07:08 "Guw" mukamynyñ syry | |
“GUW” MUKAMYNYŇ SYRY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Balkan welaýaty gadymy halk döredijiliginiň mekany hasaplanýar. Parawbibi, Dehistan, Ejeri, Garaçagyl, Jebel, Daşarbat, Garabogaz... olar barmak basyp sanardan köp. Diňe Hazar deňzi, Balkan we Küren daglary bilen bagly täsin wakalaryň onlarçasynyň meniň şahsy gaznamda taraşlanmaga garaşýandygyny ýaňzytsam, onda heniz halk köpçüligine mälim bolmadyk rowaýatlaryyň anyk sanyny aýtmaga het edip biljek kişi tapdyrmasa gerek. Iki asyrdan gowrak wagt ozal häzirki Balkan welaýatynyň çäklerinde, has takygy Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäheriniň 55 kilometr çemesi demirgazygynda uly bolmadyk süýji suwly köl ilat arasynda “Guwly” diýlip atllandyrylypdyr. Kölüň kenarynda kiçiräk bir obada mekan tutunan ilat agzybirligi, zähmetsňýerligi we açyk göwünliligi bilen tanalypdyr. Olar ýaşaýan mekanlaryny gowy görüpdirler, tebigatyň eçilen peşgeşine diýseň guwanypdyrlar. Kölüň kenarynda her dürli gyrymsy baglar, dermanlyk ösümlikler ösüpdirler. Künjegiň tämiz, gaýtalap bolmajak tebigaty görenleri haýran edipdir. Balykçylar balyk awlasalar, çopanlar goýun-geçi, sarmanlar düýe, atbakarlar gylýal köpeldipdirler, awçylar şikara çykypdyrlar Süýji suwly köl göç edýän guşlaryň hen gonalgasy bolupdyr. Bürgütler özlerini kölüň hojaýyny hasaplapdyrlar. Keýikler,towwşanlar, käkilikler we suw guşlary bu ýerde özlerini erkin duýupdyrlar. Ak guwlar özlerini bu kölde jennetde kibin duýupdyrlar. Olar örän akylly, batyrgaý we bagry badaşan guşlar hasaplanýarlar. Özleride tutuş ýaşaýyşlarynda, hatda bi salymda bir-birinden asla ýalňyz ýaşamaýarlar. Bir gezek gyzylgyt-goňur tilki guwlaryň sürüsine çozuş edäýmezmi, şonda ol gaty puşman etmeli boldy. Guwlar toparlanyşyp duşmana şeýle bir gaýtawul berdiler welin, tilki soň-soňlar hem bu künjekde gara bermedi. Türkmenlerde gadymdan gelýän yrym bar: eger kim-de-kim jüjüt guwa sataşsa, ol maşgalanyň durmuşdaky işleriniň rowaçlygyny, bagtyýarlygyny wada edýärmiş. Obamyzda şadyýan bir ýigit ýaşaýardy. Özü-de aýdym-sazyň çyn aşygydy. Ýakymly owazy bardy, saz döretmegiň hem hötdesinden gelýärdi. Günleriň birinde ol geň-taň biygtyýar şaýady bolupdyr.Şol gün kölüň kenarynda bir süri gara reňkli guwlar toplanyp, halka gurap, täsin owazlary bilen aýlanyp ajaýyp bir tansy ýerine ýetirýärmişler. Ýigit bu waka diýseň haýran galyp: “Bu nä gudrat, men-ä düşünýän däldirin?” diýipdir. Ir döwürlerden bäri dowam edip gelýän düzgüne görä, gara guwlar ýyly ýurtlara diňe gündogar tarapdan gur alýarlar. Onsoň, suw guşlarynyň häzirki hereketi islendik adamy haýrana goýup biljekdi. Guşlaryň täsin hereketi ol ýigidiň göwnüne ýarapdyr, ol gyrymsy bagjagazlaryň arasynda gizlenipdir-de gara guwlaryň hereketlerini birin-birin synlapdyr. Guşlaryň owazy diňe bir gamgyn mukamy ýada salmak bilen çäklenmän, eýsem haýsydyr bir näbelli hadysany habar berýärdi. Şol gün ýigit öýe keýpsiz halda dolandy. Eline dutaryny alyp adaty bolmadyk, ýöne gamgynlyga ýugrulan heňi döretmäge girişdi. Bu sazyň ýol-ýodasyny oňa guwlar salgy beripdi, şonuň üçin hem ol bu sazy “Guw mukamynyň syry” diýip atlandyrmagy makul tapdy. Ynha günleriň birinde, oba alys ýurtlaryň birinden gezende kişi geldi. Ýaş ýigit dutarda gamgyn sazy ýerine ýetirýärkä ol bu sazyň gelip çykyş taryhy bilen gyzyklandy. Soňra köp wakanyň şaýady bolan bu adam gara guwlaryň täsin hereketleriniň haýsydyr bir apatyň çaparydygyny, ýöne haýsy wakanyň bolup geçjekdigini anyk aýtmakdan saklanypdyr. Ol kenar ýakasynyň ilatyna çagalary, zenanlary, garrylary, gurbatsyz beýleki kişileri derwaýys bu ýerden göçürmegi maslahat beripdir. Oba ilatynyň howpsuz bir ýere çykmagyna garaşýan mysaly şonda zemin elhenç ses edip sarsypdyr. Hazar deňzi joşup kenaryny basypdyr, süýji suwly köl göz açyp-ýumasy salym içinde örän duzly köle öwrülipdir. Tizara bolsa kölüň balyklary kemelipdir. Hemişelik mekan tutunan aw guşlary we ýabany haýwanlar örülerini taşlamaga mejbur bolupdyrlar. Bir mahallar kölüň kenaryna bezeg berip oturan gyrymsy baglar we ösümlikler saralyp solup başlapdyrlar. Ýowuz waka bu ýeriň ýaşaýjylaryna ýaramaz täsirini ýetiripdir. Olaryň köpüsi beýleli sebitlere göçmäge mejbur bolupdyrlar. Şol gangyn taryhly wakadan soňra kölüň adynyň “Guwly duza” öwrülendigi tebigydyr. “Guwly duz” kombinaty Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýär. Ol Türkmenistanda iýmitlik duz gazylyp alynýan ýeke-täk kärhanadyr. Iň kämil enjamlar bu ýerde ýokary hilli önüm taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Kärhana Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä Çagalar gaznasynyň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite sertifikatynyň eýesidir. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |