykda bolsa A witamininiň we başga maddalaryň gatnaşmagynda gaýtadan dikeldilmesi amala aşýar. Taýajyklaryň şu hadysasynyň kadaly işjeňliginiň bozulmasy bilen “towuk körlügi” diýlip atlandyrylýan kesel ýüze çykýar. “Towuk körlüginde” adam gündiz ýa-da ýiti elektrik ýagtylandyrmada gowy görýär, garaňky düşende welin görüş doly ýitýär. Predmetleriň reňki kolbajyklaryň üsti bilen kabul edilýär, emma gijesine diňe taýajyk enjamynyň kömegi bilen görýändigimiz üçin ähli predmetler birmeňzeş çal reňkde görünýär. Torly perdäniň reňki has gowy kabul edýän bölümi bolan kolbajyklaryň köp toplanan ýeri sary tegmil bolup durýar. Köp adamlarda (esasan, erkek adamlarda) reňk saýgarmagyň bölekleýin ýa-da doly ýitmesi bolýar. Reňk saýgarmagyň bozulmagy ýokary ünslüligi talap edýän hünärlerde, ýagny maşinistlere, uçarmanlara, sürüjilere işlemäge päsgelçilik döredýän birinji derejeli ýagdaýdyr. Taýajyklardan, kolbajyklardan çykyp gidýän nerw süýümleri galkynma, ilki bipolýar nerw öýjüklerinden geçip, sonar gonglioz nerw öýjüklerinde jemlenýär we geçiriji ýollaryň başlangyjyny düzýän görüş nerwini emele getirip, göz bäbeneginden kelle beýnä tarap ugur alýarlar. Görüş nerwi 1 mln-a golaý nerw süýümlerinden ybaratdyr. Onuň merkezi bölüminden damarlar geçýär. Görüş nerwiniň göziçki bölüminiň ýüzüni torly perde örtenok. Şonuň üçin taýajyklar we kolbajyklar bolmaýar. Bu ýeri “kör tegmil” diýip atlandyrýarlar. Adamyň gözi çylşyrymly gurluşa eýe bolup, ösmegi we işlemegi üçin oňa kesgitli şertler zerurdyr. Gabaklar we gözýaş suwuklygy gözüň goragyny üpjün edýär. Gabaklar reflex boýunça ýapylýarlar we torly perdä ýagty düşmegine böwet bolup, sklerany hem-de buýnuz perdesini zyýanly täsirden goraýarlar. Gabaklar gyrpylanda gözýaş bilen gözüň üsti endigan çyglanýar we gözi guramakdan gorap saklaýar. Gözýaşy ýörite gözýaş mäzleri işläp çykarýar. Gözýaşyň 97,8%-i suwdan, 1,4%-i organik maddalardan, 0,8%-i duzlardan ybaratdyr. Gözýaş buýnuzly perdäni ölläp, onuň durulygyny saklap durýar. Buýnuzly perdä düşen del jisimi, tozany ýuwup aýyrýar. Gözýaşdaky mikroblary ýok ediji madda uly ähmiýete eýedir. Gözýaş suwuklygy gözýaş kanallarynyň üsti bilen akyp, gözüň iç gapdalky burçunda ýerleşen gözýaş haltasyna düşýär we burun boşlugyna akýar. Haçan-da gözýaş mäzi suwuklygy köp mukdarda öndürende (adam gaty begenende, aglanda) aşaky gabagyň gyrasy bilen daşyna akýar. Göz adam bedenindäki iň hereketli agza bolup, hatda rahatlyk ýagdaýynda hem dynç almaýar. Gözüň ownuk hereketleriniň görüş seljermesinde, predmetleri tapawutlandyrmakda hem ähmiýeti uludyr. Mundan başga-da göz göwrümli hereketleri – öwürmegi, hereketi yzarlamagy (telewizor, displeý) ýerine ýetirýär. Predmet göze has golaýlaşdyrylanda göz burun tarapa hereketlenýär. Gözüň dürli tarapa bolan hereketini göz hereketlendiriji muskullary ýerine ýetirýär. Olar jemi 6 sanydyr. Olaryň 4-si göni muskuldyr (ýokarky, aşaky, sag, çep). Olar skleranyň öňdäki tarapyna berkleşýärler we hersi gözi öz tarapyna öwrülmäge ýardam edýärler. Ýokarky we aşaky gyşyk muskullar skleranyň yz tarapyna berkleşýärler. Göz hereketlendiriji muskullarynyň arkalaşykly tasiri bilen gözleriň ikisi hem şol bir wagtda bir tarapa seredip bilýär. Muskullara zeper ýetmegi bilen görüş meýdany çäklenýär. Görüş agzasynyň çylşyrymly optik ulgamyna buýnuzly gatlak, jöwher, çüýşe görnüşli beden degişlidir. Gözleriň şöhle döwüş güýji (ýagtylyk şöhleleriniň dury agzalardan geçip ugruny üýtgetmegi) optik ulgamyň ýagdaýyna bagly. Göze düşýän ýagtylyk şöhleleri döwlüp, ulgamdaky bir nokatda (fokusda) jemlenýär we predmetleriň şekili emele gelýär. Eger dury agzalardan geçýän şöhleler güýçli döwülse, olar torly perdäniň öňünde fokusirlenýärler. Ine, şeýle ýagdaýda hem şowakörlük döreýär. Şowakör gözüň öňki-yzky oklary kadaly ok bilen deňeşdirilende uzyndyr. Fokus hem torly perdäniň öňünde ýerleşýär. Ýagtylyk şöhleleriniň dargamagy netijesinde torly perdede şekiller takyk bolmaýar. Şöhleleriň dargamagynyň ululygy (diametri) görejiň diametrine göni baglydyr. Käwagt şowakör adamlar gözlerini süzüp seredýärler. Şonda olaryň görejiniň diametric kiçelýär, predmetleriň şekili bolsa has dury we takyk görünýär. Şowakörlüge korreksiýa bermek üçin şöhläniň döwülmesini peseldýän dargadyjy linza ulanylýar. Bu linzalar fokusy torly perdä süýşürýär. Şowakör göz zatlary diňe ýakyndan aýdyň görüp bilýär. Ýaňy doglan çagalardaky öňki-yzky oklar ulularyňka garanda gysga (17-18 mm) bolýar. 3 ýaşa çenli göz yzygiderli ösýär. Çaga 3 ýaşyna ýetende öňki-yzky oklaryň uzynlygy 23 mm-e deň bolýar. Göz bäbeneginiň ösmegi 14-15 ýaşa çenli dowam edýär. Şu döwürde gözüň okunyň uzynlygy ortaça 24 mm-e ýetýär, şöhle döwüş güýji hem şoňa görä üýtgeýär. Şowakörlük dogabitdi hem bolup bilýär, soň hem döräp bilýär, ýöne miopiýa keseli, köplenç, mekdep ýaşlylarda ýüze çykarylýar. Kämillik ýaşdaky ýaşlaryň köpüsinde miopiýa sebäpli hünär saýlama mümkinçiligi çäklenýär. Şowakörlügiň ösmegi bilen gözde yzyna gaýtaryp bolmaýan üýtgeşmeler emele gelip, kähalatlarda görüş ukybynyň ýitirilmegine alyp barýar. 1.2. Miopiýa 1. Etiologiýa we patogenez Dogabitdi miopiýa göz bäbeneginiň dürli ösüş näsazlyklary we anatomik-optik düzümleriniň özara baglanyşyksyzlygy esasynda döreýär. Eger bu ýagdaý skleranyň gowşaklygy we ýokary dartylmasy bilen utgaşsa, dogabitdi miopiýa ösýär. Miopiýanyň şeýle ugurda ýüze çykmasy entek doly öwrenilenok. Çagalyk döwürde miopiýanyň ýüze çykmagynyň we ösmeginiň 3 sany tapawutly sebäbi bar. Olar: 1. Ýakyn aralykdan görmek bilen bagly iş ýa-da gowşak akkomodasiýa. 2. Nesil yzarlaýan şertler. 3. Gowşak skleranyň, ýagny göziçki basyşyň täsiri. 2. Kliniki häsiýetnama Miopiýa derejesi boýunça pes, orta we ýokary bolýar. Dereje pes (gowşak) miopiýada 3 D-e çenli, orta miopiýada 3,25-den 6 D-e çenli, ýokary miopiýada 6 D-den ýokary bolýar. Miopiýanyň pes, orta we ýokary derejelerinde 82,12 we 6% gatnaşygy hasaplap bolar. Miopiýanyň ilkinji alamaty uzakdan görmegiň peselmesi bilen ýüze çykýar. Düzgün boýunça gözüň görşi otrisatel linza bilen kadaly derejä getirilýär. Miopiýanyň ösüşiniň başlangyç döwürlerinde 3-8% gözüň düýbünde, görüş nerwiniň töwereginde konus görnüşinde distrofiki üýtgemeler ýüze çykýar. Miopiýanyň pes derejesi, köplenç, ömürboýy saklanyp galýar. Birnäçe ýagdaýda göz bäbeneginiň uzalmasy miopiýanyň derejesiniň ýokarlanmasy bilen bagly bolýar. Uzakdaky aýdyň görünýän nokat göze has golaýladylanda akkomodasiýanyň göwrümi we görüş meýdany kiçelýär. Kirpik muskullarynyň gowşaklygy has-da ösýär, gözüň gemodinamikasy ýaramazlaşýar. Ösýän şowakörlük wagtynda äýnek bilen düzedilmese, gözde gaýdymsyz we düýpli üýtgeşmeleriň bolmagyna sebäp bolup biler. Bu bolsa görşüň ýitirilmegine getirip biler. Şeýle üýtgeşmeler, esasan, gözüň yzky bölüminde döräp, onuň süýnmegine alyp barýar. Görüş nerwiniň tegeleginiň töwereginde emele gelen konus görnüşli distrofiki üýtgemeler, köplenç, nädogry şekilde bolup kem-kemden ulalýar hem-de tegelegiň daşyny gurşap alýar. Miopiýanyň has ýokary derejesinde gözüň yzky polýusynda (böleginde) stafiloma duş gelýär. Ol aýlawly çyzyk bilen çäklenip, görüş nerwiniň tegelegine konsentriki gatnaşykda ýerleşýär. Miopiýa keseline mahsus bolan göz bäbeneginiň esasy yzky bölümleriniň süýnmegi bu bölümde ýüze çykýan gandamarly we torly perdelerde anyklanylýan ýagdaýdyr. 3. Keseliň çaklamasy Eger miopiýa uly bolmadyk derejede durnukly we agyrlaşmasyz geçip, äýnek bilen düzedilse, onda netije kanagatlanarly hasaplanylýar. Ýokary derejeli şowakörlükde korrigirlenen görüş ýitiligi, köplenç, pesligine galýar. Çalt ösýän miopiýada we torly perdede degeneratiw üýtgemeler ýüze çykanda görüş ukyby peselýär. Miopiýasy bolan adamlara refraksiýanyň doly korreksiýasyny (äýnek ýa-da kontakt linzalaryny) diňe teatrda, kino seredilende dakynmak maslahat berilýär. Orta aralykda oňa görä 1,0 – 1,5 D peseldilen, ýakynda işlemek üçin ondan-da köpräk peseldilen (3,0 D-e çenli) linzalary dakynmaly. 2,5 – 3,0 D-li mioplar ýakyndan has ownuk işleri-de hiç hili linzasyz ýerine ýetirip bilýärler. Köp çagalarda entek mekdebe gitmänkä ýa-da mekdep ýaşynda dörän miopiýa, köplenç, 2,0-3,0 D ýetip saklanýar, onuň 4,5-5,0 D-den geçen mahaly seýrek bolýar. Bu bolsa akkomodasiýanyň dartgynlygynyň göz bäbeneginiň ösmeginde pozitiw täsiri bar diýen pikiri ýene-de bir gezek tassyklaýar. Ösýän miopiýa. Bir ýylyň dowamynda gözüň refraksiýasynyň güýji öňküsinden 1,0 D, gözüň okunyň uzynlygy 1,0 – 1,5 mm köpelse, ol ösýän miopiýa diýlip hasaplanýar. Köplenç, adam 20-24 ýaşap, göz bäbenegi öz kadalaşmaly göwrümine ýetenden soň, refraksiýanyň ösüşi togtaýar, ýöne käbir adamlarda miopiýa öz ösüşini dowam etdirýär, ýagny gözüň şöhle döwüş güýji 10,0-15,0-20,0 we ondan-da köp dioptriýa ýetýär. Bu ýagdaý gözüň ösýän we beterleşýän ýokary derejeli miopiýasy diýlip atlandyrylýar. Bu ýeke bir ammetropiýanyň bir görnüşi bolman, eýsem kesel hasaplanýar. Beýle miopiýa bolanda gözde, esasan-da, onuň içki perdelerinde we gatlaklarynda – torly perdede, hususy gan damarly perdede, çüýşe görnüşli bedende, görüş nerwinde, gandamarlarynda gaty uly üýtgemeler döredip (ganöýmeler, atrofiýalar, torly perdäniň gopmagy, çüýşe görnüşli bedeniň ümezlemesi, katarakta), ýuwaş-ýuwaşdan adamy körlüge duçar edýär. Adamyň işe ukyplylygy peselýär, köp ýagdaýlarda işläp bilmän körlügiň netijesinde maýyp bolup galýar. II . Miopiýanyň öňüniň alnyşy 2.1. Okuw işi üçin şertler Genetiki sebäpler, ýagny nesilde miopiýa refraksiýalynyň bar bolmagy, görüş ukyplarynyň gödek bozulmagy (çenden artyk, köplenç, gerek bolmadyk görme dartgynlyklary, iş stolunda ýagtylygyň ýetmezçiligi, uzaga äýneksiz seretmek we beýlekiler) miopiýa refraksiýasynyň döremeginiň, ösmeginiň we beterleşmesiniň esasy sebäpleridir. Şonuň üçin-de miopiýanyň ösmeginiň öňüni almak uly ähmiýete eýedir. Çagalary wagtlywagtynda subýektiw we obýektiw usullar (gözüň görüş ukyplary, atropinizasiýa, skiaskopiýa, refraktometriýa, ultrases ehobiometriýa, biomikroskopiýa, oftalmoskopiýa) bilen barlap durmak miopiýanyň ösmeginiň öňüni almagyň hökmany zerur çäreleridir. Görüş ýitiligi gözüň biri-birinden iň kiçi aralykda ýerleşen aýratyn nokatjyklary kabul edip bilmek ukybydyr. 2.2. Miopiýanyň öňüniň alnyşy Her gözüň görüş ýitiligi aýratynlykda barlanýar. Ony iki usul arkaly barlap bolýar: barlanýan adama dürli aralykdan gözegçilik jisimini görkezmeli ýa-da 5 metr aralygy üýtgetmän her hili ululykdaky jisimleri görkezmeli. Görüş ýitiligini ýaş çagalarda barlamak üçin olara düşnükli we tanyş suratjagazlardan durýan Orlowanyň tablisasy, ulular üçin harplardan we halkalardan düzülen Siwsewiň tablisasy ulanylýar. Tablisalar ýörite saýlanyp alnan belgileriň (optotipleriň) birnäçe hataryndan ybarat. Barlanylýan göz 5 metr aralykdan tablisanyň 10-njy setirini görse, onda onuň görüş ýitiligi 1,0-e deňdir (100%). Eger-de ol 10-njy setiri görmese, onda indiki her setir görüş ýitiligi 0,1 derejede azalýar (0,9; 0,8; 0,7 we ş.m.). Görüş ýitiligi iň uly derejede bolanda, köplenç, barlanýan göz tablisanyň 11-nji, 12-nji setirlerini görýär we onuň görüş ýitiligi 1,5-2,0-ä deň bolýar, emma gözleriň görüş ýitiligi 6, hatda 60 birlige deň adamlar-da bolýar. Eger-de barlanýan adam 5 metr uzaklykdan tablisanyň 1-nji setirini takyk görmese, onda görüş ýitiligi 0,1-den pes bolýar. Bu ýagdaýda her aralykdan barlaýjy optotipleri ýa-da eliň ýazdyrylan barmaklaryny görkezýär, çünki olaryň ululygy, arasyndaky boşluklar tablisanyň 1-nji setirindäki belliklerine deň gelýär we olar 50 metrden görüş burçunyň 1 minudyna deňlikde görünýär (visus = 1,0). Bu babatda her bir metr görüş ýitiligi 0,02-ä, ýarym metr görüş ýitiligi bolsa 0,01-e deň bolýar. Şeýlelikde, eger-de barlanylýan adam tablisanyň 1-nji setirindäki bellikleri (optotipleri) ýa-da eliň barmaklaryny gözden ýarym metr uzaklykda görse, onda onuň görüş ýitiligi 0,01-e (visus = 1%), 1 metrden görse 0,02-ä (visus = 2%), 1,5 metrden görse 0,03-e (visus = 3%), 2 metrden görse 0,04-e (visus = 4%), 2,5 metrden görse 0,1-e (visus = 10%) deň bolýar. Eger-de göz ýarym metrden hem görmese, onda görüş ýitiligi 0,01-den pes bolýar. Beýle bolanda, göze barmaklary (optotipleri) has ýakynlaşdyrmaly we gözüň görşüne görä gözüň ýitiligi 40-30-20 sm uzaklykda ýa-da gözüň öňünde eliň gymyldysyna, barmaklaryň sanawyna deňdir diýlip bellenilýär. Barmaklar ýa-da bütin el görünme dik wagtynda, gözüň ýagtylygy saýgaryşyny barlamaly. Munuň üçin ýagtylygy her tarapdan gözüň içine goýbermeli. Ýagtylygyň haýsy tarapdan düşýänligini göz saýgarsa, görüş ýitiligi ýagtylygyň dogry salgysyna deňdir (visus = 1/proekto lucis certa, gysgaldylan – visus = 1/p.1. certa) ýagtylygyň salgysyny doly saýgarmasa, ýagtylygyň salgysy nädogry (visus = 1/p.1. incerta) diýlip bellenilýär. Ýagtynyň barlygyny-ýoklugyny saýgarmasa, görüş ýitiligi nola deň (visus = 0) bolýar. Diýmek, adam gijäniňgündiziň tapawudyny bilmeýär we düýbünden kör hasaplanýar. Gözüň görüş ýitiligini kesgitlemek üçin optotipleri görkezýän ýörite proýektor guraly ulanylýar. Ol, köplenç, gözüň ýitiligini barlamak üçin goýberilýän kombaýnyň düzümine girýär. Proýektor görüş ýitiliginiň barlanyşyny aňsatlaşdyrýar we tizleşdirýär. Optotip bellikleri proýektor arkaly ekrana düşürilýär. Ekranyň ýerleşýän aralygyna seretmezden, optotipler we gözüň burçlarynyň ölçegleri üýtgedilmän hemişe bir derejede saklanýarlar. Ýaňy doglan çagalarda gözüň görüş ýitiligi 0,01-e, 3 aýlykka 0,1-e, çaga haçan 3-5 ýaşyna ýetende 1,0-e (100%) deň bolýar. Bäbeklerde görüş ýitiliginiň pes bolmagy torly perdäniň merkezi çukurjagazynyň (sary tegmiliň görşi) öz üstünden geçirýän görüş nerw süýümleriniň, kelle beýniniň gabygasty, gabyk we görüş nerw ýollarynyň entäk ösüp kadaly ýagdaýlara ýetmänligi bilen baglanyşyklydyr. Tablisa arkaly ýaş çagalaryň görüş ýitiligini diňe olar 2-3 ýaşyna ýetenlerinde barlap bolýar. Şowakörlügiň döremeginde ýagtylyk, aýratynam, irdenki düşýän ultramelewşe şöhleleri uly ähmiýete eýedir. Ultramelewşe şöhleleriniň ýetmezçiliginde fosfor-kalsiý çalşygynyň bozulmagy sebäpli gözüň işjeňlik ukyby peselýär. Diňe dynç alyş möwsümlerinde däl-de, mümkin boldugyça, okuw günleri hem gezelenç etmek bilen ultramelewşe şöhlelenmesiniň güýçli täsirinde (sagat 10-dan 14-e çenli) bolmak hökmandyr. Lukmanlaryň mekdepde sapakdan soň 1-2 sagat daşarda gezmelemek hakda maslahat bermegi ýokardaky aýdylanlara esaslanandyr. Bu diňe tutuş bedeniň işe ukyplylygyny dikeltmän, gözlere hem dynç berýär. 2.3. Mekdepde we öýde iş ýeriniň guramaçylygy Her bir mekdep okuwçysy sapaklara taýýarlanýan ýerini dogry gurnamaly. Muňa öýdäki ýazuw stoly, oturgyç, kitaply şkaf we öz boýuna gabat gelýän synp partasy degişlidir. Görüş agzasyny aşa dartgynlyga sezewar etmeýän şertleri döretmeli. Agşamlaryna hem edil gündizlik ýaly ýagtylandyrylan okuw, iş ýerleri, okuwçynyň boýuna kybapdaş oturgyç, stol, gözlere dynç bermek üçin gezekleşdirilýän görüş işi bilen üpjün edilmeli. 1. Ýagtylandyrma Pes ýagtylandyrylan şertde ähli görüş ukyplarynyň peselýändigi lukmanlar tarapyndan subut edilendir. Görüş seljermesiniň işlemegi üçin 800-1200 LK (lýuks ýagtylygyň ölçeg birligi) çäkdäki ýagtylyk has amatly hasaplanýar. Ýagtylandyrmada esasy gigiýeniki talaplar ýagtylygyň ýeterlik we deňölçegli ýaýramagyndan, kölegelenmäniň, göz gamaşdyrýan ýagtynyň bolmazlygyndan ybaratdyr. Güneşli günlerde iş ýerine düşýän ýiti şöhleler işlemäge päsgelçilik döretmez ýaly äpişgelere tuty tutmaly. Güýz we gyş paslynda sapaklar sagat 16-dan soň ýerine ýetirilende, tebigy ýagtylygyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli emeli ýagtylandyrma bilen üpjün etmeli. Emeli ýagtylandyrma çeşmesi bolup adaty we lýuminessent lampalar hyzmat edýär. Iş ýerlerinde adaty lampalaryň tassyklanan çägi 150 LK-dan, lýuminessent lampalarda 300 LK-dan ýokary bolmaly däldir. Otaglaryň ýagtylandyrylmagyna äpişgäniň aýnalarynyň arassalygy hem täsir edýär. Ýuwulmadyk aýna ýagtylyk şöhlesiniň 20%-ni özüne siňdirýär. Gyş pasly ahyrlanda äpişgelere çöken tozan, gurum zerarly ýokardaky görkeziji 50%-e ýetýär. Eger-de äpişgäniň öňünde ýaýrap ösýän güller bolsa ýa-da oňa tuty dakylan bolsa otagyň ýagtylandyrylmasy 10-40% peselýär. Otagyň ýagtylandyrma derejesi mebelleriň reňkine, diwaryň, poluň, potologyň ýagtyny serpikdirmek ukybyna bagly bolup durýar. Açyk, ýagty reňkler ýagtylandyrmanyň derejesini ýokarlandyrýar. Mysal üçin, ak reňk 80%, mawy reňk 70%, ýaşyl reňk 60%, goýy ýaşyl reňk 22%. Gara reňk ähli şöhläni diýen ýaly özüne siňdirýär. Ýaşaýyş jaýlaryndaky garamtyl goňur reňkli halylar, mebeller ýagtylygy pes serpikdirýär. Şonuň üçin ýazuw stoly aýnanyň gabadynda bolup, ýagtylyk göni ýa-da çepden düşmeli. Emeli ýagtylandyrmada şöhle göni göze düşmez ýaly örtükli abažurdan peýdalanmaly we çep tarapda goýmaly. Kuwwaty 60-80 Watt bolan lampalary ulanmaly. Güýçli ýagtylyk tiz ýadadyp, gözlerde dartgynlyk duýgusyny döredýär. Şeýle şertlerde uzak gün işlenende öwrenişme hem-de uýgunlaşma muskulynyň hemişelik gysylmasyna getirýär we şowakörlügiň ösmegine itergi berýär. Çendenaşa güýçli ýagtylyk görüş ýadawlygyna we dartgynlygyna getirýär. Şonuň üçin stol çyralary 150 LK çäkde bolmaly. Iş ýerinde ýagtylyk gözler üçin ýakymly, ýeterlik derejede endigan düşýän bolmaly. Abažurlar ýaşyl ýa-da sary reňkli bolmaly. Açyk gyzyl reňkli abažurlar gözüň çalt ýadamagyna getirýär. 2. Fiziki maşklaryň ähmiýeti Hat ýazylanda, okalanda, surat çekilende, stolda ussaçylyk işleri ýerine ýetirilende ýeterlik ýagtylandyrma, dogry oturmak hem-de işjeň dynç alyş wajypdyr. Görüş bilen bagly işlerde her 1 sagatdan soň, ýylyň paslyna garamazdan, 10-15 min arassa howada bolmak maslahat berilýär. Fiziki maşklar öýkenleriň dem alşyny, ýürek muskullarynyň gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, hereketsiz ýagdaýda duran muskullary dinamiki ýagdaýa geçirýär. Muňa gözüň muskullary hem degişli bolup, has hem uzaga seredilende olar gowşaýarlar. Eger daşaryk çykmaga mümkinçilik bolmasa, açyk äpişgeden uzaga seredip, gözler üçin birnäçe fiziki maşk etmek peýdaly. 3. Iş durky Oturan ýagdaýynda adam kellesini we göwresini uzak wagtlap dogry saklamak bilen bagly hemişelik agrama sezewar bolýar. Oturylan ýagdaýda göwräniň deňagramlylygyny saklamak üçin düşýän agyrlyk güýjüne garşylyk görkezip, muskullarda ýadawlyk ýüze çykýar. Okuwçy ýygy-ýygydan nädogry oturmak bilen ony endige öwürýär. Bu endik muskullaryň asimmetriýasynyň döremegine (bir egniň beýlekiden ýokarda durmagyna), durkuň bozulmagyna (aýlawly arka, garnyň öňe çykyp durmagy), käwagt bolsa oňurganyň gyşarmagyna getirýär. Mundan başga-da okuwçy kitaba has ýakyndan seredip, göze düşýän agramyň has köpelmegine, netijede, şowakörlügiň peýda bolmagyna özi itergi berýär. Oturgyçda dogry oturylanda göwre dik ýagdaýda, kelle biraz öňe eglen, eginler stoluň gyrasyna parallel hem gorizontal, aýaklar but-çanaklyk we dyz bogunlaryndan gönüburçluk görnüşde epilen, eller stoluň üstünde erkin goýlan, arka tarapy oturgyja ýaplanan ýagdaýda bolmaly. Soňky wagtlarda gigiýenist lukmanlaryň bellemegine görä, hat ýazylanda göwräniň biraz öňe egilmegi kadalaýyk hasaplanýar. Şu oturyşda arkanyň muskullarynyň dartgynlygy peselýär, gan aýlanyşygy we dem almak kadalaşýar, görüş seljermesi üçin amatly şert döreýär. Hat okalan, ýazylan mahalynda boýnuň, arkanyň, gözüň muskullarynyň dartgynly işleýänligi sebäpli şeýle şertleri döretmek zerurdyr. Eger oturgyçdyr stoluň ölçegi bedeniň ölçeglerine, boýuna gabat gelse, onda bu ýagdaý kada diýlip hasaplanýar. Iş we okuw wagtynda kitaplar, depderler bilen göz aralygyny anyklamak zerurdyr. Bu aralyk 30-35 sm bolmalydyr (göni oturyp, eller tirsekden epilen ýagdaýdaky aralyk). Görüş agzasynyň ýadawlygynda bu aralyk kiçelýär. Lukmanlar muňa aşak egilme endikli kelle diýip at berýärler. Okalanda, hat ýazylanda ýüze çykýan görüş bozulmasy bilen kelläniň aşak egilme derejesiniň arasynda göni baglanyşyk tassyk edilendir. Okuw döwründe kellesini aşak egip okamaga endikli okuwçylarda miopiýa has ýygy we ýokary derejede bellenýär. 2.4. Okuw ussahanasynda iş ýeriniň guramaçylygy 1. Iş durky Iş wagtynda dowamly wagtyň içinde mejbury durky saklamak islendik adamda ýadawlygy ýüze çykarýar. Önümçilik ussahanalarynda sapaklar okuwçynyň boýuna gabat gelýän iş ýerini dogry saýlap almak bilen başlanmaly. Beýik iş stollarynda işleýän okuwçylarda egin guşaklygy ýokary galan, elleri bolsa çigin bognundan öňe uzalan ýagdaýda bolýar. Şeýle iş şertlerinde egin guşaklygyna iki esse agram düşýär, ýagny egin guşaklygy iş hereketlerini ýerine ýetirmeli we amatsyz ýagdaýda muskullara düşýän goşmaça agrama döz gelmeli bolýar. Mundan başga-da göz öňünden daşlaşan detal bilen aralyk görüş dartgynlygyny talap edýär. Göz bilen işlenýän detalyň aralygy 35-40 sm bolmaly. Şundan has ýakyn we has uzak aralyk görşi pes okuwçylarda göz dartgynlygyny döredýär. Pes iş stollarynda, stanoklarda işleýän okuwçylarda öňe egilmek (esasan, oňurganyň boýun we bil bölümlerinde), dyz bognundan aýaklaryň epilmegi ýüze çykýar. Şu durky saklaýan okuwçylarda döş we garyn boşlugyndaky agzalaryň gysylmasy, gan aýlanyşygynyň, dem almasynyň kynlaşmasy, gözleriniň ýadamasy ýüze çykarylýar. Ussahanada işlenende dogry durky saklamak şu aşakdakylardan ybarat: göwre we kelle biraz öňe eglen, bedeniň sag hem çep ýarymyna düşýän agram deňeçer ýagdaýda bolmaly. Statik güýjüň täsir edýän kesgitli duruş ýagdaýynda, eger mümkin bolsa, düşýän agramy gezekleşdirip çalyşmaly. Äýneksiz işlenende görüş bozulmasyna, çalt ýadama, gözleri dartgynly ýagdaýa getirýär. Köplenç, okuwçylar nädogry hereket edip, äýneksiz işleýärler. Ussahanada iş wagty görşi pes okuwçylara äýnek geýmek barada lukmanlar tarapyndan hökman duýduryş berilmeli. 2. Ýagtylandyrma Önümçilik ussahanasynda ýeterlik derejede ýagtylandyrmanyň uly ähmiýeti bar. Iş ýerlerinde ýagtylandyrmanyň pes bolmagy gözüň görüş ukybyny peseldýär. Ussahananyň äpişgeleriniň hapalanmagy daşardan düşýän tebigy ýagtylygy peseldýär. Şonuň üçin aýnalary wagtynda arassalap durmaly. Iş stollaryna we stanoklara çalynýan reňkler hem ýagtylandyrmanyň derejesine täsir edýär. Stollar, stanoklar açyk ýaşyl, açyk goňur reňkde bolsa, diwarlar, potolok, äpişgäniň öňi ak reňkde bolsa, ýokary serpikme koeffisiýenti (80%) döreýär. 40-60% koeffisiýent berýän açyk ýaşyl, sary reňkler işlenilýän detallary görmäge gowy mümkinçilik berýär. Tebigy ýagtylandyrmanyň derejesi günüň wagtyna, pasla görä üýtgäp durýar. Alymlar göz üçin tebigy ýagtylygy birinji orunda goýýarlar. Garyşyk, emeli ýagtylandyrmany bolsa göz üçin zyýanly hasaplaýarlar. Emeli ýagtylandyrylýan ussahanalardaky çyralar öçügsi bolmaly däl. Has ýiti ýagtyda göreçler refleks taýdan daralyp, göze düşýän ýagtyny peseldýär we predmetleri saýgarmagy ýaramazlaşdyrýar. Ussahanalarda açyk çyralary ulanmaly däl. Iň gowusy, lýuminessent (gündiz) çyralar hasaplanýar. Iş ýerinde ýagtylandyrmanyň derejesi 300 LK (lýuks) bolmaly. Önümçilikde has inçe işler ýerine ýetirilende 400 LK, adaty lampalar bilen ýagtylandyrmada 150 LK zerurdyr. Ussahanada gözler üçin ýokary dartgynlygy talap edýän inçe işler ýerine ýetirilende ýerli ýagtylandyrma hem ulanylýar. Stollarda, stanoklarda işlenilýän wagty ýagtylygy sazlamak üçin ýörite çyralar oturdylýar. Diňe ýerli ýagtylandyrma bilen çäklenip garaňky fonda işlenilse, gözleriň şikeslenmesi, ýadamasy ýüze çykýar. 2.5. Öýde telewizora seretmek Amatsyz şertlerde telewizorda gepleşiklere tomaşa edilende hem gözleriň ýadawlygyna getirýär. Gündelik görüş işinden daşary uzak wagtlap ekrana seredilende görüş dartgynlygy emele gelýär. Köp lukmanlaryň bellemegine görä, görüş işlerinde dowamly dartgynlyk, aýratynam, pes ýagtylykda işlenende şowakörlük ýüze çykýar. Çagalarda bolsa göze düşýän agram ýyl-ýyldan artýar. 3 ýaşly çaga görüş işi bilen günde 1-2 sagat (surat çekmek, surata seretmek, kino görmek bilen hepdede 17 sagat), 5-6 ýaşly çaga günde 2-3 sagat (hepdede 21 sagat), kiçi mekdep ýaşly çaga 5-7 sagat (hepdede 30-42 sagat), orta we uly mekdep ýaşyndaky ýetginjek 8-10 sagat (hepdede 48-60 sagat) meşgullanýar. Mekdebe çenli döwürde we mekdep ýaşynda şeýle ýagdaýda görüş işi dowam etdirilende hepdäniň dowamynda ýeterlik dartgynlyk emele gelýär. Telewizora uzak seredilmegi hem görüş bozulmalarynyň ösmegine getirýän sebäpleriň biridir. Telewizor görlende görüş dartgynlygynyň we ýadawlygynyň öňüni almak üçin 3 şert örän wajyp. Olar: 1. Tomaşa edýän bilen telewizoryň aralygy. 2. Otagyň ýagtylygy. 3. Ekrandaky şekilleriň hili. Ekrana has ýakyndan seredýän adamlarda göz ýadawlygynyň we dartgynlygynyň köp ýüze çykýandygyny barlaglar subut etdi. Çagalar ekrana dürli ýagdaýda tomaşa edýärler. Maşgalada her adamyň oturyp tomaşa edýän ýeri bolýar. Iň gowusy, kresloda ýa-da oturgyçda oturyp, reňkli ekrana 2-3 metrden, ak-gara ekrana 1-2 metrden tomaşa etmekdir. 5-5,2 metr daşlykdan tomaşa etmek maslahat berilmeýär. Telewizoryň ekrany outran adamyň gözüniň deňinde ýa-da az-kem aşagrakda bolmaly. Eger okuwçy äýnek dakynýan bolsa, ekrana seredende göze agram düşmez ýaly ony hökman ulanmalydyr. Eger gepleşiklere garaňkyda tomaşa edilse, gözleriň duýujylygy güýçlenýär we garaňky otag bilen ekranyň ýagtysynyň düýpli tapawudy netijesinde gözler çalt ýadaýar. Iň gowusy, görüş meýdanyna gabat gelmeýän we ekrandan serpikmez ýaly stol çyralary, ýokardan ýagty berýän çyralary ulanmaly. Gündizlerine ekrana seredilende garaňkyradylmadyk otag amatlydyr. Eger gün şöhlesi ekrana düşse, şekilleriň aýdyňlygy peselýär we gözlere agram salynmagyna getirýär. Görüş ýadawlygynyň öňüni almak üçin ekrandan gözi aýryp, arasynda daş-töwerege seretmek maslahat berilýär. Haçan-da seredilýän şekiller bulaşyk görünse, gözler çalt ýadaýar. Şonuň üçin gepleşik görlüp başlamazdan öňürti ekranyň durulygyny sazlamaly. 2.6. Görüş we okays Kitap okalanda görüş seljermesini köpsanly ownuk harplary we olaryň bölejiklerini kabul etmek arkaly özleşdirmeli bolýar. Hat okalan wagty gözler bir setirden beýlekä geçmek bilen hökmany hereket edýär. Tejribesiz okyjylar harplary okanda jöwheriň döwüji güýji ýokarlanýar we akkomodasiýanyň dartgynlygy döreýär. Iş wagtynda akkomodasion muskul bilen bir wagtda göz bäbenegini iç tarapa öwürýän içki göni muskullar hem dartgynlyga sezewar bolýarlar. Esasan, göz hereketlendiriji muskullaryň kömegi bilen gözler setir boýunça yzarlap hereket edýärler. Hat okalanda gözleriň hereketi birsydyrgyn däldir, ýagny bökme görnüşli bolup, säginme bilen tamamlanýar. Okalan wagty gözde bökme hereketi şeýle bir çalt geçýär welin, diňe säginme (fiksasiýa) wagty tekst kabul edilýär. Fiksasiýanyň dowamlylygy 0,2-0,6 sek, bökme hereketiniň dowamlylygy 0,02 sek. Okalan wagtyň 97%-i fiksasiýa üçin, 3%-i bökme hereketi üçin sarp edilýar. Tejribesiz okyjynyň gözleri setirde has köp saklanýar. Bu okalýan tekstiň agyrlygyna hem bagly bolýar. Tejribeli okyjy ýönekeý teksti okanda az säginýär (her setirde 4-6 säginme bolýar), tejribesiz okyjy 10-20 säginme edýär. Gözleriň hereketi diňe setiriň ugry boýunça bolman, eýsem tersine hem bolup geçýär (refiksasiýa). Bu ýagdaý düşnüksiz tekst gaýtalanyp okalanda ýüze çykýar. Refiksasiýa wagtynda gözler mydama dartgynly bolup, çalt ýadaýar. Uly adamlarda refiksasiýa bolmaýanlygy sebäpli dartgynlyk hem ýüze çykýar. Tekst kabul edilende harplaryň, suratlaryň ululygy, aralygy göz üçin amatly bolansoň, beýni olary emosional taýdan kabul edip ýatlaýar we seljerýär. Fiziologlaryň geçiren barlaglaryna görä, akyl ýadawlygynda gözleriň hereketi hem üýtgeýär, ýagny gözleriň deňölçegli hereketi ýitýär, dowamly säginmeler, fiksasiýa we refiksasiýa wagty köpelýär, okalyş tizligi peselýär. Gözegçilikde şu ýagdaýdaky okyjynyň kitaba has ýakyndan seredýändigi, ýygy-ýygydan oturyşyny üýtgedýändigi, okanda arakesme edýändigi anyklandy. Pes ýagtylyk ýa-da öçügsi harply kitabyň ýakyn aralykdan okalmagy has zyýanlydyr. Şu sanalan zatlaryň hemmesi gözleriň (gabaklaryň gyzarmasy, gözleriň awuşamasy), arkanyň we boýnuň muskullarynyň ýadawlygyna getirýär. Okalan wagty görüş ýadawlygynyň öňüni almak üçin aşakdaky düzgünleri berjaý etmeli: • Iş ýeri gowy ýagtylandyrylan bolmaly (>150 LK). • Dowamly arakesmesiz görüş işi 12-14 ýaşly çagalar üçin 45 min, 15-17 ýaşlylar üçin 60 min bolmaly. Işden soň gözüň muskullary gowşar ýaly, umumy fiziki işjeňlik dikeler ýaly hökman arakesme etmeli. • Görüş dartgynlygyny döretmez ýaly kitap okalanda dogry oturmaly. • Şowakörlügi bolan okuwçylar iş wagtynda äýnek dakynmaly, ýygy-ýygydan arakesme etmeli, lukmanyň maslahaty bilen gözler üçin ýörite maşklary ýerine ýetirmeli. III . Miopiýanyň bejeriş usullary Miopiýanyň ösmegini duruzmak üçin çagalarda kirpik (akkomodasion) muskulyny güýçlendirýän ýörite türgenleşme maşklary geçirilýär. Bedeniň ösýän döwri miopiýanyň hem ösýän mahalydyr. Şol sebäpli ony çagalyk we ýetginjeklik döwürlerinde düýpli bejermek gerek. Kadaly korreksiýany, kirpik muskulynyň dartgynlygyny, astenopiýanyň alamatlaryny aýyrmak möhüm meseleleriň biridir. Bu babatda kirpik muskuly üçin ýörite maşklary we akkomodasiýa hadysasyna täsir edýän dermanlary ulanmaly. Ýokary derejeli beterleşen miopiýa bolanda, bu bejergilerden başga-da umumy howatyrlanýan tertip gerek, ýagny fiziki maşklar (bökmek, agyr ýüki götermek we ş.m.), görme ukybynyň dartgynlygyny döredýän işler (köp okamak, ýazmak, köp wagtlap telewizora seretmek, kompýuterde işlemek) gadagan edilmelidir. Bedeniň güýjüni dikeltmek üçin umumy hem-de ýörite bejergiler geçirilýär. Kähalatlarda şeýle bejergi miopiýanyň ösüşini duruzýar, gözüň görüş ukyplaryny saklamaga, gowulandyrmaga ýardam edýär. Miopiýany bejermegiň hirurgik usullary-da bar. Olardan, köplenç, skleroplastika, radial keratotomiýa, lazer keratoektomiýa usullary häzirki wagtda-da giňden ulanylýan usullardyr. 3.1. Miopiýanyň gaýrüzülmeleri Binokulýar görşüň bozulmasy – iki göz bilen görüş ukybynyň ýitmesidir. Bu bolsa: – açyk çaşylyk (strabismus); – iki göz açyk wagtynda bir göz bilen görmek (monokulýar görüş); - gözlere goşa görünmek – diplopiýa we beýleki näsazlyklardyr. Çaşylyk çagalaryň 1,5-2%-nde duş gelýär. Ol binokulýar görşüň bozulmagyndan başga-da çaga üçin betgelşiklik, ýagny uly gözellik kemçiligidir. Bu bolsa diňe daşky dünýäni görmäge, iş hünärini saýlamaga döredýän päsgelçilik bolman, eýsem çaganyň ruhuna hem gaty uly şikes ýetirýän sebäpdir. Şonuň üçin-de çaşylygyň öňüni almak we bejermek ýeke bir lukmançylyk tarapyndan däl-de, eýsem durmuş-syýasy tarapdan-da ähmiýete eýedir. Pediatrlar, maşgala lukmanlary, oftalmologlar çagalykda döreýän binokulýar görşüň bozulmagy bolan çaşylyk we beýleki näsazlyklar bilen ýakyndan tanyş bolmalydyrlar, çünki çagalar (olaryň ene-atalary) maslahat üçin, ilki bilen, olara ýüz tutýarlar. Öz wagtynda geçirilen anyklama we bejerme çäreleri näsagy doly halas etmäge mümkinçilik döredýär. Lukmandan keseliň taryhyny, görüş ukyplaryny öwrenmek, çaşylygyň hakyky kliniki aýratynlyklaryny anyklamak (skiaskopiýa, refraktometriýa), obýektiw usullar bilen (gapdaldan ýagtylandyryş, gözüň içinden geçýän ýagtylyk, oftalmoskopiýa, biomikroskopiýa we beýlekiler) içgin barlamak talap edilýär. Bu hakyky göz çaşylygyndan başga hakyky bolmadyk – çaşylyga meňzeş we gizlin (geteroforiýa) çaşylyklar hem bolýar. Çaşylyga meňzeş hakyky bolmadyk göz çaşylygynda buýnuzly perdäniň merkezinden geçýän gözüň optiki oky hem-de gözüň dikilen nokadyny torly perdäniň merkezi çukurjygy bilen birikdirýän gözün görüş oky biri-birine gabat gelmeýär. Olaryň arasynda gamma burçy diýlip atlandyrylýan burç emele gelýär. Bu burçuň möçberi uly bolsa, göz bäbenekleri biri-birinden aýrylyşýarlar. Şunlukda, gözlerde çaşylyk bar ýaly bolup görünýär, emma binokulýar görüş bozulmaýar. Bu çaşylyga geleňsizlik bilen seredişiň çaşylygy-da diýilýär. Geteroforiýa ýa-da gizlin göz çaşylygy gözüň hereketlendiriji muskullarynyň arasyndaky kadaly gatnaşyklaryň näsazlygy netijesinde döreýär. Gizlin göz çaşylygyny barlamak usullary: 1) Bir göz eliň aýasy bilen ýapylanda, bu ýapyk göz azajyk daş gapdala, käwagt bolsa gapdala gyşarýar. El gözden aýryldygy ol ýene-de öňki göni ýagdaýyny eýeleýär. 2) Eliň aýasynda döreýän deşik usuly. Barlanýan iki göz hem açyk ýagdaýynda bir gözi bilen turbajyk arkaly has uzaga seredýär. Turbajygyň yzky deşigine ýakynlykda, gapdalda turbajyga degrip, eliniň aýasyny tutýar. Binokulýar görüs bolanda eliniň aýasynyň ortasynda deşik görünýär. Çaşylyk ikitaraplaýyn (strabismus alternativus) we birtaraplaýyn (strabismus monolateralis) bolýar. Çaşylyk ikitaraplaýyn bolanda gözler gezek-gezegine ýa-da birbada ikisi-de gyşarýar. Çaşylyk birtaraplaýyn bolanda hemişe bir gözi gyşarýar. Ol, köplenç, muskullaryň ysgynsyzlygy esasynda döreýär (paralitiki çaşylyk). Iç gapdala gyşarýan çaşylyk (strabismus сonvergens) iň köp duş gelýän çaşylyklaryň görnüşidir. Ol ýaş çagalarda köp duşýar. Ol, aýratynam, çaga 3-4 ýaşyna ýetende döreýär, sebäbi bu döwürde çaganyň daş-töwerekdäki hadysalara bolan höwesi has güýçlenýär. Ol bolsa çagalardan görüş dartgynlygynyň güýçlenmegini talap edýär. Daş gapdala gyşarýan çaşylyk (strabismus divergens), köplenç, miopiýaly gözlerde duş gelýär. Mioplar gowy görmek üçin seredýän zadyny gözüne gaty golaýlatmaly bolýarlar, emma bu ýagdaýda olar üçin akkomodasiýanyň dartgynlygy gerek bolmaýar, çünki onsuzam mioplar ýakyndan gowy görýärler. Netijede, miopyň gözlerinde konwergensiýany işledýän impulslar döremeýär, ýöne şonda-da konwergensiýa işleýär (bolmasa seredilýän jisim iki bolup görünýär), emma impulsyň gaty gowşaklygy esasynda gözleriň biri daş tarapa gyşarýar. Şeýdip, ýuwaş-ýuwaşdan içki göni muskullaryň hereketleri gowşaýar we hemişelik çaşylyk emele gelýär. Çagalyk we ýetginjeklik döwründe haýsy hem bolsa bir gözüň ýa-da iki gözüň hem gyşarmagy ýaramaz duýgynyň döremegine, ýaşaýjylyk hiliň peselmegine getirýär. Çagadaky bu kosmetik ýetmezçilik onuň birgözleýin we ikigözleýin görüş ukyplarynyň çynlakaý bozulmalary bilen häsiýetlenýär. Şonuň üçin näsaglar ýüze çykýan gözüň gyşarmasynda wagt ýitirmän oftalmolog lukmanlara ýüz tutmalydyrlar, sebäbi irki bejerginiň çaşylygy doly aýyrmakda uly durmuş-lukmançylyk ähmiýeti bardyr. Çeşmesi: G.Karanow,T.Toýgulyýew. Miopiýa we onuň öňüni almak. Umumy bilim berýän orta mekdepler üçin okuw gollanmasy. – A.: Ylym, 2014. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||