15:12 Güseýin Muhtarow | |
GÜSEÝIN MUHTAROW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(1914-1980) Güseýin Muhtarow 1914-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Eýranyň Maşat şäherinde kerwensaraý kärendeçisiniň maşgalasynda dogulýar. Ol Mary şäherindäki mekdep-internatda terbiýelenýär we 1932-nji ýylda başlangyç mekdebi tamamlaýar. Ol döredijilik işine 1941-nji ýylda başlaýar. 1942-nji ýylda G.Muhtarow Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Mary welaýaty boýunça edebi maslahatçysy wezipesinde işleýär. 1944-nji ýylda uruşdan gaýdyp gelenden soň, ol Aşgabada işe gelýär we Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň edebi maslahatçysy, soň jogapkär kätibi bolup işleýär. Şol ýyllarda ýurdumyzyň kinomateografiýaçylar birleşiginiň ilkinji başlygy, «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň ilkinji baş redaktory wezipelerinde işledi. 1950-nji ýylda M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny gutarýar. Güseýin Muhtarow türkmen dramaturgiýasynda özboluşly yz galdyran dramaturg hökmünde onuň eserleri edebiýatymyzyň altyn gaznasyna girdi. Ol köp perdeli we bir perdeli sahna eserleriniň 30-dan gowragyny döretdi. Onuň sahna eserleri ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahnasynda üstünlikli görkezildi. Onuň eserleri dürli ýyllarda ýurdumyzda edebi bäsleşiklere gatnaşyp, 6 gezek ýeňiji boldy. 1950-nji ýylda «Allan aganyň maşgalasy» SSSR-iň döwlet baýragyna eýe boldy we ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasynda goýuldy hem-de G.Muhtarowyň bu sahna eseri daşary ýurtlarda-da Germaniýada, Rumyniýada, Albaniýada, Bolgariýada we başga-da birnäçe döwletlerde goýuldy. Onuň ýazan «Otuzynjy ýyllar» atly sahna eseri esasynda «Ýanýan arabanyň ýoly» atly çeper film döredildi. «Jemal» atly bir aktly pýesasy 1960-njy ýylda Moskwada geçirilen Bütinsoýuz bäsleşikde birinji baýraga mynasyp boldy. Ol dürli ýyllarda «Murgabyň kenarynda», «Şadyýan myhman», «Möhüm tabşyryk», «Soňky duşuşyk», «Jahan ýagtylýarka», «Kim jenaýatkär?», «Mugthorlar», «Söýgi we ýigrenç», «Umytsyz söýgi», «Men başlyk», «Söýgi we töhmet», «Arzuw», «Kirlije gyz», «Jogapkär kätip», «Kümüşden çilim guty», «Çopan ogly», «Şeýtan zürýatlary», «Wýetnamly gyz», «Brigadir», «Agtyklam bolsa öýlenjek», «Daň atanda» ýaly sahna eserlerini ýazýar. Ol «Jemal», «Dostlar», «Şokolad ajy bolanda...», «Hiç kim bilmeli däl», «Kakamyň arzuwy», «Bagbanyň gyzy» ýaly sahna eserleriniň hem awtorydyr. Onuň ssenarileri esasynda 10-a golaý çeper kinolentalar döredildi. Olardan «Çopan ogly» «Maşgalanyň namysy» «Säherdäki atlylar» we başgalar bardyr. G.Muhtarowyň sahna eserleri rus, nemes, türk, slowak, iňlis, rumyn, litow, latyş, moldowa, eston we dünýäniň beýleki dürli dillerine terjime edildi. Belli türkmen dramaturgy Güseýin Muhtarowyň şu günüň wakalaryndan söz açýan, durmuşa guwanmagy ündeýän sahna eserleri tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/81. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |